JenkoAtaman/stock.adobe.com
OÝA BOLUŇ!
2023 ýyl – Näme üçin umydymyzy üzmeli däl? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Biz her täze ýyly ýagşy umytlar bilen garşy alyp, maşgalamyza gowulyk arzuw edýäris. 2023-nji ýylda umytly bolmaga näme kömek eder?
Mukaddes Kitap umyt berýär
Mukaddes Kitapda durmuşda duş gelýän kynçylyklarymyzyň wagtlaýyndygy we tizden olaryň zym-zyýat boljakdygy aýdylýar. Hudaýyň Sözi «öwüt-nesihat bermek üçin ýazyldy. Olar umyt... we göwünlik berýär» (Rimliler 15:4).
- Mukaddes Kitapda aýdylan wadalar barada köpräk bilmek isleseňiz, «Ertire ynam bilen garaň!» atly makalany okaň. 
Umyt häzirden kömek edýär
Mukaddes Kitabyň berýän umydy «janymyzy berk saklaýan labyr kimindir» (Ýewreýler 6:19). Umyt adama güýç-gaýrat berýär, kynçylyklara döz gelmäge, olara dogry garaýyşda bolmaga we özümizi häzirden bagtly duýmaga kömek edýär.
- Mukaddes Kitapdaky umydyň bir adama erbet endigini ýeňmäge kömek edendigi hakda bilmek üçin, «Öz bolşumdan halys ýadadym» atly wideony görüň. 
- Mukaddes Kitapdaky umydyň ýakynymyzy ýitirenimizde kömek edişi hakda köpräk bilmek isleseňiz, «Hasrat çekýänler üçin umyt» diýen wideony görüň. 
Umydyňyzy berkidiň!
Köp adamlar ýagşy dilegde bolsalar-da, umyt edýän zadynyň boljakdygyna şübhelenýärler. Emma biz Mukaddes Kitapdaky wadalaryň ýerine ýetjekdigine asla şübhelenmän bileris. Näme üçin? Sebäbi ondaky wadalary Ýehowanyň hut özi, ýagny «ýalan sözlemeýän Hudaý» berýära (Titus 1:2). Ýehowa çäksiz güýjüň eýesi bolansoň, hemişe «islegini amala aşyrýar» (Zebur 135:5, 6).
Biz siziň ýagty gelejege umydyňyzyň bolmagyny isleýäris. Eger siz «mukaddes kitaplardan gözleg geçirseňiz», onda wadalaryň ýerine ýetjekdigine hasam ynamly bolup bilersiňiz (Resullar 17:11). Munuň üçin size Mukaddes Kitapdan mugtuna okuw geçmegi teklip edýäris. 2023-nji ýyly ýagşy umytlar bilen garşy alyň!
a Hudaýyň ady Ýehowa (Zebur 83:18).