-
Aýatlary dogry nygtap okamakWagyz mekdebi
-
-
21-NJI SAPAK
Aýatlary dogry nygtap okamak
SIZ Ýehowanyň niýetleri barada sahnada gürrüň berseňiz-de, olar hakda adamlar bilen söhbetdeş bolsaňyz-da, esasan, Hudaýyň Sözüne üns bermeli. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okamaly bolanymyzda, muny gowy ýerine ýetirjek bolmaly.
Dogry nygtamak üçin duýgy bilen okamaly. Mukaddes Ýazgylaryň aýatlaryny duýgy bilen okamaly. Meselem, Zebur 37:11-däki parahat ýaşaýşy wada berýän sözleri şatlykly ses bilen okamaly. Ylham 21:4-däki horluklaryň we ölümiň bolmajakdygy baradaky ajaýyp pygamberligi minnetdarlyk duýgusy bilen aýtmaly. Ylham 18:2, 4, 5-nji aýatlardaky günäli «Uly Babyldan» çykmalydygy baradaky çakylygy gaýragoýulmasyz äheň bilen okamaly. Elbetde, bu duýgular ýasama bolmaly däl-de, ýürekden çykmaly. Duýgulary dogry bermek okaýan aýadyňyza we ony näme maksat bilen getirýändigiňize baglydyr.
Gerekli sözleri nygtamaly. Eger siziň aýdýanlaryňyz aýadyň bir bölegine esaslanýan bolsa, onda diňe şol bölegi nygtap okamaly. Meselem, Matta 6:33-däki «öňürti Hudaýyň Patyşalygyny... agtaryň» diýen sözleriň näme aňladýandygyny düşündirmekçi bolsaňyz, onda aýatdaky «Onuň dogrulygyny» ýa-da «bu zatlar» diýen jümleleri nygtamaly däl.
Aýdaly, siz Gulluk duşuşygynda Matta 28:19-y okamakçy bolýarsyňyz. Şonda haýsy sözleri nygtamaly bolar? Eger siz wagyzçylaryň Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak üçin tagalla etmegini isleseňiz, «şägirt ediň» diýen sözleri nygtamaly. Emma daşary ýurtdan gelen adamlara wagyz etmegiň wajypdygyny görkezmekçi bolsaňyz ýa-da wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçmäge höweslendirmek isleseňiz, «bütin milletlere» diýen sözleri nygtaň.
Köplenç, aýatlar soraga jogap bermek ýa-da şübhelenýän adama getirilen delilleri tassyklamak üçin okalýar. Eger siz aýatdaky pikirleriň ählisini birmeňzeş nygtap geçseňiz, onuň näme üçin okalandygyna düşünmek kyn bolar. Aýat size düşnükli bolsa-da, söhbetdeşiňize düşnüksiz bolar.
Meselem, Ýahýa 17:3-däki ebedi ýaşaýyş barada gürrüň edeniňizde, söhbetdeşiňize ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmelidigini görkezmek isleseňiz, «ýalňyz hak Hudaýy we... Isa Mesihi tanamakdyr» diýen sözleri nygtamaly. Emma ebedi ýaşaýşyň hakykatdygyny görkezmek isleseňiz, onda «ebedi ýaşaýyş» diýen sözleri nygtap okamaly. Şonuň ýaly-da, Ýakup 2:24-i okanyňyzda, imany amallar bilen tassyklamalydygyny görkezjek bolsaňyz, «aklanýar» sözüni däl-de, «amallar» sözüni nygtamaly, ýogsam söhbetdeşiňiziň esasy pikirden ünsi sowlar.
Rimliler 15:7—13-nji aýatlarda-da peýdaly maslahatlary tapyp bilersiňiz. Bu Pawlus resulyň özge milletden we ýehudylardan ybarat bolan ýygnaga ýazan hatynyň bir bölegidir. Pawlus bu aýatlarda Isa Mesihe gulluk etmegiň diňe sünnetlenen ýehudylara däl-de, özge milletlere-de peýda berendigini düşündirýär, çünki «özge milletler Hudaýy merhemeti üçin şöhratlandyryp» bildiler. Soňra Pawlus milletlere berlen mümkinçilik barada dört aýady agzaýar. Pawlusyň pikirlerini dogry nygtamak üçin nädip okamaly? Eger siz nygtajak sözleriňizi bellik edýän bolsaňyz, onda 8-nji aýatdaky «özge milletler», 10-njy aýatdaky «milletler», 11-nji aýatdaky «bütin milletler» we «bütin halklar», 12-nji aýatdaky «milletler» sözleriniň aşagyny çyzyň. Soňra Rimliler 15:7—13-nji aýatlardaky şol sözleri nygtap okamaga çalşyň. Şonda Pawlusyň pikir yzygiderligi aýdyň we düşnükli bolar.
Nygtamagyň usullary. Esasy pikirleri görkezýän sözleri nygtamagyň birnäçe usullary bar. Olary okajak aýadyňyza we etjek gürrüňiňize görä saýlamaly bolýar. Olaryň birnäçesi aşakda getirilýär.
Ses bilen nygtamak. Sesi özgerdip, sözlemdäki esasy pikirleri görkezýän sözleri nygtap bolýar. Olary sesiň batlylygyny özgertmek bilen, ýagny ýokary ýa-da pes äheňde aýdyp tapawutlandyryp bolýar. Köp dillerde sesiň tizligini üýtgedip hem nygtap bolýar, ýöne käbir dillerde bu sözüň manysyna täsir edip bilýär. Eger esasy pikirler haýalrak aýdylsa, olar has ähmiýetli bolup görünýär. Esasy pikirleri ses bilen nygtap bolmaýan diller hem bar. Şeýle ýagdaýda maksada ýetmek üçin şol dillere mahsus bolan usullary ulanmak gerek.
Säginmek. Muny esasy pikiriň öňünden ýa-da soňundan, ýa-da hem öňünden, hem soňundan edip bolýar. Esasy pikiriň öňünden säginilse, gyzyklanma döreder, soňundan säginilende, çuňňur täsir galdyrar. Emma çendenaşa köp säginilse, hiç hili netije bermez.
Gaýtalamak. Esasy pikiri nygtamagyň ýene bir usuly — biraz durup, gerekli sözleri ýa-da jümleleri gaýtalap okamak. Munuň üçin aýady doly tamamlap, soňra ondaky esasy jümleleri gaýtalap aýtmaly.
Hereketler. Köplenç, el we ýüz hereketleri sözi ýa-da sözlemi janlandyrýar.
Äheň. Käbir dillerde sözleri nygtamak we olaryň manysyny aýdyňlaşdyrmak üçin belli bir äheň bilen aýtmaly bolýar. Emma bu usul ulanylanda düşgürlik gerek, esasan-da, ýaňsylaýjy sözlerde seresap bolmaly.
Aýady başgalar okanda. Söhbetdeşiňiz Mukaddes Ýazgylardan aýady okanda, ol gerekli sözleri nygtamazlygy ýa-da hiç bir sözi nygtaman okamagy mümkin. Şonda näme etmeli? Şeýle ýagdaýda gowusy aýadyň näme üçin okalandygyny düşündiriň, soňra ünsüni esasy pikiri görkezýän sözlere gönükdiriň.
-
-
Aýatlary dogry ulanmakWagyz mekdebi
-
-
22-NJI SAPAK
Aýatlary dogry ulanmak
ADAMLARA tälim bereniňizde, Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okamak ýeterlikli däl. Pawlus resul dosty Timoteosa şeýle ýazdy: «Hakykat sözüni dogry ulanyp, özüňi gowy görülýän, utanmajak işçi hökmünde Hudaýa hödürlejek bolup gaýrat et» (2 Tim. 2:15).
Biz aýatlary Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna garşy gelmez ýaly düşündirmeli. Munuň üçin özümize ýaraýan sözleri we pikirleri saýlamaly däl-de, aýadyň kontekstini göz öňünde tutmaly. Ýehowa Ýermeýa pygamber arkaly ýalan pygamberleri ýazgarypdyr, çünki olar Hudaýyň adyndan pygamberlik edýäris diýseler-de, «öz ýüreginiň» hyýallaryny aýdypdyrlar (Ýer. 23:16). Pawlus resul mesihçilere Hudaýyň Sözüni ynsan filosofiýalary bilen ýoýmaly däldigini aýtdy: «Biz, köp adamlar ýaly, Hudaýyň sözüni alyş-çalyş etmän, eýsem, Hudaýdan bolup, Hudaýyň huzurynda Mesihe baglylykda janypkeşlik bilen gepleýäris». Şol döwürlerde ynsapsyz söwdagärler köp gazanç etmek üçin şeraba hili pes şeraby goşup satypdyrlar. Biz hem Hudaýyň Sözüniň saplygyny ynsan filosofiýasy bilen bozmaly däl. Pawlus şeýle ýazdy: «Gizlin, utançly ýollary ret etdik. Biz hile bilen gezmän, Hudaýyň sözüniň saplygyny bozmaýarys» (2 Kor. 2:17; 4:2).
Käte siz bir prinsipi belläp geçmek üçin aýat okamaly bolýarsyňyz. Mukaddes Ýazgylarda durmuşyň dürli ýagdaýlarynda görkezme berýän ençeme prinsipler bar (2 Tim. 3:16, 17). Emma siz okaýan aýadyňyzyň şol ýagdaýa gabat gelýändigine we öz isleýän zatlaryňyzy aýtjak bolup, ony nädogry ulanmaýandygyňyza göz ýetirmeli (Zeb. 91:11, 12; Mat. 4:5, 6). Ulanýan aýadyňyz Ýehowanyň niýetine we Onuň Sözüne garşy gelmeli däl.
«Hakykat sözüni dogry ulanmak üçin» Mukaddes Ýazgylaryň asyl maksadyna düşünmeli. Hudaýyň Sözi — adamlary gorkuzmak üçin ulanylýan «taýak» däl. Isa Mesihe garşy gidýän dini ýolbaşçylar Ýazgylardan aýatlary getirseler-de, Hudaýyň talap edýän iň wajyp zatlaryna, ýagny adalatlylyga, rehimdarlyga we imana göz ýumýardylar (Mat. 22:23, 24; 23:23, 24). Isa Hudaýyň Sözüni öwredende Atasynyň häsiýetlerini görkezýärdi. Onuň hakykata bolan yhlasy tälim berýän adamlaryna bolan söýgüsi bilen berk baglanyşyklydy. Biz-de Isanyň göreldesine eýermäge çalyşmaly (Mat. 11:28).
Aýady dogry düşündirendigiňize nädip ynamly bolup bilersiňiz? Munuň üçin Mukaddes Ýazgylary her gün okamaly. Şeýle-de biz Ýehowanyň «sadyk hem akylly hyzmatkär», ýagny mesh edilen mesihçiler topary arkaly berýän ruhy iýmitlerine minnetdar bolmaly (Mat. 24:45). «Sadyk hem akylly hyzmatkäriň» täliminden peýda almak üçin şahsy okuwyny geçirmeli we ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmaly.
Eger siziň diliňizde «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» kitaby bar bolsa we ony ulanmagy gowy öwrenen bolsaňyz, onda wagyz gullugynda ulanylýan ýüzlerçe aýadyň dogry düşündirilişini aňsatlyk bilen tapyp bilersiňiz. Eger siz köp ulanylmaýan aýady okamak isleseňiz, kiçigöwünlilik size, ilki bilen, ony derňemäge höweslendirer. Şonda siz hakykat sözüni dogry düşündirip bilersiňiz (Sül. tym. 11:2).
Aýatlary gowy düşündiriň. Adamlara tälim bereniňizde, olar gürrüň edýän temaňyz bilen okaýan aýadyňyzyň arasyndaky baglanyşygyny aýdyň görmeli. Eger siz aýada degişli giriş sözlerini sorag görnüşinde aýtsaňyz, diňleýjiler aýadyň soraga jogap berýändigine düşünmeli. Eger-de aýady aýdan sözleriňizi tassyklamak üçin getirseňiz, onda olar aýady delil hökmünde ulanýandygyňyzy bilmeli.
Köplenç, aýatdaky sözleri nygtap okamaklyk ýeterlikli bolmaýar. Adamlaryň köpüsiniň Mukaddes Ýazgylar bilen tanyş däldigini we aýadyň bir sapar okalany bilen manysyna düşünip bolmaýandygyny unutmaň. Şol sebäpli adamlaryň ünsüni aýadyň gürrüň edýän temaňyza degişli bölegine çekiň.
Şeýle ýagdaýda, köplenç, gürrüň edilýän pikire degişli sözleri aýratyn belläp geçmeli bolýar. Munuň üçin esasy pikiri düşündirýän sözleri gaýtalamaly. Eger siz bir adam bilen gürrüňdeş bolýan bolsaňyz, esasy sözleri tapawutlandyrmaga kömek edýän soragy berip bilersiňiz. Käbir nutukçylar köpçülige ýüzlenende, bu maksada ýetmek üçin manydaş sözleri ulanýarlar ýa-da pikiri gaýtalap aýdýarlar. Emma bu usuldan peýdalananyňyzda, diňleýjiler gürrüň edilýän tema bilen aýatdaky sözleriň baglanyşygyny ýitirmez ýaly ünsli bolmaly.
Gerekli sözleri nygtap aýtmaklyk peýdalydyr. Ýöne munuň bilen çäklenmeli däl. Siz aýada giriş sözlerini aýdanyňyzda, ony näme üçin okajakdygyňyzy düşündirdiňizmi? Eger düşündiren bolsaňyz, onda nygtap okan sözleriňiziň giriş sözleri bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny görkeziň. Muny açyk-aýdyň görkezmek wajyp. Hatda giriş sözlerini giňişleýin aýtmasaňyz-da, aýada degişli käbir düşündirişleri bermeli bolarsyňyz.
Bir gezek fariseýler Isa ýüzlenip: «Her bir sebäp bilen aýaly aýyrmak dogrumydyr?» diýen, göräýmäge, kyn soragy berýärler. Şonda Isa Gelip çykyş 2:24-e esaslanyp jogap berýär. Ol aýadyň diňe bir bölegine üns berip, gerekli düşündirişi berýär. Isa erkek adam bilen aýalyň «bir ten» bolýandygyny nygtap, şeýle diýýär: «Hudaýyň goşanyny bendesi aýyrmasyn» (Mat. 19:3—6).
Diňleýjiler aýada gowy düşünip, ony nädip ulanmalydygyny biler ýaly näçeräk düşündiriş bermeli? Bu siziň gürrüň edýän temaňyzyň wajyplygyna we diňleýjileriňize bagly bolýar. Emma aýdyň we ýönekeý düşündirmegi maksat ediniň.
Ýazgylar esasynda pikir alşyň. Resullaryň işleri 17:2, 3-nji aýatlarda Pawlus resulyň Selanikde wagyz edende «Mukaddes Ýazgylardan gürrüň berendigi» aýdylýar. Ýehowanyň her bir gullukçysy şeýle ukyby ösdürmäge jan etmeli. Meselem, Pawlus Ýewreý Ýazgylarynda Isanyň ýaşaýşy we gullugy barada pygamberlik edilendigini aýtdy. Soňra ol ynam bilen: «Meniň size wagyz edýän bu Isam Mesihdir» diýdi.
Pawlus resul Ýewreýlere ýazan hatynda-da Ýewreý Ýazgylaryna salgylanýar. Ol bir pikiri nygtamak ýa-da aýdyňlaşdyrmak üçin, köplenç, bir söze, ýa-da gysga jümlä aýratyn üns berip, soňra onuň ähmiýetini görkezýärdi (Ýew. 12:26, 27). Pawlus Ýewreýlere ýazan hatynyň 3-nji babynda Zebur 95:7—11-nji aýatlara salgylanýar. Onuň üç pikiri aýratyn belläp geçişine üns beriň. Ol 1) ýürek sözüni agzaýar (Ýew. 3:8—12), 2) «Bu gün» diýen sözleriň wajyplygyny görkezýär (Ýew. 3:7, 13—15; 4:6—11) we 3) «Olar dynçlyk ülkäme girmez!» diýen sözleriň manysyny düşündirýär (Ýew. 3:11, 18, 19; 4:1—11). Sizem her bir aýady düşündireniňizde, Pawlusyň göreldesine eýermäge çalşyň.
Luka 10:25—37-nji aýatlardan Isanyň Ýazgylar esasynda ökdelik bilen pikir alşandygyny görse bolýar. Bir kanunçy Isadan: «Mugallym! Ebedi ýaşaýşy miras almak üçin, meniň näme etmegim gerek?» diýip soraýar. Isa, ilki, oňa bu babatda öz pikirini aýtmaga mümkinçilik berýär, soňra Hudaýyň Sözünde aýdylanlary berjaý etmegiň wajypdygyny belläp geçýär. Isa onuň esasy zada düşünmändigine göz ýetirende, aýatdaky bir sözüň, ýagny «goňşy» sözüniň esasynda pikir alyşýar. Isa bu sözüň manysyny diňe bir düşündirmän, eýsem, aýdyň mysal getirip, adamyň özüne dogry netijä gelmäge kömek edýär.
Görşümiz ýaly, Isa soraga jogap berende, diňe bir aýady getirmek bilen çäklenmändir. Ol aýatdaky sözleri derňäp, soňra soragyň jogabyny görkezýärdi.
Sadukeýler Isa direlişe bolan umyt barada kyn sorag berenlerinde, ol Müsürden çykyş 3:6-daky bir aýratynlyga olaryň ünsüni çekýär. Emma ol diňe aýady getirmek bilen çäklenmeýär. Isa direlişiň Hudaýyň niýetidigini aýdyň görkezmek üçin, şol aýat esasynda pikir alyşýar (Mar. 12:24—27).
Tejribeli mugallym bolmak üçin Ýazgylar esasynda dogry we ökdelik bilen pikir alyşmak ukybyny ösdürmek wajypdyr.
-
-
Peýdaly tarapyny aýdyň görkezmekWagyz mekdebi
-
-
23-NJI SAPAK
Peýdaly tarapyny aýdyň görkezmek
BIR adam bilen gürrüňdeş bolsaňyz-da, köpçülige ýüzlenseňiz-de, sizi gyzyklandyrýan tema ony-da ýa-da olary-da gyzyklandyrar öýtmek nädogry bolar. Siziň temaňyz wajyp bolsa-da, onuň peýdaly tarapyny aýdyň görkezip bilmeseňiz, diňleýjiler sizi uzak wagtlap diňlemezler.
Muny Patyşalyk zalynda çykyş edeniňizde-de göz öňünde tutmaly. Eger siz diňleýjileriň öň eşitmedik mysalyny ýa-da wakasyny gürrüň berseňiz, olar sizi ünsli diňlärler. Emma diňleýjileriň bilýän zadyny aýtsaňyz, ylaýta-da, soragy çuňňur düşündirmeseňiz, olar ünsli diňlemezler. Şol sebäpli olara aýdýan zatlaryňyzyň näme üçin we nähili peýdasynyň bardygyny görmäge kömek etmeli.
Mukaddes Ýazgylar bizi peýdaly zatlar barada oýlanmaga höweslendirýär (Sül. tym. 3:21). Ýehowa Ýahýa Çokundyryjy arkaly adamlary dogrulyga, ýagny peýda getirýän akyldarlyga tarap gönükdirdi (Luka 1:17). Şeýle akyldarlyk Ýehowadan gorka esaslanýar (Zeb. 111:10). Bu akyldarlygy gymmat saýýan adamlar kynçylyklara hötde gelýärler we hakyky ýaşaýşa, ýagny ebedi ýaşaýyş umydyna berk ýapyşýarlar (1 Tim. 4:8; 6:19).
Nutugy peýdaly ediň. Çykyşyňyzy peýdaly etmek üçin, diňe bir ýygnan maglumatyňyz barada däl-de, diňleýjiler hakda hem oýlanmaly. Olara bir ýygnanan märeke hökmünde garamaň. Olar aýry-aýry adamlardan we maşgalalardan ybaratdyr. Olaryň arasynda çagalar, ýetginjekler, uly ýaşly adamlar we garrylar bar. Mümkin, ýaňy gyzyklananlar we siz dünýä inmänkäňiz Ýehowa gulluk edip başlan mesihçiler bardyr. Olaryň käbiri ruhy taýdan ýetişendir, käbirine bolsa dünýäniň garaýşy we kadasy güýçli täsir edýändir. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu tema diňleýjilere peýdaly bolar ýaly näme etmeli? Olara peýdasyny görmäge nädip kömek etmeli?» Siz ýokarda agzalan bir ýa-da iki topara aýratyn üns berip bilersiňiz, emma galan adamlary-da unutmaň.
Aýdaly, size Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlarynyň biri boýunça çykyş etmek tabşyryldy. Bu taglymata ynanýan diňleýjiler nutukdan peýda alar ýaly näme edip bilersiňiz? Olaryň imanlaryny has-da berkitmäge çalşyň. Muny nädip etmeli? Siz Mukaddes Ýazgylardan bu taglymaty tassyklaýan subutnamalary getirip bilersiňiz. Şeýle-de diňleýjilere onuň peýdasyna has-da gowy düşünmäge kömek ediň. Munuň üçin bu taglymatyň Mukaddes Ýazgylaryň başga taglymatlary hem-de Ýehowanyň häsiýetleri bilen nähili baglanyşýandygyny görkezip bilersiňiz. Bu taglymata düşünmegiň adamlara nähili peýda getirendigini we gelejege bolan garaýşyna eden täsirini görkezýän (mümkin bolsa, durmuşda bolan) wakalary mysal getiriň.
Nutugyň soňunda birnäçe sözler bilen onuň peýdaly taraplaryny görkezmek ýeterlikli däl. Çykyş edip başlanyňyzdan, diňleýjileriň her biri nutugyň özüne degişlidigine düşünmeli. Soňra nutugyň bütin dowamynda we ahyrynda esasy pikirleriň hersiniň peýdaly tarapyny görkezmeli.
Nutugyň peýdaly taraplaryny görkezeniňizde, muny Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine laýyk gelýän tärde aýtmaly. Bu nämäni aňladýar? Aýdýan sözleriňizde söýgi we duýgudaşlyk görünmeli (1 Pet. 3:8; 1 Ýahýa 4:8). Pawlus resul Selanikde ýüze çykan kyn meseläni çözmeli bolanda, dogan-uýalaryň gowy taraplaryny-da, ýagny ruhy taýdan ösüşini belläp geçdi. Şeýle-de Pawlus bu meselede olaryň dogrulyk etmäge isleginiň bardygyny ynam bilen agzap geçdi (1 Sel. 4:1—12). Gör, nähili ajaýyp görelde!
Siz nutugyňyz arkaly dogan-uýalary wagyz we şägirt taýýarlamak işine has yhlasly gatnaşmaga höweslendirmelimi? Onda olarda bu hormatly iş üçin minnetdar bolmaga we oňa höwes bilen gatnaşmaga isleg dörediň. Emma Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, olaryň mümkinçilikleriniň çäkli bolup bilýändigini göz öňünde tutuň (Mat. 13:23). Dogan-uýalary oňaýsyz ýagdaýa salyp utandyrmaň. Ýewreýler 10:24-däki sözler bizi söýgi bildirmäge we oňat işleri etmäge höweslendirýär. Eger biz diňleýjileri söýgini bildirmäge höweslendirsek, olaryň oňat işleri etmäge islegi bolar. Biz özümizçe kada-kanun çykarmaly däl-de, Ýehowanyň adamlaryň «imana boýun bolmagyny» isleýändigine düşünmeli (Rim. 14:25). Şulary ýatda saklasak, biz hem özümiziň, hem dogan-uýalarymyzyň imanyny berkidip bileris.
Hoş habaryň peýdasyny görkeziň. Adamlara wagyz edeniňizde, hoş habaryň peýdaly taraplaryny görkezmäge çalşyň. Munuň üçin meýdançaňyzdaky adamlaryň näme hakda pikir edýändigini bilmeli. Ony nädip bilse bolar? Radioda we telewizorda aýdylýan täzelikleri diňläň. Gazetde ýazylan habarlary okaň. Şeýle-de adamlary gürrüňdeş bolmaga höweslendiriň we olary ünsli diňläň. Şonda siz olaryň nähili kynçylyklar bilen göreşýändigine göz ýetirip bilersiňiz. Belki-de, olar işden çykarylmak, kireýine ýaşamak, keselçilik, dogan-garyndaşlaryndan biriniň ölümi, jenaýatçylyk, ýolbaşçy adam tarapyndan adalatsyzlyga uçramak, nikanyň bozulmagy, çagalary terbiýelemek ýaly kynçylyklara duş gelýändirler. Mukaddes Ýazgylar olara kömek edip bilermi? Elbetde, kömek edip biler.
Siz adam bilen gürrüňe başlamankaňyz, aýtjak temaňyza öňünden taýýarlanansyňyz. Emma adamy başga mesele gyzyklandyrýan bolsa, taýýarlan temaňyzy däl-de, ony biynjalyk edýän zat hakynda gürrüň ediň ýa-da bu barada gerekli maglumaty toplap, indiki sapar geleniňizde ara alyp maslahatlaşjakdygyňyzy aýdyň. Elbetde, biz adamlaryň «işine gatyşmakdan» gaça durýarys, ýöne Mukaddes Ýazgylaryň peýdaly maslahatlaryny höwes bilen teklip ederis (2 Sel. 3:11). Hawa, Mukaddes Ýazgylaryň durmuşa degişli maslahatlary adamlara güýçli täsir edip biler.
Adamlar aýdýan sözlerimiziň özüne degişli tarapyny görmeseler, gürrüňdeşligi derrew tamamlamak bilen bolarlar. Eger olar sözümizi bölmän diňleseler-de, meseläniň peýdaly tarapyny görkezip bilmesek, aýdýan zatlarymyzyň olara hiç hili täsiri bolmaz. Eger-de meseläniň peýdaly tarapyny açyk-aýdyň etsek, bu adamlaryň durmuşyny bütinleý özgerdip biler.
Adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde, olara onuň peýdasyny görkeziň (Sül. tym. 4:7). Okuw geçýän adamlara Ýehowanyň ýolunda nädip ýöremelidigini görkezýän Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlaryna, prinsiplerine we mysallaryna düşünmäge kömek ediň. Olara eýermegiň peýdalydygyny nygtaň (Iş. 48:17, 18). Bu gyzyklanýan adamlary durmuşyny özgertmäge höweslendirer. Olaryň Ýehowa bolan söýgüsini we onuň göwnünden turmak islegini artdyrmaga ýardam ediň. Şonda olar Hudaýyň Sözüniň maslahatlaryna ýürekden eýererler.
-