Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/1 sah. 12—16
  • Siz «Hudaýyň dürli merhemetlerini» görkezýärsiňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz «Hudaýyň dürli merhemetlerini» görkezýärsiňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Hudaýyň dürli merhemetleri»
  • «Biri-biriňize hyzmat ediň»
  • Nädip «alan sylagyňa görä... hyzmat etmeli»?
  • Haýsysy wajyp?
  • «Biri-biriňizi... ýürekden söýüň»
  • Hudaýyň merhemetine minnetdar boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Hudaýyň merhemeti baradaky hoş habary wagyz ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Siz Hudaýyň merhemeti arkaly azat bolduňyz
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ýehowa ýürekden we şatlanyp gulluk ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/1 sah. 12—16

Siz «Hudaýyň dürli merhemetlerini» görkezýärsiňizmi?

«Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» (RIM. 12:10).

1. Hudaýyň Sözi bizi nämä ynandyrýar?

BIZ ruhdan düşenimizde ýa-da erbet ýagdaýa uçranymyzda, Ýehowanyň bizi goldajakdygy barada Hudaýyň Sözünde birnäçe gezek aýdylýar. Meselem, onda şeýle teselli beriji sözler ýazylan: «Reb ähli ýykylanlary söýgetleýändir, ähli bükülenleri dikeldýändir» we «göwni synyklara şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar» (Zeb. 145:14; 147:3). Galyberse-de, gökdäki Atamyzyň özi şeýle diýýär: «Men, Hudaýyň Ýehowa, seniň sag eliňden tutup, şeýle diýýärin: «Gorkma, men saňa kömek ederin» (Iş. 41:13).

2. Ýehowa gullukçylaryny nädip goldaýar?

2 Ýöne nädip görünmez gökde ýaşaýan Ýehowa biziň elimizden tutýar? Ýürek gussasyndan ýaňa «bükülenmizde» Hudaý bizi nädip dikeldýär? Ýehowa Hudaý şeýle kömegi dürli ýol bilen berýär. Meselem, ol halkyna mukaddes ruhy arkaly «iň üstün gudraty» berýär (2 Kor. 4:7; Ýahýa 14:16, 17). Şeýle-de Hudaýyň gullukçylary Mukaddes Ýazgylar arkaly ruhlanýar (Ýew. 4:12). Bizi Ýehowa ýene-de nädip berkidýär? Bu soragyň jogabyny Petrusyň birinji hatyndan tapsa bolýar.

«Hudaýyň dürli merhemetleri»

3. a) Petrus resul synaglar barada näme diýdi? b) Petrusyň birinji hatynyň ikinji bölüminde näme barada aýdylýar?

3 Petrus resul mesh edilen mesihçilere ýüzlenip, olara uly sylag garaşýandygy sebäpli şatlanmalydygyny aýtdy. Petrus: «Häzir gerek bolan dürli synaglar üçin gysga wagtlaýyn gaýgyly bolarsyňyz» diýdi (1 Pet. 1:1—6). «Dürli» diýen söze üns beriň. Bu söz synaglyryň dürli-dürli boljakdygyny aňladýar. Petrus doganlaryň şeýle synaglara döz gelip biljekdigi barada habarsyz galdyrmady. Ol meshçilere her bir synaga döz gelmäge Ýehowanyň kömek berjekdigine ynandyrdy. Petrus resul hatynyň ahyrynda «bütin zatlaryň soňy» barada ýazýar (1 Pet. 4:7)

4. Näme üçin 1 Petrus 4:10-daky sözler bize teselli berýär?

4 Petrus şeýle diýdi: «Hudaýyň dürli merhemetleriniň oňat dolandyryjysy kimin her kes öz alan sylagyna görä biri-birine hyzmat etsin» (1 Pet. 4:10). Ol bu ýerde-de «dürli» diýen sözi ulanýar. Aslynda, ol şeýle diýdi: «Synaglaryň dürli bolşy ýaly, Hudaýyň merhemeti hem dürli-dürli bolýar». Näme üçin bu sözler bize teselli berýär? Sebäbi biz nähili synaga duçar bolsak-da, Hudaýyň merhemetini hemişe duýup, gerekli kömegi aljakdygymyzy aňladýar. Petrusyň aýdan sözlerinde, Ýehowanyň bize nädip merhemetini görkezjekdigine üns berdiňizmi? Ol merhemetini imandaşlar arkaly görkezýär.

«Biri-biriňize hyzmat ediň»

5. a) Her bir mesihçi näme etmeli? b) Nähili soraglar ýüze çykýar?

5 Petrus meshçi ýygnagynyň ähli agzalaryna: «Her zatdan öň birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun... her kes öz alan sylagyna görä biri-birine hyzmat etsin» diýdi (1 Pet. 4:8, 10). Ýygnagyň her bir agzasy imandaşlaryny ruhlandyrmaly. Ýehowa bize gymmatly zadyny ynandy, biz ony beýlekiler bilen paýlaşmaga borçlydyrys. Bize näme ynanyldy? Petrusyň aýtmagyna görä, bize «sylag» berildi. Ol nähili sylag? Biz bu sylagy «biri-birimize hyzmat etmekde» nädip ulanmaly?

6. Mesihçilere nähili sowgatlar berildi?

6 Hudaýyň Sözünde: «Ähli oňat, kämil sowgat ýokardan» diýilýär (Ýakup 1:17). Ýehowanyň halkyna berýän ähli sowgatlary onuň merhemetini aýan edýär. Mukaddes ruh — Ýehowanyň berýän iň uly sowgady. Bu sowgat bize söýgi, ýagşylyk we ýumşaklyk ýaly Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär. Şeýle häsiýetler imandaşlarymyzy ak ýürekden söýmäge we olara kömek etmäge höweslendirýär. Gowy sowgatlara hakyky akyldarlyk we bilim degişlidir. Muny biz mukaddes ruhuň kömegi arkaly alýarys (1 Kor. 2:10—16; Gal. 5:22, 23). Biz ähli güýjümize, ukybymyza, zehinimize sowgat hökmünde garamaly we olar arkaly gökdäki Atamyzy şöhratlandyrmaly. Biz imandaşlara Hudaýyň merhemetini berer ýaly, Ol ukybymyzy we häsiýetimizi ulanmaga borçly etdi.

Nädip «alan sylagyňa görä... hyzmat etmeli»?

7. a) «Görä» diýen söz nämäni görkezýär? b) Biz özümize nähili soraglar bermeli we näme üçin?

7 Biziň alan sylagymyz barada Petrus şeýle diýdi: «Her kes öz alan sylagyna görä... hyzmat etsin». «Görä» diýen söz häsiýetimiziň we ukybymyzyň diňe bir görnüşde däl, eýsem, dürli möçberde bolýandygyny görkezýär. Muňa garamazdan, ähli mesihçiler «sylagyna görä... biri-birine hyzmat etmeli». Galyberse-de, «oňat dolandyryja... sylagyna görä... hyzmat etmek» tabşyryldy. Şol sebäpli özümize şeýle soraglar bermeli: «Men berlen sylag arkaly imandaşlarymy ruhlandyrýarynmy?» (1 Timoteos 5:9, 10-njy aýatlary deňeşdiriň). «Ýa-da Ýehowanyň beren ukybyny, esasanam öz peýdama, ýagny baýlyk we abraý gazanmak üçin ulanýarynmy?» (1 Kor. 4:7). Eger biz sylaglar arkaly «biri-birimize hyzmat etsek», Ýehowany begendireris (Sül. tym. 19:17; Ýewreýler 13:16-ny okaň).

8, 9. a) Mesihçiler bütin dünýäde nädip imandaşlaryna kömek edýär? b) Siziň ýygnagyňyzda dogan-uýalar biri-birine nädip ýardam berýär?

8 Hudaýyň Sözünde I asyrdaky mesihçiler biri-birine nähili dürli usullar bilen hyzmat edendigi barada aýdylýar (Rimliler 15:25, 26; 2 Timoteos 1:16—18-nji aýatlary okaň). Şu günlerem mesihçiler sylaglar arkaly imandaşlaryna hyzmat etmek tabşyrygyny ak ýürekden ýerine ýetirýär. Ine, muňa degişli birnäçe mysallar.

9 Köp doganlar ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmak üçin, her aýda ençeme sagat sarp edýärler. Şol duşuşyklarda Mukaddes Ýazgylaryň esasynda olaryň taýýarlan ruhy hazynasynyň paýhasly sözlerinden, ýygnakdakylaryň ählisi çydamlylygy öwrenýär (1 Tim. 5:17). Birnäçe dogan-uýalar imandaşlaryna bolan mähirligi we duýgudaşlygy bilen tanalýarlar (Rim. 12:15). Käbirleri göwnüçökgünleri idäp, olar bilen doga edýär (1 Sel. 5:14). Başga doganlar bolsa synaga duçar bolan imandaşlaryna mähirli sözleri ýazyp, ruhlandyrýar. Mesihçileriň käbiri ýarawsyz dogan-uýalara ýygnak duşuşyklaryna barmaga mähirli kömek edýär. Müňlerçe Ýehowanyň Güwäçileri bolsa, tebigy betbagtçylykdan zyýan çeken imandaşlarynyň öýlerini dikeltmäge ýardam berýär. Şeýle dogan-uýalaryň mähirli aladasy we iş ýüzünde berýän kömegi — «Hudaýyň dürli merhemetlerini» görkezýär (1 Petrus 4:11-i okaň).

Haýsysy wajyp?

10. a) Pawlus Hudaýa gulluk etmegiň haýsy iki görnüşini nygtady? b) Biz şu günler Pawlusyň göreldesine nädip eýerýäris?

10 Imandaşlaryna hyzmat etmek üçin Hudaýyň gullukçylaryna diňe bir sylaglar däl, eýsem hoş habar hem ynynyldy. Olar bu habary adamlara ýetirmeli. Pawlus resul Ýehowa gulluk etmeginiň şu iki görnüşini nygtap geçdi. Ol efeslilere ýazan hatynda, olaryň bähbidi üçin oňa ynanylan Hudaýyň «merhemetiniň wekilligi» barada aýtdy (Efes. 3:2). Şeýle-de ol: «Hudaý bizi mynasyp görüp, Hoş Habary tabşyrdy» diýdi (1 Sel. 2:4). Pawlus ýaly Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçysy bolmaklyk bize-de tabşyrylandygyna düşünýäris. Biz yhlasly gulluk edip, hoş habary ýadaman wagyz eden Pawlusyň göreldesine eýerýäris (Res. iş. 20:20, 21; 1 Kor. 11:1). Patyşalyk baradaky habaryň wagyz edilmegi netijesinde, adamlaryň halas boljagyny bilýäris. Şeýle-de imandaşlarymyzy «ruhy sylaga ýetirmek» mümkinçiligini gözläp, Pawlusyň göreldesine eýermäge çalyşýarys (Rimliler 1:11, 12; 10:13—15-nji aýatlary okaň).

11. Biz wagyz etmek we doganlary ruhlandyrmak borjuna nähili garamaly?

11 Mesihçileriň bu iki borjunyň haýsysy wajyp? Aýdaly, guşuň iki ganaty bar, ýöne olaryň haýsysy gerekli? Bu soragyň jogaby örän aňsat. Guşa uçmak üçin iki ganaty hem gerek. Biz hem mesihçi bolmak üçin Hudaýa gullugymyzyň iki görnüşinede gatnaşmaly. Biz hoş habary wagyz etmek we imandaşlarymyzy ruhlandyrmak borçlary biri-biri bilen baglanyşykly däl diýip bilmeýäris. Biz Petrus bilen Pawlusyň bu borçlar biri-biriniň üstüni ýetirýär diýen sözleri biler razylaşýarys. Nädip?

12. Biz Ýehowanyň elindäki guraly hökmünde nädip gulluk edýäris?

12 Biz hoş habarçy hökmünde, Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary adamlaryň ýüregine ýetirmek üçin öwretmek ukybymyzy ulanýarys. Şeýtmek bilen, olara Isanyň şägirdi bolmaga ýardam berjegimize ynanýarys. Şeýle-de biz ukybymyzy we beýleki sylaglarymyzy ulanyp, imandaşlarymyza ruhlandyryjy sözler aýdyp we ýagşy işler edip, olaryň göwnüni götermäge çalyşýarys (Sül. tym. 3:27; 12:25). Şeýle işler arkaly olar Isanyň şägirdi bolup galmagyna umyt edýäris. Ýehowanyň elindäki guraly hökmünde gulluk etmek we hoş habary wagyz edip, «biri-birimize hyzmat etmek» biziň üçin uly hormatdyr (Gal. 6:10).

«Biri-biriňizi... ýürekden söýüň»

13. «Biri-birimize hyzmat etmesek», näme bolar?

13 Pawlus imandaşlaryna: «Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» diýdi (Rim. 12:10). Doganlarymyza bolan söýgi Hudaýyň merhemetleriniň dolandyryjysy hökmünde ýürekden hyzmat etmäge höweslendirýär. Eger Şeýtan bizi «biri-birimize hyzmat etmekden» saklasa, agzybirligimiziň bozuljagyny bilýäris (Kol. 3:14). Agzybirligimiziň gowşamagy bolsa, hoş habary wagyz etmekde yhlasymyzy sowadar. Şeýtan bir ganatymyza zeper ýetirse, uçup bilmejegimizi gowy bilýär.

14. «Biri-biriňe hyzmat etmegiň» kime peýdasy degýär. Mysal getiriň.

14 Biri-biriňe hyzmat etmek diňe Hudaýyň merhemetlerini alýanlara däl, eýsem berýänlere-de peýdaly (Sül. tym. 11:25). Amerikanyň Illinoýs ştadyndan Raýan bilen Roni är-aýalyň mysalyna seredeliň. Olar «Katrin» harasadynyň ýüzlerçe Güwäçileriň jaýlaryny weýran edenini eşidýär. Doganlyk söýgüsi olara öýüni goýup, ulaga tirkelip ulanylan ýaşaýyş jaýyny satyn alyp we ony bejerip, 1 400 kilometr uzaklykda ýerleşýän Luiziana gitmäge höweslendirdi. Ol ýerde bir ýyldan gowrak ýaşadylar hem-de wagtyny, güýjüni we serişdesini doganlara kömek etmek üçin sarp etdi. 29 ýaşly Raýan doganymyz şeýle gürrüň berýär: «Men gurluşyk işine gatnaşyp, Hudaý bilen ýakynlaşdym. Men Ýehowanyň halky barada alada edýändigini gördüm. Men uly ýaşly doganlar bilen işleşip, betbagtçylyga uçran doganlara nädip kömek bermelidigini öwrendim. Şeýle-de biziň ýaly ýaşlar üçin Ýehowanyň guramasynda köp işiň bardygyna göz ýetirdim». 25 ýaşly Roni uýa şeýle diýýär: «Men doganlara kömek edenime örän begenýärin. Men durmuşymda şeýle bagty hiç haçan duýmandym. Men gelejekde-de, bu wajyp işe gatnaşamakdan tapan şatlygymy we alan berekedimi duýjagyma ynanýaryn».

15. Hudaýyň merhemetleriniň dolandyryjysy hökmünde, mundan beýläk-de, hyzmat etmegiň nähili gowy sebäpleri bar?

15 Hoş habary wagyz etmek we imandaşlary ruhlandyrmak ýaly Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek hemmelere bereket berýär. Biz adamlara kömek edip, ruhlandyrýarys, özümiz bolsa bermekden uly şatlyk duýýarys (Res. iş. 20:35). Ýygnagyň her bir agzasy biri-biriniň mähirli aladasyny etse, ýygnagyň söýgüsi artýar. Galyberse-de, biz doganlara bolan söýgimizi we mähirimizi bildirip, mesihçidigimizi subut edýäris. Isa: «Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýahýa 13:35). Esasanam, biz doganlara kömek edip, aladamyzy edýän Ýehowa Atamyzy şöhratlandyrýarys. Sebäbi ýer ýüzündäki gullukçylarynyň işinde onuň ejizleri ruhlandyrmak islegi görünýär. «Hudaýyň... merhemetleriniň oňat dolandyryjysy kimin... sylaga görä biri-biriňe hyzmat etmek» üçin, gör, nähili gowy sebäpler bar! Siz muny dowam edersiňizmi? (Ýewreýler 6:10-y okaň).

Ýadyňyzdamy?

• Ýehowa gullukçylaryny nädip ruhlandyrýar?

• Bize näme ynanyldy?

• Biz imandaşlarymyza nädip hyzmat edip bileris?

• Bizi «sylaga görä biri-birimize hyzmat etmäge» näme höweslendirýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş