18-nji aýdym
Hudaýyň söýgüsi
1. Söýgüdir — Ýehowa.
Alkyş aýdýas biz oňa.
Öz Ogluny iberdi,
Söýgüsini görkezdi,
Dogry saýylyp indi,
Ýaşarys biz ebedi.
(GAÝTALAMAK)
Gel, eý teşne, iç mundan,
Iç ýaşaýyş suwundan.
Ak pata al Hudaýdan,
Berkäp ruhy taýdan.
2. Söýgüdir — Ýehowa.
Subutnama bar muňa.
Onuň bellän wagtynda,
Isa çykdy tagtyna.
Ýah bizi söýüp, ine,
Berk durýar öz ähtine.
(GAÝTALAMAK)
Gel, eý teşne, iç mundan,
Iç ýaşaýyş suwundan.
Ak pata al Hudaýdan,
Berkäp ruhy taýdan.
3. Söýgüdir — Ýehowa.
Sesleneliň biz muňa.
Gözläp dogry adamy,
Pespälleri goldaly.
Teselli berer ýaly,
Wagyz ediň yhlasly.
(GAÝTALAMAK)
Gel, eý teşne, iç mundan,
Iç ýaşaýyş suwundan.
Ak pata al Hudaýdan,
Berkäp ruhy taýdan.
(Şeýle-de Zeb. 33:5; 57:10; Efes. 1:7 serediň.)