Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýatlama agşamyna gelenlere nädip kömek edip bolar?
    Hudaýa gullugymyz — 2008 | mart
    • Ýatlama agşamyna gelenlere nädip kömek edip bolar?

      1. 2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 22-sine nähili uly güwälik ediler?

      1 2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 22-sine, bütin dünýäde millionlarça adamlara uly güwälik ediler. Ýatlama agşamyna gelenler Ýehowanyň söýgüden doludygy üçin adamlara töleg gurbanyny berendigi hakynda eşiderler (Ýahýa 3:16). Hudaýyň Patyşalygy we Ýehowanyň ol arkaly ýer ýüzünde nädip islegini berjaý etjekdigi barada bilerler (Mat. 6:9, 10). Olar Hudaýyň halkynyň söýgüsini, agzybirligini görerler we myhmansöýerligini duýarlar (Zeb. 133:1).

      2. Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlan adamlar Ýatlama agşamyna gelende, olara nädip kömek berip bolar?

      2 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler. Mukaddes Ýazgylar okuwyny ýaňy-ýakynda geçip başlanlar-da, baýramçylyga gelip bilerler. Olary dogan-uýalar bilen tanyşdyryň we her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklary barada gürrüň beriň. Çykyş edýän dogan ruhy üstünlikler etmäge höweslendirer. Siz onuň sözleri esasynda, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamy ruhlandyryp bilersiňiz.

      3. Ýatlama agşamyna gelen yhlassyz wagyzçylary nädip ruhlandyryp bolar?

      3 Yhlassyz wagyzçylar. Ýatlama agşamyna gelenleriň arasynda yhlassyz wagyzçylar hem bolar. Olary mähirli garşylamak üçin tagalla edip, oňaýsyz ýagdaýa salyp biljek soraglardan we sözlerden gaça duruň. Ýatlama agşamyndan birnäçe gün geçensoň, ýaşulular yhlassyz wagyzçylary baýramçylyga barmak üçin eden tagallaryny öwmek we indiki ýygnak duşuşygyna mähirli çagyrmak üçin ideg ederler.

      4. Biziň her birimiz myhmanlara nädip kömek edip bileris?

      4 Myhmanlar. Biziň çakylygymyza käbir tanyşlarymyz we garyndaşlarymyz geler. Eger siz nätanyş adamlary görseňiz, olar bilen mähirli salamlaşyp, tanşyň. Belki, olar ýygnak duşuşyklarymyza birinji sapar gelendir. Gürrüňdeşlikde olar bilen nädip habarlaşyp boljakdygyny bilse bolýar. Ýatlama agşamyndan birnäçe gün geçensoň, olar bilen habarlaşyp, köpräk bilim almaga höweslendiriň we Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip ediň.

      5. «Mukaddes Ýazgylar okuwyny nähili sözler bilen başlap bolýar?

      5 «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» atly kitaby geçip başlamagy teklip edenimizde, Ýatlama agşamynda aýdylan pikirler bilen başlap bileris. Meselem, Ýatlama agşamynda çykyş edýän dogan Işaýa 65:21—23-nji aýatlary okap berer. Siz ikilenç ideg edeniňizde diňlän nutgyňyz barada agzap, şeýle diýip bilersiňiz: «Töleg gurbany arkaly nähili bereketleriň garaşýandygyny görkezmäge rugsat beriň». «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» atly kitabyň 4 we 5-nji sahypalaryna seredip geçiň. Ýa-da siz: «Işaýanyň pygamberliginiň haçan ýerine ýetjekdigi bilen köp adamlar gyzyklanýarlar» diýip bilersiňiz. Soňra 9-njy babyň 1—3-nji abzaslaryna serediň. Ýa-da Ýatlama agşamynda çykyş eden doganyň sözlerini agzap, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» atly kitap arkaly okuwyň nädip geçirilýändigini görkeziň.

      6. Isanyň Ýatlama agşamyny bellemek barada beren tabşyrygyny berjaý etmäge bizde nähili mümkinçilikler bolar?

      6 Ýatlama agşamyna barmak isleýänlere, ýagny Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere, yhlassyz wagyzçlara we myhmanlara kömek edeliň (Luka 22:19). Hudaýyň Patyşalygy ugrunda edýän tagallalarymyza Ýehowa hökman ak pata berer.

  • Wagyz üçin teklipler
    Hudaýa gullugymyz — 2008 | mart
    • Wagyz üçin teklipler

      «Biz her gün horluk, keselçilik we ölüm barada eşidýäris. Siziň pikirňizçe, biz haçanam bolsa bir gün bularyň ählisinden gutulyp bilerismi? (Jogap bersin). Bu aýat millionlarça adamlara umyt berdi» (Ýahýa 3:16-ny okaň).

      «Siziň pikiriňizçe, yrym etmek zyýanlymy ýa-da zyýansyz? (Jogap bersin). Ine, Mukaddes Ýazgylarda bu barada näme diýilýändigine serediň». (Işaýa 65:11-i okaň we yrym etmek näme üçin Mukaddes Ýazgylaryň taglymatyna gabat gelmeýändigini düşündiriň).

      «Siz bu pygamberligiň ýerine ýetişini görmek isleýärmisiňiz? (Işaýa 2:4-i okaň we jogap bersin). Hudaý adamlaryň işine goşulyp, «ähili zady düzetjekdigine» üns beriň. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Hudaý Armageddon urşuny alyp barar. Şonda ol ähli uruşlary ýatyrar». Soňra Armageddon urşunyň nämedigini we oňa näme üçin garaşmalydygyny düşündiriň.

      «Siziň pikirňizçe, biz şu aýatlarda aýdylan döwürde ýaşaýarysmy? (2 Timoteos 3:1—4-nji aýatlary okaň we jogap bersin). Soňky günler bilen gyzyklanmaly, sebäbi soň ýer üçin gowy döwür başlanar».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş