Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/7 sah. 24—28
  • Hudaýyň dynçlygy näme?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň dynçlygy näme?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa häzirem dynç alýarmy?
  • «Olaryň pitnesinden görelde alyp ýykylmaň»
  • «Olar dynçlyk ülkäme girmez»
  • Käbir mesihçiler Hudaýyň dynçlyk ülkesine girmedi
  • Şu günler Hudaýyň dynçlygyna nädip girip bileris?
  • Zähmet çekmegiň we dynç almagyň «öz wagty bar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Mesihçiler Sabat gününi bellemelimi?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/7 sah. 24—28

Hudaýyň dynçlygy näme?

«Hudaýyň halky üçin ýene bir sabat gününiň dynçlygy galýar» (ÝEW. 4:9).

1, 2. Biz Gelip çykyş 2:3-den näme öwrenýäris? Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

GELIP ÇYKYŞ kitabynyň ilkinji babyndan bilşimiz ýaly, Hudaý alty günüň dowamynda ýer ýüzüni adamlaryň ýaşamagy üçin taýýarlady. Her bir gün 24 sagady däl-de, has-da uzak döwri öz içine alýar. Töwratda her günüň soňunda: «Gije geçip, daň atdy» diýilýär (Gel. çyk. 1:5, 8, 13, 19, 23, 31). Ýöne ýedinji gün başga günlerden tapawutlanýardy. Mukaddes Ýazgylarda şol gün barada şeýle diýilýär: «Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde mukaddes etdi, çünki Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy» (Gel. çyk. 2:3).

2 Gelip çykyş kitabynda «Hudaý dynç aldy» diýilmegi Hudaýyň şol wagt hem dynç alandygyny görkezýär. Diýmek, Musa pygamber b. e. öň 1513-nji ýylda «Gelip çykyş» kitabyny ýazanda-da, Hudaý dynç alýardy. Soňra Mukaddes Ýazgylarda Hudaý adamlaryň onuň dynçlygyna girip biljekdigini aýdýar. Eýsem, Hudaý häzirem dynç alýarmy? Eger ol häzirem dynç alýan bolsa, onda biz onuň dynçlygyna nädip girip bileris? Bize şu soraglaryň jogabyny bilmek örän wajyp.

Ýehowa häzirem dynç alýarmy?

3. Ýahýa 5:16, 17-nji aýatlardaky sözler Isanyň döwründe hem ýedinji günüň dowam edendigini nädip görkezýär?

3 Isanyň we birinji asyrdaky mesihçileriň döwründe ýedinji günüň dowam edýändiginiň iki subutnamasy bar. Biz birinji subutnamany Isanyň duşmanlaryna aýdan sözlerinden bilýäris. Isa sabat güni adamlary sagaldany üçin, olaryň gahary gelýär. Olaryň pikiriçe, sabat güni sagaltmak günä, çünki Musanyň kanuny boýunça sabat güni işlenilmeýärdi. Isa olara: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin» diýdi (Ýahýa 5:16, 17). Onuň aýdan sözleri näme aňladýar? Bu «Men Atam bilen şol bir işi edýärin. Atam müňlerçe ýyl sabat güni zähmet çekdi we häzirem işleýär, şol sebäpli men hem sabat güni işleýärin» diýmegi aňladýar. Isanyň sözlerinden görnüşi ýaly, şol wagtam ýedinji gün, ýagny Hudaýyň ýerdäki ýaradyş işlerinden dynç alýan güni dowam edýärdi. Emma Ýehowa adamlar we ýer babatdaky niýetini amala aşyrmak üçin henizem işleýärdia.

4. Pawlusyň sözleri birinji asyrda-da ýedinji günüň dowam edendigini nädip subut edýär?

4 Isanyň we birinji asyrdaky mesihçileriň döwründe ýedinji günüň dowam edendiginiň ikinji subutnamasy hem bar. Pawlus resul ýewreýlere ýazan hatynda Hudaýyň dynçlygy barada aýtdy. Şol hatynyň 4-nji babynda Gelip çykyş 2:2-däki sözleri gaýtalamazdan öň, Pawlus: «Biz iman getirenler bu dynçlyga gireris» diýdi (Ýew. 4:3, 4, 6, 9). Diýmek, Pawlusyň döwründe-de ýedinji gün dowam edýärdi. Ýedinji gün haçan gutarar?

5. Ýehowa ýedinji gün näme etmekçi? Hudaý niýetini haçan amala aşyrar?

5 Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, Ýehowanyň ýedinji güni aýratyn maksat üçin saýlandygyny ýatlalyň. Gelip çykyş 2:3-de şeýle diýilýär: «Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde mukaddes etdi». Ýehowa şol güni ýer babatdaky niýetini tamamlamak üçin mukaddes etdi. Ol gulak asýan adamlaryň hemmesiniň ýer ýüzünde ýaşamagyny we ondaky ähli zatlaryň aladasyny etmegini isleýär (Gel. çyk. 1:28). Ýehowa Hudaý we «Sabat gününiň Rebbi» Isa Mesih Hudaýyň ýer babatdaky niýetini amala aşyrmak üçin «henize çenli işläp ýör» (Mat. 12:8). Diýmek, Hudaý niýetini amala aşyrýança, dynç güni dowam eder. Ol Isa Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda tamamlanar.

«Olaryň pitnesinden görelde alyp ýykylmaň»

6. Haýsy mysallar arkaly bize duýduryş berilýär? Biz şol mysallardan nähili sapak edinip bileris?

6 Hudaý Adam ata bilen How enä ýer babatdaky niýetini anyk düşündiripdi, emma olar oňa garşy çykdy. Adam ata bilen How eneden soň başga-da millionlarça adamlar hem Hudaýa gulak asmadylar. Hatda Hudaýyň halky ysraýyllylar hem öwran-öwran oňa garşy pitne turuzdylar. Pawlus döwürdeş mesihçilerine şol ysraýyllylar ýaly pitneçilikden ägä bolmagyny duýdurdy. Ol şeýle ýazdy: «Hiç kim olaryň pitnesinden görelde alyp ýykylmaz ýaly, ol dynçlyga girmek üçin gaýrat edeliň» (Ýew. 4:11). Pawlusyň sözlerinden görnüşi ýaly, pitneçi, ýagny gulak asmaýan adamlar Ýehowanyň dynçlygyna girmez. Biz mundan nähili sapak edinip bileris? Eger biz hem Hudaýyň niýetine garşy gitsek, onda onuň dynçlygyna girip bilerismi? Bu soragyň jogabyny bilmek biziň üçin örän wajyp. Biz şu makalada muňa giňişleýin serederis. Ilki bilen, ysraýyllylaryň erbet mysalyna seredip, olaryň näme üçin Hudaýyň dynçlygyna girmändigini bileliň.

«Olar dynçlyk ülkäme girmez»

7. Ýehowa näme maksat bilen ysraýyllylary Müsürden azat etdi? Ysraýyllylar näme etmelidi?

7 Isa dogulmazdan öň, 1513-nji ýylda Ýehowa Musa pygambere ysraýyllylar babatda niýetini aýtdy. Hudaý: «Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan baý toprakly ýurda... alyp barjak» diýdi (Müs. çyk. 3:8). Ýehowa Ybraýyma wada edişi ýaly, ysraýyllylary Müsürden azat etdi (Gel. çyk. 22:17). Hudaý ysraýyllylara, onuň bilen gowy gatnaşykda we dosty bolar ýaly kanunlaryny berdi (Iş. 48:17, 18). Ýehowa olara şeýle diýdi: «Siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir» (Müs. çyk. 19:5, 6). Diýmek, ysraýyllylar Ýehowanyň kanunyna gulak assalar, onuň halky bolup bilerdi.

8. Ysraýyllylar Hudaýa gulak assalar, nähili mümkinçiligi bolardy?

8 Ysraýyllylaryň nähili mümkinçiliginiň bolandygy hakynda oýlanyp gör! Eger olar Ýehowa gulak assalar, onda ol ekin meýdanlary, üzümçiligi we mallary berip, ýalkajakdygyny wada berdi. Şeýle-de Hudaý olary duşmanlaryndan gorajakdygyna söz berdi (1 Patyşalar 10:23, 24-nji aýatlary okaň)b. Ysraýyllylar özge milletleriň, hatda Isanyň döwründe-de, Rim hökümdarlygynyň agalyk etmeginden azat bolup bilerdi. Ýehowa ysraýyllaryň başga milletler üçin görelde bolmagyny isleýärdi. Ol hak Hudaýa gulak asýan adamlaryň ählisiniň ak pata aljakdygyna gowy düşünmegini isleýärdi.

9, 10. a) Näme üçin ysraýyllylaryň Müsüre dolanmak islegi nädogrydy? b) Ysraýyllylar Müsüre dolansa, Ýehowanyň isleýşi ýaly sežde edip bilerdimi?

9 Ysraýyllylar Ýehowanyň niýetini amala aşyrmak üçin, olara berlen aýratyn mümkinçilikden peýdalanmadylar. Ýehowa olary ýalkardy we bu ýer ýüzündäki ähli milletlere pata bererdi (Gel. çyk. 22:18). Emma ysraýyllylaryň köpüsi Hudaýyň halky bolup, başga milletler üçin görelde bolmak berekedini wajyp saýmady. Hatda olar Müsüre dolanasy geldi (Sanlar 14:2—4-nji aýatlary okaň)c. Eger olar Müsüre dolansa, onda Ýehowanyň isleýşi ýaly, sežde edip, başga milletlere görelde bolup bilmezdi. Olar ýene-de Müsürde gul bolsalar, Hudaýyň Kanunyny arkaýyn berjaý edip bilmezdi we günäleri bagyşlanmazdy. Olar Müsüre dolanjak diýende, diňe özleri barada pikir etdi. Ysraýyllylar Hudaý we onuň niýeti barada oýlanmaýardy. Şol sebäpli Ýehowa olara şeýle diýdi: «Men bu nesle gaharlanyp: olar elmydam ýüreklerinde azaşýar, Meniň ýollarymy bilmediler diýdim. Gaharlanamda: olar dynçlyk ülkäme girmez! diýip ant içdim» (Ýew. 3:10, 11; Zeb. 95:10, 11).

10 Ysraýyllylar Müsüre dolanmakçy bolup, Ýehowanyň beren bereketleriniň gadyryny bilmediler. Hudaýa gulak asmaýan ysraýyllylar Müsürde iýen gowy iýmitini küýsediler (San. 11:5). Olar nowbaharlyk hakyny gymmat saýman, ony bir tabak aşa satan Esawa meňzediler (Gel. çyk. 25:30—32; Ýew. 12:16).

11. Ysraýyllylar Müsürden çykyp, Ýehowa iman etmese-de, Hudaý niýetini üýtgetdimi?

11 Ysraýyllylar Müsürden çykyp, Ýehowa iman etmeseler-de, ol halky babatda niýetini üýtgetmedi. Gaýtam, olaryň çagalary Ýehowa ata-enelerinden has gowy gulak asdy. Olar Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý edip, Wada edilen diýara girdiler. Ýeşuw 24:31-de şeýle diýilýär: «Ysraýyllylar Ýeşuwyň bütin ömrüne we ondan soň ýaşan, Ýehowanyň Ysraýyl üçin eden ähli işlerini bilýän ýaşulularyň döwründe hem Ýehowa gulluk edýärdi».

12. Şu günler mesihçileriň Hudaýyň dynçlygyna girip bilýändigini nireden bilýäris?

12 Emma Ýehowa gulak asýan şol ysraýyllylar garrap, öldüler. Olardan soň ýaşan ysraýyllylar «ne Ýehowany, ne-de onuň Ysraýyl üçin eden işlerini bilýärdi». Şol sebäpli olar «Ýehowanyň ýigrenýän işlerini» edip, ýalan taňrylara sežde edip başlady (Kaz. 2:10, 11). Ysraýyllylar Ýehowa gulak asmandygy üçin, olaryň Hudaý bilen gatnaşygy bozuldy. Olar üçin Wada edilen diýar «dynçlyk ülkesi» bolmady. Pawlus resul şol ysraýyllylar barada şeýle diýdi: «Ýeşuw olary dynçlyga ýetiren bolsa, onda Hudaý mundan soň başga günüň gürrüňini etmezdi. Ine, şeýlelikde, Hudaýyň halky üçin ýene bir sabat gününiň dynçlygy galýar» (Ýew. 4:8, 9). Pawlus resul «Hudaýyň halky» diýende, mesihçileri göz öňünde tutdy. Hudaýyň halkyna mesihçi bolmanka, Musanyň Kanuny boýunça ýaşan we hiç haçan ýaşamadyk mesihçiler hem degişlidi. Pawlusyň aýtmagyna görä, häzirki mesihçiler hem Hudaýyň dynçlygyna girip bilýär.

Käbir mesihçiler Hudaýyň dynçlyk ülkesine girmedi

13, 14. a) Musanyň döwründäki ysraýyllylar Hudaýyň dynçlygyna girmek üçin näme etmelidi? b) Hudaýyň dynçlygyna girmek üçin, Pawlusyň döwründäki mesihçiler näme etmelidi?

13 Käbir ýewreý mesihçileriň Hudaýyň niýetine garşy bolandygy sebäpli, Pawlus resul olara hat ýazdy (Ýewreýler 4:1-i okaň). Olar näme etdi? Şol mesihçiler Musanyň käbir kanunlaryny entegem berjaý edýärdi. Dogrudanam, 1 500 ýylyň dowamynda Hudaýy razy etmek üçin ysraýyllylar Musanyň Kanunyny berjaý etmelidi. Emma Isanyň ölmegi bilen, Musanyň Kanuny ýatyryldy. Käbir mesihçiler muňa düşünmeýärdi, şol sebäpli Musanyň käbir kanunlaryny berjaý etmelidir öýdýärdilerd.

14 Pawlus resul şol ýewreý mesihçilere Isanyň islendik bikämil baş ruhanydan has beýik baş ruhanydygyny düşündirdi. Ol täze ähtiň Ysraýyl bilen baglaşylan ähtden has gowudygyny görkezdi. Şeýle-de Pawlus resul Ýehowanyň beýik ybadathanasynyň «ynsan eli bilen ýasalan» ybadathanadan «has uly, has kämildigini» aýtdy (Ýew. 7:26—28; 8:7—10; 9:11, 12). Pawlus resul Musanyň Kanunyndaky sabat gününiň mysaly arkaly mesihçileriň Hudaýyň dynçlyk gününe girip biljekdigini düşündirdi. Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň halky üçin ýene bir sabat gününiň dynçlygy galýar. Hudaý Öz işlerinden nähili dynç alan bolsa, Onuň dynçlygyna giren hem öz işlerinden şeýle dynç alandyr» (Ýew. 4:8—10). Şol ýewreý mesihçiler «öz işleriň bilen», ýagny Musanyň Kanunyny berjaý edip, Hudaýy razy edip bolýandyr öýtmeli däldi. Ýehowa b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden bäri, Isa Mesihe iman edýän adamlardan ýürekden razy bolýar.

15. Ýehowanyň dynçlygyna girmek üçin, oňa gulak asmalydygyny nireden bilýäris?

15 Musanyň döwründe ysraýyllylar näme üçin Wada edilen diýara girmedi? Sebäbi olar Ýehowa gulak asmady. Pawlusyň döwründäki käbir mesihçiler hem näme üçin Hudaýyň dynçlygyna girmedi? Olaram Ýehowa gulak asmady. Käbir mesihçiler, Ýehowanyň mundan beýläk halkynyň Musanyň Kanunyny berjaý etmegini däl-de, başgaça sežde etmegini isleýändigine ynanmadylar.

Şu günler Hudaýyň dynçlygyna nädip girip bileris?

16, 17. a) Şu günler mesihçiler Hudaýyň dynçlygyna nädip girip biler? b) Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

16 Şu günler mesihçileriň hiç biri halas bolmak üçin Musanyň Kanunyny berjaý etmelidir öýtmeýär. Bu Pawlus resulyň efeslilere: «Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň öz tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr... oňat işlere-de bagly däldir» diýen sözlerinden aýdyň görünýär (Efes. 2:8, 9). Şeýlelikde, häzirki mesihçiler Hudaýyň dynçlygyna nädip girip biler? Ýadyňda bolsa, Hudaý dynçlyk gününi ýer ýüzi we gulak asýan adamlar babatda niýetini amala aşyrmak üçin saýlapdy. Ýehowa niýetini we bizden näme talap edýändigini guramasy arkaly aýdýar. Eger biz Ýehowa gulak asyp, onuň guramasy bilen işleşsek, Hudaýyň dynçlygyna gireris.

17 Emma sadyk hem akylly hyzmatkäre gulak asmasak ýa-da diňe özümiziň wajyp hasaplaýan zadymyzy etsek, onda Ýehowanyň niýetine garşy gitdigimiz bolar. Eger Ýehowanyň niýetine garşy gitsek, onuň dosty bolup bilmeris. Indiki makalada Hudaýa gulak asýandygymyzy görkezýän käbir ýagdaýlara serederis. Şol ýagdaýlarda gelýän kararlarymyz Hudaýyň dynçlygyna girjekdigimizi ýa-da girmejekdigimizi görkezýär.

a Ruhanylar we lewiler sabat güni ybadathanada işleseler-de, Musanyň kanunyny bozmaýardy. Hudaý Isany baş ruhany edip belledi. Şonuň üçin Isanyň sabat güni Ýehowanyň beren işini etmegi günä däldi (Mat. 12:5, 6)

b 1 Patyşalar 10:23. Süleýman patyşa baýlygy we akyldarlygy bilen ýer ýüzündäki ähli patyşalardan tapawutlanýardy. 24. Ýer ýüzüniň ähli adamlary Hudaýyň onuň ýüregine guýan paýhasyny diňlemek üçin, Süleýmany görmek isleýärdi.

c Sanlar 14:2—4. Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy! Näme sebäpden Reb bizi gylyçdan geçirtmek üçin, aýallarymyz bilen çagalarymyzy ýesir etmek üçin bu ýurda alyp barýarka? Müsüre dolansak, gaýtam, biziň üçin gowy bolmazmy?» Şondan soň olar biri-birilerine: «Geliň, özümize baştutan saýlalyň-da, Müsüre dolanalyň» diýişdiler.

d Biz käbir ýewreý mesihçileriň b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost baýramyndan soňra-da, Günäden saplanma güni mal gurbanlaryny berendigini ýa-da bermändigini bilmeýäris. Ýöne olar gurban bermegi dowam etseler, onda Isanyň töleg gurbanynyň gadyryny bilmedigi bolardy. Biz käbir ýewreý mesihçileriň Musanyň Kanunyna laýyklykda käbir däp-dessurlary berjaý edendigini bilýäris (Gal. 4:9—11).

Oýlanmak üçin sowallar

• Ýehowa ýedinji gün näme etmekçi?

• Häzirem ýedinji günüň dowam edýändigini nireden bilýäris?

• Musanyň döwründäki ysraýyllar hem-de Pawlusyň döwründäki käbir mesihçiler näme üçin Hudaýyň dynçlygyna girmedi?

• Şu günler Hudaýyň dynçlygyna nädip girip bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş