Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/08 sah. 3—4
  • Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 3/08 sah. 3—4

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Mähriban dogan-uýalar!

Pawlus resul imandaşlaryna söýgüsini we minnetdarlygyny bildirmek üçin, her bir mümkinçilikden peýdalanýardy. Rimde ýaşaýan mesihçilere ol şeýle ýazdy: «Imanyňyzyň bütin dünýäde yglan edilýänligi sebäpli, baryňyz üçin Isa Mesih arkaly Hudaýyma şükür edýärin» (Rim. 1:8). Hawa, I asyrda bütin Rim imperiýasynda mesihçiler güýçli imany we yhlasly wagzy bilen tanalýardy (1 Sel. 1:8). Şol sebäpli, Pawlus resulyň doganlaryna bolan çuňňur söýgüsi, geň galdyrmaýar!

Biz-de Pawlus resul ýaly hemişe siz barada pikir edenimizde, Ýehowa şükür edýäris. Biz siziň ähliňizi örän söýýäris! Ýehowanyň her biriňizi aýratynlykda söýändigine ynamly boluň. Siziň käbiriňiz güýçli garşylyga döz gelip, wagyz edýärsiňiz. Siziň mertligiňiz we batyrgaýlygyňyz Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýan bolmaly (Sül. tym. 27:11).

Gyzykly we imanyňy berkidýän «Ýyllyk kitabyndaky» «Ýehowanyň Güwäçileriniň edýän işleri» diýen bölümi ünsli okasaňyz, Rebbimiz Isa Mesihiň ýeňip we «ýeňip çykmak» üçin gelýändigine hem-de mesihçilere garşy edilýän ýaragyň hiç biriniň üstün çykmajakdygyna göz ýetirersiňiz (Ylh. 6:2; Iş. 54:17).

Pawlus resul Filipidäki mesihçilere: «Hudaýyma şükür edýärin. . . Hoş Habary ýaýratmakda eden hyzmatdaşlygyňyz sebäpli» diýdi (Flp. 1:3—5). Biz Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary-da, siz barada şeýle pikirde. 2007-nji gulluk ýylynda, 6 691 790 wagyzçy 1 431 761 554 sagat sarp edip, bütin ýer şarynda 236 ýurtda we ýerlerde hoş habary wagyz etdi. Siz hoş habary ýaýratmakda, uly goşant goşýarsyňyz! Wagzymyzyň ýüzlerçe müň adamlara täsir edendigi barada oýlanyp görüň. Bu edilen işler, Ýehowany şöhratlandyrýar!

Pawlus resul doganlaryna duýgudaşlyk bildirip, Selanikdäki mesihçilere: «Biz. . . Rebbimiz Isa Mesihe baglan umydyňyzdan dörän çydamyňyzy Hudaýymyz hem Atamyz öňünde dyngysyz ýatlarys» diýip ýazdy (1 Sel. 1:2, 3). Hawa, kynçylyksyz durmuş bolmaýar. Kynçylyk dörände, çydamly bolmak wajyp. Siz nähili kynyçylyklara duş gelýärsiňiz? Agyr kesel sebäpli Hudýa gulluk etmekde mümkinçiligiňiziň çäklenendigine gynanýarsyňyzmy? Köp ýyldan bäri bile ýaşan eziz ýanýoldaşyňyz, asyl doýmaýan duşmanymyz bolan ölüler diýarynyň pidasy boldumy? (Sül. tym. 30:15, 16). Ýehowany söýýän ýanýoldaş tapyp bilmeýändigiňize garamazdan, siz Mukaddes Ýazgylaryň Rebde nikalaşmaly diýen maslahatyna gulak asýarsyňyzmy? (1 Kor. 7:39). Ykdysady kynçylyklara garmazdan, çagalaryňyzy gowy terbiýelemäge jan edýärsiňizmi? Nähili kynçylyklar dörese-de, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsaňyz, Ýehowa «siziň işiňizi. . . Öz adyna görkezen söýgiňizi unutmaz». Mähriban dogan-uýalar, geliň, «ýagşylyk etmekden ýadamalyň!» (Ýew. 6:10; Gal. 6:9).

Siziň her biriňize çydamly bolmaga näme köme eder? Selanikli mesihçileriňki ýaly «Isa Mesihe baglan umydyňyz» kömek eder. Soňra Pawlus resul esasy delil getirip, mesihçileri nädogry pikirlerden we müňkürlikden goraýan «gutulyş umydyny» tuwalga bilen deňeýär (1 Sel. 5:8).

Şatlyk bilen sabyr-takat etseňiz, Älemdäki hökümdarlyk baradaky jedelli meselä jogap berip, Şeýtanyň ýalançydygyny paş edersiňiz. Şeýtanyň aýtmagyna görä, Hudaýyň gullukçylary, aslynda, diňe öz bähbidini gözleýär, olar Hudaýa birnäçe wagt yhlasly gulluk etseler-de, synag güýçlenende ýa-da zalym dünýäniň ýok edilişi, olaryň garaşan wagtyndan uzaga çekse, Hudaýa gulluk etmegini bes eder. Iblisiň ýalançydygyny paş etmäge, sizde ajaýyp mümkinçilik bar! Siz her gün umyt edýän bereketleriňize ýakynlaşýarsyňyz.

Pawlus resulyň her pursatdan peýdalanyp, doganlarynyň berk imanyny, wagyz işine uly goşant goşýandyklary we çydamlylygyny öwşi ýaly, biz hem size berekella aýdyp, söýgimizi bildirmek isleýäris. Imanyňyz üçin göreşiň!

Size şu ýyl hem bol ruhy bereketleri arzuw edýäris. Gowy arzuwlar bilen,

Siziň doganlaryňyz,

Ýehowanyň Güwäçileriniň Ýolbaşçylyk maslahaty

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş