Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lffi sap. 3
  • Mukaddes Kitaba ynansa bolýarmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Kitaba ynansa bolýarmy?
  • Ebedi ýaşaň! Ilkinji sapaklar
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • GAÝTALAMAK
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Mukaddes Kitaba ynansa bolýarmy?
    Ebedi ýaşaň! Ilkinji sapaklar
  • Mukaddes Ýazgylar — Hudaýyň kitaby
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Mukaddes Kitabyň näme peýdasy bar?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Mukaddes Kitabyň näme peýdasy bar?
    Ebedi ýaşaň! Ilkinji sapaklar
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Ilkinji sapaklar
lffi sap. 3
3-nji sapak. Stoluň üstünde Mukaddes Kitabyň golýazmasy dur.

3-NJI SAPAK

Mukaddes Kitaba ynansa bolýarmy?

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Mukaddes Kitapda gelejek hakda köp wadalar we iň gowy maslahatlar ýazylypdyr. Belki, seniň köpräk bilesiň gelýändir, ýöne ynanmak kyndyr. Eýsem, gadymy kitapda ýazylan maslahatlara we wadalara ynanyp bolarmy? Maslahatlary häzirem peýdalymy? Wadalary hökman ýerine ýetermi? Millionlarça adamlar munuň jogabyny bildiler. Geliň, şolar hakda gürrüň edeliň.

1. Mukaddes Kitapda aýdylýan zatlar hakykatmy ýa-da toslama?

Mukaddes Kitapda «hakykat sözleriniň dogry ýazylandygy» aýdylýar (Nesihat 12:10). Mukaddes Kitapda bolan wakalar we ýaşap geçen adamlar barada aýdylýar (Luka 1:3; 3:1, 2-nji aýatlary oka). Hatda taryhçylar we gazuw-agtaryş işini geçirýänler Mukaddes Kitapdaky seneleriň, adamlaryň, ýerleriň, wakalaryň dogrudygyny tassyklaýarlar.

2. Mukaddes Kitap näme üçin hiç haçan könelmeýär?

Mukaddes Kitap köp meselelerde adamlaryň bilmeýän zatlaryny aýdýar. Meselem, ol ylmy taýdan dogry. Ýöne şol döwür köp adamlar Mukaddes Kitapda ýazylan zatlaryň dogrudygyna ynanmaýardylar. Häzir bolsa alymlar ylmy taýdan dogrudygyna göz ýetirdiler. Dogrudanam, ol «häzirem, gelejekde-de hakdyr» (Zebur 111:8).

3. Mukaddes Kitapda gelejek hakda aýdylanlar näme üçin ýerine ýeter?

Mukaddes Kitapda «boljak zatlar» öňünden aýdylýar, oňa pygamberlik diýilýär (Işaýa 46:10). Taryhy wakalar ep-esli wagt öňünden aýdylypdyr. Şeýle-de dünýäniň häzirki ýagdaýy jikme-jik ýazylypdyr. Şu sapakda Mukaddes Kitapda öňünden aýdylan käbir wakalar hakda bileris. Şol wakalaryň ýerine ýetişi haýran galdyrýar!

SÖHBETDEŞLIK

Mukaddes Kitabyň ylmy taýdan dogrudygyna göz ýetiriň, täsin pygamberlikler hakda öwreniň.

4. Mukaddes Kitap ylmy taýdan dogry

Geçmişde köp adamlar ýeriň bir zadyň üstünde durandygyna ynanypdyrlar. WIDEONY görüň.

WIDEO: «Ýer hiç zatdan asylmady» (1:13)

Takmynan 3 500 ýyl mundan öň Eýýup kitabynda ýazylan sözlere üns beriň. Eýýup 26:7-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • «Ýeri hiç zatdan asmady» diýen sözler näme üçin haýran galdyrýar?

Suwuň tebigatda aýlanyşyny alymlar 200 ýyl mundan öň bildiler. Emma müňlerçe ýyl öň Mukaddes Kitapda näme diýlendigine üns beriň. Eýýup 36:27, 28-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Suwuň tebigatda aýlanyşy hakdaky sözler näme üçin haýran galdyrýar?

  • Şol sözler Mukaddes Kitaba ynamyňy artdyrýarmy?

Mukaddes Kitapda suwuň tebigatda aýlanyşy barada aýdylýar. Suwuň ýer bilen atmosferanyň arasynda aýlanyşy sagadyň ugry boýunça gözkezilýär.

5. Mukaddes Kitapda wajyp wakalar hakda öňünden aýdylýar

Işaýa 44:27—45:2-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitapda Wawilonyň weýran ediljegi hakda 200 ýyl öňünden nämeler aýdyldy?

WIDEONY görüň.

WIDEO: «Wawilonyň weýran ediljegi öňünden aýdyldy» (0:58)

B. e. öň 539-njy ýylda Pars patyşasy Kir goşuny bilen Wawilon şäherini basyp aldy. Olar şäheriň daşyndaky derýany başga tarapa akdyrdylar. Şeýdip, olar açyk galan derwezeden girip, şäheri söweşsiz basyp aldylar. Wawilon şäheri 2 500 ýyl bäri haraba bolup ýatyr. Geliň, Mukaddes Kitapdan şol hakda bileliň.

Işaýa 13:19, 20-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Wawilon hakda aýdylan zatlar nädip ýerine ýetdi?

Wawilon harabalygy häzirki Yrakda ýerleşýär

Suratlarda Mukaddes Kitapda soňky günlerde boljak wakalar aýdylýar. 1) Ýanyp duran binalar. 2) Ýaragy bilen atyp duran esger. 3) Bir adam gozgalaň bolup duran ýerde polisiýa işgärleri bilen uruşýar. 4) Iki adam dükany talaýar. 5) Tankly goşun şähere hüjüm edýär. 6) Ýeter-ýetmezçilikden kösenýän adamlar agyz örtügini geýip, iýmit almak üçin hatara durlar. 7) Guraklykdan ýaňa ýerler ýarylyp ýatyr. 8) Ýertitremede weýran bolan jaýlar.

6. Mukaddes Kitapda häzirki wakalar hem öňünden aýdylýar

Mukaddes Kitapda biziň «soňky günlerde» ýaşaýandygymyz aýdylýar (2 Timoteos 3:1). Onda soňky günlerde nämeleriň boljakdygy hem aýdylýar.

Matta 24:6, 7-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitapda soňky günlerde ýagdaýyň nähili boljagy aýdylýar?

2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitapda soňky günlerde adamlaryň nähili boljakdygy aýdylýar?

  • Sen adamlarda şol häsiýetleriň haýsysyny görýärsiň?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Mukaddes Kitapda aýdylýan zatlar erteki».

  • Mukaddes Kitabyň dogrudygyna seni näme has-da ynandyrýar?

GAÝTALAMAK

Taryhy wakalar, ylym we pygamberlikler Mukaddes Kitabyň dogrudygyny subut edýär.

Jemleýji soraglar

  • Mukaddes Kitapdaky sözler hakykatmy ýa-da toslama?

  • Mukaddes Kitabyň ylmy taýdan dogrudygyny nämeler subut edýär?

  • Mukaddes Kitapda gelejek barada aýdylanlara ynanýarmyň? Näme üçin?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Mukaddes Kitabyň ylmy taýdan gabat gelmeýän ýeri barmy?

«Mukaddes Kitap ylmy taýdan dogry gelýärmi?» (Internet makala)

«Soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy nämeler subut edýär?

«Gözümiziň öňünde ýerine ýetýän 6 pygamberlik» («Garawul diňi» 1 maý, 2011)

Mukaddes Kitapda Grek imperiýasy barada aýdylan pygamberlikler ýerine ýetdi.

«„Pygamberlik sözi“ ynama mynasyp» (5:22)

Bir adam pygamberlikleri öwrenip, Mukaddes Kitabyň dogrudygyna göz ýetirýär.

«Hudaý ýok diýip ýaşaýardym» («Garawul diňi» No. 5, 2017)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş