Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/4 sah. 26—30
  • Mähirli çopanlara kiçigöwünlilik bilen boýun bolýarys

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mähirli çopanlara kiçigöwünlilik bilen boýun bolýarys
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň ýygnaklara beren sylagy
  • Gulak asmak we tabyn bolmak
  • Hyzmatdaşlyga taýýar bolmagyň dört sebäbi
  • Boýun bolýarys
  • Ýehowa hyzmatdaşlyga pata berýär
  • Ýehowanyň çopanlaryna gulak asyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Çopanlar, iň beýik çopanlardan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/4 sah. 26—30

Mähirli çopanlara kiçigöwünlilik bilen boýun bolýarys

«Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara... tabyn boluň» (ÝEWREÝLER 13:17).

1, 2. Ýazgylardaky haýsy aýatlar Ýehowanyň we Isanyň mähirli Çopandygyny görkezýär?

ÝEHOWA Hudaý we onuň Ogly Isa Mesih — mähirli çopanlar. Işaýa şeýle pygamberlik etdi: «Ynha, Reb Hudaý güýçli gudraty bilen, hökümi öz goluna alyp geler. [...] Çopan hökmünde sürüsini bakar; guzulary eline alyp, döşünde göterer, sagylýanlaryň aladasyny eder (Işaýa 40:10, 11).

2 Dikeldiş baradaky bu pygamberlik birinji gezek b. e. öň 537-nji ýylda galan ýehudylar watanyna dolananda ýerine ýetdi (2 Taryhlar 36:22, 23). Ikinji gezek bolsa 1919-njy ýylda Beýik Kir Isa Mesih mesh edilenleriň galyndysyny «Beýik Babyldan» azat edende berjaý boldy (Ylham 18:2; Işaýa 44:28). Ýehowanyň höküm sürýän «goly», goýunlary ýygnap, mähir bilen bakýar. Isa şeýle diýdi: «Men gowy çopandyryn; Özümkileri tanaýandyryn, olar-da Meni tanaýandyr» (Ýahýa 10:14).

3. Ýehowanyň goýunlarynyň aladasyny edýändigi nämeden görünýär?

3 Işaýa 40:10, 11-nji aýatlardaky pygamberlik Ýehowa halkynyň mähir bilen bakýandygyna ünsümizi çekýär (Zebur 23:1—6). Isa-da ýer ýüzünde gulluk edende, şägirtleriniň we bütin halkyň mähir bilen aladasyny edýärdi (Matta 11:28—30; Markus 6:34). Ýehowa we Isa halkyň aladasyny etmeýän we olary ezýän Ysraýyl çopanlarynyň, ýagny ýolbaşçylaryň doňýürekligini görüp gynanýardy (Ezekiýel 34:2—10; Matta 23:3, 4, 15). Ýehowa şeýle wada berdi: «Men goýunlarymy halas ederin, şondan soň olar talanmaz, goýun bilen goýnuň arasynda kazy bolaryn. Olary bakjak bir çopan, gulum Dawudy bererin; ol olary bakar, olaryň çopany bolar» (Ezekiýel 34:22, 23). Şu soňky günlerde «bir çopan» Uly Dawut Isa Mesihdir, Ýehowa ony ýer ýüzündäki ähli gullukçylarynyň, ýagny mesh edilen mesihçileriň we «başga goýunlaryň» üstünden ýolbaşçy edip belledi (Ýahýa 10:16).

Ýehowanyň ýygnaklara beren sylagy

4, 5. a) Ýehowa ýer ýüzündäki halkyna nähili gymmatly sylag berdi? b) Isa ýygnagyna nähili sylag berdi?

4 Ýehowa ýer ýüzündäki gullukçylarynyň üstünden «bir çopany» Isa Mesihi belläp, mesihçiler ýygnagyna gymmatly sylag berdi. Gökdäki Atanyň berjek bu sylagy barada Işaýa 55:4-däki pygamberlikde şeýle diýilýär: «Ynha, Men ony halklar üçin güwä edip, halklara ýolbaşçy we halypa edip berdim». Mesh edilen mesihçiler we «uly märekäniň» agzalary her taýpadan, her dilden, her halk we her milletden ýygnanýar (Ylham 5:9, 10; 7:9). Olar halkara ýygnagy, ýagny «bir çopan» Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda «bir sürini» düzýär.

5 Isa öz gezeginde ýer ýüzündäki ýygnagyna gymmatly sylag hökmünde Ýehowa we Isa eýerýän, sürini mähirli bakýan wepaly çoluklary berdi. Hudaýyň söýgi bilen beren bu sylaglary barada Pawlus resul Efeslilere ýazan hatynda şeýle diýdi: «Belentlige çykyp, tussaglary yzyna tirkedi. Adamlar hökmünde sylaglar berdi». Mukaddesleri düzetmek, gulluk etme wezipesini berjaý etmek üçin, Mesihiň bedeniniň abatlanmagy üçin, Ol käbirleri resul, käbirleri pygamber, käbirleri Hoş Habarçy, käbirleri çopan, käbirleri öwrediji edip belledi» (Efesliler 4:8, 12, 13, TD).

6. Ýaşulular maslahatynda gulluk edýän mesh edilen gözegçiler Ylham 1:16, 20-nji aýatlarda nähili suratlandyrylýar we başga goýunlardan bellenen ýaşulular barada näme diýse bolar?

6 «Adamlar hökmündäki sylaglar» bu goýun sürüsini mähirli bakmak üçin mukaddes ruh arkaly Ýehowa we onuň Oglunyň bellän gözegçileri ýa-da ýaşululary (Resullaryň işleri 20:28, 29). Olaryň ählisi ilkibaşda mesh edilen mesihçilerdi. Ylham 1:16, 20-nji aýatlarda mesh edilen mesihçiler ýygnagynyň ýaşulular maslahatynda gulluk edenler, göçme manyda, Mesihiň sag elindäki «ýyldyz» ýa-da «perişdeler» edip görkezilýär, ýagny olar Isanyň ýolbaşçylygy astynda. Emma soňky wagtlarda mesh edilen gözegçileriň sany kemelýär, şonuň üçin ýygnakdaky ýaşulularyň köpüsi başga goýunlardan bellenýär. Olary Ýolbaşçylyk maslahaty mukaddes ruh arkaly belleýär, şol sebäpli olara Ýagşy Çopan Isa Mesihiň sag elinde (ýa-da ýolbaşçylygy astynda) diýse bolar (Işaýa 61:5, 6). Ýygnak ýaşululary ýygnagyň Başy bolan Mesihe tabyn bolýandygy üçin, biz ähli zatda olar bilen hyzmatdaşlyk etmeli (Koloseliler 1:18).

Gulak asmak we tabyn bolmak

7. Mesihçi gözegçiler barada Pawlus resul bize nähili maslahat berdi?

7 Gökdäki Çopanlarymyz Ýehowa Hudaý bilen Isa Mesih biziň ýygnakdaky jogapkärli iş tabşyrylan çoluklara gulak asmagymyzy we boýun bolmagymyzy isleýär (1 Petrus 5:5). Pawlus resul Hudaýyň ylhamy arkaly şeýle ýazdy: «Hudaýyň sözüni özüňize aýdan ýolbaşçylaryňyzy ýatlaň. Olaryň ýaşaýşynyň hasylyna seredip, imanlaryndan görelde alyň. Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň. Çünki olar gözegçilik edýändir. Olar bu wezipelerini ahy-nala bilen däl-de,— munuň size haýry bolmaz — eýsem şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, olara tabyn boluň» (Ýewreýler 13:7, 17).

8. Pawlus näme barada oýlanmaga çagyrýar we biziň gulak asyşymyz nähili bolmaly?

8 Üns beren bolsaňyz, Pawlus ýaşulularyň wepalylygynyň nähili miwe getirýändigi barada oýlanyp, olaryň imanlaryndan görelde alamaga çagyrýar. Şeýle-de olara gulak asyp, boýun bolmagy maslahat berýär. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän R. T. Frans atly bir alym «gulak asmak» sözi barada şeýle diýýär: «Ýazgylaryň grek dilindäki asyl nusgasynda bu aýatda ýöne bir gulak asmagy görkezýän söz däl-de, göni manyda «ynanmak» sözi ulanylyp, [ýaşulularyň] görkezmesine höwes bilen boýun bolmagy aňladýar». Biz ýaşululara diňe bir Hudaýyň Sözüniň maslahat berýändigi üçin däl-de, eýsem, olaryň Patyşalygyň bähbidi we biziň ýürekden aladamyzy edýändigine ynanýandygymyz üçin gulak asýarys. Olaryň görkezmesine höwes bilen boýun bolsak, hökman bize şatlyk getirer.

9. Näme üçin gulak asmaly we «boýun bolmaly»?

9 Ýaşulularyň görkezmesiniň gowudygyna şübhelenýän ýagdaýymyzda näme etmeli? Hut şeýle ýagdaýda boýun bolmaly. Hemme zat aýdyň bolup, biziň garaýşymyza gabat gelse, boýun bolmak aňsat, emma hakykatdan boýun bolmak üçin bir zada düşünmesegem görkezmä eýermeli. Petrus resul şeýle ýagdaýda boýun boldy (Luka 5:4, 5).

Hyzmatdaşlyga taýýar bolmagyň dört sebäbi

10, 11. I asyrda gözegçiler haýsy manyda mesihçilere «Hudaýyň Sözüni... aýtdylar» we şu günler nädip aýdýarlar?

10 Pawlus resul Ýewreýler 13:7, 17-nji aýatlarda mesihçi ýolbaşçylara gulak asyp, boýun bolmagyň dört sebäbini görkezýär. Birinji sebäbi, olar bize «Hudaýyň sözüni aýdýarlar. Ýadymyzda bolsa Isa «adamlar hökmünde sylaglary» «mukaddesleri düzetmek» üçin ýygnaklara beripdi (Efesliler 4:12, 13, TD). Mesih I asyrda wepaly çoluklar arkaly mesihçileriň pikirini we häsiýetini düzedýärdi, olaryň käbiri Hudaýyň ylhamy bilen ýygnaklara hat ýazdylar. Irki mesihçilere ýolbaşçylyk edip, berkitmek üçin, Isa mukaddes ruh arkaly bellenen gözegçileri ulandy (1 Korintoslylar 16:15—18; 2 Timoteos 2:2; Titus 1:5).

11 Şu günler Isa bizi «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» wekili bolan Ýolbaşçylyk maslahaty we bellenen ýaşulular arkaly ýolbaşçylyk edýär (Matta 24:45). Biz «Baş Çopanymyz» Isa Mesihe hormat goýýandygymyz üçin Pawlusyň şu maslahatyna eýerýäris: «Araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edip öwüt berýänleriň gadyryny bilmegi sizden haýyş edýäris» (1 Petrus 5:4; 1 Selanikliler 5:12; 1 Timoteos 5:17).

12. Gözegçiler nädip «janymyz hakda [dyngysyz]» alada edýärler?

12 Ikinjiden, mesihçi gözegçiler «janymyz hakda [dyngysyz, TD]» alada edýändigi üçin, olar bilen hyzmatdaşlyk etmeli. Eger olar biziň garaýşymyzda ýa-da özümizi alyp barşymyzda ruhy saglygymyza howp salýan zady görseler, olar düzetmek üçin derrew gerekli maslahaty berýärler (Galatýalylar 6:1). Bu ýerdäki «dyngysyz» diýen grek sözi «ukudan saklanmak» diýmegi aňladýar. Bir alymyň aýtmagyna görä, bu «çopanyň hemişe oýa bolýandygyny görkezýär». Ýaşulular ruhy taýdan oýa bolýarlar, hatda käwagt biziň ruhy aladamyzy edip, ukusyny ýitirýärler. Şoňa görä-de, «goýunlaryň uly Çopany bolan» Isa Mesihiň mylakatlylygyna eýermäge jan edýän mähirli çoluklar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar bolmaly dälmi? (Ýewreýler 13:20).

13. Gözegçiler hem-de ähli mesihçiler kime we nämede boýun bolýarlar?

13 Üçünjiden, gözegçileriň biz barada «hasabat berýänler hökmünde» alada edýändigi üçin, olar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar bolmaly. Gözegçiler özüniň Ýehowa we Isa Mesihe, ýagny gökdäki Çopanlara boýun bolýan çoluklardygyny unutmaýarlar (Ezekiýel 34:22—24). Sürini Oglunyň «gany bilen edinen» Ýehowa — goýunlaryň Hojaýynydyr, Ol bellenen gözegçileri sürini bakmakda hasabat beriji diýip hasaplaýar we sürini mähirli bakmagyny isleýär (Resullaryň işleri 20:28, 29). Şol sebäpli biziň hemmämiz Ýehowanyň görkezmesine seslenmekde Oňa jogapkärdiris (Rimliler 14:10—12). Şeýle-de bellenen ýaşululara gulak asmak bilen biz ýygnagyň Başy Mesihe boýun bolýarys (Koloseliler 2:19).

14. Gözegçiler näme sebäpli «ahy-nala» çeker we netijesi nähili bolar?

14 Pawlus mesihçi gözegçilere kiçigöwünlilik bilen boýun bolmagyň dördünji sebäbini görkezip, şeýle ýazdy: «Olar bu wezipelerini ahy-nala bilen däl-de,— munuň size haýry bolmaz — eýsem şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, olara tabyn boluň» (Ýewreýler 13:17). Ýaşulular öwretmek, çopançylyk idegini etmek, wagyz işinde jogapkärligi öz üstüne almak, çagalaryna terbiýe bermek we ýygnagyň kynçylyklaryny çözmek ýaly agyr jogapkärli ýumşy ýerine ýetirýärler (2 Korintoslylar 11:28, 29). Eger biz hyzmatdaşlyk etmesek, bu ýük has-da agyrlaşyp, olar «ahy-nala» çeker. Hyzmatdaşlyk ruhy bolmasa Ýehowa-da halamaz we bizem zyýan çekeris. Eger ýaşululara hormat goýup, hyzmatdaşlyk etsek, olar öz borjuny şatlyk bilen ýerine ýetirer we ýygnagyň agzybirligine ýardam edip, Patyşalyk baradaky wagyz gullugynda hemmeleriň şatlyk bilen gatnaşmagyna kömek eder (Rimliler 15:5, 6).

Boýun bolýarys

15. Biz nädip gulak asyp, boýun bolup bileris?

15 Bellenen gözegçiler bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ençeme ýollary bar. Ýygnagyň meýdanynda ýagdaý üýtgäp, ýaşulular wagyz duşuşygynyň wagtyny we sagadyny özgertseler, gün tertibimizi üýtgedip bilerismi? Geliň, şeýle duşuşyklary goldalyň. Şonda biz garaşylmadyk bereketleri alarys. Wagyz gözegçisi biziň kitap öwrenilýän duşuşygymyza geljek bolsa näme? Geliň, şol hepde wagyz gullugyna köpräk gatnaşalyň. Teokratik gulluk mekdebinde bize ýumuş berlen bolsa näme? Onda ýumuş bilen çykyş etmek üçin, ýygnak duşuşygyna hökman gatnaşalyň. Eger toparyň gözegçisi ýygnakdan soň Patyşalyk zalyny arassalamaly diýse? Geliň, saglygymyzyň barlygyndan we güýjümiziň ýetdiginden şeýle işleri goldalyň. Ýehowa we onuň Oglunyň süriniň aladasyny etmek üçin bellän gözegçilerine şunuň ýaly we başga ýollar bilen boýun bolýarys.

16. Näme üçin ýaşulularyň nädogry hereketi biziň gulak asmazlygymyzy aklamaýar?

16 Kä ýagdaýda ýaşuly sadyk hyzmatkäriň we onuň Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesine eýermezligi mümkin. Eger ol şeýle etmegini dowam etse, onda «janlarymyzyň Çopany hem Gözegçisi» bolan Ýehowanyň öňünde hasabat bermeli bolar (1 Petrus 2:25). Ýöne ýaşulularyň goýberen kemçiligi ýa-da ýalňyşlygy biziň boýun bolmazlygymyzy aklap bilmez. Ýehowa gulak asmazlyga we pitneçilige pata bermeýär (Sanlar 12:1, 2, 9—11).

Ýehowa hyzmatdaşlyga pata berýär

17. Biz gözegçilere nähili garamaly?

17 Ýehowa Hudaý bellän gözegçileriniň bikämildigini bilýär. Emma mukaddes ruhuny ulanyp, olar arkaly ýer ýüzündäki halkyny bakýar. Ýaşulular hem, biz hem «iň üstün gudratyň bize däl-de, Hudaýa degişlidigini» bilýäris (2 Korintoslylar 4:7). Şol sebäpli Ýehowanyň wepaly gözegçiler arkaly edýän işine minnetdarlyk bildirip, olar bilen hyzmatdaşlyk edeliň.

18. Gözegçilere boýun bolmak bilen nämäni görkezýäris?

18 Gözegçiler Ýeremiýa 3:15-däki talaba laýyk gelmäge jan edýärler. Ol aýatda Ýehowanyň soňky günlerde sürüsine nähili çopanlary berjekdigi aýdylýar: «Men size meniň ýüregime ýaraýan çopanlary bererin, olar sizi bilim bilen, akyl bilen bakar». Ýaşulular Ýehowanyň goýunlaryna öwredip, gorap, ajaýyp işleri ýerine ýetirýärler. Geliň, mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk edip, gulak asyp, boýun bolup, olaryň agyr zähmetine minnetdarlyk bildireliň. Şeýdip, biz gökdäki Çopanlarymyz bolan Ýehowa Hudaýa we Isa Mesihe minnetdarlygymyzy görkezeris.

Gaýtalamak üçin soraglar

• Ýehowa we Isa Mesih mähirli Çopanlardygyny nädip subut etdiler?

• Näme üçin gulak asmaly we boýun bolmaly?

• Boýun bolýandygymyzy nähili ýollar bilen iş ýüzünde görkezip bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş