Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 1/10 sah. 21—25
  • Söýgi batyrgaý edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Söýgi batyrgaý edýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Söýgi Hudaýdandyr»
  • Batyrgaýlygy we söýgini iş ýüzünde görkezmek
  • Söýgiňiziň sowamagyna ýol bermäň
  • Synaglarda batyr bol
  • Söýgi Ýehowa dolanmaga höweslendirýär
  • «Mert bol, işe başla!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Maňa batyrgaýlyk ber
    Ýehowa aýdym aýdalyň
  • «Batyr we mert boluň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Isa ýaly, gulak asyň we mert boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 1/10 sah. 21—25

Söýgi batyrgaý edýär

«Çünki Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de güýç söýgi nebsiňe buýurma ruhuny berendir» (2 TIMOTEOS 1:7).

1, 2. a) Söýgi adamy nämä höweslendirýär? b) Isanyň batyrgaýlygy näme üçin üýtgeşikdi?

ÝAŞ ÇATYNJALAR Awstraliýanyň gündogar kenarynda dynç alýardylar. Olar deňizde akwalangly (suwa çümüp ýüzülýän ýenjam) ýüzüp suwuň ýüzüne çykjak bolanlarynda aýalynyň üstüne ak akula okdurylyp gelýärdi. Şonda adamsy mertlik bilen aýalynyň öňüne geçip ony halas etdi. «Ol meniň üçin janyny pida etdi» diýip aýaly äriniň ýasynda aýtdy.

2 Hawa söýgi adamy batyr bolmaga höweslendirýär. Isa Mesih: «Bir adamyň öz dostlary üçin janyny pida etmeginden uly söýgi hiç kimde ýokdur» diýdi (Ýahýa 15:13). Bu sözleri aýdanyna bir gün hem geçip-geçmänkä ol diňe bir adam üçin däl eýsem bütin adamzat üçin janyny berdi (Matta 20:28). Isa janyny pida edende birnäçe minutlyk batyrgaýlyk görkezmedi. Ol özüniň ýaňsylanjagyny sögüljegini adalatsyz höküm ediljegini we görgi görüp öldüriljegini ilkibaşdan bilýärdi. Ol hatda şägirtlerine näme boljagyny öňünden aýtdy: «Ine Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly baş ruhanylara, kanunçylara tabşyrylar. Ony ölüme höküm edip, milletlere tabşyrarlar. Oňa gülerler, üstüne tüýkürerler, Ony gamçylap, öldürerler» (Markus 10:33, 34).

3. Isa üýtgeşik batyrgaýlyk görkezmäge näme kömek etdi?

3 Üýtgeşik batyrgaýlyk görkezmäge Isa näme kömek etdikä? Oňa iman edýändigi hem-de Hudaýdan gorkýandygy kömek etdi (Ýewreýler 5:7; 12:2). Ýöne oňa has hem Hudaýa we adamlara bolan söýgüsi batyr bolmaga ýardam etdi (1 Ýahýa 3:16). Eger biz imanymyzy we Hudaýa bolan gorky bilen birlikde söýgimizi artdyrsak Isa ýaly batyr bolup bileris (Efesliler 5:2). Emma söýgimizi nädip artdyryp bolar? Munuň üçin biz söýginiň Gözbaşysynyň kimdigini bilmeli.

«Söýgi Hudaýdandyr»

4. Näme üçin Ýehowa söýginiň Gözbaşysy diýse bolar?

4 Ýehowa — söýgi. Diýmek ol söýginiň Gözbaşysy. Pawlus resul şeýle diýdi: «Eý söýgüli doganlar biri-birimizi söýeliň çünki söýgi Hudaýdandyr her kim söýýän bolsa Hudaýdan dogandyr Hudaýy tanaýandyr. Kim söýmeýän bolsa Hudaýy tanan däldir; çünki Hudaý söýgüdir» (1 Ýahýa 4:7 8). Diýmek Hudaýyň söýşi ýaly söýmek üçin ol barada dogry bilim alyp şonuň boýunça ýaşamaly we Ýehowa ýürekden gulak asyp oňa ýakynlaşmaly (Filipililer 1:9; Ýakup 4:8; 1 Ýahýa 5:3).

5, 6. I asyrdaky mesihçilere Isanyň söýgüsi ýaly söýgüsini artdyrmaga näme kömek etdi?

5 Hudaý baradaky bilimiň we söýginiň baglanyşyklygy Isanyň on bir şägirdi bilen bile eden iň soňky dogasyndan görünýär. Ol şeýle diýdi: «Seniň Maňa bolan söýgiň olarda bolsun Men-de olarda bolaýyn diýip adyňy olara bildirdim we bildirerin» (Ýahýa 17:26). Isa Atasyna bolan söýgüsiniň şägirtlerinde-de bolmagyna kömek etdi. Hudaýyň Ogly sözi we göreldesi bilen Atasynyň adyny açyp onuň häsiýetlerini görkezdi. Şonuň üçin Isa: «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýahýa 14:9, 10; 17:8).

6 Isanyňky ýaly söýgi mukaddes ruhuň miwesidir (Galatýalylar 5:22). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni I asyrdaky mesihçilere mukaddes ruh inende olar diňe bir Isanyň öwredenlerini ýadyna salman Mukaddes Ýazgylara hem gowy düşünip başladylar. Bu bolsa olaryň Hudaýa bolan söýgüsini artdyran bolmaly (Ýahýa 14:26; 15:26). Şeýlelikde olar janyna howp abansa-da batyrgaýlyk hem-de yhlas bilen hoş habary wagyz etdiler (Resullaryň işleri 5:28, 29).

Batyrgaýlygy we söýgini iş ýüzünde görkezmek

7. Pawlus bilen Barnabas missionerlik gullugynda nämeleri başdan geçirdiler?

7 Pawlus resul: «Çünki Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de güýç söýgi nebsiňe buýurma ruhuny berendir» diýip ýazdy (2 Timoteos 1:7). Pawlus bu sözleri öz tejribesinden aýtdy. Geliň onuň Barnabas bilen missionerlik gullugynda nämeleri başdan geçirendiklerine seredeliň. Olar Antakiýa Konýa we Listra ýaly köp şäherlerde wagyz etdiler. Şol şäherleriň hersinde käbir adamlar Hudaýa iman etdiler käbirleri bolsa hakykata güýçli garşy çykdylar (Resullaryň işleri 13:2 14, 45, 50; 14:1, 5). Listrada öjükdirilen halk Pawlusy hatda daşladylar! Olar Pawlus ölendir öýdüp taşlap gitdiler. «Emma şägirtler daşyna üýşenlerinde Pawlus ör turup şähere gaýtdy. Şol günüň ertesi hem Barnabas bilen Derbä tarap ýola düşdi» (Resullaryň işleri 14:6, 19, 20).

8. Pawlus bilen Barnabasyň batyrgaýlygy adamlara bolan çuň söýgüsini nädip görkezdi?

8 Pawlusy öldürjek bolanlaryndan soň Pawlus bilen Barnabas gorkdumyka? Ýok gorkmadylar! Olar Derbi şäherinde «köpleri şägirt edenlerinden soň Listra Konýa we Antakiýa gaýdyp geldiler». Näme üçin? Täze şägirtleri imanda berk durmaga ruhlandyrmak üçin geldiler. Pawlus bilen Barnabas olara: «Biz Hudaýyň patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris» diýdiler. Olar Isa Mesihiň «goýunlaryny» söýýändigi üçin batyrdy (Resullaryň işleri 14:21—23; Ýahýa 21:15—17). Pawlus bilen Barnabas täze ýygnaklara ýaşululary bellänlerinden soň doga edip «olary iman eden Reblerine [Ýehowa] tabşyrdylar» (Resullaryň işleri 14:21—23; Ýahýa 21:15—17).

9. Efesosdaky ýaşulular Pawlusyň söýgüsine nähili seslendiler?

9 Pawlusyň aladaçyl we batyr bolany üçin mesihçileriň köpüsi ony söýýärdiler. Ol Efesosda üç ýyl gulluk edip güýçli yzarlamalara sezewar bolýar. Geliň Pawlusyň şol şäherdäki ýaşulular bilen duşuşan mahaly näme bolandygyna seredeliň (Resullaryň işleri 20:17—31). Ol doganlara Hudaýyň sürüsini bakmagy tabşyrandan soň olar bilen dyza çöküp doga etdi. Şonda «olaryň hemmesi kän agladylar Pawlusyň boýnundan gujaklap ony ogşadylar. Siz meniň ýüzümi gaýdyp görmersiňiz diýen sözi olary has tukatlandyrdy». Bu doganlar Pawlusy şeýle gowy görýärdiler! Hoşlaşmaly bolanlarynda ýerli ýaşulular Pawlusy we onuň ýoldaşlaryny goýberesi gelmediler (Resullaryň işleri 20:36—21:1).

10. Şu günler Ýehowanyň Güwäçileri nädip batyrgaýlyk we biri-birine söýgi görkezýärler?

10 Şu günler aýlanýan gözegçileri ýygnagyň ýaşulularyny we doganlaryň köpüsini Ýehowanyň goýunlaryny batyrgaýlyk bilen bakýany sebäpli gowy görýärler. Meselem aýlanýan gözegçiler aýallary bilen graždanlyk urşy gidip duran ýa-da hoş habary wagyz etmek gadagan edilen ýurtlarda jany we azatlygy howp astynda bolsa-da ýygnaklara aýlanýarlar. Ýehowanyň Güwäçileriniň köpüsi doganlaryny satmaýandygy ýa-da ruhy edebiýaty nireden alýandygyny aýtmaýandygy üçin yzarlaýan häkimleriň elinden horluk çekýärler. Müňlerçe doganlary hoş habary wagyz etmegi bes etmändigi we ýygnak duşuşyklaryny goýmandygy üçin yzarladylar gynadylar hatda öldürdiler (Resullaryň işleri 5:28 29; Ýewreýler 10:24 25). Geliň şonuň ýaly batyrgaý dogan-uýalaryň imanyndan görelde alalyň! (1 Selanikliler 1:6).

Söýgiňiziň sowamagyna ýol bermäň

11. Şeýtan Ýehowanyň gullukçylaryna garşy ruhy söweşde nähili usullary ulanýar we gullukçylardan näme talap edilýär?

11 Şeýtan ýer ýüzüne zyňylandan bäri ol Ýehowanyň gullukçylaryna gaharyny pürkýär çünki olar: «Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip Isa güwälik edýärler» (Ylham 12:9, 17). Şeýtanyň ulanýan usullarynyň biri — yzarlama. Emma yzarlamalar köplenç gowy netije getirýär sebäbi Hudaýyň gullukçylarynyň biri-birine bolan söýgüsi artýar we olaryň köpüsi has yhlasly wagyz etmäge höweslenýär. Şeýtanyň ýene-de bir usuly günäli höweslere itermek. Muňa garşy durmak üçin başgaça batyrgaýlyk talap edilýär çünki biz aldawçy we çüýrük ýüregimiziň erbet höweslerine garşy söweşýäris (Ýeremiýa 17:9; Ýakup 1:14, 15).

12. Şeýtan Hudaýa bolan söýgimizi sowatmak üçin «dünýäniň ruhuny» nädip ulanýar?

12 Şeýtanyň ulanýan ýaraglarynyň ýene biri — Hudaýyň mukaddes ruhuny garşy gelýän «dünýäniň ruhy» (1 Korintoslylar 2:12). Dünýäniň ruhy «göz höwesine» ýagny açgözlüge we baýlyga gyzmaga höweslendirýär (1 Ýahýa 2:16; 1 Timoteos 6:9, 10). Aslynda baýlygyň we puluň zyýany ýok ýöne biz olary Hudaýdan köp söýsek onda Şeýtanyň ýeňendigini aňladýar. Bu dünýäniň güýji ýa-da «hökümdary» ten höweslerine iterýär ol howa ýaly hemme ýere ýaýrap hemişe göze görünmän täsir edýär. Şonuň üçin dünýäniň ruhunyň ýüregiňize täsir etmegine ýol bermäň! (Efesliler 2:1—3; Süleýmanyň tymsallary 4:22, 23).

13. Biziň batyrgaýlygymyz nädip synalmagy mümkin?

13 Dünýäniň erbet ruhuna garşy durmak üçin batyr bolmaly. Meselem ahlaksyz zatlar görkezilende teatrdan çykyp gaýdar ýaly kompýuteri ýa-da telewizory öçürer ýaly batyr bolmaly. Töweregimizdäki erbet täsir edýän adamlardan gaça durmaga ýa-da ýaman ýaranlar bilen gatnaşygy kesmäge hem batyrgaýlyk gerek. Şeýle-de klasdaşlarymyz işgärlerimiz goňşular we garyndaşlar üstümizden gülenlerinde Hudaýyň kanuny we prinsipleri boýunça ýaşamak üçin batyr bolmaly (1 Korintoslylar 15:33; 1 Ýahýa 5:19).

14. Dünýäniň ruhy bize täsir eden bolsa näme etmeli?

14 Diýmek Hudaýa hem-de ruhy dogan-uýalarymyza bolan söýgimizi artdyrmak örän wajyp! Dünýäniň ruhy haýsy-da bolsa bir ýol bilen täsir etmez ýaly maksatlarymyzy ýaşaýşymyzy wagtal-wagtal barlap durmaly. Eger dünýäniň ruhy biraz täsir eden bolsa onda şol ruhy ýüregimizden sogrup aýyrmak üçin dogada Ýehowadan batyrgaýlyk dilemeli we mundan beýläk onuň täsir etmegine ýol bermeli däl. Ýehowa şeýle ýürekden edilýän dogalary hiç haçan jogapsyz goýmaz (Zebur 51:17). Galyberse-de onuň ruhy bu dünýäniň ruhundan örän güýçli (1 Ýahýa 4:4).

Synaglarda batyr bol

15, 16. Isanyňky ýaly söýgi bize synaglarda nädip kömek edip biler? Mysal getiriň.

15 Ýehowanyň gullukçylary bikämillik ýa-da gartaşanlyk sebäpli bolýan keselçilik gowşaklyk göwnüçökgünlik ýaly başga-da synaglara duş gelýärler (Rimliler 8:22). Bulara döz gelmäge Isanyňky ýaly söýgi kömek edýär. Geliň Zambiýanyň mesihçi maşgalada önüp-ösen Namangolwa atly uýanyň mysalyna seredeliň. Ol iki ýaşynda maýyp boldy. Namangolwa şeýle gürrüň berýär: «Men örän çekinjeňdim sebäbi daş-keşbim adamlary gorkuzýandyr öýdýärdim. Emma dogan-uýalar maňa özüme başga göz bilen garamaga kömek etdiler. Ahyry men çekinjeňligimiň hötdesinden gelip suwda çokundyryldym».

16 Namalgolwada inwalid arabasy bolsa-da ol çägeli ýerlerden emedekläp geçmeli bolýar. Emma şonda-da ol hiç bolmanda ýylda iki aý kömekçi pioner bolup gulluk edýär. Bir sapar Namalgolwa bir aýala wagyz edende ol aglady. Näme üçin? Sebäbi biziň uýamyzyň imany we batyrgaýlygy onuň ýüregine täsir etdi. Namalgolwa bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenen adamlaryň bäşisi suwda çokundyryldy olaryň biri häzir ýaşuly bolup gulluk edýär. Bular uýamyza Ýehowanyň bol ak pata berýändigini görkezýär. Namalgolwa: «Käwagt meniň aýaklarym gaty agyrýar ýöne bu meni wagyz etmekden saklamaýar» diýýär. Namalgolwa ten taýdan ejiz bolsa-da ençeme Güwäçiler ýaly Hudaýy we ýakynyny söýýändigi üçin ruhy taýdan güýçli. Ýehowa bu adamlary nähili gymmat saýýar! (Haggaý 2:7).

17, 18. Köp adamlara kesele we başga synaglara çydamaga näme kömek edýär? Ýerli mysallardan aýdyp beriň.

17 Şeýle-de ötüşen keseller tapdan düşürip hatda göwnüçökgünlige eltip biler. Bir ýaşuly şeýle gürrüň berýär: «Biziň kitap öwrenilýän duşuşygymyzda bir uýa süýji kesel we böwrek ýetmezçiligi ýene biri rak keseli ikisi artritiň agyr görnüşi ýene biri bolsa fibromialgiýa we deri inçekeseli bilen keselleýär. Elbetde käwagt bu uýalar ruhdan düşýärler. Muňa garamazdan olar diňe ýagdaýy has agyrlaşanda ýa-da keselhana düşende ýygnak duşuşyklaryna gelmeýärler. Olaryň hemmesi wagyz gullugyna yzygiderli gatnaşýar. Olar maňa «men ejizkäm güýçlüdirin» diýen Pawlusy ýatladýar. Men olaryň söýgüsine we batyrgaýlygyna guwanýaryn. Ähmiýetli işleri ýerine ýetirmäge olara şol ejizlikleri kömek edýän bolmaly» (2 Korintoslylar 12:10).

18 Eger sen ejizlik kesel we başga kynçylyklar bilen göreşmeli bolýan bolsaň göwnüçökgünlige düşmez ýaly kömek diläp «dyngysyz doga et» (1 Selanikliler 5:14 17). Elbetde seniň göwnüň birden göterilip birden düşmegi mümkin ýöne ünsüňi gowy ruhy zatlara ylaýtada Patyşalyga bolan umyda gönükdir. Bir uýa: «Meniň üçin wagyz derdime derman kimin» diýýär. Ol adamlara hoş habary wagyz edýändigi üçin gowy garaýşyny saklaýar.

Söýgi Ýehowa dolanmaga höweslendirýär

19, 20. a) Günä edenlere Ýehowa dolanmak üçin batyr bolmaga näme kömek eder? b) Indiki makalada nämä serederis?

19 Ruhy taýdan gowşanlaryň ýa-da günä edenleriň köpüsine Ýehowa dolanmak aňsat däl. Ýöne olar ýürekden toba edip Ýehowa bolan söýgüsini oýandyrsalar batyr bolarlar. ABŞ-da ýaşaýan Marionyňa mysalyna seredeliň. Mario mesihçiler ýygnagyny taşlap arakkeş narkoman bolup 20 ýyldan soň türmä düşýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Men gelejegim barada çuň oýlanyp başlanym üçin Mukaddes Ýazgylary ýaňadan öwrenip başladym. Soňy bilen men Ýehowanyň häsiýetlerini aýratynam onuň merhemeti barada köp doga edip olary gymmat saýyp başladym. Türmeden boşanymdan soň köne dostlarym bilen gatnaşygy kesdim we ýygnak duşuşyklaryna gatnap başladym. Ahyrsoňy men ýygnaga täzeden dikeldildim. Erbet höweslerim zerarly men saglygyma zyýan ýetirdim häzir bolsa ekenimi orýaryn ýöne indi mende gowy umyt bar. Ýehowanyň duýgudaşlygy we geçirimliligi üçin men ondan müň esse razy» (Zebur 103:9—13; 130:3, 4; Galatýalylar 6:7, 8).

20 Elbetde Marionyň ýagdaýyna düşen adamlar Ýehowa dolanmak üçin köp tagalla etmeli. Emma olar Mukaddes Ýazgylary öwrenip ol barada oýlansalar doga etseler olar ýene-de söýgüsini oýandyryp batyrgaý hem-de hyjuwly bolup bilerler. Şeýle-de Mario Hudaýyň Patyşalygyna umyt baglaýar. Hawa ýagşylyk etmäge diňe bir söýgi iman we Hudaýdan gorky däl eýsem umyt hem höweslendirip biler. Indiki makalada bu ruhy taýdan gymmat sowgada jikme-jik serederis.

a Ady üýtgedilen.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Isa Mesihiň söýgüsi üýtgeşik batyrgaýlyk görkezmäge nädip kömek etdi?

• Pawlus bilen Barnabasyň doganlara bolan söýgüsi batyr bolmaga nädip kömek etdi?

• Şeýtan mesihçileriň söýgüsini nädip sowatjak bolýar?

• Ýehowany söýüp batyr bolsak nähili synagalara döz gelip bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş