Ýehowa umyt bagla we batyr bol
«Rebbe umyt bagla; batyr bol Ol seniň ýüregiňi güýçlendirer; Rebbe umyt bagla» (ZEBUR 27:14).
1. Umyt näme üçin wajyp we Mukaddes Ýazgylarda haýsy manyda ulanylýar?
HAKYKY umyt ýiti yşyk kimindir. Ol başymyzdan geçirýän synaglara üns bermän bize gelejege ynam we şatlyk bilen garamaga kömek edýär. Diňe Ýehowa Sözi arkaly bize berk umyt berip bilýär (2 Timoteos 3:16). «Umyt» we «umyt baglamak» diýen sözler Mukaddes Ýazgylarda ençeme gezek duş gelýär we bir gowy zada sabyrsyzlyk hem-de ynam bilen garaşmagy aňladýara. Şeýle umyt ýöne bir esassyz ýa-da amala aşmajak arzuw däl.
2. Isanyň durmuşynda umydyň nähili ähmiýeti bardy?
2 Isa başdan geçirýän kynçylyklaryna we synaglaryna üns bermän gelejege umyt edip Ýehowa bil baglaýardy. «Ol öňüne goýlan begenç ugrunda utanjy äsgermän haçdaky ölüme döz gelip Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy» (Ýewreýler 12:2). Sebäbi Isa ilki bilen Ýehowanyň hökümdarlygyny aklamak we Onuň adyny şöhratlandyrmak barada oýlanýardy. Nähili kyn bolaýanda-da ol Hudaýa gulak asýardy.
3. Hudaýyň gullukçylarynyň durmuşynda umydyň nähili ähmiýeti bar?
3 Umyt bilen batyrgaýlygyň baglanyşygy barada Dawut patyşa şeýle diýýär: «Rebbe umyt bagla; batyr bol Ol seniň ýüregiňi güýçlendirer; Rebbe umyt bagla» (Zebur 27:14). Şonuň üçin ýüregimizi «güýçlendirer» ýaly umydymyzyň gowşamagyna ýol bermeli däl. Ony ýüregimizde saklap hemişe pikirimizde bolar ýaly jan etmeli. Bu bize Isa ýaly batyr bolup onuň şägirtlerine tabşyran işine yhlas bilen gatnaşmaga kömek eder (Matta 24:14; 28:19 20). Mukaddes Ýazgylarda umyt iň wajyp häsiýetler ýagny iman we söýgi bilen bile agzalýar. Hudaýyň gullukçylary umydy bilen başga adamlardan tapawutlanýarlar (1 Korintoslylar 13:13).
Umytda artýarmyň?
4. Mesh edilen mesihçiler we «başga goýunlar» nämä sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar?
4 Hudaýyň gullukçylaryna ajaýyp gelejek garaşýar. Mesh edilen mesihçiler gökde Isa bilen gulluk etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar «başga goýunlaryň» bolsa «çüýreme gullugyndan azat edilip Hudaýyň [erdäki] perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar diýen umydy bar» (Ýahýa 10:16; Rimliler 8:19—21; Filipililer 3:20). Bu «şöhratly azatlyk» günäden we onuň elhenç netijesinden azat edýär. Dogrudanam «ähli oňat kämil sowgat» Ýehowadan inýär (Ýakup 1:17; Işaýa 25:8).
5. Biz «umytda artar» ýaly näme etmeli?
5 Hudaýyň berýän umydynyň biziň durmuşymyzda nähili ähmiýeti bolmaly? Rimliler 15:3-de şeýle diýilýär: «Mukaddes Ruhuň gudraty bilen umytda artar ýaly umyt Hudaýy sizi imanda bütin şatlyk we parahatlyk bilen doly etsin» (Rimliler 15:13). Umyt garaňkyda ýanýan şemiň gowşak ýagtylygyna däl-de säher çagy dogýan günüň şöhlesine meňzeýär. Şeýle umyt durmuşymyza nur saçýar ony bagtly manyly edýär hem-de batyr bolmaga kömek berýär. Üns beren bolsaňyz eger biz Hudaýyň Sözüne ynanyp mukaddes ruhy alsak «umytda artarys». Rimliler 15:4-de şeýle diýilýär: «Çünki näme öňden ýazylan bolsa bary çydam arkaly Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly bize taglym üçin ýazylandyr». Şonuň üçin özümize şeýle soraglary berip bileris: Mukaddes Ýazgylary her gün höwes bilen okap we öwrenip umydymyzy berkidýärismi? Hudaýyň mukaddes ruhy barada üznüksiz dileýärismi? (Luka 11:13).
6. Umydymyz gowşamaz ýaly nämeden seresap bolmaly?
6 Biziň üçin görelde galdyran Isa Mesih Hudaýyň Sözünden güýç alýardy. Onuň durmuşy barada oýlansak «aryp ruhdan düşmez ýaly» ýardam eder (Ýewreýler 12:3). Eger Hudaýyň beren umydyny pikirimizde we ýüregimizde berk saklamasak ýa-da ünsümizi başga zatlara mysal üçin baýlyga ýa dünýewi maksatlara gönükdirsek onda ruhy taýdan çalt ýadarys we ahyry tapdan düşüp batyrlygy ýitirmegimiz mümkin. Şeýle garaýyş bilen biz «iman babatda batmagymyz» ähtimal (1 Timoteos 1:19). Ýöne hakyky umyt imany berkidýär.
Iman etmek üçin umyt etmeli
7. Iman eder ýaly näme üçin umyt etmeli?
7 Mukaddes Ýazgylarda: «Iman bolsa umyt edilen zatlara bil baglamak görünmeýän zatlara ynamdyr» diýilýär (Ýewreýler 11:1). Şonuň üçin umyt imanyň esasy bölegi bolup durýar. Ybraýymyň mysalyna seredeliň. Haçan-da Ýehowa Ybraýyma ogul berjek diýende adamlaryň garaýşy boýunça Ybraýym we onuň aýaly Sarra çaga dogurmaly ýaşdan geçipdiler (Barlyk 17:15—17). Ybraýym bu wadany nähili kabul etdikä? Ol «umytsyzlykda umyt bilen iman edip köp milletleriň atasy boldy» (Rimliler 4:18). Hudaýyň Ybraýyma beren umydy onuň nesliniň boljakdygyna ynamyny berkitdi. Onuň imany bolsa umydyny berkidip güýçlendirdi. Ybraýym bilen Sarra hatda öýüni we dogan-garyndaşlaryny taşlap galan ömrüni keseki ýurtda çadyrlarda ýaşamaga taýyndylar!
8. Çydamlylyk nädip umydy berkidýär?
8 Ybraýym kyn bolsa-da Ýehowa tabyn bolup umydyny berk saklady (Barlyk 22:2 12). Eger biz hem Ýehowa gulluk edenimizde gulak asyp çydamly bolsak sylag aljakdagymyza ynanyp bileris. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Çydamyň tejribäni tejribäniň hem umydy emele getirýänini bilýäris. Umyt bolsa utandyrmaz çünki Hudaýyň söýgüsi bize berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandyr» (Rimliler 5:4 5). Şeýle-de ol: «Umydyňyzdan doly arkaýyn bolmak üçin her biriňiziň şol gaýraty soňuna çenli görkezmegiňizi isleýäris» diýip ýazdy (Ýewreýler 6:12). Ýehowa bilen ýakyn gatnaşyga esaslanan şeýle dogry garaýyş bize ähli kynçylyklara batyrgaýlyk hatda şatlyk bilen döz gelmäge kömek eder.
«Umytda şatlanyň»
9. «Umytda şatlanmaga» bize näme kömek eder?
9 Hudaýyň berýän umydy bu dünýäniň hödürleýän ähli zadyndan hem gowudyr. Zebur 37:34-de: «Rebbe umyt bagla Onuň ýoluny sakla. Ýeri miras almagyň üçin Ol seni beýgelder; sen erbetler kesilip taşlananda görersiň» diýilýär. Hawa bizde «umytda şatlanmaga» sebäp köp (Rimliler 12:12). Şonuň üçin umydy pikirimizde aýdyň saklamaly. Hudaýyň beren umydy barada elmydama oýlanýaňmy? Sen Jennetde özüňi sagdyn hiç hili kynçylyksyz gowy görýän adamlaryň arasynda ýaşap halaýan işiňden lezzet alýanyňy göz öňüne getirip bilýäňmi? Edebiýatymyzdaky çekilen Jennetiň suraty barada oýlanýaňmy? Şeýle elmydama oýlanmaklygy aýnany ýuwmak bilen deňeşdirse bolar. Arassa aýnadan tebigat gowy görünýär. Eger aýna ýuwulmasa onda hapadan ýaňa tebigatyň owadanlygyň we ajaýyplygy görünmeýär. Şonda biziň ünsümizi başga zatlar çekip başlamagy mümkin. Geliň muňa hiç haçan ýol bermäliň!
10. Sylag almak üçin jan etmeklik näme üçin Ýehowa bilen gatnaşygymyza gowy täsir eder?
10 Elbetde Ýehowa gulluk etmäge oňa bolan söýgi höweslendirýär (Markus 12:30). Ýöne şonda-da sylag almak üçin biz jan etmeli. Ýehowa bizden şeýle bolmagymyza garaşýar! Ýewreýler 11:6-da: «Iman etmezden Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir. Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir» diýilýär (Ýewreýler 11:6). Emma näme üçin Ýehowa biziň ondan sylaga garaşmagymyzy isleýär? Sebäbi biz şeýtmek bilen gökdäki atamyzy gowy tanaýandygymyzy görkezýäris. Ýehowa jomart we öz çagalaryny söýýär. Oýlanyp gör eger bizde «gelejek we umyt» bolmadyk bolsa nähili bagtsyz bolardyk hem-de aňsatlyk bilen sustupeslige düşerdik (Ýeremiýa 29:11).
11. Hudaýyň beren umydy Musa pygambere dogry karara gelmäge nädip kömek etdi?
11 Musa pygamber Hudaýyň beren umydyny elmydama ýadynda saklap bize gowy görelde galdyrdy. «Faraonyň gyzynyň ogly» hökmünde Musanyň Müsürde höküm sürmäge meşhur we baý bolmaga mümkinçiligi bardy. Ol bu maksatlara ýetmäge jan etdimikä? Musa batyrlyk bilen Ýehowa gulluk etmegi saýlady. Näme üçin? Sebäbi ol «öz aljak sylagyna garaýardy» (Ýewreýler 11:24—26). Hawa Musa pygamber Ýehowanyň beren umydyna biperwaý garamaýardy.
12. Näme üçin mesihçileriň umydy sowut bilen deňeşdirilýär?
12 Pawlus resul umydy sowut bilen deňeşdirýär. Bu göçme manyda aýdylan sowut biziň aňymyzy gorap dogry karara gelmäge durmuşymyzda birinji orunda ähmiýetli işleri goýmaga we Hudaýa wepaly bolmaga kömek edýär (1 Selanikliler 5:8). Sen öz ruhy sowudyňy hemişe geýýäňmi? Eger geýýän bolsaň onda Musa pygamber we Pawlus resul ýaly «wepasyz baýlyga däl-de lezzet almagymyz üçin her zady bize bolluk bilen beren diri Hudaýa umyt baglaýarsyň» (1 Timoteos 6:17, 19). Hakykatdanam iliň aýdýanyny etmezlik üçin hem-de öz höwesleriňe garşy gitmek üçin batyrlyk gerek. Ýöne eden tagallaň biderek bolmaz! Ýehowany söýýän we oňa bil baglaýan adamlar «soňsuz ýaşaýşa» ýetip bilýän bolsa onda özüňi ähmiýetsiz zatlara bagyş etmek nämä gerek? (1 Timoteos 6:17, 19).
«Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn»
13. Ýehowa özüniň wepaly gullukçylaryny nämä ynandyrýar?
13 Şu zalym dünýä umyt baglaýan adamlar ertirki günüň gaýgysyny edýärler. Sebäbi bu dünýäniň «burgulary» gitdigiçe artýar (Matta 24:8). Emma Ýehowa bil baglaýan adamlarda beýle gorky ýok. Olar mundan beýläk hem «aman ýaşar we ýamanlyk gorkusyndan dynç bolar» (Süleýmanyň tymsallary 1:33). Çünki olar bu zalym dünýä bil baglaman şatlyk bilen Pawlus resulyň: «Ýaşaýşyňyz pul söýgüsinden uzak bolsun. Bar zatlaryňyza kanagat ediň. Çünki Hudaý: «Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn» diýen maslahatyna eýerýärler (Ýewreýler 13:5).
14. Näme üçin mesihçiler özüni eklemek barada çendenaşa gaýgy etmeli däl?
14 «Hergiz terk etmerin» we «taşlamaryn» diýen sözler Hudaýyň biz barada alada etjekdigini görkezýär. Şeýle hem Hudaýyň bizi söýüp aladamyzy edýändigi barada Isa şeýle diýdi: «Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny Onuň dogrulygyny agtaryň şonda bu zatlar [ýaşaýyş üçin iň gerek zatlar] hem size onuň üstüne goşulyp berler. Şonuň üçin ertiri gaýgy etmäň çünki ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir» (Matta 6:33, 34). Ýehowa biziň hem Patyşalyk işine yhlasly gatnaşyp hem özümizi eklemegiň kyn düşünýändigini bilýär. Geliň Ýehowanyň bize gerek zatlary berip biljekdigine we beresi gelýändigine ýürekden ynanalyň! (Matta 6:25—32; 11:28—30).
15. Mesihçiler gözüni nädip ýönekeý saklaýarlar?
15 «Gözümizi sag (ýönekeý TD)» saklap Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezýäris (Matta 6:22, 23). Gözüni ýönekeý saklaýan adam akýürekli päk bolup açgözlikden we özüni bilmekden gaça durýar. Emma gözüňi ýönekeý saklamak garyp ýaşamagy ýa-da öz mesihçi borjuňy ýerine ýetirmezligi aňlatmaýar. Gaýtam bu paýhasly bolup Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýmagy aňladýar (2 Timoteos 1:7).
16. Näme üçin gözüňi ýönekeý saklamak üçin iman etmeli we batyr bolmaly?
16 Gözüňi ýönekeý saklamak üçin iman etmeli we batyr bolmaly. Mysal üçin ýygnak duşuşyklarynyň geçirilýän wagty başlygyň köplenç seniň işlemegiňi talap etse batyrlyk bilen ruhy işleri birinji orunda goýarmyň? Eger kimdir biri Ýehowanyň öz gullukçylarynyň aladasyny edýändigine şübhelenýän bolsa Şeýtan hem şonda hüjümini artdyrsa şeýle adam ýygnaga barmagyny bes etmegi mümkin. Hawa imanymyz gowşasa Şeýtanyň toruna düşüp durmuşymyzda nämäniň birinji orunda goýmalydygyny Ýehowa däl-de Şeýtan çözer! Bu örän gynançly bolar! (2 Korintoslylar 13:5).
«Ýehowa umyt bagla»
17. Ýehowa bil baglaýanlar şu günler nähili pata alýarlar?
17 Ýehowa umyt baglaýan we ynanýan adamyň üstünlik gazanjakdygy barada Mukaddes Ýazgylarda birnäçe gezek aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6; Ýeremiýa 17:7). Şeýle adamlar kämahal bar zadyna kaýyl bolup ýaşamaly bolýar ýöne olar muny gelejekdäki bereketler bilen deňände ujypsyz gurban hasaplaýarlar. Şeýdip olar «Rebbe umyt baglaýandygyny» görkezýärler hem-de ahyry ähli wepaly gullukçylarynyň ýüregindäki ýagşy isleglerini kanagatlandyrjakdygyna ynanýarlar (Zebur 37:4, 34). Olar şu günler hem hakykatdanam bagtly! «Dogrularyň umydy şatlykdyr; erbetleriň tamasy bolsa puja çykar» (Süleýmanyň tymsallary 10:28).
18, 19. a) Ýehowa söýgi bilen bizi nämä ynandyrýar? b) Ýehowa «sagymyzda» bolar ýaly biz näme etmeli?
18 Atasynyň elinden tutup barýan oglanjyk özüni howpsuz duýýar. Biz hem gökdäki Atamyz bilen ýöräp özümizi şeýle duýýarys. Ýehowa Ysraýyl halkyna: «Gorkma çünki Men seniň bilen. . . we saňa kömek ederin. . . Çünki Men Ýehowa seniň Hudaýyň; sag eliňden tutýaryn saňa diýýärin: «gorkma Men saňa kömek edýärin» diýdi (Işaýa 41:10, 13).
19 Ýehowanyň ynsanyň elinden tutup barşy nähili täsirli! Dawut pygamber şeýle diýdi: «Men Rebbi mydama gözümiň alnynda görýärin; Onuň sagymdalygy üçin gymyldamaryn» (Zebur 16:8). Ýehowa «sagymyzda» bolar ýaly biz näme etmeli? Munuň üçin azyndan iki talapy ýerine ýetirmeli. Birinjiden onuň Sözünden görkezme alyp şonuň boýunça ýaşamaly ikinjiden Ýehowanyň wada eden ajaýyp sylagy barada oýlanmaly. Mezmurçy Asaf: «Emma mydam Seniň bilendirin Sen meniň sag elimden tutansyň. Sen öwüdiň bilen maňa ýol görkezersiň soňra şöhrata ýetirersiň» diýip aýdym aýtdy (Zebur 73:23, 24). Şeýle ynandyryjy sözler gelejege umyt bilen garamaga kömek edýär.
«Gutulyşyňyz golaýlap gelýändir»
20, 21. Ýehowa umyt baglaýanlara nähili gelejek garaşýar?
20 Gün geçdigiçe Ýehowanyň sagymyzda bolmagy örän wajyp. Tizden ýalan diniň ýok edilmegi bilen Şeýtanyň dünýäsi hiç haçan bolmadyk bela uçrar (Matta 24:21). Hudaýa iman etmeýän adamlary gorky basar. Ýöne şol wagtky bulam-bujarlykda-da Ýehowanyň batyr gullukçylary umydyna guwanarlar! Isa şeýle diýdi: «Bu zatlar bolmaga duranda ýokaryk galyp başyňyzy galdyryň çünki gutulyşyňyz golaýlap gelýändir» (Luka 21:28).
21 Geliň Hudaýyň beren umydyna şatlanyp Şeýtanyň aldawyna we mekir hilelerine düşmäliň. Şeýle-de imany söýgini we Hudaýdan gorkyny artdyrmak üçin güýjümizi gaýgyrmalyň. Şeýtsek her hili ýagdaýlarda-da Ýehowa mertlik bilen tabyn bolarys we Iblise garşy durarys (Ýakup 4:7, 8). Hawa «Eý Rebbe umyt baglaýanlar hemmäňiz batyr boluň Ol siziň ýüregiňizi güýçlendirer» (Zebur 31:24).
a Injilde «umyt» diýen söz köplenç mesh edilen mesihçileriň gökde ýaşamak umydyny aňlatsa-da bu makalada onuň umumy manysyna serederis.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Isa batyr bolmaga umyt nädip kömek etdi?
• Iman bilen umydyň näme baglanyşygy bar?
• Umyt bilen iman durmuşymyzda ähmiýetli zatlary batyrlyk bilen birinji orunda goýmaga nädip kömek edýär?
• Näme üçin «Rebbe umyt baglaýanlar» gelejege ynam bilen garaýarlar?