Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 68
  • Iki oglanyň direlişi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iki oglanyň direlişi
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Elýaşa alaw arabasyny görüpdi. Sen hem görýärmiň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Dul aýalyň ogly direlýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Sarepatly dul aýalyň imany sylaglanýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ýehowanyň goşuny
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 68

68-NJI HEKAÝA

Iki oglanyň direlişi

AÝDALY, sen ölýäň, soňam direlýäň. Seniň pikiriňçe, ejeň özüni nähili duýardy? Onuň şatlygynyň çägi bolmasa gerek! Ýöne ölen adam direlýärmi näme? Ozal ölen adam heý direlipmidi?

Suratda bir adamy, aýaly we oglanjygy görýänsiň. Bu adam Ylýas pygamber. Bu aýal Sareptaly dul aýal, oglanjyk bolsa onuň ogly. Bir sapar oglanjyk keselläp, gün-günden keseli agyrlaşyp ölýär. Şonda Ylýas oglanjygyň ejesine: «Oglanjygy maňa ber» diýýär.

Ylýas ony ýokarky otaga äkidip, düşeginde ýatyrýar. Soňra: «Ýehowa, bu oglanjygy direlt!» diýip doga edýär. Ine, oglanjyk hem dem alyp başlaýar! Şonda Ylýas ony ejesine gowşuryp: «Seret, seniň ogluň direldi!» diýip, begençli aýdýar. Ine, şonuň üçinem, onuň ejesi diýseň bagtly.

Ýehowanyň Elişa atly ýene bir belli pygamberi bardy. Ol Ylýasyň kömekçisidi. Emma birnäçe wagtdan soň, Ýehowa Elişanyň üsti bilen hem gudrat görkezýär. Bir gezek Elişa Şunem şäherine barýar. Şol şäherde bir aýal oňa köp ýagşylyk edýär. Soňra şol aýalyň ogly bolýar.

Oglanjyk ulalanda, bir gün meýdana kakasynyň ýanyna gidýär. Birdenkä ol: «Kelläm agyrýar!» diýip gygyrýar. Öýüne getirenlerinde bolsa ölýär. Onuň ölümine enesi nähili gynanandyr! Ol şobada Elişanyň ýanyna gidýär.

Elişa onuň öýüne gelip, oglanyň ýatan otagyna girýär. Ol Ýehowa doga edip, çaganyň üstünde ýatýar. Tizden oglanjygyň bedeni ýylap başlaýar. Soňra ol ýedi gezek asgyrýar. Ejesi oglunyň direlenini görüp, nähili begenendir!

Şu günlere çenli gaty köp adam öldi. Olaryň maşgalasy we dostlary nähili gynandyr. Adamlar ölini direldip bilmeýär. Emma Ýehowanyň muňa güýji ýetýär. Onuň millionlarça adamy direltjegi barada biraz soň bileris.

1 Patyşalar 17:8—24; 2 Patyşalar 4:8—37.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş