Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçysy bolmaga kömek ediň
1 Matta 28:19, 20-nji aýatlara görä, Isa şägirtlerine ýumuş berdi. Bu ýumuş dogrudanda örän uly boldy. Isanyň şägirtlerine şägirt taýýarlamaklyk öwredildi. Täze şägirtler hem ol işi dowam etdirmelidi. Şol döwürde biziň ýaşaýan soňky günlerimizde Hudaýyň Patyşalygy barada bütin dünýäde wagyz edilýän işiň düýbi tutulmalydy (Mat. 24:14).
2 Biz çagalarymyz we isleg bildiren adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip bileris. Biz olaryň hem Isa Mesihiň şägirtlerini taýýarlap başlamagyna ak ýürekden kömek etmek isleýäris (Luka 6:40).
3 Wagyz etmegi olara öwrediň. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlary bilen zadyny adamlara gürrüň bermäge höweslendiriň. Olary ruhlandyrmak üçin wagyzda bolan gyzykly wakalary gürrüň beriň. Çagalaryňyzy ýaşyna we ukybyna görä, ýaşlykdan wagyz etmegi öwrediň (Zeb. 148:12, 13). Hudaýa gulluk etmegiň wajypdygyny sözde we iş ýüzünde görkeziň (1 Tim. 1:12).
4 Ýehowa özüniň dogry talaplary boýunça ýaşaýan adamlaryň gullugyny kabul edýär. Elbetde, täze wagyzçylar suwda çokundyrylan tejribeli wagyzçylar ýaly köp zady bilmeýärler. Ýöne olar Mukkades Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny düşündirip bilmeli we olaryň hakykatdygyna ynanmaly («Hudaýyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» atly kitabyň 79—82-nji sah. serediň). Täze wagyzçy «Beýik Babyldan» we syýasy guramalaryň ählisinden çykmaly. Olar ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp başlamaly (Ylh. 18:2, 4; Ýahýa 17:16; Ýew. 10:24, 25).
5 Siz Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamyň suwda çokundyrylmadyk wagyzçy bolmaga taýyndygyna göz ýetirseňiz, bu barada ýygnagyň baş gözegçisine duýdurmaly. Ýygnagyň baş gözegçisi, siz we Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam bilen iki ýaşulynyň duşuşmagynyň aladasyny eder. Olar Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamyň suwda çokundyrylmadyk wagyzçy bolup, ýygnak bilen hoş habary wagyz etmäge taýyndygyny kesgitlärler. Eger oňa wagyzçy bolmaga rugsat berilse, ony wagza çagyryp, öwretmegi dowam etdirmäge sizde ajaýyp mümkinçilik bolar.