Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/9 sah. 22
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Meňzeş maglumat
  • «Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýehowa gadymy döwürde nädip «halas» etdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • «Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowanyň adyny bilelikde beýgeldeliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/9 sah. 22

OKYJYLARYŇ SOWALLARY

Zebur 37:25-däki Dawudyň we Matta 6:33-däki Isanyň aýdan sözleri Ýehowanyň öz gullukçysynyň çöreksiz galmagyna hiç haçan ýol bermejekdigini aňladýarmy?

Ol munuň şeýledigine öz durmuşynda göz ýetiripdi. Dawut Hudaýyň hemişe aladasyny edýändigini bilýärdi (Zeb. 37:25). Elbetde, Dawudyň aýdan sözleri Hudaýyň gullukçylarynyň hiç haçan ýeter-ýetmezçilikden kösenmejekdigini aňlatmaýar.

Dawudyň özi hem käwagt kyn ýagdaýlara düşüpdi. Ol Sauldan gaçyp ýörkä, azygy gutarýar. Şonda Dawut özi we ýanyndakylar üçin bir adamdan çörek soraýar (1 Şam. 21:1—6). Görşümiz ýaly, ol «çörek dileýär». Emma Dawut şeýle kyn ýagdaýda-da Ýehowanyň ony terk etmejekdigini bilýärdi. Biz Dawudyň dilegçilik edip ýörendigi barada hiç ýerde okamaýarys.

Matta 6:33-e görä, Isa Patyşalygyň bähbitlerini birinji orunda goýýan mesihçileriň aladasyny Ýehowanyň etjekdigine ynandyrdy. Isa: «Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar (iýip-içgi we egin-eşik) hem size onuň üstüne goşulyp berler» diýdi. Elbetde, Isa yzarlamalar sebäpli «doganlarynyň» açlykdan kösenjekdigini hem aýdypdy (Mat. 25:35, 37, 40). Pawlus resul şeýle ýagdaýa düşüpdi. Onuň käte açlykdan, suwsuzlykdan ejir çeken wagtlary bolupdy (2 Kor. 11:27).

Konslagerde aç oturan adam

Ýehowa biziň dürli ýollar bilen yzarlanjakdygymyzy aýdýar. Ol Iblisiň atan töhmetine jogap berip bilmegimiz üçin, biziň käbir zatlardan mahrum edilmegimize ýol berýär (Eýýup 2:3—5). Meselem, faşistleriň konslagerinde käbir dogan-uýalarymyz howp astyna düşdüler. Olary Ýehowadan dändirjek bolup, ýeterlikli iýmit bermän zalymlyk bilen synadylar. Emma wepaly Şaýatlar Ýehowadan ýüz öwürmediler; Hudaý hem olary terk etmedi. Ýehowa olaryň bu synagyna ýol berdi. Sebäbi ol ähli mesihçileriň dürli synaglara düşmegine ýol berýär. Muňa garamazdan, Ýehowanyň öz ady üçin horluk çekýänleriň ählisini goldaýandygyna hiç hili şübhe ýok (1 Kor. 10:13). Şeýle-de biz Filipililer 1:29-daky şu sözleri unutmaly däl: «Çünki size diňe Isa Mesihe iman etmek däl, eýsem Onuň hatyrasyna jebir-jepa çekmek hem berlendir».

Ýehowa gullukçylaryny goldajakdygyny wada berýär. Meselem, Işaýa 54:17-de: «Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz» diýilýär. Hudaýyň beren şu we beýleki wadalary tutuş halkyny halas etjekdigine güwä geçýär. Emma her bir mesihçi dürli synaglara, hatda ölüm howpuna-da duş gelip biler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş