32-NJI BAP
Azgyn adamlardan nädip goranmaly?
Her ýyl dünýäde millionlarça adamlar zorlanýar. Geçirilen barlaglar şeýle zorluk-süteme, esasan, ýaşlaryň sezewar bolýandygyny görkezdi. Mysal üçin, ABŞ-da zorlananlaryň ýarysyndan gowragynyň 18 ýaşa ýetmedik çagadygy anyklandy. Şeýle zorluk-sütemiň giňden ýaýrandygy üçin, senem bu barada käbir zatlary bilseň gowy bolar.
«Ol meni tutup, ýere ýykdy. Men başda näme bolýandygyna-da düşünmedim. Men onuň elinden sypjak bolup, her zat edip gördüm... Bar güýjüm bilen gygyrjak boldum, ýöne bogazymdan ses çykmady. Men ony itekläp gördüm, urdum, dyrnajakladym. Birdenem, maňa pyçak sünjülenini duýdum. Şonda bar ysgynym gaçdy». Anita
ŞU GÜNLER azgyn adamlar gitdigiçe köpelýär. Olar, esasanam, ýaşlara göz gyzdyrýar. Anita ýaly ýaşlaryň käbiri nätanyş adamyň elinden ejir çekse, käbirleri goňşusy tarapyndan zorlanýar. Mysal üçin, Natali 10 ýaşyndaka, öýleriniň ýanynda ýaşaýan bir ýetginjek oglan ony zorlaýar. Natali: «Men gaty gorkup, utanandygym üçin, başda hiç kime hiç zat aýtmadym» diýýär.
Ýaşlaryň köpüsi bolsa maşgalasyndakylaryň elinden zorlandy. Karmen atly bir aýal şeýle gürrüň berýär: «Kakam meni 5 ýaşymdan başlap, 12 ýaşyma çenli zorlady. 20 ýaşymdakam, men onuň eden işlerini ýüzüne aýdanymda, ol menden ötünç soran boldy. Ýöne şondan birnäçe aý geçensoň, ol meni öýden kowdy».
Şu günler köpler goňşusynyň, dostunyň ýa-da maşgalasyndakylaryň biriniň elinden zorlanyp, ejir çekýärlera. Emma ýaşlara adamzat taryhynda hemişe-de ýowuz daralýardy. Şeýle zalymlyk Mukaddes Ýazgylaryň ýazylan döwründe-de bolýardy (Ýowel 3:3; Matta 2:16). Şu günler biz juda kyn döwürde ýaşaýarys. Adamlaryň köpüsi gaty doňýürek bolansoň, köplenç gyzlara, hatda oglanlara-da azar berýärler (2 Timoteos 3:1—3). Sen nähili seresap bolaýanyňda-da, ähli howpdan gaçyp bilmeseňem, özüňi goramak üçin käbir zatlary edip bilersiň. Gel, olaryň hersine aýratynlykda seredeli.
Ünsli bol. Ýolda barýarkaň, daş-töweregiňdäki zatlara ünsli bol. Käbir ýerler gije hasam howply bolýar. Başarsaň, şeýle ýollardan ýöreme ýa-da ýanyňa birini ýoldaş edip alyp git (Süleýmanyň tymsallary 27:12).
Özüňe üns çekdirmejek bol. Näz-kereşme etme ýa-da göze ilginç zatlary geýme. Ýogsam, başgalar saňa ters düşünmegi mümkin. Olar seni ahlaksyzlyk etmäge iterse, garşy bolup durmarsyň öýderler (1 Timoteos 2:9, 10).
Duşuşýanyň bilen araňda belli bir çäk goý. Eger seniň halaşýanyň bar bolsa, nähili hereketleriň ýerliksiz boljakdygy hakda açyk gürleşb. Araňyzda belli bir çäk goýanyňdan soň, gowşaklyk etme. Şeýdip, sen ahlaksyzlykdan gaça durup bilersiň (Süleýmanyň tymsallary 13:10).
Dogumly jogap ber. Gatyrak gepläp: «Edýän zadyň näme?! Eliňi çek!» diýmäge ýaýdanma. Şeýle diýseň, halaşýan oglanyňy ýitirerin öýdüp gorkma. Eger ol seni şu zatlar üçin taşlasa, bu onuň gowy oglan däldigini görkezer. Emma akylly-başly oglan seniň özüňe-de, eýerýän kada-kanunlaryňa-da hormat goýarc.
Internete gireniňde seresap bol. Internetde özüň we nirede ýaşaýandygyň baradaky maglumatlary hem-de suratlaryňy goýmad. Eger saňa ahlaksyz sözleri ýazyp, hat iberseler, iň gowusy, oňa hiç hili jogap berme. Şonda olar saňa hiç zat edip bilmezler.
Ýokarda agzalan maslahatlara eýerseň, özüňi käbir howplardan gorap bilersiň (Süleýmanyň tymsallary 22:3). Elbetde, howply ýagdaýlaryň ählisinden gaça durup bolmaýar. Mysal üçin, seniň bir ýere ýeke özüň gitmeli ýa-da howply ýerlerden geçmeli bolmagyň mümkin. Şeýle ýerde ýaşaýan bolmagyňam ahmal.
Belki, sen: «Näme edäýeniňde-de, erbet ýagdaýlardan gaçyp bolmaýar» diýýänsiň. Babyň başynda agzalan Anita ýaly, saňa-da duýdansyz topulan bolmaklary mümkin. Ýa-da Karmen ýaly, senem çagakaň zorlandyrlar. Şonda seniň hiç zada güýjüňem ýeten däldir, bolýan zatlara doly düşünenem dälsiň. Şeýle zorluk-süteme sezewar bolanlaryň köpüsi bolan ýagdaý üçin özüni günäkärleýär. Sende-de şeýle duýgular döreýän bolsa näme edip bilersiň?
Özüňi günäkärläp ýörme
Anita özüni günäkärlemek duýgusyna garşy henizem göreşýär. Ol şeýle diýýär: «Käte men öz etimi özüm iýäýjek bolýaryn. Şol bolan ýagdaýy hiç kellämden çykaryp bilemok. Şonda ol adamyň elinden sypmak üçin has köpräk jan etmeli ekenim diýip, özümi kötekleýärin. Dogrusy, ol maňa pyçak sünjende, gaty gorkup, hiç hili hereket edip bilmedim. Ýöne şonda-da bir zat etmeli ekenim diýen pikir meni hiç günüme goýanok».
Natali hem bolan ýagdaý üçin özüni günäkärläp, şeýle diýýär: «Men beýle ynanjaň bolmaly däl ekenim. Enem-atam daşarda gyz jigim ikimize bile oýnamagy tabşyrdy, ýöne men gulak asmadym. Goňşymyzyň bu pursatdan peýdalanyp, maňa zyýan ýetirmegine özümi günäkär saýýaryn. Şol bolan waka maşgalama-da gaty agyr degdi. Olara gaýgy-hasrat çekdirendigim üçin öz-özümi ýigrenýärin. Men bu duýgym bilen kän göreşmeli bolýaryn».
Eger senem Anita bilen Natali ýaly özüňi günäkärleýän bolsaň näme edip bilersiň? Ilki bilen, bu bolan ýagdaýa öz islegiň bilen düşmändigiňi ýatdan çykarma. Käbir adamlar: «Aý, oglan oglan bolýar-da... Onsoňam, gyzyň özünde-de günä bardyr» diýip, şeýle zalymlygyň üýtgeşik bir erbetligi ýok ýaly edip görkezýärler. Ýöne nähili bolaýanda-da, adam zorlamagy aklap bolmaýar. Eger senem şeýle elhenç zalymlykdan ejir çeken bolsaň, muňa sen günäkär däl.
Elbetde, «muňa sen günäkär däl» diýleni bilen, özüňi günäkärlemek duýgusyny ýeňmek aňsat däldir. Käbirleri bolan işe özüm günäkär diýip, özlerini her hili erbet pikirler bilen gynaýarlar. Olar bolan zady hiç kime aýtman, içinde saklap gezýärler. Ýöne muny hiç kime aýtmasaň, seni zorlan adama kömek edip, özüňe zyýan etdigiň bolmazmy? Şonuň üçin aşakda berilýän maslahata eýerseň peýdaly bolar.
Bolan ýagdaýy gürrüň ber
Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, Hudaýyň nazarynda dogry adam bolan Eýýup pygamber durmuşynda bolan betbagtçylyklardan ýaňa ejir çekip: «Durmuşymy ýigrenýärin, Erkinlik bilen arz ederin, Ajy hasratdan geplärin» diýdi (Eýýup 10:1). Senem bolan ýagdaýy gürrüň berseň, paýhasly bolar. Ynamdar adam bilen gürrüňdeş bolup, içiňi dökseň, ýagdaýa dogry göz bilen garamaga kömek eder we derdiň biraz ýeňlär.
Eger sen Ýehowanyň Şaýady bolsaň, düşen ýagdaýyňy ýygnak ýaşulularyna gürrüň bermek örän wajypdyr. Mähirli çopanlar saňa teselli berip, şol elhenç ýagdaýa we başga biriniň eden erbet işine seniň günäkär däldigiňe düşünmäge kömek ederler. Anita bilenem şeýle boldy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men bir ýakyn jorama içimi dökdüm, ol hem meni ýaşulularyň ýanyna barmaga höweslendirdi. Men onuň beren maslahatyna gulak asandygyma gaty begenýärin. Ýaşulular meniň bilen birnäçe gezek gürrüňdeş bolup, bolan ýagdaýda hiç hili günämiň ýokdugyny aýtdylar. Maňa tüýs şeýle kömek gerekdi».
Bolan ýagdaýy gürrüň berip, birine ýüregiňi dökseň, gahar-gazap bilen özüňi günäkärläp ýörmersiň (Zebur 37:8). Şeýle-de ençeme ýyllap ýüregiňde saklap ýören derdiň ýeňlär. Natali hem bolan zatlary ene-atasyna gürrüň berende, ýüküniň ýeňländigine göz ýetirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ejem bilen kakam meni ýürekden goldap, bolan zatlary açyk gürrüň bermäge höweslendirdiler. Bu maňa hasratymy ýeňmäge we öňkim ýaly gaharlanyp ýörmezlige kömek etdi». Natali Hudaýa doga edibem teselli tapdy. Ol şeýle diýýär: «Hiç kime ýüregimdäkini aýdyp bilmeýän wagtym Hudaý bilen gürleşmek maňa gaty gowy kömek edýärdi. Sebäbi doga edenimde hemme zady açyk aýdyp bilýärdim. Bu bolsa meniň kalbyma rahatlyk berýärdi»e.
Senem ýaramaz duýgularyňy ýeňip biljekdigiňe ynamly bolup bilersiň (Wagyz kitaby 3:3). «Ýelden buky, tupandan pena» bolýan ýaşululardan we dostlaryň kömek sora (Işaýa 32:2). Jan saglygyňa seretjek bol we biderek pikirler bilen özüňi gynap ýörme. Wagtynda dynjyňy al. Esasanam, bütin teselliler Hudaýy Ýehowa bil bagla. Sebäbi ol tizden «ýaman iş edýänleriň kesilip taşlanjakdygyny, Rebbe umyt baglaýanlaryň bolsa ýeri miras aljakdygyny» wada berýär (Zebur 37:9).
[Çykgytlar]
a Käbir gyzlaryň duşuşyp ýören oglany jynsy gatnaşyk etmäge yrjak bolup ýa-da mejbur edip zorlaýar.
b Bu barada köpräk bilmek üçin, II tomuň 4-nji babyna seredip bilersiň.
c Bu maslahat halaşýan gyzy ahlaksyzlyk etmäge iterýän oglanlara-da degişli.
d Bu barada köpräk bilmek üçin, II tomuň 11-nji babyna seredip bilersiň.
e Azgyn adamlaryň elinden zorlananlaryň käbiri agyr göwnüçökgünlige düşýär. Şeýle ýagdaýda lukmana ýüz tutulsa gowy bolar. Göwnüçökgünligi nädip ýeňip bolýandygy barada köpräk bilmek üçin, şu kitabyň 13, 14-nji baplaryna seredip bilersiň.
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Soňky günlerde juda kyn döwrüň boljakdygyny bilip goý. Sebäbi adamlar özüni bilýän... dogan-garyndaşlaryny söýmeýän... özüne erk etmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän bolar». 2 Timoteos 3:1—3
MASLAHAT
Eger senem azgyn adamyň elinden zorlanyp, ejir çeken bolsaň, Mukaddes Ýazgylardan ýüregiňe teselli berjek aýatlary ýazyp al. Mysal üçin, Zebur 37:28; 46:1; 118:5—9; Süleýmanyň tymsallary 17:17 we Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary bellik edip bilersiň.
BILÝÄRSIŇMI... ?
ABŞ-daky çagalaryň 90 göterimi özüni zorlan adamy öňdenem tanaýardylar.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Bolan ýagdaý üçin özümi günäkärläp başlasam, men ․․․․․
Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?
● Seni zorlandyklary barada ynamdar adama gürrüň berseň nähili peýdasy deger?
● Bolan ýagdaý barada hiç zat aýtmasaň, bu saňa we başgalara nähili zyýan ýetirip biler?
[232-nji sahypadaky sitata]
«Özüň bilen bolan ýagdaýy gürrüň bermek aňsat bolmasa-da, bu gaty gowy kömek edýär. Şondan soň gam-gussaň we gahar-gazabyň aýrylyp, ýene aýak üstüne galyp başlaýarsyň» Natali
[230-njy sahypadaky çarçuwa]
«Sen meni söýýän bolsaň...»
Käbirleri jynsy gatnaşyk etmek üçin güýç ulanmaýarlar-da, gyzlaryň başyny-gözüni aýlaýarlar. Nädip? Olar halaşýan gyzyna: «Her kimem şeýle edýär», «Onsoňam, muny hiç kim bilmez» ýa-da şu kitabyň 24-nji babynda agzalyşy ýaly, «Sen meni söýýän bolsaň, muňa razylaşarsyň» diýip, yrjak bolýarlar. Emma jynsy gatnaşygyň söýgi bilen baglydygyna ynandyrjak bolýan oglana özüňi aldatma. Aslynda, ol seniň aladaňy etmän, diňe öz islegini kanagatlandyrmagyň pikirini edýär. Emma ýürekden söýýän adam seniň islegiňi özüniňkiden ýokary tutar we Hudaýyň ahlak kadalary boýunça ýaşamaga jan edýändigini görkezer (1 Korinfliler 10:24). Ol gyzlara jynsy islegiňi kanagatlandyrmak üçin ulanylýan zat ýaly garamaz. Gaýtam, «ýaş uýalara... jigisi ýaly garap, päk ýürekden hormat goýar» (1 Timoteos 5:1, 2).
[233-nji sahypadaky surat]
Zorluk-süteme sezewar bolandygyňy içiňde saklap ýörmek agyr ýüki ýeke özüň göterýän ýalydyr. Birine ýüregiňi döküp, ýüküňi ýeňletseň gowy bolmazmy?