Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wt bap 9 sah. 79—89
  • Direlişe umyt güýç berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Direlişe umyt güýç berýär
  • Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Iman direlişe esaslanýar
  • «Ölüler diýarynyň açary» ulanylýar
  • Direlişe umyt olara güýç berdi
  • «Men Hudaýa umyt baglaýaryn»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Direlişiň boljakdygyna ýürekden ynanýarys!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
wt bap 9 sah. 79—89

Dokuzynjy bap

Direlişe umyt güýç berýär

1. Direlişe umyt bolmadyk bolsa, ölen adamlara näme bolardy?

ÝAKYNLARYNDAN biri aýrylanda, adam gaýgy-gussa batýar. Direliş bolmadyk bolsa, olary gaýtadan görmäge umyt-da bolmazdy. Mukaddes Ýazgylarda olaryň ýagdaýy barada şeýle diýilýär: «Ölüler bolsa hiç zat bilenok... Seniň barjak gabryňda [ewreýçe: şeol] ne iş bar, ne oý-pikir, ne bilim, ne-de akyldarlyk bar» (Wagyzçy 9:5, 10).

2. Direliş nämä umyt berýär?

2 Ýehowa merhemetli Hudaý bolany üçin ölen adamlaryň köpüsi direlip, ebedi ýaşap biler. Diýmek, sen ölüm ukusynda ýatan ýakynlaryňy Hudaýyň täze dünýäsinde ýene-de görmäge umyt edip, teselli tapyp bilersiň (Markus 5:35, 41, 42; Resullaryň işleri 9:36—41).

3. a) Ýehowanyň niýetinde direliş wajyp orun eýeleýär diýip, näme üçin aýdyp bolar? b) Direlişe umyt esasan haýsy ýagdaýda güýç berýär?

3 Direlişe umyt edip, biz ölümden gorkamyzok. Şeýtan: «Jany üçin adam hemme zadyny berer» diýip, töhmet atdy. Hudaý Şeýtana şol sözlerini subut etmäge ýol berse-de, wepaly gullukçylaryna ýeten zyýany düzedip bilýär (Eýýup 2:4). Isa soňuna çenli wepaly galdy, şonuň üçin Hudaý ony gökdäki ýaşaýyş üçin direltdi. Şeýlelikde, Isa gurban beren kämil janynyň bahasyny Atasynyň gökdäki tagtynyň öňüne eltip, biz üçin ýaşaýşa ýol açdy. «Kiçijik süriniň» agzalary, ýagny Mesihiň mirasdarlary direlip, onuň bilen gökdäki Patyşalykda bile höküm sürmäge umyt edýärler (Luka 12:32). Başga adamlar hem direlip, ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýärler (Zebur 37:11, 29). Direlişe umyt mesihçilere jana howp salýan synaglarda, «iň üstün» güýç berýär (2 Korintoslylar 4:7).

Iman direlişe esaslanýar

4. a) Direliş näme üçin «başlangyç tälime» degişli diýse bolar? b) Adamlar direlişe nähili düşünýärler?

4 Ýewreýler 6:1, 2-nji aýatlara görä, direliş «başlangyç tälime» degişli. Direliş imanyň esasy bolup, şonsuz ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolmak mümkin däl (1 Korintoslylar 15:16—19). Emma Mukaddes Ýazgylaryň direliş baradaky taglymaty bütin dünýädäki adamlaryň ynanýan zatlaryndan düýpgöter tapawutlanýar. Din bilen gyzyklanýan adamlaryň sany gitdigiçe azalýar. Adamlar häzirki ýaşaýyşdan başga ýaşaýyş ýokdur öýdýärler. Olar diňe keýpi-sapa kowalaşýarlar. Hristian dünýäsi hem-de beýleki dinleriň tarapdarlary bolsa adam ölende, ondan baky ruhy ýa-da jany çykyp, bir ýerlerde ýaşaýandyr öýdýärler. Emma şeýle düşünjeler Mukaddes Ýazgylaryň direliş baradaky taglymatyna gabat gelmeýär, sebäbi adamyň baky ruhy ýa-da jany bar bolsa, onda direlişiň zerurlygy ýok. Ýöne bu iki düşünjäni birleşdirjek bolsaň, umyt bermegiň deregine adamyň başyny çaşyrar. Hakykaty bilesi gelýän ak ýürekli adamlara biz nädip kömek edip bileris?

5. a) Direlişiň manysyna düşünmek üçin nämäni bilmeli? b) Seniň pikiriňçe, ölüleriň nähili ýagdaýdadygyny haýsy aýatlaryň kömegi bilen düşündirip bolar? w) Bir adamyň okaýan Mukaddes Ýazgylary hakykaty ýaşyrýan bolsa, oňa nädip kömek edip bolar?

5 Adamlar diňe bir direliş barada däl-de, ölüleriň nähili ýagdaýdadygyny hem bilmeli. Hakykaty bilesi gelýän adama muny düşündirmek üçin köplenç bary-ýogy birnäçe aýatlary görkezseň ýeterlik (Barlyk 2:7; Zebur 115:17; 146:3, 4). Emma Mukaddes Ýazgylaryň häzirki zaman terjimeleriniň käbiri jan we ruh barada hakykaty ýaşyrýar. Şonuň üçin gyzyklanýan adam bilen Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda, ýagny ýewreý we grek dillerinde haýsy sözleriň ulanylandygyna seredip geçmeli.

6. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama janyň we ruhuň nämedigini nädip düşündirip bolar?

6 Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde ýewreýçe «nefeş» we şoňa manydaş grekçe «psihi» diýen sözleri «jan» diýip yzygiderli terjime edýärler. Ýöne başga köp terjimelerde meselem türkmençe Injilde asyl nusgadaky bu sözler «jan» «jandar» we «adam» diýip dürli-dürli sözler bilen terjime edilýär. Gyzyklanýan adam «jan» diýip terjime edilýän ýewreý we grek sözleriniň Mukaddes Ýazgylarda ulanylyşyny ünsli öwrense şol sözleriň adama-da haýwana-da degişlidigine göz ýetirer. Şeýle-de ol ýewreýçe «ruah» we şoňa manydaş grekçe «pnewma» diýen sözleriň «ruh» «perişde» «ýaşaýyş güýji» hem-de «dem alyş» ýaly dürli manylarynyň bardygyna düşüner. Ýöne bu sözler adam ölende ondan bir zadyň çykyp bir ýerlerde ýaşaýandygyny aňladanok.

7. Mukaddes Ýazgylary ulanyp, ölüler diýaryna ýa-da jähenneme düşen merhumyň ýagdaýyny nädip düşündirip bilersiň?

7 Onsoňam, türkmençe Injilde ýewreýçe «şeol» we grekçe «adis» sözleri hemme ýerde «ölüler diýary» diýip, terjime edilipdir (Zebur 16:10; Resullaryň işleri 2:27). Grekçe «jähennem» sözi bolsa «dowzah» we «dowzah ody» diýip, terjime edilipdir. Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasyndan görnüşi ýaly, «şeol» we «adis» sözleriň ikisi hem adamlaryň umumy mazaryny aňladyp, ýaşaýyş bilen däl-de, ölüm bilen baglanyşykly (Zebur 89:48; Ylham 20:13). Şeýle-de, Mukaddes Ýazgylarda ölüler diýaryndan direliş arkaly çykyp bolýandygy aýdylýar (Zebur 30:3; Resullaryň işleri 2:31). Ýöne jähenneme düşen adamyň direlmäge umydy ýok hem-de jähennemde jan özüni bilýär diýip hiç ýerde aýdylmaýar (Matta 10:28).

8. Bir kişi direlişiň wajypdygyna düşünse, bu onuň pikirine hem-de özüni alyp barşyna nähili täsir eder?

8 Gyzyklanýan adam şu zatlara düşünende, direlişiň onuň özi üçin hem wajypdygyny düşündirip bilersiň. Şonda ol Ýehowanyň söýgi bilen berýän bu ajaýyp sowgadyna minnetdar bolsa gerek. Ýakynlaryndan biri aýrylanda, gam-gussa batan adamlar, Hudaýyň täze dünýäsinde olary ýene-de görjekdigine begenip, teselli taparlar. Şulara düşünen adam, Isanyň näme sebäpden ölendigine-de düşüner. I asyrdaky mesihçiler Isa Mesihiň direlişi imanyň esasydygyna we başga adamlaryň-da direlmegine ýol açýandygyna düşünýärdiler. Olar Isanyň direlişi hem-de direlişe bolan umyt barada yhlasly wagyz edýärdiler. Şu günlerem direlişiň wajypdygyna düşünýän adamlar, bu wajyp hakykaty adamlara gürrüň bermäge jan edýärler (Resullaryň işleri 5:30—32; 10:42, 43).

«Ölüler diýarynyň açary» ulanylýar

9. Isa «ölümiň we ölüler diýarynyň açaryny» ilki bilen nädip ulanar?

9 Gökdäki Patyşalykda Mesih bilen höküm sürmäge saýlananlaryň bary iň soňy ölmeli. Olaryň bary onuň beren wadasyny gowy bilýärler: «Diri bolan Mendirin. Men ölüdim, ýöne, ine, ebedilik diridirin. Ölümiň we ölüler diýarynyň açary Mendedir» (Ylham 1:18). Şu sözler bilen Isa näme diýjek boldy? Ol ölüpdi. Ýöne Hudaý ony ölüler diýarynda goýmady. Üçünji gün diýlende Ýehowa ony gökde ýaşamak üçin direldip, bakylyk berdi. Isa olaryň ünsüni şuňa çekesi geldi (Resullaryň işleri 2:32, 33; 10:40). Onsoňam, Hudaý ähli adamlary umumy mazardan boşadyp, Adam atanyň günäsinden azat etmek üçin Isa «ölümiň we ölüler diýarynyň açaryny» berdi. Isa bu açar bilen wepaly şägirtlerini direldip biler. Ilki bilen, ol ýygnagyň mesh edilen agzalaryny direldip, Atasynyň beren gymmatly sylagyny, ýagny gökdäki baky ýaşaýşy olara-da berer (Rimliler 6:5; Filipililer 3:20, 21).

10. Mesh edilen wepaly mesihçiler haçan direler?

10 Mesh edilen wepaly mesihçiler gökdäki ýaşaýyş üçin haçan direler? Injile görä, bu direliş eýýäm başlandy. Pawlus resulyň düşündirişine görä, olaryň direlişi 1914-nji ýylda Mesihiň «barlygynda» başlamaly (1 Korintoslylar 15:23, TD). Şu günler, ýagny Isa Mesihiň barlygynda ýerdäki ýoluny tamamlan mesh edilen mesihçiler Agasy dolanýança ölüm ukusynda garaşanok. Olar ölen badyna «birden göz açyp-ýumasy salymda» üýtgäp, ruhda direlýärler. Olar bagtly, sebäbi eden gowy işlerini «özleri bilen äkidýärler» (1 Korintoslylar 15:51, 52; Ylham 14:13).

11. Ähli adamlar üçin nähili direliş bolar we ol haçan başlanar?

11 Emma Patyşalygyň mirasdarlarynyň gökdäki ýaşaýşa direlişi ýeke-täk direliş däl. Ylham 20:6-da oňa «ilkinji direliş» diýilýär, şonuň üçin başga-da direlişiň boljagyny bilýäris. Şol direlişde direlen adamlar ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşap bilerler. Bu direliş haçan başlar? Ylham kitabyndan görnüşi ýaly, «ýer, gök», ýagny häzirki zalym dünýä we onuň hökümdarlary ýok bolandan soň başlar. Tizden bu zalym dünýäniň soňy geler. Soňra Hudaýyň bellän wagtynda ýerdäki ýaşaýyş üçin direliş başlanar (Ylham 20:11, 12).

12. Ýerde ýaşamak üçin Hudaýyň wepaly gullukçylaryndan kimler direler we bu näme üçin ruhlandyrýar?

12 Ýerde ýaşamak üçin kimler direler? Olaryň arasynda Ýehowanyň geçmişdäki wepaly gullukçylary, ýagny direlişe berk imany bolup, «boşadylmagy kabul etmedik» erkek adamlar hem aýallar bolar. Olaryň köpüsine zorluk hem biwagt ölüm howp salsa-da, Hudaýyň öňünde aýypsyzlygyny soňuna çenli sakladylar. Mukaddes Ýazgylarda gysgaça gürrüň berilýän wakalary olaryň özünden eşitmek, olar bilen tanyşmak, gör, nähili şatlykly bolar! Şeýle-de, ýerde ýaşamak üçin Ýehowanyň ilkinji wepaly güwäçisi Habyl, Tupanyň öň ýanynda Hudaýyň duýduryşyny gorkman wagyz eden Hanoh we Nuh, perişdeleri myhmansöýerlik bilen kabul eden Ybraýym hem Sarra, Sina dagynda Kanun alan Musa, b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalimiň ýykylyşyny gören batyr pygamberleriň biri Ýeremiýa hem-de Ýehowanyň «Isa meniň oglum» diýen sesini eşiden Ýahýa çokundyryjy direler. Onsoňam, bu zalym dünýäniň soňky günlerinde ölen wepaly erkek adamlaryň hem aýallaryň köpüsi direler (Ýewreýler 11:4—38; Matta 11:11).

13, 14. a) Ölüler diýaryna we ondaky ölülere näme bolar? b) Ýene kimler direler we näme üçin?

13 Wagtyň geçmegi bilen, diňe bir Hudaýyň wepaly gullukçylary däl-de, eýsem, başga adamlar hem direler welin, ahyrsoňy umumy mazarda hiç kim galmaz. Mazar boşar, sebäbi Isa «ölüler diýarynyň açaryny» ulanyp, ähli adamlary ondan çykarar. Bu barada Ýahýa resula görnüş berilýär. Şol görnüşde ol «ölüler diýarynyň ot kölüne zyňylanyny» görýär (Ylham 20:14). Bu näme aňladýar? Ölüler diýary, ýagny adamzadyň umumy mazary bütinleý ýok ediler. Ol indi hiç haçan bolmaz, çünki ol bütinleý boşadyldy. Isa diňe Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny däl, eýsem, rehim edip egri adamlary-da direlder. Hudaýyň Sözi şeýle diýýär: «Hem dogrular, hem egriler ölümden direler» (Resullaryň işleri 24:15).

14 Egri adamlaryň hiç biri-de ölüme höküm edilmek üçin direlmez. Hudaýyň Patyşalygy astynda ýer ýüzüniň ähli ýerinde dogrulyk höküm sürýän wagty, olara durmuşyny Ýehowanyň kadalaryna laýyk getirmäge kömek ederler. Görnüşde «ýaşaýyş kitaby» açyldy. Diýmek, direlen adamlaryň oňa ýazylmaga mümkinçiligi bar. Direlenden soň, olaryň «her biriniň etmişine görä höküm çykarylar» (Ylham 20:12, 13). Şeýlelikde, olar hökman aýyplaýjy «höküm üçin» direlmez, eýsem, «ýaşamak üçin» hem direlip biler (Ýahýa 5:28, 29).

15. a) Kimler direlmez? b) Direliş baradaky hakykat bize nähili täsir etmeli?

15 Emma ölen adamlaryň hemmesi direlmez, sebäbi käbir adamlaryň eden günäsini geçip bolmaýar. Şeýle adamlar ölüler diýarynda däl-de, jähennemde, bu bolsa olaryň ebedilik ýok ediljegini aňladýar. Olaryň arasynda golaýlaşýan «uly muşakgatda» ýok ediljek adamlar hem bolar (Matta 12:31, 32; 23:33; 24:21, 22; 25:41, 46; 2 Selanikliler 1:6—9). Ýehowa çäksiz rehimdarlygy bilen ölen adamlary ölüler diýaryndan boşadyp, direlişe umyt berýär. Ýöne «iň soňy direlerin» diýip häzirki ýaşaýşymyza biparh garamaly däl. Ýehowanyň hökümdarlygyna bilgeşleýin garşy çykýanlar hiç haçan direlmez. Şulary bilensoň, Ýehowanyň islegine laýyk ýaşap, onuň merhemetine çuňňur minnetdarlygymyzy görkezeris.

Direlişe umyt olara güýç berdi

16. Direlişe umyt nädip güýç berip biler?

16 Direlişiň boljagyna hakykatdan ynanýan adamlar ondan uly güýç alýarlar. Garran adam ölümi hatda häzirki medisinanyň kömegi bilen hem ýeňip bilmeýär (Wagyzçy 8:8). Ýöne biz Ýehowanyň guramasy bilen oňa gulluk etsek, gelejegimiz barada asla gaýgy etmän bileris. Direliş arkaly Hudaýyň bellän wagtynda ýene-de ýaşajagymyzy bilýäris. Şonda, gör, nähili gowy ýaşaýyş bolar! Pawlus resul oňa «soňsuz [hakyky] ýaşaýyş» diýdi (1 Timoteos 6:19; Ýewreýler 6:10—12).

17. Ýehowanyň öňünde aýypsyzlygy saklamaga bize näme kömek eder?

17 Direlişi we ony Kimiň taýýarlandygyny bilsek, imanda berk durup bileris. Şol umyt bize gazaply yzarlaýjylar öldürjek bolaýanda-da, Hudaýa wepaly bolmaga ýardam edýär. Adamlary gulçulykda saklamak üçin Şeýtan köpden bäri biwagt ölüm bilen gorkuzýar. Ýöne Isa biwagt ölümden gorkmady. Ol Ýehowa wepaly bolup öldi. Isanyň töleg gurbany arkaly başga adamlar hem bu gorkudan azat bolup bildiler (Ýewreýler 2:14, 15).

18. Ýehowanyň gullukçylaryna aýypsyzlygy saklamaga hemişe näme kömek edýärdi?

18 Taryhyň bütin dowamynda Isanyň töleg gurbanyna we direlişe bolan iman, Ýehowanyň gullukçylaryna aýypsyzlygy saklamaga kömek edýärdi. Olar agyr synaglarda hem Ýehowany «jan söýgüsinden-de» köp söýýändigini subut etmegi dowam edýärler (Ylham 12:11). Olar häzir janyny gorajak bolup, Hudaýyň kanunlaryndan ýüz öwürmeýärler (Luka 9:24, 25). Olar Ýehowanyň hökümdarlygyna wepaly bolany üçin janyny häzir ýitirseler-de, sylagsyz galmajagyny bilýärler, çünki olar direler. Sende şeýle iman barmy? Şeýle imanyň bolmagy üçin Ýehowany berk söýmeli we direlişe umydyň hakyky manysyna çuň düşünmeli.

Gaýtalamak üçin soraglar

• Direlişiň wajypdygyna düşünmek üçin ölüleriň ýagdaýy hakda näme üçin bilmeli?

• Kimler direler we bu bilim bize nähili täsir etmeli?

• Direlişe umyt bize nädip güýç berýär?

[84, 85-nji sahypalardaky surat]

Ýehowa dogrulary hem egrileri direltmegi wada edýär

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş