-
Ýehowanyň gününde nämeler bolar?Garawul diňi — 2010 | 15 iýul
-
-
2 «Rebbiň (Ýehowanyň, TD) güni bir ogry kimin geler. Şonda gökler uly güpürdi bilen geçer, elementler ýanyp dargar, ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar» diýip, Petrus resul ýazýar (2 Pet. 3:10). «Gökler» we «ýer» nämäni aňladýar? Ýanyp dargajak «elementler» näme? «Ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar» diýen sözler nämäni görkezýär? Şu soraglaryň jogabyny bilsek, bize ýakyn gelejekde boljak eýmenç wakalara taýýarlanmaga kömek eder.
Gökler we ýer geçer
3. 2 Petrus 3:10-da agzalýan «gökler» nämäni aňladýar we olar nähili geçer?
3 Mukaddes Ýazgylarda «gökler» sözi köplenç göçme manyda ulanylyp, raýatlarynyň üstünden agalyk edýän hökümdarlary aňladýar (Iş. 14:13, 14; Ylh. 21:1, 2). Geçip gitjek «gökler» Hudaýdan daşlaşan adamzat jemgyýetiniň üstünden höküm sürýän ynsan hökümdarlygyny aňladýar. Olaryň «uly güpürdi» bilen geçmegi bolsa, şol gökleriň göz açyp ýumasy salymda ýok ediljegini görkezýär.
4. «Ýer» nämäni aňladýar we nähili ýok ediler?
4 «Ýer» Hudaýdan daşlaşan adamzat jemgyýetini aňladýar. Şeýle adamlar Nuhuň günlerinde-de bardy. Hudaý olary Tupanda ýok etdi. Şonuň ýaly «häzirki gökler, ýer Onuň sözi bilen ot üçin goralyp, höküm gününe, hudaýsyz adamlaryň heläk boljak gününe çenli saklanýar» (2 Pet. 3:7). Tupanda hudaýsyz adamlaryň ählisi bir wagtda ýok edildi. Ýöne şu günki zalym dünýä «uly maşakgatda» tapgyrlaýyn ýok ediler (Ylh. 7:14). Muşakgatyň ilkinji tapgyrynda Hudaý bu dünýäniň syýasy ýolbaşçylaryna «Beýik Babyly» ýok etdirer. Sebäbi olar dini zynahory ýigrenerler (Ylh. 17:5, 16; 18:8). Soňra Ýehowa Armageddon urşunda, ýagny uly muşakgatyň jemleýji tapgyrynda Şeýtanyň galan dünýäsini ýok eder (Ylh. 16:14, 16; 19:19—21).
«Elementler ýanyp dargar»
5. Göçme manydaky elementlere näme degişli?
5 Ýanyp dargajak «elementler» nämäni aňladýar? Pawlusyň «elementler» diýen sözi bu dünýäniň esasy zatlaryny aňladýar: Hudaýa ýaramaýan gylyk-häsiýetleri, garaýyşlary, ýaşaýşy we makskatlary. «Söz diňlemeýän adamlarda häzir işleýän» «bu dünýäniň ruhy» hem «elementlere» degişlidir (1 Kor. 2:12; Efesliler 2:1—3-nji aýatlary okaň). Bu ruh, ýagny «howa» Şeýtanyň dünýäsine siňen. Şol sebäpli, adamlar howadaky erbet güýçleriň hökümdary bolan tekepbir, gödek Şeýtana eýerip, gepleýärler, planlaşdyrýarlar we şoňa meňzejek bolýarlar.
6. Dünýäniň ruhuny nämeden görse bolýar?
6 Bu dünýäniň ruhy bilen zäherlenen adamlaryň aňyna we ýüregine Şeýtan şeýle bir güýçli täsir edýär welin, hatda olar islese-islemeseler-de, düşünjesi hem-de garaýşy bilen Iblise meňzeýärler. Netijede, olar Hudaýyň kada-kanunlaryny äsgermezlik edip, keýpine gelenini edýärler. Olar tekepbir, diňe özüni bilýärler, «ten höweslerine, göz höwesine» maýyl bolýarlar we häkimiýete boýun bolmaýarlar (1 Ýahýa 2:15—17-nji aýatlary okaň)a.
7. Biz näme üçin «ýüregimizi goramaly?»
7 Şoňa görä-de, biz dostlary, göwün açmalary, okajak kitapdyr žurnallarymyzy we Internet sahypalaryny paýhasly saýlap, «ýüregimizi goramaly» (Sül. tym. 4:23). Pawlus resul şeýle ýazdy: «Ätiýajy elden bermäň! Mesih bilen däl-de, adam däpleri we dünýä ýörelgeleri boýunça dörän filosofiýa, boş aldaw bilen biri sizi ýesir edäýmesin!» (Kol. 2:8). Ýehowanyň güni ýakynlaşdygyça, bu tabşyryga eýermek has-da wajyp, çünki ol günüň howruna Şeýtanyň dünýäsiniň «elementleri» ýanyp dargar; şonda oda çydamly häsiýetleriň ýokdugy aýan bolar. Bu bize Malaki 4:1-de ýazylan sözleri ýatladýar: «Ol gün otly tamdyr kimin golaýlaşýar, şonda ähli tekepbirler we erbetler saman kimin bolar. Golaýlaşyp gelýän gün olary ýakyp ýok eder».
«Ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar»
8. Ýer we ondaky zatlar nädip «ýanyp ýok bolar»?
8 Petrusyň «ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar» diýen sözleri näme aňladýar? «Ýanyp ýok bolar» diýip terjime edilen grek jümlesiniň «üsti açylar» ýa-da «paş bolar» diýen manysy hem bar. Diýmek, Petrusyň sözleri uly muşakgatda Şeýtanyň dünýäsiniň işlerini Ýehowanyň paş etjekdigini, ýagny Hudaýa we onuň Patyşalygyna garşy gidýän adamlaryň ýok edilmäge mynasypdygyny görkezýär. Şol döwür barada Işaýa 26:21-de şeýle pygamberlik ýazylan: «Ýehowa ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryndan eden jenaýatlary üçin hasap soramaga barýar. Indi dökülen gan topraga siňmez we toprak ölülerini gizlemez».
9. a) Biz nämeden gaça durmaly we näme üçin? b) Biz nämäni ösdürmeli we näme üçin?
9 Ýehowanyň gününde dünýäniň we onuň zalym ruhunyň täsirine düşen adamlaryň bar aýby açylar, hatda olar bir-birini öldürerler. Häzir meşhurlyk gazanan zorlukly göwün açmalar adamlaryň aňyny «birek-birege garşy el göteriljek döwre» taýýarlaýar (Zak. 14:13). Şol sebäpli ulumsylygy, zorlugy söýmegi, Hudaýyň ýigrenýän başga-da erbet gylyk-häsiýetleri öwredýän filmlerden, kitaplardan, wideooýunlardan we şoňa meňzeş islendik zatlardan gaça durmak örän wajyp (2 Sam. 22:28; Zeb. 11:5). Geliň, Hudaýyň gazaply gününde halas bolmaga kömek etjek mukaddes ruhuň miwesini, ýagny häsiýetleri ösdüreliň! (Gal. 5:22, 23).
-
-
Ýehowanyň gününde nämeler bolar?Garawul diňi — 2010 | 15 iýul
-
-
Ýehowanyň beýik gününe taýýarlanyň
12. Näme üçin Ýehowanyň güni bu dünýäni diňe bir haýran galdyrmaz?
12 Pawlus bilen Petrus Ýehowanyň gününiň garaşylmadyk wagtda «bir ogry kimin» bildirmän geljekdigini aýtdylar (1 Selanikliler 5:1, 2-nji aýatlary okaň). Hatda şol güne garaşýan mesihçilerem onuň duýdansyz gelenine haýran galarlar (Mat. 24:44). Emma bu dünýä diňe bir haýran galmaz. Pawlus şeýle ýazdy: «(Ýehowadan daşlaşan adamlar) her zat parahatlyk, aman» diýen badyna, göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy ýaly, birdenkä olaryň üstüne heläkçilik iner, gaçyp bilmezler» (1 Sel. 5:3).
-