Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w17 Sentýabr sah. 18—22
  • «Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • DIL BILEN BAGLY KYNÇYLYKLAR
  • GREK SYÝASATYNYŇ TÄSIRI
  • TERJIME BILEN BAGLY KYNÇYLYKLAR
  • «PEÝDALY ZADY ÖWREDÝÄN SIZE»
  • Ýehowa adamlar bilen gepleşýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
w17 Sentýabr sah. 18—22
Gadymy döwürde Mukaddes Ýazgylaryň ýazyjysy we häzirki döwrüň okyjysy

«Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar»

«Ot guraýar, gül solýar, emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar». IŞ. 40:8

AÝDYMLAR: 43, 48

HUDAÝYŇ SÖZI... NÄDIP ÇYDADY?

  • dil bilen bagly kynçylyklara...

  • syýasy özgerişiklere...

  • terjime bilen bagly kynçylyklara...

1, 2. a) Mukaddes Ýazgylar bolmadyk bolsa ýaşaýyş nähili bolardy? b) Hudaýyň Sözi bize nähili peýda getirýär?

SIZ Mukaddes Ýazgylar bolmadyk bolmasa, ýaşaýşyňyzyň nähili boljakdygy barada oýlanyp görüpmidiňiz? Şonda gündelik durmuş üçin wajyp bolan ygtybarly maslahatlar bolmazdy. Biz Hudaý, durmuşyň manysy we gelejek bilen bagly soraglarymyza kanagatlanarly jogap tapyp bilmezdik. Hudaýyň geçmişde adamzat maşgalasy üçin nämeleri edendigini-de bilmezdik.

2 Biz çykalgasyz ýagdaýda däldigimize begenýäris. Sebäbi Ýehowa bize öz Sözüni, ýagny Mukaddes Ýazgylary sowgat berdi. Ol Sözüniň ebedi galjakdygyna kepil geçýär. Petrus resul hem muny tassyklap, Işaýa 40:8-e salgylanypdy. Bu aýatdaky sözler Mukaddes Ýazgylaryň özüni däl-de, ondaky ylhamlanyp ýazylan habary aňladýar (1 Petrus 1:24, 25-nji aýatlary okaň). Elbetde, öz ene dilimizde ýazylan Mukaddes Ýazgylar has-da peýda getirýär. Hudaýyň Sözüni söýýänler munuň hakykatdygyna göz ýetirdiler. Bu aňsat bolmasa-da, asyrlaryň dowamynda akýürekli adamlar Ýazgylary terjime edip, ýaýratmak üçin elinde baryny etdiler. Olaram Hudaý ýaly «ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýärler» (1 Tim. 2:3, 4).

3. Şu makalada nämä serederis? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

3 Biz şu makalada Hudaýyň Sözüniň 1) dil bilen bagly kynçylyklara, 2) syýasy özgerişiklere we 3) terjime bilen bagly kynçylyklara nädip döz gelendigi barada gürrüň ederis. Eýsem, bu soraglaryň jogabyny bilmegiň nähili peýdasy bar? Ol biziň Hudaýyň Sözüne bolan minnetdarlygymyzy artdyrmaga kömek eder. Şeýle-de biziň peýdamyz üçin ýazylan Mukaddes Ýazgylaryň Awtoryna bolan söýgimizi berkider (Mik. 4:2; Rim. 15:4).

DIL BILEN BAGLY KYNÇYLYKLAR

4. a) Wagtyň geçmegi bilen dillere näme bolýar? b) Ýehowanyň bir dili başga dilden ýokary tutmaýandygy nämeden görünýär we bu size nähili täsir edýär?

4 Adatça, wagtyň geçmegi bilen diller üýtgeýär. Sözler we jümleler düýbünden başga many berip bilýär. Meselem, siz öz ene diliňiziň üýtgändigi barada oýlanyp bilersiňiz. Mukaddes Ýazgylaryň ilkibaşdaky ýazylan dilleri barada hem şeýle diýse bolar. Häzirki ýewreý we grek dilleri gadymy döwürdäkiden örän tapawutlanýar. Şonuň üçin Hudaýyň Sözüne düşünmek isleýän adam ýewreý we grek dillerini bilse-de, onuň asyl nusgasyny däl-de, terjimesini okamaly bolýar. Emma käbir adamlar Mukaddes Ýazgylara düşünmek üçin gadymy ýewreý we grek dilini öwrenmeli diýip pikir edýärler. Ýöne munuň peýdasy az bolsa gereka. Häzir Mukaddes Ýazgylar tutuşlygyna we onuň käbir kitaplary 3 müň 200-den gowrak dile terjime edildi. Dogrudan-da, Ýehowa Sözüniň «her milletden, her taýpadan, her dilden» bolan adamlara elýeterli bolmagyny isleýär (Ylham 14:6-ny okaň). Eýsem, bu sizi söýgüden doly we hiç kimi ala tutmaýan Hudaýa ýakynlaşmaga höweslendirmeýärmi? (Res. iş. 10:34).

5. «Korol Ýakowyň terjimesiniň» nähili aýratynlygy bar?

5 Dilleriň üýtgemegi Mukaddes Ýazgylaryň terjime edilen diline-de täsir edýär. Sebäbi wagtyň geçmegi bilen, oňa düşünmek kyn bolýar. Geliň, iňlis dilindäki Mukaddes Ýazgylaryň bir nusgasy bolan «Korol Ýakowyň terjimesini» alyp göreliň. 1611-nji ýylda terjime edilen bu kitap Mukaddes Ýazgylaryň giňden ýaýran neşiri hasaplanylýar, sebäbi onuň dili örän täsirlib. «Korol Ýakowyň terjimesinde» Ýehowanyň adyna duş gelse bolýar. Ýöne ol bary-ýogy käbir aýatlarda ulanylýar. Galan ýerinde bolsa Hudaýyň adyna derek baş harplar bilen «REB» diýip ýazylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen, Injiliň, ýagny Grek ýazgylarynyň hem käbir ýerlerinde «REB» diýen söz ulanylypdyr. «Korol Ýakowyň terjimesinde» Hudaýyň adynyň goýlandygy üçin, oňa «Täze Äht» diýen at berildi.

6. Biz «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň» çykarylandygyna näme üçin begenýäris?

6 Muňa garamazdan, «Korol Ýakowyň terjimesinde» gadymy döwürde ulanylan sözler köp. Mukaddes Ýazgylaryň öňki terjimeleri barada hem şeýle diýse bolýar. Şonuň üçin «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň» çykarylandygyna biz örän begenýäris. Ol tutuşlygyna ýa-da käbir kitaplarynyň 150-den gowrak dile terjime edilendigi üçin, ýer ýüzüniň ilatynyň köp bölegi ony öz ene dilinde okap bilýär. Muny Hudaýyň Sözündäki habaryň ýüregimize täsir edýändiginden aýdyň görse bolýar (Zeb. 119:97). Galyberse-de, «Täze dünýä terjimesinde» Hudaýyň ady öz durmaly ýerinde goýuldy.

GREK SYÝASATYNYŇ TÄSIRI

7, 8. a) B. e. öň III asyrda näme üçin ýehudylaryň köpüsi Ýewreý ýazgylaryna düşünmeýärdiler? b) Septuaginta näme?

7 Syýasatyň gülläp ösmegi käte halkyň arasynda giňden ulanylýan dile-de täsir edýär. Hudaý munuň adamlara öz Sözüne düşünmäge päsgel berjekdigini göz öňünde tutdumyka? Taryha ser salsak, munuň jogabyny bileris. Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji 39 kitabyny ysraýyl halkyndan bolan adamlar, ýagny ýewreýler ýazdy. «Sebäbi Hudaýyň mukaddes habary ilki olara ynanyldy» (Rim. 3:1, 2). Emma b. e. öň III asyrda ýehudylaryň köpüsi ýewreý diline düşünmeýärdiler. Näme üçin? Sebäbi Isgender Zülkerneýin Grek imperiýasynyň çägini ulaltdy (Dan. 8:5—7, 20, 21). Şeýdip, grek dili halkara dile öwrüldi we imperiýanyň çäklerinde ýaşaýan adamlar, şol sanda ýewreýlerem şol dilde gepläp başlady. Şonuň üçin Ýewreý ýazgylaryna düşünmek gitdigiçe kynlaşýardy. Bu kynçylyk nädip çözüldi?

8 B. e. öň III asyryň ortalarynda Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji bäş kitaby grek diline terjime edilýär. Onuň galan kitaplaryny bolsa b. e. öň II asyrda terjime edýärler. Mukaddes Ýazgylaryň bu ýygyndysyna Septuaginta diýilýär. Şonda Mukaddes Ýazgylar ilkinji sapar tutuşlygyna terjime edilipdi.

9. a) Septuaginta we başga terjimeler Hudaýyň Sözüniň okyjylaryna nähili täsir edýärdi? b) Siz Ýewreý ýazgylarynyň haýsy parçasyny has gowy görýärsiňiz?

9 Grek dilinde gepleýän ýehudylar we başga adamlar Septuagintany okap, Ýewreý ýazgylaryna düşünip başladylar. Göz öňüne getiriň, adamlar Hudaýyň Sözüni öz ene dilinde okap ýa-da eşidip bilýärdi! Birnäçe wagtdan Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplaryny gadymy siriýalylaryň, gotlaryň we latynlaryň diline terjime etdiler. Mukaddes Ýazgylary öz ene dilinde okap, olaryň häzirki okyjylaryň köpüsi ýaly gowy görýän parçalary bolan bolsa gerek (Zebur 119:162—165-nji aýatlary okaň). Görşümiz ýaly, syýasy özgerişikleriň dile täsir edendigine garamazdan, Hudaýyň Sözi kynçylyklara döz gelýär.

TERJIME BILEN BAGLY KYNÇYLYKLAR

10. Jon Uiklifiň döwründe Mukaddes Ýazgylar näme üçin köplere elýeterli däldi?

10 Käte ygtyýarly adamlar Mukaddes Ýazgylary sada halkyň okamagyna garşylyk görkezýärdi. Emma bu akýürekli adamlary gorkuzmaýardy. Meselem, XIV asyrda ýaşan dini taglymatçy Jon Uiklif bilen bolan waka seredeliň. Ol Hudaýyň Sözüniň her bir adama peýda getirmegini isleýärdi. Ýöne şol döwürde Mukaddes Ýazgylar iňlis halky üçin elýeterli däldi. Näme üçin? Birinjiden, Mukaddes Ýazgylaryň nusgasy elde göçürilýärdi we ol örän gymmatdy. Ikinjiden, adamlaryň köpüsi bilimsizdi. Elbetde, olar buthana baranda, Mukaddes Ýazgylary diňläp bilýärdiler. Ýöne eşidýän zatlaryna düşünmeýärdiler. Sebäbi buthanada Mukaddes Ýazgylaryň latyn dilindäki (Wulgata) terjimesi okalýardy. Emma orta asyrlarda latyn dili gepleşikden galdy. Onda Mukaddes Ýazgylary gymmat saýýan adamlarda indi hiç hili çykalga ýokmy? (Sül. tym. 2:1—5).

Jon Uiklif we başgalar

Jon Uiklif we onuň şägirtleri Hudaýyň Sözüniň her bir adama elýeterli bolmagyny isleýärdiler. Sizde-de şeýle isleg barmy? (11-nji abzasa serediň)

11. Uiklifiň Ýazgylary adamlara nähili täsir etdi?

11 1382-nji ýylda Mukaddes Ýazgylaryň iňlis diline terjime edilen neşiri çykdy. Soňra ol Uiklifiň Ýazgylary hökmünde tanalýardy. Ol Uiklifiň janköýerleriniň arasynda derrew ýaýrady. Hudaýyň Sözüniň sada adamlaryň aňyna we ýüregine täsir etmegini isleýän bu adamlara «Lollardlar» diýen at berdiler. Olar Angliýanyň obalaryna ýekeme-ýeke pyýada aýlanyp, wagyz edýärdiler. Lollardlar köplenç duş gelen adamlaryna Uiklifiň Ýazgylaryny okap, onuň elde göçürilen nusgasyny berýärdiler. Olaryň eden tagallasy akýürekli adamlaryň Hudaýyň Sözüne bolan yhlasynyň täzeden lowlamagyna getirdi!

12. Buthana ýolbaşçylary Uiklifiň we şägirtleriniň eden işlerine nähili garadylar?

12 Ruhanylar muňa nähili garadylar? Olar Uiklife, onuň terjimesine we şägirtlerine bolan ýigrenjini aç-açan görkezdiler. Dini ýolbaşçylar lollardlary yzarlap başladylar. Olar Uiklifiň Ýazgylarynyň köp terjimelerini tapyp, olary ýok etdiler. Hatda ol aradan çykansoňam, ony (ýeretik) dinini satan adam diýip yglan etdiler. Elbetde, birwagt aradan çykan adama jeza berip bolmaýar. Şonuň üçin buthana ýolbaşçylary Uiklifiň süňklerini ýakdylar, külüni bolsa derýa akdyrdylar. Emma buthana ýolbaşçylaryna Hudaýyň Sözüni okamak we düşünmek isleýän adamlaryň badyny gowşatmak başartmady. Şondan soňam ençeme asyrlaryň dowamynda köpler Ýewropada we dünýäniň dürli künjeginde Mukaddes Ýazgylary sada adamlaryň diline terjime edip hem-de ýaýradyp başladylar.

«PEÝDALY ZADY ÖWREDÝÄN SIZE»

13. Biz nämä ynanýarys we bu biziň imanymyzy nädip berkidýär?

13 Şu günki mesihçiler Septuagintany, Uiklifiň Ýazgylaryny, «Korol Ýakowyň terjimesini» ýa-da başga terjimeleriň üstünde işlemek üçin nähili güýç sarp edilendigi hakda oýlanmaly. Biz taryha ser salyp, neşir edilen başga-da terjimeler barada oýlansak, Ýehowanyň wada berşi ýaly, onuň Sözüniň «ebedi galýandygyna» göz ýetireris. Eýsem, bu biziň Ýehowanyň başga-da wadalaryna bolan imanymyzy berkitmeýärmi? (Ýeş. 23:14).

14. Hudaýyň Sözi Ýehowa bolan söýgimizi nädip artdyrýar?

14 Asyrlaryň dowamynda dürli kynçylyklardan geçen Mukaddes Ýazgylar barada oýlansak, diňe bir imanymyzy berkitmän, Ýehowa bolan söýgimizi hem çuňlaşdyrýarc. Eýsem, Ýehowa näme üçin öz Sözüni gorap sakladyka? Onuň «ebedi galjakdygyna» näme üçin kepil geçdi? Sebäbi ol bizi söýýär we peýdaly zatlary öwredýär (Işaýa 48:17, 18-nji aýatlary okaň)d. Elbetde, bizem Ýehowanyň söýgüsine söýgi bilen jogap berip, tabşyryklaryna gulak assak, dogry bolardy (1 Ýah. 4:19; 5:3).

15. Indiki makalada nämä serederis?

15 Hawa, biz Hudaýyň Sözüni gymmat saýýarys we ondan doly peýdalanmak isleýäris. Mukaddes Ýazgylary özbaşdak okamagyň nähili peýdasy bar? Wagyzda adamlaryň ünsüni Hudaýyň Sözüne çekmäge bize näme kömek eder? Ýygnakda çykyş edenimizde, diňleýjileriň ünsüni Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna nädip çekip bileris? Bu soraglaryň jogabyna indiki makalada serederis.

a 2009-njy ýylyň 1-nji noýabrynda çykan «Garawul diňindäki» (rus.) «Ýewreý we grek dillerini öwrenmek wajypmy?» atly makala serediň.

b «Korol Ýakowyň terjimesinde» iňlis dilinde ulanylýan käbir idiomalara duş gelse bolýar.

c Işaýa 48:17 Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin. 18 Tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadanlygyňyz derýa deý, dogrulygyňyz deňiz tolkunlary deý bolardy».

d «Bu siziň üçin!» diýen çarçuwa serediň.

Uorwikdäki bütindünýä baş edaramyzda geçirilen Mukaddes Ýazgylaryň muzeýine barýanlar (Nýu-Ýork, ABŞ)

«Bu siziň üçin!»

2017-nji ýylyň 3-nji aprelinde Uorwikdäki (ABŞ, Nýu-Ýork ştaty) bütindünýä baş edaramyzda «Mukaddes Ýazgylar we Hudaýyň ady» diýen täze muzeý açyldy. Muzeýde örän seýrek duş gelýän Mukaddes Ýazgylaryň terjimelerini we Hudaýyň Sözünde agzalýan käbir zatlary görse bolýar. Olar arheologik tapyndylar bolmasa-da, edil şonuň ýaly edip ýasalan. Biz sizi Mukaddes Ýazgylar bilen tanyşdyrýan we baş edaramyzdaky beýleki muzeýleri görmäge çagyrýarys. Munuň üçin www.jw.org saýtyna girip, BIZ BARADA > FILIALLAR WE EKSKURSIÝA diýen bölümi saýlaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş