Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sah. 74—sah. 77 abz. 2
  • Ilerlemegiňizi dowam ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ilerlemegiňizi dowam ediň
  • Wagyz mekdebi
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Bilim we özgeriş
  • Ukyplaryňyzy ulanyň
  • Tejribäniň tutýan orny
  • Öňe ymtylyň
  • Ýaşlar, üstünligiňiz aýan bolsun
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Üstünligiňi hemmeler görsün
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Wagyz gullugynda üstünlik gazanyň
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Ruhy taýdan ösmegiň wajypdygyna düşünýärsiňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Wagyz mekdebi
be sah. 74—sah. 77 abz. 2

Ilerlemegiňizi dowam ediň

MUKADDES ÝAZGYLARDAKY prinsipleri öwrenip başlanyňyzdan bäri, siziň pikir edişiňiz, gepleýşiňiz we özüňizi alyp barşyňyz ýuwaş-ýuwaşdan özgerendir. Siz bu özgerişleriň köpüsini Wagyz mekdebine ýazylmazdan öň edensiňiz. Belki-de, siz ruhy taýdan ösüp, özüňizi Ýehowa bagyş edensiňiz. Indi ruhy taýdan ösmek zerur däl diýip bolarmy? Elbetde, ýok. Suwda çokundyrylmak — ruhy taýdan ösmekligiň ilkinji ädimi.

Pawlus Timoteosa «ilerleýşini hemmeler görer» ýaly, berlen maslahatlara we ynanylan işlere «yhlasly bolmagy» hem-de «bular bilen meşgullanmagy» tabşyranda, ol ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýärdi (1 Tim. 4:12—15). Biz hakykat ýolunda ýaňy ýöräp başlan bolsak-da, ruhy taýdan tejribeli bolsak-da, ilerlemegimizi dowam etmeli.

Bilim we özgeriş

Efesliler 3:14—19-njy aýatlardan görnüşi ýaly, Pawlus resul imandaşlarynyň hakykata «giň, uzyn, belent we çuňňur düşünmekleri» üçin doga edýär. Şol sebäpli Isa ýygnaklary abatlamak, düzetmek we olara öwretmek üçin adamlar görnüşindäki sylaglary berdi. Hudaýyň Sözüniň üstünde hemişe oýlansak we tejribeli mugallymlaryň görkezmesine eýersek, ruhy taýdan «ösmegimize» ýardam eder (Efes. 4:11—15).

Ruhy taýdan ösmek «pikirlerimiziň... täzelenmegini» aňladýar. Munuň üçin Hudaýyň we Isa Mesihiň pikirlenişi ýaly pikirlenmäge çalyşmaly. «Täze ýaradylyşy geýmek» üçin, olaryň pikiri biziň ýaşaýşymyza hemişe täsir edip durmaly (Efes. 4:23, 24). Injiliň ilkinji dört kitabynda Isanyň nähili ýaşandygy beýan edilýär. Siz onuň durmuşyna nusga hökmünde garaýarmysyňyz? Siz Isanyň häsiýetlerine üns berip, onuň göreldesine eýermek üçin tagalla edýärmisiňiz? (1 Pet. 2:21).

Siziň näme hakda gürrüň edýändigiňiz hem ilerleýşiňizi görkezip biler. Täze ýaradylyşy geýnen adamlar ýalan, hapa, ýakymsyz we tankytlaýjy sözleri aýtmaýarlar. Gaýtam, olar «eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözler aýdýarlar» (Efes. 4:25, 26, 29, 31; 5:3, 4; Ýahuda 16). Olaryň adamlar bilen gürrüň edişinden we ýygnaklarda jogap berişinden, hakykatyň olara täsir edip, durmuşyny özgerdýändigini görse bolýar.

Eger siz «her taglymatyň ýeli bilen kowulýan, eýläk-beýläk iteklenýän» adam bolmasaňyz, bu-da siziň ilerleýşiňizi görkezer (Efes. 4:14). Meselem, bu dünýäniň täze taglymatlary we göwnaçmalary size nähili täsir edýär? Siz ruhy işlere sarp etmeli wagtyňyzy şeýle zatlara bermek isleýärmisiňiz? Olar size ruhy taýdan ilerlemäge päsgel berip biler. Wagtyňy ruhy işlere sarp etmek paýhaslydyr! (Efes. 5:15, 16).

Adamlar bilen özümizi alyp barşymyzdan hem biziň ruhy taýdan ilerleýşimiz görünýär. Siz dogan-uýalara «gamhor bolmagy» we olary «bagyşlamagy» öwrendiňizmi? (Efes. 4:32).

Ýehowanyň ýolunda ýöräp, ruhy taýdan ösüşiňiz dogan-uýalara-da, maşgala agzalaryňyza-da aýan bolmaly. Şeýle-de ruhy taýdan ösýändigiňiz mekdepde, işde we köpçüligiň arasynda özüňizi alyp barşyňyzdan görünmeli (Efes. 5:21—6:9). Şeýle ýagdaýlarda Hudaýa ýaramly häsiýetleri bildirseňiz, siziň ilerläp başlandygyňyz görner.

Ukyplaryňyzy ulanyň

Ýehowa biziň her birimize ukyp we zehin berdi. Ol biz arkaly adamlara merhemetini bildirmek isleýär, şol sebäpli ukyplarymyzy dogry ulanmaly. Petrus resul bu barada şeýle diýdi: «Hudaýyň dürli merhemetleriniň oňat dolandyryjysy kimin her kes öz alan sylagyna görä biri-birine hyzmat etsin» (1 Pet. 4:10). Siz dolandyryjylyk işini nädip ýerine ýetirýärsiňiz?

Petrus resul şeýle dowam edýär: «Biri geplese, Hudaýyň sözlerini aýdyp geplesin» (1 Pet. 4:11). Bu aýada görä, Hudaýy şöhratlandyrmak üçin, Onuň Sözüne doly eýerip sözlemeli. Şeýle sözleýiş Ýehowany şöhratlandyrýar. Wagyz mekdebi size ukybyňyzy dogry ulanmaga, ýagny adamlara kömek edip, Ýehowany şöhratlandyrmaga ýardam eder. Bu maksady göz öňünde tutup, ilerleýändigiňizi nädip barlap bilersiňiz?

Siziň ilerleýşiňizi näçe sapagyň ýa-da nähili ýumuşlaryň üstünde işländigiňizden däl-de, öwgi gurbanlaryňyzyň gowulanmagyndan görse bolýar. Mekdep bizi has gowy wagyz etmäge taýýarlaýar. Şol sebäpli özüňize şeýle soraglary beriň: «Wagyzda aýtjak zatlaryma öňünden taýýarlanýarynmy? Adamlar bilen ýürekden gyzyklanýarynmy? Ikilenç ideg edip, gürrüňdeşligi dowam eder ýaly sorag berýärinmi? Okuw geçýän adamyň ýüregine täsir etmek üçin jan edýärinmi?»

Size ynanylan aýratyn borçlar hem üstünligiň alamaty däldir. Siziň ilerleýşiňiz berlen ýumşa däl-de, ony ýerine ýetirişiňize baglydyr. Eger size öwretmek bilen bagly bolan ýumuş tabşyrylsa, özüňize şeýle soraglary beriň: «Meniň çykyşymdan öwretmek ukybymyň kämilleşýändigi görünýärmi? Diňleýjileri durmuşyny özgertmäge höweslendirer ýaly, berlen temany düşündirip bildimmi?»

Ukyplaryňy dogry ulanmak başgalara görelde görkezmegi aňladýar. Siz wagza belleşmek üçin dogan-uýalaryň ýanyna ilki özüňiz barýarmysyňyz? Täze wagyzçylara, ýaşlara we syrkawlara kömek etmäge çalyşýarmysyňyz? Patyşalyk zalynyň arassaçylyk işlerine ýa-da kongres bilen bagly işlere gatnaşýarmysyňyz? Wagtal-wagtal kömekçi pioner ýa-da pioner bolup gulluk edip bilermisiňiz? Siz kömege mätäç ýygnaga geçip, dogan-uýalara ýardam edip bilermisiňiz? Doganlar, gulluk hyzmatçysy we ýaşuly bolmak üçin Mukaddes Ýazgylaryň talabyna laýyk gelmäge jan edýärmisiňiz? Siz kömegiňizi hödürläp, jogapkär borçlary almaga taýyn bolsaňyz, ruhy taýdan ösýändigiňizi görkezersiňiz (Zeb. 110:3).

Tejribäniň tutýan orny

Eger siz özüňizi tejribesiz hasaplaýan bolsaňyz ruhdan düşmäň. Hudaýyň Sözi «mön adamy hem akyldar edýändir» (Zeb. 19:7; 119:130; Sül. tym. 1:1—4). Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýerip, Ýehowanyň kämil akyldarlygyndan peýdalansak, bu islendik tejribeden hem gymmatly bolar. Emma Ýehowa gulluk edip ilerlesek, tejribe-de toplarys. Biz ony nädip dogry ulanyp bileris?

Durmuşda dürli ýagdaýlara uçran adam: «Men öň hem şeýle ýagdaýy başdan geçiripdim. Indi näme etmelidigimi bilýärin» diýip, pikir etmegi mümkin. Ýöne şeýle pikir etmek paýhaslymy? Süleýmanyň tymsallary 3:7-de: «Öz gözüňe akyldar görünme» diýilýär. Tejribeli adam käbir meseleleri çözende, köp zatlary göz öňüne tutup biler. Ýöne biz ruhy taýdan ilerleýän bolsak, onda toplan tejribämiz aň-düşünjämize we ýüregimize täsir eder. Şonda biz üstünlik gazanmak üçin Ýehowanyň patasyna mätäçdigimize düşüneris. Eger biz göwnüýetijilik bilen özümize bil baglaman, ähli ýagdaýda Ýehowanyň görkezmesini agtarsak, ruhy taýdan ilerleýändigimizi görkezeris. Ýehowa ýol bermese hiç bir zadyň bolmajakdygyna düşünmeklik hem ilerleýşimizi görkezer. Bu bize gökdäki Atamyz bilen dostlugymyzy berkitmäge kömek eder.

Öňe ymtylyň

Pawlus resul ruhy taýdan ýetişen we mesh edilen mesihçi bolsa-da, ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin «el uzatmalydygyna», ýagny öňe ymtylmalydygyna düşünýärdi (Flp. 3:13—16). Siz hem şeýle pikir edýärmisiňiz?

Siz ruhy taýdan ösýändigiňizi duýýarmysyňyz? Munuň üçin täze ýaradylyşy geýnendigiňizi we Ýehowanyň hökümdarlygyna doly tabyn bolýandygyňyzy barlaň. Siz Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ukybyňyzy ulanmaga jan edýärmisiňiz? Wagyz mekdebinde berilýän bilim size Hudaýyň Sözündäki häsiýetlere eýermäge kömek eder. Bu siziň gepleýşiňizde we tälim berşiňizde aýan bolar. Ruhy taýdan ilerlemek üçin bu zatlary ýatdan çykarmaň. Hawa, olardan şatlyk tapsaňyz, ilerleýşiňiz has aýdyň görner.

SIZIŇ NÄHILI RUHY MAKSATLARYŇYZ BAR?

Indiki ýyl nähili maksatlara ýetmek isleýärsiňiz?

  1. ․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․

  2. ․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․

Siz nähili uzak möhletli maksatlary goýduňyz we olara ýetmek üçin näme edersiňiz?

  1. ․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․

  2. ․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․

  3. ․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş