«Biz... iş ýüzünde we ýürekden söýmelidiris»
«Biz diňe bir sözde ýa-da dilde däl, eýsem, iş ýüzünde we ýürekden söýmelidiris». 1 ÝAH. 3:18
1. Iň beýik söýgi näme we onuň nähili aýratynlygy bar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
ADYL prinsiplere esaslanan söýgi (agape) Ýehowanyň sowgady hasaplanýar. Sebäbi ol onuň gözbaşy (1 Ýah. 4:7). Ol iň beýik söýgi bolup, mähirli we ýakymly duýgulary öz içine alýar. Şeýle söýgi öz bähbidiňi gözlemän ýagşylyk etmegi aňladýar. Bir kitapda aýdylmagyna görä, agape söýgüsi «diňe iş ýüzünde görkezilýär». Biz şeýle söýgini ösdürsek, ýaşaýşymyz manyly we şatlykly bolar.
2, 3. Ýehowa adamlara nädip söýgi bildirdi?
2 Ýehowa heniz Adam ata bilen How enäni ýaratmanka, adamlara söýgüsini görkezdi. Ol ýer şaryny adamlaryň diňe bir ebedi däl-de, eýsem, ýaşaýyşdan lezzet alyp ýaşamagy üçin ýaratdy. Ýehowa muny öz bähbidi däl-de, biziň peýdamyz üçin etdi. Ol ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşamagy üçin çagalaryny patalap, ýürekden söýýändigini görkezdi.
3 Adam ata bilen How ene pitne turzansoň, Ýehowa iň beýik söýgüsini görkezdi. Ol gelejekki dünýä injek adamlar üçin töleg tölejekdigini aýtdy. Sebäbi söýgüsine seslenjek adamlaryň boljakdygyny bilýärdi (Gel. çyk. 3:15; 1 Ýah. 4:10). Hawa, Ýehowa Halasgär berjekdigini wada edende, tölegi eýýäm tölenen ýaly hasaplaýardy. Şondan takmynan 4 müň ýyl geçende, Ýehowa ýer ýüzüne ýeke-täk Ogluny iberip, töleg hökmünde berdi (Ýah. 3:16). Eýsem, bu Ýehowanyň öz bähbidini gözlemän söýgi bildirendigini görkezmeýärmi?!
4. Bikämil adamlaryň öz bähbidine çapmaýan söýgini ösdürip bilýändigini näme görkezýär?
4 Biz Hudaýyň keşbinde ýaradyldyk, şonuň üçin öz bähbidine çapmaýan söýgini görkezip bilýäris. Elbetde, bikämildigimiz sebäpli şeýle söýgini bildirmek aňsat däl, ýöne bu mümkin. Habyl iň gowy zatlaryny gurban getirip, Hudaýy ýürekden söýýändigini görkezdi (Gel. çyk. 4:3, 4). Adamlar seslenmeseler-de, Nuh pygamber onlarça ýyllap Hudaýyň habaryny wagyz edip, şeýle söýgini görkezdi (2 Pet. 2:5). Ybraýym pygamber hem Yshagy gurban getirjek bolanda, Hudaýa bolan söýgüsini öz duýgularyndan ileri tutdy (Ýak. 2:21). Biz hem şu wepaly adamlaryň göreldesine eýerip, kyn ýagdaýlarda-da hakyky söýgini bildirmek isleýäris.
HAKYKY SÖÝGINIŇ IKIÝÜZLI SÖÝGÜDEN TAPAWUDY
5. Biz hakyky söýgini nädip iş ýüzünde görkezip bileris?
5 Injilde: «Biz diňe bir sözde ýa-da dilde däl, eýsem, iş ýüzünde we ýürekden söýmelidiris» diýilýär. Bu sözler hakyky söýginiň näme aňladýandygyny görkezýär (1 Ýah. 3:18). Onda söýýändigimizi söz bilen aýtmak nädogrumy? Elbetde, ýok! (1 Sel. 4:18). Aýatdaky sözler söýgini, esasan-da, iş ýüzünde görkezmäge çagyrýar. Meselem, maddy taýdan kynçylyk çekýän mesihçä diňe bir ýagşy sözler ýeterlikli däl (Ýak. 2:15, 16). Şonuň ýaly-da Ýehowany we ýakynymyzy söýýändigimiz üçin, biz «hasyly ýygnamaga işçileri iberer ýaly», Hudaýa doga etmek bilen çäklenmeýäris. Gaýtam, wagyz işine doly gatnaşmak üçin jan edýäris (Mat. 9:38).
6, 7. a) «Ikiýüzli bolmadyk söýgi» nämäni aňladýar? b) Ikiýüzli söýgi barada käbir mysallary getiriň.
6 Ýahýa resul biziň «iş ýüzünde we ýürekden söýmelidigimizi» aýtdy. Görşümiz ýaly, «söýgi ikiýüzli bolmaly» däl, ýagny biz «ikiýüzli bolmadyk söýgini» ösdürmeli (Rim. 12:9; 2 Kor. 6:6). Bir zada hantama bolup söýgi bildirsek, ýürekden söýýändigimizi aňlatmaýar. Mümkin, siz: «Söýgi ikiýüzli bolup bilermi?» diýýänsiňiz. Elbetde, bu nädogry, sebäbi oňa hakyky söýgi diýip bolmaýar.
7 Geliň, ikiýüzli söýgi barada käbir mysallara seredeliň. Şeýtan Erem bagynda How ene bilen gepleşende, onuň aladasyny edýän ýalydy. Aslynda bolsa, ol öz bähbidini gözläp, ikiýüzlülik edýärdi (Gel. çyk. 3:4, 5). Dawut patyşanyň döwründe Ahytopel özüni patyşanyň dosty ýaly alyp barýardy. Emma özüne amatly ýagdaý dörände, ol Dawutdan ýüz öwürdi (2 Şam. 15:31). Şu günlerem imandan dänen we başga adamlar özüni dogan-uýalary söýýän ýaly edip görkezseler-de, aslynda, öz bähbidine çapýarlar. Olar «süýji gürrüňleri we ýaranjaň sözleri bilen» ýygnakda agzalalyk döredýärler (Rim. 16:17, 18).
8. Biz özümize nähili sorag bermeli?
8 Ikiýüzli söýgini bildirmek utanç hasaplanýar. Sebäbi ol Hudaýa mahsus bolan janaýamaz söýgä düýbünden garşy gelýär. Şeýle söýgini bildirýän adam başgalary aldamagy başarsa-da, Ýehowany aldap bilmeýär. Şonuň üçin Isa ikiýüzli adamlara «agyr jeza beriljekdigini» aýtdy (Mat. 24:51). Elbetde, Ýehowanyň gullukçylary ikiýüzli söýgini bildirmek islemeýär. Muňa garamazdan, biz özümizden: «Men öz bähbidime çapman ýa-da mekirlige ýüz urman hemişe ýürekden söýgi bildirmäge çalyşýarynmy?» diýip sorasak, gowy bolar. Geliň, häzir «ikiýüzli bolmadyk söýgini» haýsy dokuz ýagdaýda bildirip bolýandygyna seredeliň.
SÖÝGINI «IŞ ÝÜZÜNDE WE ÝÜREKDEN» GÖRKEZMEK
9. Hakyky söýgi näme etmäge höweslendirýär?
9 Göze ilmeýän işleri hem şatlyk bilen ediň. Biz dogan-uýalara söýgimizi iş ýüzünde görkezenimizde, ony başgalara görünmek üçin däl-de, «gizlinlikde» etmek isleýäris (Matta 6:1—4-nji aýatlary okaň). Geliň, Hananýa bilen Sapfiranyň mysalyna seredeliň. Olar satan mellek pulunyň bir bölegini resullara getirip berenlerinde, muny göz üçin edipdiler. Netijede, olar göz-görtele ýalan sözländigi we eden ikiýüzli hereketi üçin heläk boldular (Res. iş. 5:1—10). Emma hakyky söýgi özüňe şöhrat gözläp ýa-da başgalardan öwgüli sözlere garaşman, olara şatlyk bilen gulluk etmäge höweslendirýär. Meselem, Ýolbaşçylyk maslahatyna ruhy iýmitleri taýýarlamaga kömek edýän dogan-uýalar başgalaryň ünsüni özlerine çekmeýärler ýa-da nähili işi ýerine ýetirýändigini aýdyp öwünmeýärler.
10. Biz nädip öňürti başgalara hormat goýmaly?
10 Birek-birege öňürti hormat goýuň (Rimliler 12:10-y okaň). Isa başgalara hormat goýmakda ajaýyp görelde galdyrdy. Ol muny hyzmatkärleriň etmeli işini edip görkezdi (Ýah. 13:3—5, 12—15). Biz hem başgalara hormat goýmak üçin pesgöwünlilik häsiýetini ösdürmäge jan etmeli. Hatda resullaram mukaddes ruhy alýançalar, Isanyň eden hereketine düşünmediler (Ýah. 13:7). Eger biz bilimimize, emlägimize, hormatly borçlarymyza has köp üns bersek, başgalara hormat goýmak kyn bolar (Rim. 12:3). Dogan-uýalary eden işi üçin öwenlerinde, şol işde biziň hem goşandymyz bolsa-da, göriplik etmän, gaýtam, olaryň şatlygyny deň paýlaşarys.
11. Biziň aýdýan öwgüli sözlerimiz näme üçin ýürekden bolmaly?
11 Dogan-uýalary ýürekden öwüň. Biz dogan-uýalary öwmäge mümkinçilik gözlemeli, sebäbi öwgüli sözler berkidýär (Efes. 4:29). Ýöne muny ýürekden etmeli, ýogsam, edýän işimizi göz üçin etdigimiz bolar. Ýa-da edýän jogapkärli işimiziň kem tarapyny gizlejek bolarys (Sül. tym. 29:5). Birini öwüp, yzyndan gürrüňini etmek ikiýüzlülik hasaplanýar. Pawlus resul ikiýüzli däldi, ol dogan-uýalary ýürekden söýüp, bize gowy görelde galdyrdy. Ol imandaşlaryny ýürekden öwýärdi. Meselem, Korinfdäki mesihçilere özlerini gowy alyp barýandyklary üçin ýürekden öwgüli sözleri aýtdy (1 Kor. 11:2). Emma ýalňyşanlarynda, Pawlus olara ýumşaklyk bilen anyk düzediş berdi (1 Kor. 11:20—22).
Söýgini we myhmansöýerlik bildirmegiň bir usuly mätäç dogan-uýalara gerekli kömegi bermek (12-nji abzasa serediň)
12. Dogan-uýalary myhmançylyga çagyranymyzda, hakyky söýgini nädip görkezip bileris?
12 Myhmansöýer boluň. Ýehowa dogan-uýalara jomartlyk bildirmegi tabşyrdy (1 Ýahýa 3:17-ni okaň). Emma biz muny göz üçin däl-de, dogry niýet bilen etmeli. Biz özümize şeýle soraglary bermeli: «Men diňe öz gowy görýän dostlarymy, sylanýan ýa-da eden ýagşylygymy yzyna gaýtarmaga ýagdaýy bolan dogan-uýalary myhmançylyga çagyrýarynmy? Ýa-da tanamaýan we yzyna gaýtaryp bilmeýän dogan-uýalara hem jomartlyk bildirýärinmi?» (Luka 14:12—14). Aýdaly, imandaşlarymyzyň biri gelen nädogry karary üçin kyn ýagdaýa düşýär ýa-da myhmançylyga çagyranymyz üçin minnetdarlyk bildirmeýär. Hatda şeýle ýagdaýlarda-da biz «birek-birege igenmän myhmansöýer boluň» diýen maslahata eýermeli (1 Pet. 4:9). Eger siz bu maslahata ýürekden eýerseňiz, onda dogry niýet bilen eden işiňizden köp şatlyk taparsyňyz (Res. iş. 20:35).
13. a) Ejizleri goldamak esasan haçan kyn bolup biler? b) Biz ejizleri nädip goldap bileris?
13 Ejizleri goldaň. Mukaddes Ýazgylardaky «ejizleri goldaň we hemmelere sabyrly boluň» diýen tabşyryga eýerenimizde, bizde hakyky söýginiň bardygy aýan bolýar (1 Sel. 5:14). Öň ejiz bolan dogan-uýalaryň köpüsi wagtyň geçmegi bilen imanda berkediler. Emma käbirleri henizem biziň kömegimize mätäç. Şol sebäpli biz sabyrly bolmaly. Meselem, biz olar bilen Mukaddes Ýazgylardan ruhlandyryjy pikirleri paýlaşyp bileris, wagza çagyryp ýa-da olary ünsli diňläp bileris. Biz dogan-uýalara ruhy taýdan berk ýa-da ejiz diýmegiň deregine, ählimiziň hem güýçli we gowşak taraplarymyzyň bardygyna düşünmeli. Hatda Pawlus resul hem öz gowşak tarapynyň bardygyny aýdypdy (2 Kor. 12:9, 10). Dogrudan-da, biz bir-birimizi goldap, köp peýda tapyp bileris.
14. Dogan-uýalar bilen parahatlygy saklamak üçin näme etmeli?
14 Parahatlygy saklamaga jan ediň. Dogan-uýalar bilen aramyzda düşünişmezlik bolanda ýa-da bize adalatsyz daraşanlarynda, biz parahatlygy saklamak üçin elimizde baryny edýäris (Rimliler 12:17, 18-nji aýatlary okaň). Öýkeli ýürege şypa bermek üçin ötünç soramak wajyp, ýöne muny ýürekden etmeli. Meselem, ýöne bir: «Bagyşla, aýdanlarymy göwnüňe alarsyňam öýtmändirin» diýmegiň deregine, «Bagyşla, men seniň göwnüňe degdim, öz bolşuma özümem utanýaryn» diýsek, gowy bolardy. Maşgalada parahatlygy saklamak has-da wajyp. Är-aýal başgalaryň ýanynda bir-birini söýýän ýaly görkezip, ikiçäk galanlarynda bolsa gürleşmän ýa-da bir-biriniň ýüregine bitmejek ýara salýan sözleri aýdyp, özlerini duşman ýaly alyp barmaly däl we zalymlyk bilen daraşmaly däl.
15. Biz başgalary ýürekden bagyşlaýandygymyzy nädip görkezip bileris?
15 Ýürekden bagyşlaň. Biz göwnümize degen adama geçirimlilik etsek we ondan öýke-kine saklamasak, ony ýürekden bagyşlaýandygymyzy görkezeris. Biz «biri-birimizi söýüp, oňşukly ýaşasak» we «aramyzda parahatlygy saklap, mukaddes ruh arkaly alan agzybirligimizi goramaga jan etsek», göwnümize degendiginden habary bolmadyk dogan-uýalary hem ýürekden bagyşlap bileris (Efes. 4:2, 3). Başgalary ýürekden bagyşlamak üçin, pikiriňe hemişe ünsli bolmaly. Bu bize «ýalňyşlyklary hasaba almazlyga» kömek eder (1 Kor. 13:4, 5). Eger biz öýke-kine saklap ýörsek ýa-da başgalardan närazy bolsak, diňe bir dogan-uýalar bilen däl-de, Ýehowa bilen ýakyn dostlukly gatnaşygymyza zyýan ýetireris (Mat. 6:14, 15). Biz özümize garşy günä edenler üçin doga edip, olary ýürekden bagyşlaýandygymyzy görkezip bileris (Luka 6:27, 28).
16. Biz Ýehowanyň guramasynda ýerine ýetirýän borçlarymyza nähili garamaly?
16 Öz peýdaňyzy gözlemäň. Eger biz Ýehowanyň guramasynda hormatly borçlary ýerine ýetirýän bolsak, muňa hakyky söýgini iş ýüzünde görkezmäge mümkinçilik hökmünde garap, «öz peýdamyzy däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlemeli» (1 Kor. 10:24). Meselem, kongreslerde gelen myhmanlara oturjak ýerlerini görkezmek üçin ýörite doganlar bellenilýär. Şol doganlar muňa özleri we maşgala agzalary üçin gowy ýerleri saýlamaga mümkinçilik hökmünde garaman, gaýtam, bellenen ýerlerinde, hatda soňky hatarlarda oturýarlar. Şeýdip, olar öz peýdasyny gözlemeýän hakyky söýgini görkezýärler. Siz olardan nädip görelde alyp bilersiňiz?
17. Hakyky söýgi agyr günä eden adamy näme etmäge höweslendirýär?
17 Gizlinlikde edýän günäleriňizi hem boýun alyň we olary taşlaň. Käbir mesihçiler başgalaryň öňünde oňaýsyz ýagdaýa düşmejek bolup ýa-da ýakynlaryny gynandyrmajak bolup, edýän günäsini gizleýärler (Sül. tym. 28:13). Emma şeýle nädogry garaýyş günäkäriň diňe bir özüne däl, eýsem, başgalara-da köp zyýan ýetirýär. Ol ýygnakda parahatlygyň bolmagyna we Hudaýyň mukaddes ruhunyň täsir etmegini bökdäp bilýär (Efes. 4:30). Hakyky söýgi agyr günä eden mesihçini ýaşululardan kömek soramaga höweslendirýär (Ýak. 5:14, 15).
18. Hakyky söýgini görkezmek näme üçin wajyp?
18 Söýgi hemme häsiýetleriň içinde iň beýigi hasaplanýar (1 Kor. 13:13). Bu häsiýet biziň Isanyň şägirtleridigimizi we söýginiň gözbaşy bolan Ýehowanyň göreldesine eýerip ýaşaýandygymyzy görkezýär (Efes. 5:1, 2). Pawlus resul: «Söýgim bolmasa, onda men hiç zatdyryn» diýip ýazdy (1 Kor. 13:2). Geliň, «diňe bir sözde... däl, eýsem, iş ýüzünde we ýürekden söýmegimizi» dowam edeliň!