Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w16 Ýanwar sah. 22—27
  • «Özüň bilen gitmäge» rugsat et

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Özüň bilen gitmäge» rugsat et
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ŞU GÜNLER MESH EDILENLERIŇ HEMMESINIŇ ADYNY BILMEK HÖKMANMY?
  • MESH EDILENLER ÖZÜNE NÄHILI GARAMALY?
  • MESH EDILENLERE BIZ NÄHILI GARAMALY?
  • NYŞANLARDAN DADÝANLARYŇ KÖPELÝÄNDIGINE BIYNJALYKLANMALYMY?
  • Biz siziň bilen gideris
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • «Mukaddes ruh ýüregimizde... ynam döredýär»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Hudaýyň Patyşalygyny almaga mynasyp saýylanlar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Gökdäkileriň we ýerdäkileriň ýygymy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
w16 Ýanwar sah. 22—27
Goýunlar çopanyň yzyna düşüp, baýyrlykdan aşak inýär

«Özüň bilen gitmäge» rugsat et

«Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik». ZAK. 8:23

AÝDYMLAR: 32, 31

SIZ NÄHILI DÜŞÜNDIRERSIŇIZ?

  • Zakarýa 8:23-däki pygamberlik nädip ýerine ýetýär?

  • Mesh edilen mesihçi özüne nähili garamaly? (1 Kor. 4:6—8)

  • Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlaryň köpelýändigi bizi näme üçin biynjalyk etmeli däl? (Rim. 9:11, 16)

1, 2. a) Ýehowa biziň günlerimiz barada nämäni pygamberlik etdi? b) Biz şu makalada haýsy soraglara serederis? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

ÝEHOWA biziň günlerimiz barada şeýle pygamberlik etdi: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudalynyň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler“» (Zak. 8:23). Şu aýatlardaky on adam ýerde ýaşamaga umyt edýänleri aňladýar. Olar «ýahudalynyň eteginden tutup», yzyna eýerýärler. Ýerde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler «Hudaýyň Ysraýyly», ýagny mesh edilen mesihçiler bilen hyzmatdaşlyk etmegi hormat saýýarlar, sebäbi Ýehowanyň olary patalaýandygyny bilýärler (Gal. 6:16).

2 Zakarýa pygamber ýaly, Isa Mesihem Hudaýyň halkynyň arasynda agzybirligiň boljakdygyny nygtap geçdi. Ol şägirtleriniň iki topardan, ýagny «kiçi sürüden» we «başga goýunlardan» ybarat bolsa-da, olaryň «bir süri» we «bir çopan» boljakdygyny aýtdy (Luka 12:32; Ýah. 10:16). Emma Hudaýyň halkynyň iki topara bölünýändigi sebäpli şeýle soraglar ýüze çykýar: 1) Şu günler «başga goýunlara» degişli mesihçiler mesh edilenleriň hemmesiniň adyny bilmelimi? 2) Mesh edilen mesihçiler özlerine nähili garamaly? 3) Ýatlama agşamynda kimdir biri nyşanlardan datsa, biz muňa nähili garamaly? 4) Mesh edilenleriň köpelýändigi bizi biynjalyk etmelimi? Geliň şu soraglaryň jogabyna seredeliň.

ŞU GÜNLER MESH EDILENLERIŇ HEMMESINIŇ ADYNY BILMEK HÖKMANMY?

3. 144 müňe kimleriň degişlidigini näme üçin anyk bilip bolmaýar?

3 Şu günler başga goýunlara degişli mesihçilere mesh edilenleriň hemmesiniň adyny bilmek hökmanmy? Elbetde, ýok! Näme üçin? Sebäbi göge gitjekler entek gökdäki sylagyny däl-de, diňe çakylyk aldylar. Şol sebäpli-de Şeýtan «ýalan pygamberleri döredip... hatda saýlananlary hem aldajak» bolýar (Mat. 24:24). Mesh edilen mesihçiniň gökdäki sylagyny aljakdygyny ýa-da almajakdygyny hiç kim anyk bilmeýär. Ýehowa muny gelejekde çözer. Ýehowa wepaly mesh edilen mesihçisine ölüminiň öň ýanynda ýa-da «agyr muşakgatyň» öňüsyrasynda soňky möhürini basar (Ylh. 2:10; 7:3, 14). Şonuň üçin 144 müňe ahyrsoňy kimleriň degişli boljakdygyny bilmek hökman däl1.

4. Mesh edilenleriň adyny bilmesek-de, nädip olar «bilen gidip» bileris?

4 Şu günler ruhy Ysraýylyň, ýagny mesh edilenleriň hemmesiniň adyny bilip bolmaýan bolsa, onda başga goýunlar nädip olar «bilen gidip» bilerler? Zakarýa pygamberiň «on adam» barada aýdan sözlerine üns beriň. Olar «ýahudalynyň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler». Bu aýatda diňe ýekeje ýehudy agzalýan bolsa-da, köp adam göz öňünde tutulýar. Bu ýehudy bir adamy däl-de, mesh edilenleriň toparyny aňladýan bolmaly. Diýmek, ýehudynyň yzyna düşmek üçin, mesh edilenleriň hemmesini tanamak hökman däl. Gaýtam, onuň haýsy topardygyny anyklap, olary goldamaly. Mukaddes Ýazgylarda adamyň yzyna eýermeli däldigi aýdylýar. Sebäbi biziň Ýolbaşçymyz Isa (Mat. 23:10).

MESH EDILENLER ÖZÜNE NÄHILI GARAMALY?

5. Mesh edilen mesihçiler haýsy duýduryş barada oýlanmaly we näme üçin?

5 Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýan mesh edilen mesihçiler 1 Korinfliler 11:27—29-njy (okaň) aýatlarda berilýän duýduryşa ünsli bolmaly. Bu aýatlarda Pawlus resul nämäni göz öňünde tutdyka? Mesh edilen mesihçi Ýehowa bilen dostlugyny aýap saklamasa, nyşanlardan datmaga mynasyp bolup bilmez (Ýew. 6:4—6; 10:26—29). Bu duýduryş mesh edilenlere gökdäki sylagyny entek almandygyny ýatladýar. Olar «Hudaýyň Mesih Isa arkaly berjek sylagyny, ýagny gökdäki ýaşaýşy almak maksady bilen ylgamaga» jan etmeli (Flp. 3:13—16).

6. Mesh edilenler özüne nähili garamaly?

6 Pawlus resul mesh edilenlere: «Hudaýyň çagyryşy ýaly, mynasyp gezmegiňizi ýalbarýaryn» diýdi. Munuň üçin näme etmeli? Pawlus resul sözüni şeýle dowam edýär: «Elmydama pesgöwünli, ýumşak, sabyrly boluň we biri-biriňizi söýüp, oňşukly ýaşaň» (Efes. 4:1—3). Ýehowanyň mukaddes ruhy tekepbir bolman, pesgöwünli bolmaga kömek edýär (Kol. 3:12). Mesh edilenler pesgöwünli bolup, ýerde ýaşamaga umyt edýän mesihçilere garanyňda, özlerine köp mukaddes ruh berlendir öýtmeýärler. Olar özlerini ýokary tutmaýarlar we aýratyn hormat goýulmagyna garaşmaýarlar. Şeýle-de olar hiç haçan başgalary hem mesh edilendigine ynandyrjak bolmaýarlar we beýlekilere nyşanlardan datmagy maslahat bermeýärler. Gaýtam, olar pesgöwünlilik bilen Ýehowanyň mesh edýändigine düşünýärler.

7, 8. Mesh edilen mesihçiler özlerine näme edilmegini islemeýärler we näme üçin?

7 Mesihçiniň göge çagyrylmagy uly hormat hasaplansa-da, mesh edilenler özlerine aýratyn sylag-hormat goýulmagyny islemeýärler (Efes. 1:18, 19; Filipililer 2:2, 3-nji aýatlary okaň). Ýehowanyň mukaddes ruhy olaryň mesh edilendigine şaýatlyk edýär. Şonuň üçin olar muny hemme ýere jar etmeýär. Eger käbir adamlar mesihçiniň mukaddes ruh arkaly bellenendigine ynanmasa, mesh edilen dogan ýa-da uýa muňa geň galmaýar. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaý tarapyndan bellendim diýen adamlara çalt ynanmaly däldigi aýdylýar (Ylh. 2:2). Olar adamlara özleriniň mesh edilendigini bildirjek bolmaýarlar. Adatça, olar başgalaryň ünsüni özüne çekjek bolup, mesh edilendigini aýtmaýarlar. Şeýle-de olar gökde sylag alarys diýip öwünmeýärler (1 Kor. 1:28, 29; 1 Korinfliler 4:6—8-nji aýatlary okaň).

8 Mesh edilen mesihçiler başgalardan tapawutlanmak islemeýärler. Olar diňe mesh edilenler bilen gatnaşyp, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin aýratyn topar döretjek bolmaýarlar (Gal. 1:15—17). Olar özüni şeýle alyp barsa, ýygnakda agzalalyk dörär we mesihçilere agzybirligi hem-de parahatlygy saklamaga ýardam edýän mukaddes ruha garşy giderler (Rimliler 16:17, 18-nji aýatlary okaň).

MESH EDILENLERE BIZ NÄHILI GARAMALY?

9. Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlara nähili garamaly? («Söýgi özüni gelşiksiz alyp barýan däldir» diýen çarçuwa serediň).

9 Biz Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlara nähili garamaly? Isa şägirtlerine: «Siziň baryňyz... dogansyňyz» diýdi. Soňra sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler» (Mat. 23:8—12). Şol sebäpli islendik adamy, hatda mesh edilenleri-de, «beýgeltmek» nädogry bolardy. Mukaddes Ýazgylarda ýygnaga ýolbaşçylyk edýän ýaşuly doganlaryň imanyndan görelde almak maslahat berilýär. Emma onda hiç bir adamy öwüp arşa çykarmalydygy aýdylmaýar (Ýew. 13:7). Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda «iki esse hormata mynasyp görülýän» adamlar barada aýdylýar. Ýöne şeýle adamlar mesh edilendigi üçin däl-de, «gowy gözegçilik edýändigi», «gürrüň etmekde we öwretmekde köp zähmet çekýändigi» üçin hormata mynasyp görülýär (1 Tim. 5:17). Eger kimdir biri mesh edilenleri çendenaşa öwse ýa-da olara has köp üns berse, olary oňaýsyz ýagdaýa salar. Eger mesh edilenlere aýratyn üns berilse, olara kiçigöwünli bolmak kyn bolar (Rim. 12:3). Biziň hiç birimiz Mesihiň doganlarynyň büdremegine sebäp bolmak islemeýäris (Luka 17:2).

Ýehowanyň Şaýady Ýatlama agşamynda çörekden dadýar

Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlara nähili garamaly? (9—11-nji abzaslara serediň)

10. Mesh edilenlere hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

10 Biz Ýehowanyň gökde ýaşamak üçin saýlanlaryna hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris? Biz olara mesh edilendigi babatda ýerliksiz soraglar bermeris we olaryň durmuşyna goşulmarys (1 Sel. 4:11; 2 Sel. 3:11). Biz olaryň ene-atasy, ýanýoldaşy ýa-da garyndaşlary hem mesh edilmelidir diýip pikir etmeli däl. Mesh edilmeklik nesilden-nesle geçmeýär ýa-da maşgala gatnaşyklaryna bagly bolmaýar (1 Sel. 2:12). Şeýle-de biz mesh edileniň aýalyndan ýa-da ärinden Jennetde ýanýoldaşyndan nädip aýry ýaşap biljekdigini soramakdan ägä bolmaly. Şeýle soraglar onuň ýüregine ýara salmagy mümkin. Biz Ýehowanyň gelejekde elini açyp, «ähli dirileri islegleri boýunça doýurjakdygyna» berk ynanýarys (Zeb. 145:16).

11. «Ýaranjaňlyk etmezlik» bizi nädip goraýar?

11 Mesh edilenlere aýratyn üns berýän mesihçiler başga bir howply ýagdaýa düşmegi mümkin. Mukaddes Ýazgylarda ýygnaklara «ýalan doganlaryň» assyrynlyk bilen girjekdigi aýdylýar (Gal. 2:4, 5; 1 Ýah. 2:19). Bu ýalançylar özlerine hatda mesh edilen diýmekleri-de mümkin. Şeýle-de käbir mesh edilenler imanyndan dänmegi mümkin (Mat. 25:10—12; 2 Pet. 2:20, 21). «Ýaranjaňlyk etmekden» gaça dursak, şeýle adamlar bizi imandan azaşdyryp bilmez. Ýehowa köp wagt bäri gulluk edýän we abraýly mesihçi imandan dänse-de, biziň imanymyz gowşamaz (Ýahd. 16).

NYŞANLARDAN DADÝANLARYŇ KÖPELÝÄNDIGINE BIYNJALYKLANMALYMY?

12, 13. Nyşanlardan dadýanlaryň sanynyň köpelýändigine näme üçin biynjalyk bolmaly däl?

12 Öň Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlaryň sany azalýardy. Soňky ýyllarda bolsa olaryň sany gitdigiçe köpelýär. Biz muňa biynjalyklanmalymy? Ýok. Geliň, munuň esasy sebäplerine seredeliň.

13 «Ýehowa öz adamlaryny bilýändir» (2 Tim. 2:19). Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlary sanaýan doganlar olaryň hiç birini ýazgarmaly däl. Sebäbi olaryň käbiri özlerine mesh edilendir öýdüp, nyşanlardan ýalňyşyp dadýarlar. Käbirleri wagtyň geçmegi bilen, nyşanlardan datmagyny bes edýärler. Käbirleri bolsa psihiki taýdan kemçiligi bolandygy ýa-da göwnüçökgünlige düşendigi sebäpli Mesih bilen gökde höküm sürjekdigine ynanýarlar. Şol sebäpli häzir ýer ýüzünde galan mesh edilenleriň anyk sanyny bilip bolmaýar.

14. Agyr muşakgat başlanda, ýerde galjak mesh edilenleriň sany barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär?

14 Isa mesh edilenleri göge ýygnamaga gelende, olar ýer ýüzünde bolar. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň şol döwür näme etjekdigi barada şeýle diýilýär: «Ol perişdelerini güýçli surnaý sesi bilen iberer. Olar ýeriň dört tarapyndan, asmanyň bir ujundan beýleki ujuna çenli saýlananlary ýygnarlar» (Mat. 24:31). Mukaddes Ýazgylarda soňky günlerde ýerde mesh edilenleriň käbiriniň galjakdygy aýdylýar (Ylh. 12:17). Emma agyr muşakgat başlanda, ýerde galjak mesh edilenleriň sany barada hiç zat aýdylmaýar.

15, 16. Biz 144 müňleri Ýehowanyň saýlaýandygyna näme üçin düşünjek bolmaly?

15 Ýehowa haçan mesh etmelidigini özi çözýär (Rim. 8:28—30). Isa direlenden soň, Ýehowa mesh edilenleri saýlap başlady. I asyrdaky mesihçileriň ählisiniň mesh edilen bolmagy ähtimal. Şol döwürden başlap soňky günlere çenli Isanyň yzyna eýerýänleriň köpüsi ýalan mesihçilerdi. Şol sebäpli Isa olary «haşal ota» meňzetdi. Hatda şol döwürlerde-de Ýehowa käbir wepaly adamlary mesh etmegini dowam etdi. Olar Isanyň mysalyndaky «bugdaýa» meňzedilip, «haşal otlar» bilen bile ösmelidi (Mat. 13:24—30). Ýehowa 144 müňleri soňky günler başlany bäri hem saýlamagyny dowam edýär2. Olary Ýehowanyň özi saýlan bolsa, onuň dogry karara gelendigine doly ynanyp bileris (Iş. 45:9; Dan. 4:35; Rimliler 9:11, 16-njy aýatlary okaň)3. Biz Isanyň mysalyndaky az işlän işçiler bilen deň hak alan işçiler ýaly nägile bolmaly däl (Matta 20:8—15-nji aýatlary okaň).

16 Gökde ýaşamaga umyt edýänleriň hemmesi «wepaly we paýhasly hyzmatkäre» degişli däl (Mat. 24:45—47). I asyrdaky ýaly şu günlerem Ýehowa we Isa köpleri az adamlar arkaly ruhy taýdan naharlaýar. I asyrda Injili diňe käbir mesh edilenler ýazdy. Şonuň ýaly şu günlerem mesihçilere «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek üçin» bary-ýogy birnäçe mesh edilenler bellenildi.

17. Siz şu makaladan näme öwrendiňiz?

17 Biz şu makaladan näme öwrendik? Kimiň ýerde ebedi ýaşajakdygyny, kimiň Isa bilen gökde höküm sürjekdigini Ýehowanyň özi çözýär. Emma Ýehowa ähli gullukçylaryndan, ýagny «ýahudalydan» we «on adamdan» kanunlaryna gulak asyp wepaly bolmagy talap edýär. Şu iki toparam pesgöwünli we agzybir bolmaly. Şeýle-de olar ýygnakda agzybirligi saklamaly. Geliň, soňky günlerde ýaşaýandygymyz üçin hemmämiz Isanyň bir sürüsi hökmünde Ýehowa ýürekden gulluk edeliň.

^ 1) (3-nji abzas) Zebur 87:5, 6-njy aýatlara görä, gelejekde Isa bilen gökde höküm sürjekleriň hemmesiniň ady aýan bolmagy mümkin (Rim. 8:19).

^ 2) (15-nji abzas) Resullaryň işleri 2:33-de mukaddes ruh Isa arkaly inýär diýilse-de, Ýehowanyň özi ruhy bilen mesh edýär.

^ 3) (15-nji abzas) Bu barada köpräk bilmek üçin 2007-nji ýylyň 1-nji maýynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) 30, 31-nji sahypalaryndaky «Okyjylaryň sowallary» atly makala serediň.

Dogan-uýalar mesihçi är-aýaly surata alýarlar

«Söýgi özüni gelşiksiz alyp barýan däldir»

Pawlus resul söýgi barada şeýle ýazdy: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi göriplik edýän däldir. Öwünýän däldir, tekepbirlik edýän däldir. Özüni gelşiksiz alyp barýan däldir, öz peýdasyny gözleýän däldir, çalt gaharlanýan däldir. Ýalňyşlyklary hasaba alýan däldir» (1 Kor. 13:4, 5). Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasyndaky «gelşiksiz alyp barmak» diýen jümle özüňi gödek we edepsiz alyp barmagy aňladýar. Emma bir-birini söýýän mesihçiler dogan-uýalaryň duýgusyny göz öňünde tutup, bir zat aýtmazdan ýa-da etmezden öňürti oýlanýarlar.

Biz özümizi alyp barşymyz bilen Ýehowanyň guramasyndaky ýolbaşçylyk edýän doganlara söýgimizi görkezýäris. Biziň barýan kongresimize ýa-da ýörite duşuşyklarymyza käte köpleriň tanaýan etrap gözegçisi, beýtelçiler, Filial komitetiniň agzalary, Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary ýa-da olaryň kömekçileri gatnaşmagy mümkin. Elbetde, biz ýolbaşçylyk edýän doganlara we olaryň aýallaryna hormat goýýarys. Biziň hiç birimiz Diotrefe meňzemek islemeýäris. Ol doganlara hormat goýmaýardy we olary myhman almaýardy (3 Ýah. 9, 10). Biz käte bilmezden şeýle dogan-uýalar bilen özümizi gelşiksiz alyp barmagymyz mümkin. Bu nädip beýle bolup biler?

Biz şeýle dogan-uýalar bilen tanşyp we gürleşip begenýäris. Emma olary meşhur adamlar ýaly şöhratlandyrsak, hormat goýmaýandygymyzy görkezeris. Meselem, olary iýip-içip otyrka ýa-da bir zat edip durka, birugsat surata alsak, özümizi edepli alyp bardygymyz bolarmy? Biz kitaplarymyza ýa-da Mukaddes Ýazgylarymyza olaryň gol çekmegini haýyş ederismi? Olar bilen surata düşjek bolup, hemmelerden öňe geçmek üçin başgalary iteklärismi? Özümizi şeýle alyp barsak, kongrese birinji gezek gelen adama nähili täsir eder? Eger biz dogan-uýalary ýürekden söýsek, özümizi şeýle alyp barmarys. Gaýtam, olaryň bizi idemek üçin edýän tagallalarynyň gadyryny bilip, hormat goýarys.

Eýsem, dogan-uýalar bilen özümizi nähili alyp barmaly? Birinjiden, diňe Ýehowanyň şöhrata, hormata mynasypdygyny unutmalyň (Ylh. 4:11). Ikinjiden, hormat goýmak bilen ýaranjaňlyk etmegiň arasynda uly tapawut bar. Ýolbaşçylyk edýän doganlar we olaryň aýallary özlerine meşhur adamlar ýaly garamaklaryny islemeýärler (Mat. 23:8). Üçünjiden, biz altyn düzgüne eýermeli: «Şoňa görä-de adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şony etmeli» (Mat. 7:12). Eger biz şu zatlary unutmasak, «özümizi gelşiksiz alyp barman», söýgimizi görkezeris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş