21-nji aýdym
Rehimli adam bagtlydyr
1. Bagtlydyr rehimli adam,
Oňa guwanýar Hudaýam.
Ol wasp eder Ýehowany,
Onuň rehimdarlygyny.
Ýah Ogluny berip gurban,
Rehimini etdi aýan.
Ol pespäli goldar hergiz,
Çünki ol bilýär biz ejiz.
2. Hudaý ýaly rehimdarlar,
Pata alar, bagyşlanar.
Töwellaçy boldy Isa,
Dynçlyk tapar kim ynansa.
Geliň, aýdalyň günsaýyn,
Rehimi hakda Hudaýyň.
Goý, bu bersin hemmä şatlyk,
Çünki gelendir Patşalyk.
3. Rehimlä ediler rehim,
Çykarlanda oňa höküm.
Rehimliler görer aýdyň,
Söýgüsini hak Hudaýyň.
Ösdürsek biz bu häsýeti,
Miras alarys Jenneti.
Geliň, şoň üçin elmydam,
Bolalyň rehimdar adam.
(Şeýle-de Luka 6:36; Rim. 12:8; Ýakup 2:13 serediň.)