2-nji bap
Hudaý barada bilim berýän kitap
1, 2. Biz näme üçin Ýaradyjymyzyň gollanmasyna mätäç?
SÖÝGÜDEN doly Ýaradyjymyzyň adamzat üçin bilim we gollanma berýän kitap barada alada etmegi, diýseň akyla laýykdyr. Eýsem, seniň pikiriňçe adamzat gollanma mätäç dälmi?
2 «Ädimlerine ugur görkezmek, ýöräp barýan adamyň ygtyýarynda däldir» diýip 2 500 ýyl mundan öň bir pygamber we taryhçy ýazypdy (Ýeremiýa 10:23, TD). Bu aýdylan sözleriň haklygy şu gün has aýdyňdyr. Taryhçy Uilýam H. Maknil şeýle belleýär: «Biziň planetamyzda adamzadyň taryhy, ýola goýlan jemgyýetçilik tertibiniň gaýta-gaýta gowşamagyndan we dargamagyndan ybaratdyr».
3, 4. a) Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge nähili çemeleşmeli? b) Mukaddes Ýazgylar bilen tanyşmagy nämeden başlarys?
3 Mukaddes Ýazgylar bize zerur bolan dana gollanmany berýär. Dogrusy, köp adamlar ilkibaşda ony eýgerip bilmez öýdýärler. Bu uly kitap we onuň käbir ýerlerine düşünmek şeýle bir aňsat hem däl. Emma saňa uly mirasa eýe bolmagyň ýoluny düşündirýän dokumendi gowşursalar, sen onuň bilen ünsli tanyşmaga wagt tapmazdyňmy? Dokumendiň käbir ýerlerine düşünmek kyn bolsa, sen, megerem, kömek tapmak üçin bu işden başy çykýan adama ýüz tutarsyň. Mukaddes Ýazgylar bilen hem edil şonuň ýaly etseň, dogry bolmazmy? (Resullaryň Işleri 17:11). Bu ýerde gürrüň adaty mirasdan has ähmiýetli zat barada barýar. Geçen bapdan bilşimiz ýaly, Hudaý baradaky bilim ebedi ýaşaýşa alyp barýar.
4 Geliň, indi, Hudaý barada bilim berýän kitap bilen ýakyndan tanyşalyň. Başda Mukaddes Ýazgylaryň mazmunyny gysgaça gözden geçireris. Soňra, ençeme bilimli adamlaryň Mukaddes Ýazgylary näme üçindir Hudaýyň ylhamly Sözi diýip hasap edýändiklerini maslahat ederis.
MUKADDES ÝAZGYLARYŇ MAZMUNY
5. a) Töwrat we Zeburda nähili maglumatlar bar? b) Injilde nähili maglumatlar bar?
5 Mukaddes Ýazgylar 66 kitapdan ybarat. Mukaddes Ýazgylaryň 39 kitaby (Töwrat, Zebur) esasan ýewreý dilinde ýazyldy, 27-si (Injil) bolsa — grek dilinde. Töwrat we Zebur, ýagny Barlykdan Malaki kitabyna çenli düzülen ýazgylar, ýaradylyşy we ondan soňky 3 500 ýyllyk adamzat taryhyny beýan edýär. Mukaddes Ýazgylaryň bu bölümi bilen tanyşanymyzda, b. e. öň XVI asyrda ysraýyl milletiniň dörän wagtyndan başlap, tä b. e. öň V asyra çenli, Hudaýyň bu halk bilen nädip gatnaşandygyny bileris. Mattanyň Hoş Habaryndan başlap Ylham bilen tamamlanýan kitaplara Injil diýilýär. Bu kitaplar, Isa Mesihiň hem-de onuň şägirtleriniň b. e. I asyrynda eden işlerine we taglymatlaryna ünsümizi jemleýär.
6. Mukaddes Ýazgylary näme üçin bütinleý öwrenmeli?
6 Käbirleri, Töwrat, Zebur ýewreýler üçin, Injil bolsa, hristianlar üçin ýazyldy diýýärler. Emma 2 Timoteos 3:16, 17 laýyklykda, «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup... peýdalydyr». Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylary bütinleý öwrenmäge hemme esaslar bardyr. Aslynda, Mukaddes Ýazgylaryň bu bölümleri umumy temany sazlaşykly dowam etdirip, biri-biriniň üstüni doldurýar.
7. Mukaddes Ýazgylaryň esasy temasy näme?
7 Belki-de, sen Mukaddes Ýazgylaryň köpçülik üçin okalşyny görensiň. Ýa-da, mümkin özüň, onuň aýry-aýry böleklerini okansyň. Barlykdan Ylhama çenli Mukaddes Ýazgylaryň umumy temasynyň bardygyny heý bilýärmidiň? Hawa, Mukaddes Ýazgylarda başdan-aýak bir tema yzarlanýar. Haýsy tema? Hudaýyň adamzadyň üstünden höküm sürmäge hakynyň bardygyny subut etmegi we Patyşalyk arkaly onuň söýgüden doly niýetiniň amala aşmagy. Hudaýyň bu niýeti nädip amala aşyrjagyna soňra serederis.
8. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň şahsyýeti barada näme aýdylýar?
8 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň niýetinden başga Onuň şahsyýeti barada hem gürrüň edilýär. Mysal üçin, Mukaddes Ýazgylar, Hudaýyň duýgularynyň bardygyny we biziň edýän işlerimize parhsyz garamaýandygyny habar berýär (Zebur 78:40, 41; Süleýmanyň Tymsallary 27:11; Ezekiýel 33:11). Zebur 103:8—14-de: «Reb rehimdar we mähribandyr; gahary gelmezek, merhemeti boldur» diýilýär. Hudaý bize duýgudaşlyk bilen garaýar, biziň ’toprakdan’ ýaradylandygymyz we ölüp topraga öwrülýändigimiz Onuň ýadynda (Barlyk 2:7; 3:19). Gör, Ol nähili ajaýyp häsiýetleriň eýesi! Şunuň ýaly Hudaýa sežde edesiň gelmezmi?
9. Mukaddes Ýazgylar bize Hudaýyň kadalary barada nädip aýdyň düşünje berýär we bu bilimleri biz nädip peýdalanyp bileris?
9 Hudaýyň kadalary barada Mukaddes Ýazgylar anyk düşünje berýär. Bu kadalar käte kanun görnüşinde berilýär. Köplenç bolsa, olar aýdyň mysallardan äşgär bolýar. Hudaý, biziň peýdamyz üçin, gadymy Ysraýylyň taryhyndan käbir wakalaryň ýazylmagyny göz öňünde tutupdyr. Haçanda adamlar Hudaýyň niýeti boýunça hereket edenlerinde, ýa-da tersine, özlerini Hudaýdan garaşsyz alyp baranlarynda, nähili netijeleriň bolandygyny Mukaddes Ýazgylar bolşy ýaly gürrüň berýär (3 Patyşalar 5:4; 11:4—6; 2 Taryhlar 15:8—15). Bular ýaly taryhy wakalar hiç bir okyjyny biperwaý goýmaýar. Bu wakalary göz öňüne getirmäge synanyşsak, onda özümizi şol adamlaryň ýerine goýup bileris. Şeýdip, biz ýagşy mysallardan görelde edineris, käbirleriň düşen duzagyndan bolsa gutulyp bileris. Ýöne bir örän wajyp soraga jogap bermegimiz gerek: Mukaddes Ýazgylardaky habarlaryň Hudaýyň ylhamydygyna ynanmak üçin bizde näme esaslar bar?
MUKADDES ÝAZGYLARA YNANMAK BOLÝARMY?
10. a) Näme üçin käbir adamlar Mukaddes Ýazgylar könelişendir öýdýärler? b) 2 Timoteos 3:16, 17-de Mukaddes Ýazgylar barada näme aýdylýar?
10 Ençeme kitaplardaky berilýän maslahatlaryň eýýäm sanlyja ýyllardan könelişýändigine belki-de, sen üns berensiň. Eýsem, Mukaddes Ýazgylar barada näme aýtsa bolar? Bu örän gadymy kitap — onuň soňky sözleri ýazylaly bäri, takmynan 2 000 ýyl geçdi. Şu sebäpden, käbir adamlaryň pikirine görä, Mukaddes Ýazgylary biziň döwrümizde ulanyp bolmaýarmyş. Emma, eger Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň ylhamy bolsa, onda gadymylygyna garamazdan, onuň maslahaty öňküsi ýaly döwrebap bolmalydyr. Ýazgylar öňküsi ýaly «Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdaly» bolmaly (2 Timoteos 3:16, 17).
11—13. Näme üçin Mukaddes Ýazgylar biziň günlerimizde ulanmaga peýdaly diýip bolar?
11 Mukaddes Ýazgylary içginräk öwreneňde bir zat mese-mälim bolýar: onuň kada-kanunlary ýazylan döwründäki ýaly şu gün hem ulanmaga peýdaly. Meselem, Mukaddes Ýazgylar ynsan tebigaty barada aýdanda, hemme nesillere mahsus bolan aýratynlyklary ussatlyk bilen belleýär. Muny, Mattanyň Hoş Habarynyň 5—7-nji baplarynda ýazylan, Isanyň Dagdaky wagzynda gowy görüp bolýar. Bu wagyz, görnükli hindi baştutany Mohandas K. Ganda şeýle güýçli täsir etdi welin, hatda ol bir ýokary wezipeli britan döwlet işgärine ýüzlenip: «Eger siziň ýurduňyz bilen meniň ýurdum Isanyň Dagdaky wagzynyň taglymatlaryna esaslanyp bir ylalaşyga gelse, onda biz diňe bir biziň ýurtlarymyzyň däl-de, eýsem bütin dünýäniň kynçylyklaryny hem çözeris» diýdi.
12 Bu taglymatlaryň adamlara täsir etmegi bizi geň galdyrmaly däl! Dagdaky wagzynda, Isa, hakyky bagtlylygyň ýoluny görkezdi. Ol, dawalary nädip çözmelidigini öwretdi. Nädip doga etmelidigini düşündirdi. Maddy zerurlyklara nädip has paýhasly garap bolýandygyny belledi we ynsan aragatnaşyklaryna degişli «altyn düzgüni» berdi. Mundan başga, Isa şol wagzynda, ýalan dini düşünjeleri nädip saýgarmalydygyny we howpsuz gelejekde ýaşamak üçin näme etmelidigini düşündirdi.
13 Dagdaky wagyzda we Mukaddes Ýazgylaryň beýleki sahypalarynda, durmuşyň ýagşylyga tarap üýtgemegi üçin näme edip nämelerden gaça durmalydygy aýdyň aýdylýar. Onuň maslahaty durmuşda diýseň peýdaly, hatda bir mugallym höwes bildirip şeýle diýdi: «Men orta mekdepde maslahatçy bolup işleýärin we bakalawr hem-de magistr diýen derejelerim bar, şeýle hem psihiatriýa we psihologiýadan ençeme kitaplar okadym. Ýöne welin, maşgala durmuşyny üstünlikli etmek barada, çaga jenaýatçylygynyň öňüni almak we dost edinip dostlugy saklamak barada, Mukaddes Ýazgylaryň berýän maslahaty, kollejde öwrenen we okan zatlarymdan has üstün çykýandygyna göz ýetirdim». Mukaddes Ýazgylar diňe ulanmak üçin peýdaly we döwrebap däl-de, eýsem, doly ynama-da mynasypdyr.
DOGRY WE YNAMA MYNASYP
14. Mukaddes Ýazgylaryň ylmy taýdan dogry gelýändigi nämeden görünýär?
14 Mukaddes Ýazgylar ylmy iş bolmasa-da, ylmy taýdan dogry gelýändir. Mysal üçin, adamlaryň köpüsi Ýeriň tekizdigine ynanýarkalar, Işaýa pygamber onuň «togalakdygyny» aýtdy (bu ýerde ýewreýçe «hug» sözi «şar şekilli togalak» manyny berýär) (Işaýa 40:22). Ýeriň togalaklygy baradaky düşünje Işaýanyň döwründen, müňlerçe ýyl geçensoň giňden kabul edildi. Şonuň ýaly hem, 3 000 ýyl gowrak mundan öň ýazylan Eýýup kitabynyň aýtmagyna görä Hudaý «ýeri hiç zatda asdy» (Eýýup 26:7). Mukaddes Ýazgylary öwrenýän bir alym şeýle diýýär: «Astronomlaryň açan hakykatyny, ýagny Ýeriň göze görünýän direginiň ýokdugyny Eýýup nireden bilýärdi — Mukaddes Ýazgylary Hudaýyň ylhamy hökmünde kabul etmeýänler üçin bu kyn soragdyr».
15. Mukaddes Ýazgylaryň beýan edişi, bizde bu kitaba bolan ynamy nädip berkidýär?
15 Mukaddes Ýazgylaryň beýan edişi-de, biziň bu gadymy kitaba bolan ynamymyzy berkidýär. Rowaýatlardan tapawutlylykda Mukaddes Ýazgylardaky wakalar anyk taryhy şahslar we seneler bilen baglydyr (3 Patyşalar 14:25; Işaýa 36:1; Luka 3:1, 2). Şeýle hem, gadymky taryhçylar, her gezek diýen ýaly öz hökümdarlarynyň ýeňişlerini çişirip, ýeňlişleridir ýalňyşlaryny bolsa gizleýärkäler, Mukaddes Ýazgylaryň ýazyjylary elmydama — hatda öz agyr günäleri barada aýdanda hem — dogruçyl we aç-açan aýdýardylar (Sanlar 20:7—13; 2 Patyşalyk 12:7—14; 24:10).
PYGAMBERLIK KITABY
16. Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň ylhamydygyny görkezýän iň ynandyryjy subutnama nämedir?
16 Ýerine ýeten pygamberlikler, Mukaddes Ýazgylaryň Hudaý tarapyndan ylhamlanandygyna hiç hili şübhe goýmaýar. Mukaddes Ýazgylarda ähli jikme-jiklerine çenli ýerine ýeten pygamberlikleriň, ýagny welilikleriň ençemesi ýazylgy. Elbetde, bu, ýöne bir ynsan elleriniň işi bolup bilmez. Eýsem, bu pygamberlikleriň aňyrsynda näme barka? Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä «welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir; Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh [ýagny, Hudaýyň hereketdäki güýji] tarapyndan herekete gelip gepländirler» (2 Petrus 1:21). Geliň käbir mysallary ara alyp göreliň.
17. Haýsy pygamberliklerde Babylyň ýykyljagy öňünden aýdyldy we bu pygamberlikler nädip ýerine ýetdi?
17 Babylyň ýykylyşy. Babylyň midiýalylar bilen parslaryň elinden ýykyljagyny Işaýa we Ýeremiýa öňünden aýtdy. Işaýanyň bu wakalar baradaky pygamberligi Babylyň basyp alynmazyndan takmynan 200 ýyl öň ýazylypdy! Pygamberlik taryhy taýdan hem tassyklanan: Ýewfrat derýasynyň akymy bir emeli köle sowuldy (Işaýa 44:27; Ýeremiýa 50:38); Babylyň derýa tarap bakýan derwezeleriniň howpsuzlygyna äsgermezçilik edildi (Işaýa 45:1); Kir atly hökümdar bu şäheri üstünlik bilen basyp aldy (Işaýa 44:28)
18. «Grek patyşasynyň» galyşy we ýykylyşy baradaky pygamberlik nädip ýerine ýetdi?
18 «Grek patyşasynyň» galyşy we ýykylyşy. Daniýele berlen görnüşde: bir teke bir goçy ýeňip, onuň iki şahyny hem döwýär. Onsoň tekäniň uly şahy döwülýär we onuň ýerine dört şah peýda bolýar (Daniýel 8:1—8). Daniýele ine şeýle düşündiriş berildi: «Seniň gören iki şahly goçyň, bu Midiýa hem-de Pars patyşalarydyr. Tüýlek teke bolsa — Gresiýanyň patyşasy, onuň iki gözüniň ortarasyndaky uly şah bolsa — onuň birinji patyşasy; ol döwüldi we onuň ýerine beýleki dördüsi çykdy: ýagny ol halkdan dört patyşalyk aýaga galar, emma güýji onuňkyça bolmaz» (Daniýel 8:20—22). Iki asyra golaý wagt geçenden soň, bu pygamberlige laýyklykda «Gresiýanyň patyşasy» Isgender Zülkarneýin (Aleksandr Makedonskiý) «iki şahly» Midiýa-Pars döwletini basyp aldy. Isgender b. e. öň 323-ji ýylda aradan çykdy we onuň ýerini dört serkerde eýeledi. Emma bu täze dörän patyşalyklaryň hiç birisi Isgenderiň döwletiniň kuwwatyna deňeşip bilmeýärdi.
19. Haýsy pygamberlikler Isa Mesihde berjaý boldy?
19 Isa Mesihiň ömri. Töwrat we Zeburdaky pygamberlikleriň ençemesi, Isa Mesihiň dogulanda, gulluk edende, ölende we direlende berjaý boldy. Meselem, Mika pygamber Mesihiň, ýagny Hristosyň Beýtullahamda doguljagy barada 700 ýyl gowrak öňünden aýtdy (Mika 5:2; Luka 2:4—7). Mikanyň döwürdeşi Işaýa, Mesihiň ýenjiljegi we ýüzüne tüýküriljegi barada habar berdi (Işaýa 50:6; Matta 26:67). Mesihiň 30 kümüş pula satyljagyny Zakarýa 500 ýyl öňünden aýtdy (Zakarýa 11:12; Matta 26:15). Dawut bolsa, Mesihiň ölümi bilen baglanyşykly wakalar hakda müň ýyl gowrak öňünden pygamberlik etdi (Zebur 22:7, 8, 18; Matta 27:35, 39—43). Şeýle hem, Daniýel öz pygamberliginde Mesihiň geljek wagtyny, gulluk etjek wagtynyň dowamyny we öljek wagtyny, takmynan bäş asyr öňünden habar berdi (Daniýel 9:24—27). Bular, Isa Mesihde berjaý bolan pygamberlikleriň diňe käbirisi. Geljekde, Isa barada has köp bilim almak saňa örän gyzykly bolar.
20. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň amala aşmagy bizde nähili ynam döretmeli?
20 Mukaddes Ýazgylaryň başga-da ençeme pygamberlikleri eýýäm ýerine ýetdi. Emma, bu zatlaryň maňa näme dahyly bar? — diýip soramagyň mümkin. Haçanda kimdir biri saňa köp ýyllaryň dowamynda diňe dogrusyny aýdyp gelýärkä, onuň indiki aýdan sözüne birden şübhe edersiňmi? Elbetde etmersiň. Hudaý Mukaddes Ýazgylar arkaly dogrusyny aýdýar. Muny göz öňünde tutsaň, Onuň berýän wadalaryna, meselem, ýer ýüzünde boljak jennet hakdaky wadasyna ynamyň has berkemezmi? Gürrüňsiz, biziň ynamymyz, birinji asyrda ýaşan Isanyň şägirdi, Pawlusyňky ýaly bolup biler, ol bolsa ’Hudaý ýalan sözlemeýär’ diýip ýazypdy (Titus 1:2). Üstesine-de, Ýazgylary okap we onuň maslahatlaryny durmuşda ulanyp, biz ynsan gaýraty bilen ýetip bolmajak akyldarlygy edineris, sebäbi Mukaddes Ýazgylar Hudaý barada bilim berýän kitap, bu bilim bolsa ebedi ýaşaýşa eltýär ahyryn.
HUDAÝ BARADAKY BILIMI «KÜÝSÄŇ»
21. Mukaddes Ýazgylardan öwrenýän zatlaryň ilkibada berjaý edip bolmajak ýaly görünse, näme etmeli?
21 Mukaddes Ýazgylary öwrenen mahalyň, käbir soraglar boýunça onuň garaýşy seniňkiden tapawutlanýandygyna göz ýetirersiň. Hatda, seniň hormatlaýan käbir dini däp-dessurlaryň Hudaýa ýaramly däl bolup çykmagy-da mümkin. Hudaýyň ýagşy-ýaman baradaky kadalarynyň, häzirki dünýäniň giňden ýaýran kadalaryndan has belentdigini bilersiň. Ilkibaşda olar saňa örän agyr bolup görünmegi-de ähtimal. Ýöne sabyrly bol! Hudaý barada bilim tapmak üçin Ýazgylary dykgat bilen öwren. Onuň maslahatlaryna eýer we gerek bolsa öz pikir edişiňi we hereketleriňi üýtgetmäge taýyn bol.
22. Sen näme üçin Mukaddes Ýazgylary öwrenýärsiň we başgalara muny nädip düşündirjek?
22 Dostlardyr garyndaşlaryň saňa ýagşylyk isläp, Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiňe böwet bolup bilerler, ýöne Isa şeýle diýipdi: «Kim meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men-de ony göklerdäki Atamyň öňünde ykrar ederin. Kim-de Meni adamlaryň öňünde inkär etse, Men-de ony göklerdäki Atamyň öňünde inkär ederin» (Matta 10:32, 33). Käbirleriniň sen barada, ters ýola düşüp, akylyňy aldyrarsyň diýip aladalanmagy mümkin. Aslynda welin, sen Hudaý barada bilim almaga çalyşýarsyň we hakykaty öwrenmek isleýärsiň (1 Timoteos 2:3, 4). Başgalara muny düşündirjek bolup jedelleşme, gaýtam öwrenýän zatlaryň barada gürrüň bereniňde ýumşak bol (Filipililer 4:5). Ýadyňda bolsun, köpler, bu bilimleriň adamlara gowy täsir edýändigini görüp, «sözsüz gazanylýarlar» (1 Petrus 3:1, 2, TD).
23. Hudaý baradaky bilimi «küýsemek» näme aňladýar?
23 Mukaddes Ýazgylar bizi «ýaňy dogan çagalar kimin ruhy, hilesiz süýdi küýsemäge» çagyrýar (1 Petrus 2:2). Bäbek enesiniň süýdüne mätäçdir we ondan ganmasa köşeşmeýär. Şonuň ýaly, biziň ýaşaýşymyz hem Hudaýyň berýän bilimine baglydyr. Hudaýyň Sözüni «küýse» we ony öwrenmegiňi dowam et. Mukaddes Ýazgylary her günde okamagy özüňe maksat edin (Zebur 1:1—3). Bu örän uly peýda getirer, çünki Zebur 19:11-de Hudaýyň kanunlary barada: «Olary saklamakda uly sylag bardyr» diýilýär.
BILIMIŇI BARLAP GÖR
Başga kitaplara garanyňda Mukaddes Ýazgylaryň nähili aýratyn taraplary bar?
Mukaddes Ýazgylara näme üçin ynanyp bileris?
Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň ylhamly Sözüdigine, seni haýsy subutnamalar ynandyrýar?
[14-nji sahypadaky çarçuwa]
MUKADDES ÝAZGYLARYŇ ULANYLYŞY
Mukaddes Ýazgylardan baş çykarmak kyn däl. Munuň üçin, onuň mazmunyndan peýdalanyp, kitaplaryň ýerleşiş tertibini ýadyňda saklajak bol.
Ulanmak ýeňil bolar ýaly, Mukaddes Ýazgylaryň kitaplaryny baplara we aýatlara böldüler. Baplara bölmeklik XIII asyrda girizildi, XVI asyrda bolsa bir fransuz neşirýatçysy Injili aýatlara böldi we bu bölmeler şu güne çenli hem ulanylýar. Baplara we aýatlara bölünen Mukaddes Ýazgylaryň doly görnüşi ilkinji gezek 1553 ýylda, fransuz dilinde neşir edildi.
Bu kitapda Mukaddes Ýazgylardan sözler getirilende, onuň birinji sany — baby, ikinjisi bolsa — aýaty aňladýar. Meselem, «Süleýmanyň Tymsallary 2:5» salgy berlende — bu, getirilen sözleriň Süleýmanyň Tymsallary kitabynyň 2-nji babynyň 5-nji aýatynda ýerleşýändigini aňladýar. Görkezilýän aýatlary gaýta-gaýta açsaň, tiz wagtdan, Mukaddes Ýazgylaryň gerekli ýerlerini tapmagyň kyn däldigine göz ýetirersiň.
Mukaddes Ýazgylardan baş çykarmagyň iň gowy ýoly — ony her gün okamakdyr. Mümkin, ilki başda bu saňa kyn bolup görüner. Emma her günde, uzynlygyna görä üç-bäş bapdan okasaň, bir ýylda Mukaddes Ýazgylary başdan-aýak okap gutararsyň. Eýýäm şu günden başlasaň, nähili görýäň?
[19-njy sahypadaky çarçuwa]
MUKADDES ÝAZGYLAR — DEŇI-TAÝY BOLMADYK KITAP
• Mukaddes Ýazgylar — «Hudaýyň ylhamy» (2 Timoteos 3:16). Ony ýazanlar ynsan bolsa-da, olaryň pikirlerini Hudaý ugrukdyrýardy, şu sebäpli Mukaddes Ýazgylar hakykatdan hem «Hudaýyň sözüdir» (1 Selanikliler 2:13).
• Mukaddes Ýazgylary 16 asyryň dowamynda, gelip çykyşlary dürli-dürli bolan, 40-a golaý erkek adam ýazdy. Muňa garamazdan, onuň ähli habarlary başdan-aýak utgaşýar.
• Mukaddes Ýazgylar başga hiç bir kitabyň taryhynda bolmadyk şeýle köp ýerliksiz aýyplamalara döz gelip bildi. Orta asyrlarda, bary-ýogy elinde Mukaddes Ýazgylar bolany üçin adamlary otda ýakýardylar.
• Dünýäde iň köp tiražly çap edilýän kitaplaryň arasynda Mukaddes Ýazgylar birinji ýerde durýar. Bütinleýin ýa-da bölekleýin, Mukaddes Ýazgylar 2000-den hem gowrak dile terjime edildi. Mukaddes Ýazgylaryň milliardlarçasy çapdan çykdy we ýer ýüzünde ony tapdyrmajak ýerler ýok diýen ýalydyr.
• Mukaddes Ýazgylaryň iň gadymy bölümi b. e. öň XVI asyrda ýazyldy. Ondan bäri ençeme ýyllar geçenden soň induizmyň «Rigweda» atly mukaddes kitaby (takmynan b. e. öň 1300-nji ýyl), «Üç sebet» atly buddizm kanuny (b. e. öň V asyr), yslamyň mukaddes kitaby Gurhan (b. e. VII asyry) we sintoizmyň «Nihongi» atly mukaddes kitaby (b. e. 720-nji ýyly) emele geldi.
[20-nji sahypadaky surat]