Hemişe Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödürle
1. Isanyň Matta 28:19, 20-de beren tabşyrygyny berjaý etmek nämäni aňladýar?
1 Isa bize: «(Adamlary) şägirt ediň..., olara öwrediň» diýip, tabşyryk berdi (Mat. 28:19, 20). Şonuň üçin biz olara Mukaddes Ýazgylar okuwyny diňe ýörite bellenen gün däl-de, eýsem, her gün hödür etmäge taýýar. Geliň, käbir peýdaly maslahatlara seredeliň.
2. Mukaddes Ýazgylar okuwyny kime hödürlese bolar?
2 Okuw hödür et. Mukaddes Ýazgylar okuwyny näçe köp hödür etsek, şonça-da isleg bildirýän adamlary köp taparys (Wag. 11:6). Sen göni teklip edip gördüňmi? ABŞ-da bir ýygnak tutuş bir aý Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödür etdi. Olar 42 sany täze okuwa başlap, örän begendiler! Wagyzda adamlar seniň Mukaddes Ýazgylardan sapak geçirýändigiňi bilýändirler öýtme. Olary ikilenç ideg edeniňde, okuwy hödürläp gör. Eger olar isleg bildirmese, zyýany ýok. Olarda isleg döretmek üçin ideg etmegiňi dowam edip bilersiň. Sen goňşularyňa, garyndaşlaryňa, işdeşleriňe we klasdaşlaryňa Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödür edip gördüňmi? Şeýle-de, sen okuw geçýänden dostlary ýa-da garyndaşlary hakynda sorap bilersiň. Belki-de, olaryň arasynda okuw geçmäge isleg bildirýänler bardyr.
3. «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby ulanman, nädip okuwa başlap bileris?
3 Diňe Mukaddes Ýazgylary ulan. Ýanyňda «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby bolmasa, megerem sen, okuwy nädip başlajagyňy bilmeýänsiň. Sen nädip okuwa başlap bilersiň? «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly Hudaýyň Sözi esasynda gyzykly gürrüňler taýýarla, ýöne gyzyklanýany ideg edeniňde diňe Mukaddes Ýazgylary ulan. Ulanjak pikirleriňi bir kagyza ýazyp bilersiň. Eger Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty yzygiderli öwretseň, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýändigiň barada hasabat tabşyryp bilersiň. Amatly bolanda, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby görkezip, şol boýunça okuwy dowam et.
4. Näme üçin hemişe Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödür etmeli?
4 Biziň ýaşaýan ýerimizde Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigini bilmek isleýän adamlar entegem bar. Hemişe Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödür etsek, adamlara ýaşaýyş ýolundan ýöremäge kömek edip, şatlygymyz artar (Mat. 7:13, 14).