Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lffi sap. 2
  • Mukaddes Kitap gelejege umyt berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Kitap gelejege umyt berýär
  • Ebedi ýaşaň! Ilkinji sapaklar
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • GAÝTALAMAK
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Mukaddes Kitap gelejege umyt berýär
    Ebedi ýaşaň! Ilkinji sapaklar
  • 2023 ýyl – Näme üçin umydymyzy üzmeli däl. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
    Dürli temalar
  • 2024 — Umydyňyzy üzmäň. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
    Dürli temalar
  • Gelejege bolan umydymyzy üzmäliň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Ilkinji sapaklar
lffi sap. 2
2-nji sapak. Gün şöhlesi bugdaýlyga düşüp dur.

2-NJI SAPAK

Mukaddes Kitap gelejege umyt berýär

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Adamlaryň durmuşy kynçylykdan, gaýgy-aladadan doly. Belki, senem keselçilikden kösenýänsiň ýa-da dogan-garyndaşlaryňdan biri aradan çykandyr. Şonuň üçin: «Haçan gaýgy-aladasyz ýaşarkam?» diýýänsiň. Mukaddes Kitapda gowy habar aýdylýar.

1. Mukaddes Kitap nähili umyt berýär?

Mukaddes Kitapda näme üçin kynçylyk çekýändigimiz düşündirilýär. Şeýle-de şol kynçylyklaryň tizden aýryljakdygy aýdylýar. Mukaddes Kitap «ýagty gelejege umyt berýär» (Ýermeýa 29:11, 12-nji aýatlary oka). Şol umyt kynçylyklara döz gelmäge, hemişe bagtly bolmaga kömek edýär.

2. Mukaddes Kitapda gelejek barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda: «Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» diýilýär (Ylham 21:4-i oka). Şu günler ýeter-ýetmezlik, adalatsyzlyk, keselçilik, ölüm-ýitim köp bolansoň, adamlar gowy durmuşyň boljagyna ynanmaýarlar. Ýöne şeýle kynçylyklar tizden aýrylar. Mukaddes Kitapda ýer ýüzüniň Jennet boljagy, adamlaryň ebedi ýaşajagy aýdylýar.

3. Gowy durmuşyň boljagyna nädip ynanyp bilersiň?

Köp adamlar ýagşy umytda bolsalaram, gowy durmuşda ýaşajakdygyna ynanyp bilmeýärler. Emma Mukaddes Kitapdaky sözler hökman ýerine ýeter. Eger sen «mukaddes kitaplary her gün» öwrenseň, onda ýer ýüzünde gowy durmuşyň boljagyna düşünersiň (Resullar 17:11).

SÖHBETDEŞLIK

Mukaddes Kitapda gowy gelejek wada berilýär. Şol wadalar häzirden bagtly edýär.

Suratlarda adamlaryň çekýän kynçylyklary bilen gelejekde olaryň aýryljakdygy görkezilýär.

4. Mukaddes Kitapda bagtly hem ebedi ýaşajagymyz aýdylýar

Aşakdaky aýatlarda gelejekde durmuşyň nähili boljagy aýdylýar. Sen şolaryň haýsysynyň bolmagyny isleýärsiň? Näme üçin?

Aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Okan aýatlaryň saňa nämä umyt berýär? Olar maşgalaňa we dost-ýarlaryňa nähili umyt berip biler?

Göz öňüne getir!

HIÇ BIR ADAM. . .

HER BIR ADAM. . .

  • gözýaş dökmez, garramaz, ölmez (Işaýa 25:8).

  • dogan-garyndaşlarynyň ýer ýüzünde direlişini görer (Ýahýa 5:28, 29).

  • kesellemez, maýyp bolmaz (Işaýa 33:24; 35:5, 6).

  • tut ýaly sagdyn, gujur-gaýratly bolar (Eýýup 33:25).

  • adalatsyzlyga duşmaz (Işaýa 32:16, 17).

  • bolçulykda ýaşar, gowy öýi bolar, höwes bilen işlär (Zebur 72:16; Işaýa 65:21, 22).

  • uruşlardan ýaňa görgi görmez (Zebur 46:9).

  • parahatlykda ýaşar (Zebur 37:11).

  • öňki zatlary ýatlap, gama batmaz (Işaýa 65:17).

  • gowy şertlerde ebedi ýaşar (Zebur 37:29).

Kesel ýatan oglanjyk sagalýar we ejesini gujaklaýar. Garry adam ýaş bolýar, arabada gök-önümleri getirýär. Açlykdan kösenip, dilegçilik eden çagalar bag ekýär hem-de top oýnaýar. Göwnüçökgünlikden ejir çekip oturan gyz başyny dik tutup, ýylgyryp dur.

5. Mukaddes Kitapdaky wadalar hökman ýerine ýeter

Köp adamlar kynçylyklary görüp gynanýar, hatda gahary gelýär. Käbirleri bolsa ýagdaýy düzetjek bolup elinden gelenini edýär. Mukaddes Kitapda ýazylan wadalaryň adamlara häzirden kömek edişine seredeliň. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Men adalatsyzlyga garşy göreşýärdim» (4:07)

Suratlar: «Men adalatsyzlyga garşy göreşýärdim» diýen wideonyň suratlary. 1) Rafika çaga wagty öz milletindäki adamlar bilen pagta ýygýar. 2) Rafika ilkinji gezek Ýehowanyň Şaýatlarynyň kongresine baranda, dürli milletli adamlaryň agzybirdigini görüp, haýran galýar.
  • Rafikany näme biynjalyk edýärdi?

  • Adalatsyzlyk aýrylmasa-da, Mukaddes Kitap nädip kömek etdi?

Gelejege umyt göwünlik berýär, kynçylyklarda-da bagtly bolmaga kömek edýär. Nakyllar 17:22 we Rimliler 12:12-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Gelejege umyt seniň durmuşyňy nädip häzirden gowulandyryp biler? Näme üçin?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Seniň aýdýan gowy durmuşyň hiç haçan bolmaýmasa».

  • Gowy durmuşyň boljagyna nädip ynandyryp bilersiň?

GAÝTALAMAK

Mukaddes Kitapda bagtly durmuş wada berilýär. Gelejege umyt kynçylyklary ýeňmäge kömek edýär.

Jemleýji soraglar

  • Gelejege umydy bolmasa, adamlar özüni nähili duýýar?

  • Mukaddes Kitapda gelejek barada näme diýilýär?

  • Gelejege umyt nädip häzirden kömek edip biler?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Gelejege umyt kynçylyklarda çydamly bolmaga kömek edýär.

«Bize kim umyt berip biler?» («Oýanyň!» aprel 22, 2004)

Dowamly keselden kösenýän adama gelejege umyt kömek edýär.

«Dowamly keselden ejir çekýän bolsam Mukaddes Kitap kömek edermi?» (Internet makala)

Şekilli aýdymy diňläniňde, maşgalaň bilen özüňi Jennetde göz öňüne getir.

«Göz öňüne getir!» (3:37)

Hak-hukuklar ugrunda göreşen adam Mukaddes Kitapdaky wadalary öwrenip, durmuşyny üýtgedýär.

«Indi men dünýäni üýtgetjek bolmaýaryn» («Garawul diňi» 1 iýul, 2013)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş