Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w16 Noýabr sah. 19—20
  • «Edilmeli iş... uly»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Edilmeli iş... uly»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň jomartlygyna minnetdarlygyňyzy görkeziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Ýehowa höwes bilen berýänlere bol bereket berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • «Olaryň artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Biz mätäç adamlara nädip kömek edip bileris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
w16 Noýabr sah. 19—20
Dawut patyşa ybadathananyň çyzgysyny görkezýär; dogan gurluşygyň çyzgysyna seredýär

«Edilmeli iş... uly»

DAWUT PATYŞA ähli ygtyýarly adamlary, tirebaşylarydyr köşk emeldarlaryny ýygnaýar. Iýerusalimde geçirilen bu duşuşyk örän wajypdy. Duşuşyga gelenler tolgundyryjy habary eşidýärler. Ýehowa Dawudyň ogly Süleýmana hormatly işi, ýagny hak Hudaýa sežde edilýän jaýy gurmagy tabşyrýar. Ysraýylyň gartaşan patyşasy Dawut Hudaýyň ylhamy bilen bu jaýyň çyzgysyny alyp, Süleýmana berýär. Dawut halka ýüzlenip: «Edilmeli iş... uly. Çünki ybadathana ynsan üçin däl-de, Hökmürowan Reb üçindir» diýýär (1 Ýyl. 28:1, 2, 6, 11, 12; 29:1).

Soňra olardan: «Kim bu gün meýletinlik bilen zat hödür edip, özüni Rebbe bagyş etjek?» diýip soraýar (1 Ýyl. 29:5). Eger siz şol ýerde bolsaňyz, çakylyga seslenermidiňiz? Bu uly işi goldarmydyňyz? Ysraýyllylar şol bada seslendiler. Olar «gaty şatlandylar, çünki olar Rebbe beren zatlaryny meýletinlik bilen, çyn ýürekden beripdiler» (1 Ýyl. 29:9).

Ençeme ýyl geçensoň, Ýehowa ybadathanadan hem beýik zady dikeltdi. Ol beýik ruhy ybadathanany berkarar etdi, ýagny Isanyň töleg gurbany arkaly adamlary Özüne sežde etmäge mümkinçilik döretdi (Ýew. 9:11, 12). Şu günler Ýehowa şägirt taýýarlamak işi arkaly adamlary özi bilen ýaraşdyrýar (Mat. 28:19, 20). Şol sebäpli her ýyl millionlarça adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirilýär, olaryň müňlerçesi suwa çümdürilýär we ýüzlerçe täze ýygnaklar döredilýär.

Şeýle-de Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlar has köp çap edilýär, Ýygnak jaýlary gurulýar, käbirlerinde bejeriş işleri geçirilýär we Kongresler köşgüni gurmak üçin ýerler satyn alynýar. Siz hoş habary wagyz etmek işiniň wajypdygy we şatlyk berýändigi bilen ylalaşýarmysyňyz? (Mat. 24:14).

Hudaýyň halky Ýehowany we ýakynyny söýýär hem-de Patyşalyk habarynyň gaýragoýulmasyzdygyna düşünýär. Şol sebäpli olar Ýehowa üçin «meýletinlik bilen zat hödür edýärler». Ýehowany bar zadyň bilen hormatlamak we adamzat taryhynda iň wajyp işi amala aşyrmak üçin olaryň dogry hem-de paýhasly ulanylýandygyny görmek nähili gowy! (Sül. tym. 3:9).

BÜTINDÜNÝÄ WAGYZ IŞI ÜÇIN NÄDIP SADAKA BERILÝÄR?

Şu günler köpler belli bir mukdarda «pul süýşürip», ony ýygnagyndaky «Bütindünýä wagyz işi üçin sadaka» diýen guta atýar (1 Kor. 16:2). Ýygnaklar her aý berilýän bu sadakalary Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýerli filialyna ýollaýarlar. Şeýle-de sadakany ýurduňyza gözegçilik edýän filiala özüňiz hem ugradyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin salgyny www.jw.org saýtyndan tapyp bilersiňiz. Aşakda filiala ugradyp bolýan sadakalaryň käbir görnüşleri görkezilýär.

FILIAL BILEN HABARLAŞMAN BERILÝÄN SADAKALAR

  • Bankyň üsti bilen debet ýa-da kredit karty arkaly sadaka berip bolýar. Käbir filiallarda şunuň ýaly sadakalary www.jw.org ýa-da şu maksat üçin döredilen saýt arkaly berip bolýar.

  • Pul sadakalary. Şeýle sadakalaryň ýany bilen meýletin berýändigiňizi tassyklaýan gysgaça haty filiala ugradyň.

FILIAL BILEN HABARLAŞYP BERILÝÄN SADAKALAR

Aşakda Patyşalygyň işlerini goldamak üçin berip bolýan sadakalaryň sanawy getirilýär. Eger siz şeýle sadakalary bermekçi bolsaňyz, onda ilki ýurduňyza gözegçilik edýän filial bilen habarlaşyň. Her ýurduň kanuny tapawutlanýar, şonuň üçin iň amatly usulyny saýlamak üçin ökde ýuristlere we salgyt maslahatçylaryna ýüz tutuň.

Ätiýaçlandyryş tölegleri. Ömrüňi ýa-da pensiýaňy ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ýehowanyň Şaýatlarynyň wekili bolan ýuridiki tarapyň adyny görkezip bilersiňiz.

Bank goýumlary. Bankyň düzgünine laýyklykda, amanat şahadatnamasy ýa-da şahsy pensiýa hasaby Ýehowanyň Şaýatlarynyň wekili bolan ýuridiki tarapa wesýet edip bilersiňiz.

Aksiýalar we gymmatly kagyzlar. Şeýle resminamalar Ýehowanyň Şaýatlarynyň wekili bolan ýuridiki tarapa sadaka berse ýa-da wesýet etse bolýar.

Gozgalmaýan emläk. Satyp bolýan gozgalmaýan emlägi sadaka hökmünde Ýehowanyň Şaýatlarynyň wekili bolan ýuridiki tarapa berse bolýar.

Wesýetnama we emlägi dolandyrmak babatda şertnama baglaşmak. Emlägi ýa-da puly Ýehowanyň Şaýatlarynyň wekili bolan ýuridiki tarapa wesýet etse bolýar. Emlägi dolandyrmak babatdaky şertnamada hem onuň ady görkezilmeli. Şeýle şertnama salgyt salynmakda peýdaly bolup biler.

Ýokarda agzalan sadakalary wesýet edýän adam käbir zatlar hakda öňünden pikirlenmeli. Ýehowanyň Şaýatlary tarapyndan alnyp barylýan bütindünýä wagyz işini goldamak isleýän adamlar üçin iňlis we ispan dilinde «Patyşalyk işi üçin sadaka bermegi meýilleşdirmek» («Charitable Planning to Benefit Kingdom Service Worldwide») diýen broşýura çap edildi. Onda sadaka bermegiň usullary, şol sanda wesýetnamany dogry ýazmak barada maglumat ýerleşdirilen. Ýurtlaryň salgyt we beýleki kanunlary tapawutlanýandygy üçin, broşýuradaky käbir maglumatlar siziň ýagdaýyňyza gabat gelmezligi mümkin. Şeýle usullar biziň dini we ynsanperwerlik işimizi goldamak isleýän adamlara salgyt salynmak meselesinde kömek edip biler. Eger bu broşýura siziň ýurduňyzda elýeterli bolsa, Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýerli ýygnagynyň kätibinden alyp bilersiňiz.

Köpräk bilmek üçin jw.org saýtymyzdaky esasy sahypalaryň aşagynda görkezilen «Bütindünýä wagyz işi üçin sadaka bermek» diýen salga girip bilersiňiz. Şeýle-de ýurduňyza gözegçilik edýän filiala ýüz tutup bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş