Biz «Maşgala bagty» atly kitaby öwreneris
Siz kitap öwrenilýän duşuşykda 2008-nji ýylyň Oguz aýynyň 2-sinde başlanýan hepdede, «Maşgala bagtynyň syry» atly kitaby öwrenip başlajakdygyňyza begenersiňiz. Maşgalany bagtly etmek üçin Mukaddes Ýazgylaryň tejribeli görkezmesini topar bilen ara alyp maslahatlaşmaga ähliňiziň gatnaşasyňyz geler. Kitabyň okuw tertibi, ondaky her bir abzasy we ähli aýatlary dykgatly öwrenmek üçin düzülen.
Okuwyň ilkinji hepdesinde bütinleý birinji bap geçiler, sebäbi onda diňe birnäçe aýat berlen. Şonuň ýaly 15-nji bap-da bir sapakda tutuşlygyna geçiler. Başga baplary bolsa ikä bölüp, her hepdede ýary geçiler. Şol sebäpli bapda berlen ähli aýatlary okap, ara alyp maslahatlaşmaga we her abzasda getirilen aýatlary nädip durmuşda ulanyp bolýandygyny dykgatly öwrenmäge ýeterlikli wagt bolar.
Her babyň soňundaky okuw çarçuwasynda berilýän maglumaty ara alyp maslahlatlaşmak wajypdyr. Şonuň üçin çarçuwada berlen soraglara we aýatlara seretmäge ýeterlikli wagt sarp etmeli.
Kitap öwrenilýän duşuşygyň ýolbaşçylary okuwa gowy taýýarlanmaly. Olar topara bellenenleriň ählisini, şol sanda, täze gelenleri okuwa gowy taýýarlanmaga we yzygiderli gatnaşmaga höweslendirmeli (75—77).