20-nji aýdym
Ýygnagymyzy patala
1. Ýygnagmyza diläp pata,
Doga edýäs Ýehowa.
Minnetdar biz saňa, Ata,
Pata berýäň ýygnaga.
2. Päk bolaly, kömek edäý,
Sözüň bilen jan Hudaý.
Bize päk dil, ýürek beräý,
Söýmegi hem öwredäý.
3. Ata senden dileýäs biz,
Agzybirlik, rahatlyk.
Goý, sözlermiz hem işlermiz,
Saňa bersin köp şatlyk.
(Şeýle-de Zeb. 22:22; 34:3; Iş. 50:4 serediň.)