Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/4 sah. 22—26
  • Batyrgaý boluň, Ýehowa biziň kömekçimiz!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Batyrgaý boluň, Ýehowa biziň kömekçimiz!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MAŞGALA AGZALARYŇ WE ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇY DIKELTMEK
  • BORÇLARYŇY BERJAÝ ETMEK
  • MAŞGALAŇYZYŇ ALADASYNY EDIŇ
  • SYNAGLARA DÖZ GELIŇ
  • HUDAÝA IMAN EDIŇ
  • «REB MENIŇ KÖMEKÇIM»
  • Ýehowa ähli kynçylyklarymyzda bize teselli berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Isa Mesih erkek adamyň başy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/4 sah. 22—26

Batyrgaý boluň, Ýehowa biziň kömekçimiz!

«Biz batyrlyk bilen şeýle diýýäris: „Reb meniň kömekçimdir“» ÝEW. 13:6

SIZ NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇIZ?

  • Ata-enelere maşgalasyny ruhy taýdan berkitmäge näme kömek eder?

  • Maşgalabaşylar daşary ýurda gitmän nädip maşgalasynyň maddy taýdan aladasyny edip bilerler?

  • Mesihçiler dogan-garyndaşlarynyň täsirine düşmez ýaly näme edip bilerler?

1, 2. Daşary ýurtdan öýüne dolanan adamlar nähili kynçylyklara uçraýarlar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

EDUARDOa şeýle gürrüň berýär: «Men daşary ýurtda gowy gazanç edýärdim. Emma Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlanymda, maşgalamyň diňe beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem aladasyny etmäge borçludygyma düşündim, şol sebäpli öýe dolandym» (Efes. 6:4).

2 Eduardo maşgalasynyň aladasyny edip, Ýehowanyň göwnünden turjakdygyna düşünýärdi. Emma geçen makalada agzalan Merilin ýaly, ol hem maşgala gatnaşyklaryny dikeltmelidi. Şeýle-de oňa aýalyny we çagalaryny eklemek aňsat däldi. Ol näme etmeli? Dogan-uýalar oňa kömek edip bilermi?

MAŞGALA AGZALARYŇ WE ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇY DIKELTMEK

3. Ata-enesiniň ýoklugy çagalaryna nähili täsir edýär?

3 Eduardo şeýle dowam edýär: «Men çagalarymyň ruhy we duýgy taýdan zerurlyklaryna biperwaý garandygyma düşündim. Men olara Mukaddes Ýazgylardan hekaýalary okamadym, bile doga etmedim, olary bagryma basmadym we olar bilen oýnamadym» (Kan. tag. 6:7). Onuň uly gyzy Anna şeýle ýatlaýar: «Kakam daşary ýurda gidende, men özümi terk edilen ýaly duýýardym. Öýe dolanyp gelende bolsa, ony diňe ýüz-gözünden we sesinden tanadym. Ol meni gujaklanda, keseki bir adam gujaklan ýaly boldy».

4. Maşgalabaşynyň daşary ýurtda işlemegi maşgalasyna nähili täsir edýär?

4 Daşary ýurtda işleýän adam maşgalabaşy borjuny ýerine ýetirmek ukybyny ýitirip biler. Eduardonyň aýaly Rubi şeýle düşündirýär: «Men hem eje, hem kaka boldum we maşgalada ýüze çykýan meseleleri özüm çözmeli bolýardym. Eduardo öýe dolanyp gelende, oňa tabyn bolmagy täzeden öwrenmeli boldum. Häzir hem käte ýanýoldaşymyň öýdedigini özüme ýatlatmaly bolýaryn» (Efes. 5:22, 23). Eduardo şeýle dowam edýär: «Gyzlarym bir zat etjek bolanlarynda, ejesinden rugsat soraýardylar. Çagalar ata-enesiniň agzybir karara gelýändiklerini bilmelidiler; men Mesihiň göreldesine eýerip, maşgalabaşy bolmagy öwrenmelidim».

5. Eduardo maşgala gatnaşyklaryny nädip dikeldip başlady we bu nähili netije berdi?

5 Eduardo maşgala gatnaşyklaryny dikeltmek we olary ruhy taýdan berkitmek üçin elinde baryny etmegi ýüregine düwdi. Ol: «Men çagalaryma Ýehowany söýýändigimi sözde we iş ýüzünde görkezmegi maksat edindim» diýýär (1 Ýahýa 3:18). Ýehowa onuň gelen kararyny pataladymy? Anna şeýle jogap berýär: «Kakamyň gowy ata bolmak we bize ýakynlaşmak üçin edýän tagallaryny görmek bize güýçli täsir etdi. Oňa ýygnakda borç berenlerinde, biz begendik. Bu dünýä bizi Ýehowadan daşlaşdyrjak bolsa-da, ata-enemiziň hakykatyň tarapyny berk tutýandygyny görüp, biz hem olaryň göreldesine eýerdik. Kakam bizi hiç haçan taşlamajakdygyna söz berip, sözünde-de durdy. Eger ol şeýle etmedik bolsa, men häzir Ýehowanyň guramasynda bolmazdym».

BORÇLARYŇY BERJAÝ ETMEK

6. Käbir ata-eneler uruş döwri nämä göz ýetirdiler?

6 Balkan ýarym adasynda uruş döwri käbir dogan-uýalaryň çagalary agyr şertlere garamazdan, özlerini bagtly duýupdyrlar. Näme üçin? Sebäbi ata-eneler işe gitmeýärdiler, olar öýde çagalary bilen okaýardylar, oýnaýardylar we gürrüňdeş bolýardylar. Bu nämäni görkezýär? Çagalar ata-enesi bilen bile bolmaklygy puldanam, sowgatlardanam has gowy görýärler. Dogrudan-da, ata-eneleriň çagalaryna üns berip, olary terbiýelemegi örän peýdalydyr (Sül. tym. 22:6).

7, 8. a) Öýüne dolanan ata-eneler nämä duş gelýärler? b) Ata-eneler çagalaryna ýaramaz duýgularyny ýeňmäge nädip kömek edip bilerler?

7 Gynansak-da, daşary ýurtda gazanç edip, soňra öýüne dolanan käbir ata-eneler çagalarynyň nägiledigini ýa-da biperwaýdygyny görýärler. Olar çagalaryna: «Men siziň üçin nämelerden geçmedim, siz nädip beýle gadyr bilmez bolup bilýärsiňiz?!» diýýärler. Aslynda, çaganyň özüni şeýle alyp barmagy, ata-enesiniň taşlap gidenine öýkeleýändigini görkezýär. Ata-eneler bu ýagdaýda näme edip bilerler?

8 Maşgala agzalaryňyzyň duýgularyna düşüner ýaly, Ýehowa doga edip kömek soraň. Soňra bu ýagdaýyň döremegine özüňiziň hem sebäp bolandygyňyzy aýdyň we ýürekden ötünç soraň. Eger siz maşgala gatnaşyklaryny dikeltmek üçin jan etseňiz, ýanýoldaşyňyz we çagalaryňyz muny görerler. Siz tutanýerli we sabyrly bolsaňyz, kem-kemden maşgalaňyzyň söýgüsini hem-de hormatyny gazanyp bilersiňiz.

MAŞGALAŇYZYŇ ALADASYNY EDIŇ

9. Maşgalaňy eklemek üçin baý bolmak hökmanmy? Düşündiriň.

9 Pawlus resul güzeranyny dolandyryp bilmeýän gartaşan mesihçileriň aladasyny çagalary we agtyklary etmelidigi hakda görkezme berdi. Şeýle-de ol biziň ählimize iýmit, egin-eşik we ýaşaýyş jaýynyň gerekdigini aýtdy. Emma biz has gowy ýaşaýşa ýa-da gelejegimizi üpjün etmäge dyrjaşmaly däl (1 Timoteos 5:4, 8; 6:6—10-njy aýatlary okaň). Mesihçi maşgalasynyň aladasyny etjek bolup, tizden ýok ediljek dünýäde baýlyga kowalaşmakdan seresap bolmaly (1 Ýahýa 2:15—17). Geliň, «baýlygyň aldawçylygy» we «ýaşaýşyň gaýgylary» zerarly «soňsuz ýaşaýşa eýe bolmakdan» özümizi mahrum etmäliň! (Mar. 4:19; Luka 21:34—36; 1 Tim. 6:19).

10. Bergi etmezlik näme üçin paýhasly?

10 Ýehowa bize puluň gerekdigini bilýär. Emma pul Hudaýyň akyldarlygynyň berýän goragyny berip bilmeýär (Wag. 7:12; Luka 12:15). Köplenç daşary ýurda gazanç etmäge gidýän adamlar köp pul gazanarys öýdýärler, ýöne bu beýle däl. Gaýtam, olaryň köpüsi bergä batýarlar we Hudaýyň däl-de, bergidaryň gullary bolýarlar (Süleýmanyň tymsallary 22:7-ni okaň). Şol sebäpli, ilkibaşdan, bergi etmekden gaça dursaňyz paýhasly bolar.

11. Maşgala agzalary nädip tygşytly bolup bilerler?

11 Eduardo öýüne dolanyp gelensoň, maşgalasynyň aladasyny gowy etmek üçin tygşytly bolmalydygyna düşünýär. Şonuň üçin ol aýaly bilen maşgalasynyň girdejisini we çykdajysyny hasaplaýar. Elbetde, indi olar puly öňküsi ýaly köp sowup bilmezdiler. Ýöne olaryň ählisi bu teklibi agzybir goldadylar we oýlanyşyksyz pul sowmaýardylarb. Eduardo şeýle diýýär: «Men çagalarymy hususy mekdepden çykaryp, orta mekdebe ýerleşdirdim». Ol ruhy işlere zyýan ýetirmejek iş tapmak barada bütin maşgalasy bilen doga edýärdi. Ýehowa olaryň dogasyna nädip jogap berdi?

12, 13. Eduardo maşgalasynyň aladasyny etmek üçin näme etdi we Ýehowa ony nädip patalady?

12 Eduardo şeýle ýatlaýar: «Gazanan pulum iki ýyla ýetdi. Soňra olar azalyp ugranda, aýlygym çykdajylary ödemän başlady we men örän ýadadym. Emma biz ýygnak duşuşyklaryndan galmaýardyk we bile wagyz edýärdik». Eduardo daşary ýurda gidip gazanç etmek hakda pikir hem etmeýärdi. Gaýtam, ol dürli ýerlerde işläp, hünär öwrenendigini aýdýar.

Siz maşgalaňyzy eklemek üçin dürli hünärleri öwrenip bilermisiňiz? (12-nji abzasa serediň)

13 Eduardo karz alan pullaryny hem-de onuň göterimini kem-kemden berýändigi üçin, bu uzak wagta çekdi. Muňa garamazdan, ol bütin maşgalasy bilen Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýdy. Eduardo şeýle diýýär: «Häzir men daşary ýurtda gazanan pulumyň 10 göterimini-de gazanmaýaryn, ýöne biz aç däl. Biz Ýehowanyň eliniň gysga däldigine göz ýetirdik, şol sebäpli biz umumy pioner bolmak kararyna geldik. Wagtyň geçmegi bilen, ykdysady ýagdaý gowulaşdy we indi maňa maşgalamyň maddy taýdan aladasyny etmek kyn düşmeýär» (Iş. 59:1).

SYNAGLARA DÖZ GELIŇ

14, 15. Maşgalalar nähili synaglara uçraýarlar we olaryň göreldesi nähili netije berip biler?

14 Köp medeniýetde adamlar özlerini dogan-garyndaşlarydyr dost-ýarlaryna pul we sowgat bermegi borçly hasaplaýarlar. Eduardo şeýle düşündirýär: «Biziň ýaşaýan ýerimizde-de adamlar sowgat bermekden şatlyk tapýarlar. Ýöne hemme zadyň çägi bar. Men dogan-garyndaşlaryma sowgat bermäge garşy däldigimi aýtdym. Emma maşgalamdaky ýola goýlan düzgüne we ruhy işlerimize zyýan ýetirse, muny edip bilmejekdigimi sypaýçylyk bilen düşündirdim».

15 Daşary ýurda gidip işlemeýän ýa-da ol ýerde işläp, soňra öýüne dolanan adamlary dogan-garyndaşlary ýazgaryp ýaňsylaýarlar. Olar hatda şeýle adama «Sen diňe özüni bilýäň» diýip gaharlanýarlar. Näme üçin? Sebäbi olar pul kömegine tama edýärler (Sül. tym. 19:6, 7). Eduardonyň gyzy Anna şeýle diýýär: «Dogan-garyndaşlarymyzyň käbiri biziň maddy däl-de, ruhy zatlary ileri tutýandygymyzy görenlerinde, biziň üçin Mesihiň yzyna eýerip ýaşamagyň wajypdygyna göz ýetirip başladylar. Biz tutanýerli bolmadyk bolsak, olar muňa nädip düşünerdiler?» (1 Petrus 3:1, 2-nji aýatlary deňeşdiriň).

HUDAÝA IMAN EDIŇ

16. a) Adam özüni nädip aldap biler? (Ýakup 1:22). b) Ýehowa haýsy kararlary patalaýar?

16 Ýanýoldaşyny we çagalaryny goýup, daşary ýurda işlemäge giden bir uýa ýygnak ýaşulularyna şeýle diýdi: «Men bu ýere gelmek üçin köp zatlardan geçmeli boldum. Hatda ýanýoldaşymy ýygnak ýaşulusy borjundan-da aýyrdylar. Ýehowa şu zatlary görüp, hökman maňa bereket berer diýip umyt edýärin». Ýehowa iman arkaly gelnen kararlary patalaýar, emma mukaddes borçlaryňdan ýüz öwrüp, Onuň islegine garşy gelýän kararlaryňa nädip ak patasyny bersin? (Ýewreýler 11:6; 1 Ýahýa 5:13—15-nji aýatlary okaň).

17. Bir karara gelmezden öňürti näme üçin we nädip Ýehowanyň görkezmesini agtarmaly?

17 Siz belli bir karara gelmezden öňürti, Ýehowanyň görkezmesini agtaryň. Ondan mukaddes ruh we akyldarlyk diläň (2 Tim. 1:7). Özüňize şeýle soraglary beriň: «Men Ýehowa nähili ýagdaýlarda gulak asýaryn? Ýönekeý ýaşamaly bolsam-da, Onuň tabşyrygyna eýererinmi?» (Luka 14:33). Ýygnak ýaşulularyndan maslahat soraň we Ýehowanyň görkezmesine eýerip, Onuň wadalaryna bil baglaýandygyňyzy görkeziň. Elbetde, ýaşulular size näme etmelidigini aýtmazlar, ýöne olar dogry karara gelmäge kömek ederler (2 Kor. 1:24).

18. Maşgalanyň aladasyny etmäge kim jogapkär we olara nähili ýagdaýda kömek edip bileris?

18 Ýehowa maşgala agzalarynyň aladasyny etmegi maşgalabaşylara tabşyrdy. Synaglara garamazdan, daşary ýurda işlemäge gitmeýän dogan-uýalary öwmeli we olar üçin doga etmeli. Biziň betbagtçylyga uçran ýa-da medisina kömegine mätäç imandaşlarymyza doganlyk söýgini we duýgudaşlyk bildirmäge ajaýyp mümkinçiligimiz bar (Gal. 6:2, 5; 1 Pet. 3:8). Siz şeýle dogan-uýalara pul kömegini berip ýa-da olara iş tapmaga ýardam edip bilermisiňiz? Şonda olar maşgalasyny goýup, daşary ýurda işlemäge gitmeli bolmazlar (Sül. tym. 3:27, 28; 1 Ýahýa 3:17).

«REB MENIŇ KÖMEKÇIM»

19, 20. Mesihçiler näme üçin Ýehowanyň kömegine bil baglap bilerler?

19 Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýaşaýşyňyz pul söýgüsinden uzak bolsun. Bar zatlaryňyza kanagat ediň. Çünki Hudaý: „Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn“ diýendir. Şoňa görä hem biz batyrlyk bilen diýýäris: „Reb meniň kömekçimdir, men gorkmaryn. Bendesi maňa näme edip biljek?“» (Ýew. 13:5, 6). Bu sözler biziň durmuşymyzda nädip ýerine ýetýär?

20 Garyp ýurtda ýaşaýan ýygnak ýaşulusy şeýle diýdi: «Adamlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň bagtlydygyny aýdýarlar. Hatda garyp ýaşaýan dogan-uýalarymyzyň hem başgalara garanda elmydama owadan geýinýändiklerini belläp geçýärler». Bu Isanyň öňürti Patyşalygy agtarýan adamlar hakda aýdanlaryna gabat gelýär (Mat. 6:28—30, 33). Hawa, gökdäki Atamyz Ýehowa bizi söýýär we bize hem-de çagalarymyza iň gowy zatlary isleýär. 2 Ýyl ýazgylary 16:9-da: «Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär» diýilýär. Ýehowanyň maşgala durmuşy we maddy zerurlyklar barada beren tabşyryklary peýdalydyr. Biz olara eýerip, Atamyzy söýýändigimizi we Oňa bil baglaýandygymyzy görkezeris (1 Ýahýa 5:3).

21, 22. Siz Ýehowa bil baglamagy näme üçin ýüregiňize düwdüňiz?

21 Eduardo şeýle diýýär: «Aýalymdan we çagalarymdan aýralykda geçiren wagtymy yzyna gaýtaryp bolmaýar, ýöne men geçmiş bilen ýaşamaýaryn. Işdeşlerimiň köpüsi gurply ýaşasalar-da, özlerini bagtly duýmaýarlar. Şeýle-de olaryň maşgalasynda uly kynçylyklar bar. Emma biz örän bagtly ýaşaýarys! Men ýerli dogan-uýalaryň garypdygyna garamazdan, Patyşalygy ileri tutýandyklaryny görüp ruhlanýaryn. Hawa, biz Isanyň wadalarynyň durmuşymyzda ýerine ýetýändigini görýäris» (Matta 6:33-i okaň).

22 Gaýratyňyz gowşamasyn! Ýehowa gulak asmagy we bil baglamagy ýüregiňize düwüň. Siziň Hudaýa, ýanýoldaşyňyza we çagalaryňyza bolan söýgiňiz maşgala borçlaryny ýerine ýetirmäge kömek eder. Şonda siz hem: «Reb meniň kömekçimdir» diýip bilersiňiz!

a Atlary üýtgedildi.

b 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalyndaky «Näme üçin tygşytly bolmaly?» atly makala serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş