-
Mähirli çopanlara kiçigöwünlilik bilen boýun bolýarysGarawul diňi — 2007 | 1 aprel
-
-
7. Mesihçi gözegçiler barada Pawlus resul bize nähili maslahat berdi?
7 Gökdäki Çopanlarymyz Ýehowa Hudaý bilen Isa Mesih biziň ýygnakdaky jogapkärli iş tabşyrylan çoluklara gulak asmagymyzy we boýun bolmagymyzy isleýär (1 Petrus 5:5). Pawlus resul Hudaýyň ylhamy arkaly şeýle ýazdy: «Hudaýyň sözüni özüňize aýdan ýolbaşçylaryňyzy ýatlaň. Olaryň ýaşaýşynyň hasylyna seredip, imanlaryndan görelde alyň. Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň. Çünki olar gözegçilik edýändir. Olar bu wezipelerini ahy-nala bilen däl-de,— munuň size haýry bolmaz — eýsem şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, olara tabyn boluň» (Ýewreýler 13:7, 17).
8. Pawlus näme barada oýlanmaga çagyrýar we biziň gulak asyşymyz nähili bolmaly?
8 Üns beren bolsaňyz, Pawlus ýaşulularyň wepalylygynyň nähili miwe getirýändigi barada oýlanyp, olaryň imanlaryndan görelde alamaga çagyrýar. Şeýle-de olara gulak asyp, boýun bolmagy maslahat berýär. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän R. T. Frans atly bir alym «gulak asmak» sözi barada şeýle diýýär: «Ýazgylaryň grek dilindäki asyl nusgasynda bu aýatda ýöne bir gulak asmagy görkezýän söz däl-de, göni manyda «ynanmak» sözi ulanylyp, [ýaşulularyň] görkezmesine höwes bilen boýun bolmagy aňladýar». Biz ýaşululara diňe bir Hudaýyň Sözüniň maslahat berýändigi üçin däl-de, eýsem, olaryň Patyşalygyň bähbidi we biziň ýürekden aladamyzy edýändigine ynanýandygymyz üçin gulak asýarys. Olaryň görkezmesine höwes bilen boýun bolsak, hökman bize şatlyk getirer.
-
-
Mähirli çopanlara kiçigöwünlilik bilen boýun bolýarysGarawul diňi — 2007 | 1 aprel
-
-
10, 11. I asyrda gözegçiler haýsy manyda mesihçilere «Hudaýyň Sözüni... aýtdylar» we şu günler nädip aýdýarlar?
10 Pawlus resul Ýewreýler 13:7, 17-nji aýatlarda mesihçi ýolbaşçylara gulak asyp, boýun bolmagyň dört sebäbini görkezýär. Birinji sebäbi, olar bize «Hudaýyň sözüni aýdýarlar. Ýadymyzda bolsa Isa «adamlar hökmünde sylaglary» «mukaddesleri düzetmek» üçin ýygnaklara beripdi (Efesliler 4:12, 13, TD). Mesih I asyrda wepaly çoluklar arkaly mesihçileriň pikirini we häsiýetini düzedýärdi, olaryň käbiri Hudaýyň ylhamy bilen ýygnaklara hat ýazdylar. Irki mesihçilere ýolbaşçylyk edip, berkitmek üçin, Isa mukaddes ruh arkaly bellenen gözegçileri ulandy (1 Korintoslylar 16:15—18; 2 Timoteos 2:2; Titus 1:5).
11 Şu günler Isa bizi «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» wekili bolan Ýolbaşçylyk maslahaty we bellenen ýaşulular arkaly ýolbaşçylyk edýär (Matta 24:45). Biz «Baş Çopanymyz» Isa Mesihe hormat goýýandygymyz üçin Pawlusyň şu maslahatyna eýerýäris: «Araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edip öwüt berýänleriň gadyryny bilmegi sizden haýyş edýäris» (1 Petrus 5:4; 1 Selanikliler 5:12; 1 Timoteos 5:17).
-