Ýolbaşçylyk Maslahatynyň Haty
Gadyrly doganlar we uýalar!
Biz size uly höwes bilen hat ýazýarys. Biz mesihçi dogan-uýalaryny ýürekden söýen we olaryň «hakykatda gezýänini görüp», şatlanan Ýahýa resulyň sözleri bilen ylalaşýarys (2 Ýahýa 1, 4). Hakykat biziň her birimize gör nähili köp bereketleri berdi! Bizi Beýik Babyldan, Hudaýy masgaralaýan taglymatlardan we däp-dessurlardan azat etdi. Biz hakykata gulak asyp, söýýän, mähirli we rehimdar adamlar bolduk. Hakykat bize Hudaýyň öňünde ýagşy at gazanmaga we ebedi ýaşaýşa gowuşmaga mümkinçilik berdi.
Biz Ýehowanyň her gün ýol görkezýän we güýç berýän mukaddes ruhuna örän minnetdar! «Bize Hudaýyň ruhy ýolbaşçylyk edýär» diýen ýakynda geçirilen welaýat kongresleriniň size ýarandygyna ynanýarys, şonda biz Ýehowanyň söýgi bilen edýän aladasy hakynda oýlandyk. Dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär, şol sebäpli biz bu agyr günlerde Ýehowanyň görkezme berýän güýçli ruhuna bil baglamaly.
«Ýyllyk kitabynda» imany üçin ençeme horluklary başdan geçiren doganlar barada okan zatlaryňyz sizi tolgundyran bolsa gerek. Hudaýa wepaly doganlaryň köpüsiniň güýçli yzarlamalar wagty ýaňy suwda çokundyrylandygy ýa-da heniz çokundyrylmandygy çuňňur täsir galdyrýar. Biz olary Hudaýa wepalydygy we dogrulygy goldandygy üçin söýýäris! Biz Hudaýyň ýolunda nähili kynçylyklara duş gelsek-de, olaryň ajaýyp göreldesi Patyşalyga wepaly bolmaga kömek edýär (1 Sel. 1:6 — 8).
Gadyrly dogan-uýalar, biz siziň maşgalaňyzda söýgi bilen agzybirligi saklamak üçin, ençeme kynçylyklara, şol sanda ykdysady kynçylyklara-da duş gelýändigiňizi bilýäris. Käbiriňize Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek we ýygnagyň işlerine gatnaşmak kyn bolýar. Şonuň üçin biz köp doga edip we maslahatlaşyp, 2009 -njy ýylyň ýanwar aýyndan ýygnak duşuşyklarynyň meýilnamasyna käbir özgerişikler girizdik. Bu size şahsy we maşgala okuwyna köpräk wagt sarp etmäge kömek eder diýip umyt edýäris.
Geçen ýylyň ýörite, etrap we welaýat kongreslerinde wagyzçylaryň köpüsiniň suwda çokundyrylandygy biziň ählimizi begendirdi. Olaryň arasynda juda ýaşlar hem bar. Ata-eneler, siz çagalaryňyzy ýaşlykdan hakykaty söýmäge we Ýehowa gulluk etmäge höweslendirýändigiňiz üçin öwgä mynasypsyňyz. Mekdepdäki köp kynçylyklara garamazdan, olaryň suwda çokundyrylmaga taýýarlanyp bilendigi, öýde örän gowy terbiýe alandygyny görkezýär (Zeb. 128:1— 6).
Şeýle-de Mukaddes Ýazgylar okuwynyň sanynyň artandygyny belläp geçesimiz gelýär. Bu babatda yhlasly missionerleriň we ýörite pionerleriň eden tagallasynyň uly ähmiýeti bar. Biz Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary, dünýädäki dogan-uýalaryň suwsanlara: «Gel!» diýip, ýaşaýyş suwuny mugt almaga çagyrmak üçin edýän tagallasyny örän gymmat saýýarys (Ylh. 22:17). Biz geçen ýyl özüni Hudaýa bagyş edendigini suwda çokundyrylyp görkezen we mesihçileriň bütindünýä doganlygyna goşulan 289 678 sany dogan-uýalary mähirli garşylaýarys.
Biz hemişe Ýahýa resulyň: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» diýen sözlerini unutmaly däl (1 Ýahýa 2:17). Bu dünýä basym geçer! Şol sebäpli häzir Hudaýyň islegini ýerine ýetirip, oýa bolmak örän wajyp (Mat. 24:42). Biz şeýle edendigimize hiç haçan ökünmeris we Ýehowanyň merhemetini gazanarys (Iş. 63:7).
«Ýyllyk kitabyndan» köp ýurtlarda bolan gyzykly wakalary okap, Patyşalygyň bähbitlerini durmuşyňyzda birinji orunda goýarsyňyz diýip umyt edýäris. Biz hemişe siz barada oýlanýarys, doga edýäris we sizi örän söýýäris. Goý, Ýehowa size bol bereket bersin.
Siziň doganlaryňyz,
Ýehowanyň Güwäçileriniň Ýolbaşçylyk maslahaty