Ýehowanyň Sözi diri
Ýahýa we Ýahuda kitabyndan peýdaly pikirler
ÝAHÝA resulyň ähtimal, b. e. 98-nji ýylynda Efesosda ýazan üç haty ylhamly Ýazgylaryň iň soňky kitaplaryny düzýär. Ol ilkinji iki hatynda mesihçileri mundan beýläk hem, nurda gezmäge we ýygnaga aralaşan imandan dänenlere garşy durmaga çagyrýar. Üçünji hatynda bolsa Ýahýa mesihçileri diňe bir hakykatda gezmäge däl, eýsem, agzybir bolmaga-da çagyrýar.
Isanyň atabaşga dogany Ýahuda Palestinada ýazan hatynda imandaşlaryny ýygnaga aralaşan ýaramaz adamlardan äge bolmagy we erbet täsirden gaça durmagy maslahat berýär, ol bu hatyny b. e. 65-nji ýylynda ýazan bolmaly. Biz garşylyklara garamazdan, Ýahýanyň üç hatyndaky we Ýahudanyň kitabyndaky sözlere üns bersek, imanda berk durarys (Ýew. 4:12).
IMAN EDIP, NURDA WE SÖÝGÜDE GEZMEGI DOWAM EDIŇ
Ýahýanyň Mesih bilen birlikde bolanlaryň ählisine ýüzlenen birinji hatynda mesihçilere imandan dänenlere garşy durmaga hem-de hakykatyň we dogrulygyň tarapynda durmaga kömek edýän sagdyn maslahatlar ýerleşýär. Ýahýa iman edip, nurda we söýgüde gezmegiň wajypdygyny nygtaýar.
Ýahýa şeýle ýazýar: «Biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen şärikçiligimiz bardyr». Hudaý söýginiň gözbaşy bolany üçin, resul: «Biri-birimizi söýeliň» diýýär. «Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmäge» höweslendirýändigi üçin, Ýehowa Hudaýa, onuň Sözüne we Ogluna bolan «imanymyz» bilen dünýäni ýeňýäris (1 Ýahýa 1:7; 4:7; 5:3, 4).
Sowallaryň jogaby:
2:2; 4:10 — Haýsy manyda Isa «bagyşlanma gazandyrýan gurbandyr»? «Bagyşlanma gazandyrýan» diýmek, rehim etmäge, rehimdarlyga höweslendirmegi aňladýar. Isa öz janyny bagyşlanma gazandyran gurban hökmünde berip, kämil adalatlylygyň terezisini deňeşdirdi. Bu gurban arkaly Hudaý Isa iman edýänlere rehimdarlyk edip, olaryň günälerini bagyşlaýar (Ýahýa 3:16; Rim. 6:23).
2:7, 8 — Ýahýa haýsy tabşyryga hem «täze», hem «gadymky» diýýär? Bu ýerde Ýahýa özüňi inkär edip, doganyňy söýmeli diýen tabşyrygy göz öňünde tutýar (Ýahýa 13:34). Ýahýa oňa «gadymky» diýýär, çünki Ýahýa Isanyň bu tabşyrygy berenine 60 ýyldan gowrak wagt geçensoň, ylhamly hatlarynyň birinjisini ýazýar. Şol sebäpli bu tabşyryk imandaşlaryň durmuşynda «ozal-başdan» bardy diýse bolýar. Emma şol bir wagtda bu tabşyryk «täze», sebäbi diňe bir «goňşyňy özüň ýaly söýmegi däl», eýsem, janaýamazak söýgini bildirmegi talap edýär (Lew. 19:18; Ýahýa 15:12, 13).
3:2 — Mesh edilen mesihçilere näme «aýan bolmady» we olar kimi «bolşy ýaly görerler»? Gökde direlende, mesh edilenlere ruhy bedenleriniň nähili boljakdygy aýan bolmady (Flp. 3:20, 21). Emma olar «(Hudaý) aýan bolanda, Onuň ýaly boljakdygyny bilýärler; çünki Ony bolşy ýaly görerler», ol bolsa «Ruhdyr» (2 Kor. 3:17, 18).
5:5—8 — «Isanyň Hudaýyň Ogludygyna» suw, gan we ruh nädip güwä geçdi? Isa suwda çokundyrylyp, Ýehowa ondan razydygyny aýdanda, suw oňa güwälik etdi (Mat. 3:17). Şeýle-de Isanyň «hemmeler üçin töleg hökmünde» beren gany ýa-da ýaşaýşy, onuň Hudaýyň Ogludygyny tassyklaýar (1 Tim. 2:5, 6). Mukaddes ruh bolsa Isa suwda çokundyrylanda, onuň üstüne gögerçin ýaly inip, ony «aýlanmaga, ýagşylyk edip, iblisiň golastynda ezilenleriň baryna şypa bermäge» güýç berip, Isanyň Hudaýyň Ogludygyna güwä geçdi (Ýahýa 1:29—34; Res. iş. 10:38).
Biziň üçin sapak:
2:9—11; 3:15. Eger mesihçi kimdir birine ýa-da bir zada doganlyk söýgüsini öldürmäge ýol berse, onda ol garaňkylykda gezip, nirä barýanyny bilmeýär.
HAKYKATDA GEZMEGIŇIZI DOWAM EDIŇ
Ýahýa özüniň ikinji hatyny şeýle sözler bilen başlaýar: «Hudaýyň saýlany, meniň hakykatda söýýän hanymyma, onuň çagalaryna ýaşuludan salam!» Ol onuň «oglanlarynyň... hakykatda gezýänine» begenýändigini aýdýar (2 Ýahýa 1, 4).
Ýahýa mesihçileri söýmäge höweslendirip: «Söýgi Hudaýyň buýrugyna görä gezmegimizden ybaratdyr» diýip ýazýar. Şeýle-de Ýahýa «aldawçy, Mesihe garşy göreşijiden» ägä bolmagy duýdurýar (2 Ýahýa 5—7).
Sowallaryň jogaby:
1, 13 — «Hudaýyň saýlan... hanymy» kim? Ähtimal, Ýahýa Kiria atly bir aýaly göz öňünde tutan bolmaly, onuň ady gadymy grek dilinde «hanym» diýmegi aňladýar. Ýa-da ol yzarlaýan adamlar düşünmez ýaly, göçme manyly sözi ulanyp, belli bir ýygnaga ýüzlenýän bolmaly. Eger bu dogry bolsa, onda onuň oglanlary şol ýygnagyň agzalaryny, «uýalary» bolsa başga ýygnagyň agzalaryny aňladýar.
7 — Haýsy manyda aldawçylar Mesihiň gelenini «ykrar etmeýärler»? Aldawçylar onuň bedende gelenini ykrar etmeýärler. Olar Isanyň ýer ýüzüne gelip ýaşandygyny ýa-da mukaddes ruh bilen çokundyrylandygyny inkär edýän bolmaly.
Biziň üçin sapak:
2, 4. Gutulyş üçin Mukaddes Ýazgylara giren mesihi taglymatlaryň jemi bolan «hakykaty» bilmek we hakykat ýolunda gezmek örän wajyp (3 Ýahýa 3, 4).
8—11. Eger biz «Ata Hudaýdan, Atanyň Ogly Reb Isa Mesihden... merhemeti, rehimi we parahatlygy» we söýgüli mesihi doganlygy ýitirmek islemesek, ruhy taýdan «özümizden habardar bolmaly» hem-de «Mesihiň taglymatyndan arany açanlary» inkär etmeli (2 Ýahýa 3).
«HAKYKAT UGRUNDA IŞDEŞ BOLUŇ»
Ýahýa üçünji hatynda dosty Gaýusa ýüzlenýär. Ol şeýle ýazýar: «Meniň oglanlarymyň hakykatda gezýändiklerini eşitmekden uly şatlygym ýok» (3 Ýahýa 4).
Ýahýa ýygnaga gatnaşýan doganlar üçin Gaýusy «edýän ähli zatlaryňda sadyksyň» diýip öwýär. Resul şeýle diýýär: «Biz hakykat ugrunda işdeş bolar ýaly, şeýle adamlary kabul etmäge borçludyrys» (3 Ýahýa 5—8).
Sowallaryň jogaby:
11 — Näme üçin käbirler erbet işlere şärik bolýarlar? Ruhy taýdan käbir gowşak adamlar Hudaýy düşünjeli göz bilen görmeýärler. Olar ony öz gözleri bilen görmeýändikleri sebäpli özlerini edil Hudaý görmeýän ýaly alyp barýarlar (Ezek. 9:9).
14 — «Dostlar» diýip kim barada aýdylýar? Bu ýerde «dost» sözi diňe ýakyn gatnaşygy bolanlary aňlatmaýar. Ýahýa ähli imandaşlaryna dost diýýär.
Biziň üçin sapak:
4. Ýygnagyň ýetişen agzalary ýaşlaryň «hakykatda gezýändiklerini» görüp örän şatlanýarlar. Çagalaryna Ýehowanyň gullukçysy bolmaga kömek eden ata-eneler, gör nähili uly şatlyk duýýandyr!
5—8. Ýehowany we doganlary söýüp, olaryň aladasyny edip, janaýaman zähmet çekýänlere aýlanýan gözegçiler, missionerler, Beýtelde we ofislerde gulluk edýänler hem-de pionerler degişli. Olaryň imany görelde almaga mynasyp we biz olary goldamaly.
9—12. Biz «erbet sözler aýdan» we töhmet ýaýradan Diotrefisden däl-de, wepaly Dimitriosdan görelde almaly.
«ÖZÜŇIZI HUDAÝYŇ SÖÝGÜSINDE SAKLAŇ»
Ýahuda ýygnaga aralaşan erbet adamlara «hüňürdeýän, öz bijelerinden närazy, erbet höweslerinde gezýänler» diýýär. «Olaryň agzy gopbamsy sözler aýdýandyr... ikiýüzlülik edýändir» (Ýahuda 4, 16).
Mesihçiler erbet täsire nädip garşy durup biler? Ýahuda şeýle ýazýar: «Eý söýgüli doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň resullarynyň öňünden aýdan sözlerini ýada salyň». Ol sözüni dowam edip: «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» diýýär (Ýahuda 17—21).
Sowallaryň jogaby:
3, 4 — Näme üçin Ýahuda mesihçileri «iman ugrunda göreşmäge» höweslendirýär? Sebäbi ýygnaga hudaýsyz adamlar ogrynça sokulýarlar. Şeýle adamlar «Hudaýymyzyň merhemetini ahlaksyzlyga öwürdiler».
20, 21 — Biz nädip özümizi «Hudaýyň söýgüsinde saklap» bileris? Munuň üçin: 1) Hudaýyň Sözüni janypkeşlik bilen öwrenip, yhlasly gulluk edip «iň mukaddes imanymyzy gurmaly, 2) «mukaddes ruhda», ýagny onuň täsirine görä doga etmeli we 3) ebedi ýaşaýşa mümkinçilik berýän Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman etmeli (Ýahýa 3:16, 36).
Biziň üçin sapak:
5—7. Erbet adamlar Ýehowanyň höküminden gaçyp bilermi? Ýahudanyň üç duýduryşyny göz öňünde tutsak, bu mümkin däl.
8—10. Biz Baş perişde Mikaýylyň göreldesine eýermeli we Hudaýyň berkarar eden häkimiýetine hormat goýmaly.
12. Suw astyndaky gaýalaryň gämilere ýa-da ýüzüjilere howply bolşy ýaly, imandan dänenler we olaryň galp söýgüsi hem biziň imanymyz üçin howply. Ýalan mugallymlaryň jomart bolup görünmegi mümkin, ýöne olar ruhy taýdan mahrum bolandygy üçin suwsuz bulutlar kimindir. Olar güýz aýlaryň ahyrynda ölýän agaçlar ýaly miwesizdir. Köki bilen sogrulan agaçlar ýaly, olar ýok bolar. Imandan dänenlerden gaça durmak paýhaslydyr.
22, 23. Mesihçiler erbetligi ýigrenýärler. «Şübhe içindäkileri» otdan, ýagny ebedi ölümden halas etmek üçin, ruhy taýdan ýetişen mesihçiler, ylaýta-da, bellenen gözegçiler olara ruhy taýdan kömek etmeli.