30-NJY SAPAK
Adamlar bilen gyzyklanmak
MUKADDES ÝAZGYLARDAKY hakykaty gürrüň berenimizde, diňe bir ondaky maglumaty aýtmak bilen çäklenmän, eýsem, adamlaryň ýüregine-de täsir etmeli. Munuň üçin olar bilen içgin gyzyklanmaly. Ony dürli ýollar bilen etse bolýar.
Adamlaryň garaýşyny göz öňünde tutuň. Pawlus resul söhbetdeş bolýan adamlarynyň alan terbiýesini we garaýşyny göz öňünde tutýardy. Ol şeýle diýdi: «Men ýehudylary gazanjak bolup, ýehudylara ýehudy boldum. Kanun astyndakylary gazanjak bolup, kanun astynda bolmasam-da, kanun astyndakylara kanun astyndaky ýaly boldum. Hudaýyň garşysynda kanunsyz bolman, Mesihiň Kanuny astynda bolsam-da, kanuny ýoklary gazanjak bolup, kanuny ýoklara kanuny ýok kimin boldum. Ejizleri gazanjak bolup, ejizlere bir ejiz ýaly boldum. Her niçik-de bolsa, käbirlerini halas etjek bolup, her kese her zat boldum. Men bulary Hoş Habarda paýym bolsun diýip, Hoş Habar üçin edýärin» (1 Kor. 9:20—23). Şu günler biz nädip «her kese her zat bolup» bileris?
Adam bilen gürrüňe başlamazdan öň, birazajyk-da bolsa, oňa syn etjek boluň. Şonda onuň nähili adamdygyny we näme bilen gyzyklanýandygyny bilmäge mümkinçiligiňiz bolar. Siz onuň näme iş bilen meşgullanýandygyny aýdyp bilersiňizmi? Onuň haýsy dine uýýandygyny anyklap bolýarmy? Maşgalasy we çagalary barmy? Siz üns beren zatlaryňyzy göz öňünde tutup, adamy gyzyklandyrar ýaly teklibiňizi üýtgedip bilersiňizmi?
Meýdançaňyzdaky adamlary gyzyklandyrmak üçin aýtjak sözleriňiz barada öňünden oýlanmaly. Käbir ýerlerde daşary ýurtdan gelen adamlar ýaşaýar. Eger siziň meýdançaňyzda şeýle adamlar bar bolsa, olara güwälik etmek üçin gowy usullary tapdyňyzmy? Hudaý «bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýär». Şol sebäpli Patyşalyk habaryna ähli adamlar seslener ýaly wagyz etmegi maksat ediniň (1 Tim. 2:4).
Ünsli diňläň. Ýehowa ähli zady bilse-de, ünsli diňleýär. Mika pygamberiň gören görnüşinde Ýehowa bir mesele babatda perişdelerine öz pikirini aýtmaga mümkinçilik berýär. Soňra ol bir perişdä eden teklibini amala aşyrmaga rugsat berýär (1 Pat. 22:19—22). Ybraýym pygamber Sodom şäherine höküm ediljekdigini eşidende örän biynjalyklanýar. Şonda Ýehowa ony mähirlilik bilen soňuna çenli diňleýär (Gel. çyk. 18:23—33). Biz wagyzda Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip bileris?
Adamy öz pikirini aýtmaga höweslendiriň. Ýerlikli sorag berip, jogap berýänçä biraz garaşyň. Ony ünsli diňläň. Şonda siz adama pikirini çekinmän aýtmaga kömek edersiňiz. Eger ol jogap berende gyzyklanýan zady barada agzasa, onda sypaýyçylyk bilen şoňa degişli sorag beriň. Adam bilen ýakyndan tanyşjak boluň, ýöne onuň şahsy durmuşyna degişli soraglary bermäň. Pikirini aýdandygy üçin ýürekden öwgüli sözleri aýtmaga çalşyň. Siz adamyň pikiri bilen razy bolmasaňyz-da, oňa mähir bilen minnetdarlyk bildiriň (Kol. 4:6).
Emma adam bilen gyzyklananymyzda, özümizi ýerlikli alyp barmaly. Sebäbi adamyň aladasyny etmek islesek-de, bu bize olaryň şahsy işine goşulmaga ýol bermeýär (1 Pet. 4:15). Şol sebäpli adamlar bilen gyzyklananda doganlar aýal-gyzlaryň, uýalar erkek adamlaryň nädogry düşünmezligi üçin seresap bolmaly. Adamlar bilen nä derejede gyzyklansa bolýandygy her ýurtda dürli-dürli bolýar. Hatda bir ýurtda ýaşaýan adamlar hem muňa özüçe garaýarlar. Şonuň üçin bu meselede düşgür bolmaly (Luka 6:31).
Wagza taýýarlyk görmek gowy diňleýji bolmaga ýardam edýär. Eger biz aýtjak zadymyzy bilsek, özümizi rahat alyp bararys we adamy ünsli diňläp bileris. Şonda adam özüni arkaýyn duýar we höwes bilen söhbetdeş bolar.
Biz adamlary diňlesek, olara hormat goýýandygymyzy bildireris (Rim. 12:10). Şeýdip, biz olaryň pikirine we duýgularyna biperwaý garamaýandygymyzy görkezeris. Hatda bu adamlary biziň sözlerimizi-de ünsli diňlemäge höweslendirer. Hudaýyň Sözi bize «eşitmekde çalt, geplemekde assa» bolmagy maslahat berýär (Ýakup 1:19).
Ruhy taýdan ösmäge kömek ediň. Adamlaryň aladasyny etmeklik hakykat bilen gyzyklananlar barada has-da köp pikirlenmäge höweslendirýär. Şonda biz olary ikilenç ideg edip, Mukaddes Ýazgylardan olaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrýan pikirler bilen paýlaşarys. Ikilenç ideg etmek barada oýlananyňyzda, adam hakda bilen zatlaryňyzy göz öňünde tutuň. Ony biynjalyk edýän zatlar barada maglumat taýýarlaň. Ol bu zatlaryň wajypdygyny biler ýaly, taýýarlan temaňyzyň peýdaly taraplaryny görkeziň (Iş. 48:17).
Eger söhbetdeşiňiz size biynjalyklanýan zady ýa-da kynçylygy barada gürrüň berse, muňa hoş habary gürrüň bermäge mümkinçilik hökmünde garaň. Horluk çekýän adamlara hemişe teselli bermäge taýýar bolan Isadan görelde alyň (Mar. 6:31—34). Adama çalt we ýüzleý maslahat bermekden gaça duruň, ýogsam ol siziň ýürekden alada edýändigiňize şübhelener. Şol sebäpli oňa duýgudaşlyk bildiriň (1 Pet. 3:8). Soňra Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlar boýunça gözleg geçiriň we kynçylygyna hötde gelmäge kömek edýän pikirleri gürrüň beriň. Elbetde, adamyň söýgi bilen aladasyny etseňiz, bu size onuň syrlaryny, zerur bolmasa, başgalara aýtmakdan saklar (Sül. tym. 25:9).
Biz, esasan-da, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamlar bilen ýürekden gyzyklanmaly. Her bir gyzyklanýanyň zerurlyklaryny bilmek üçin doga ediň we olary göz öňünde tutup okuwa taýýarlanyň. Özüňize şeýle sorag beriň: «Okuw geçýän adam ruhy taýdan ösmegini dowam eder ýaly nähili ädim ätmeli?» Oňa Mukaddes Ýazgylara we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» taýýarlaýan edebiýatlaryna düşünmäge söýgi bilen kömek ediň (Mat. 24:45). Käte adama ýöne bir düşündirmek ýeterlikli bolmaýar. Siz onuň bilen Mukaddes Ýazgylaryň belli bir prinsipini ara alyp maslahatlaşyp, ony durmuşda nädip ulanyp bolýandygyny görkezmeli bolarsyňyz (Ýahýa 13:1—15).
Adamlara Ýehowanyň kadalary boýunça ýaşamaga kömek edeniňizde paýhaslylyk we düşgürlik gerek. Adamlaryň alan terbiýesi we ukyby biri-birinden tapawutlanýar. Şol sebäpli olar ruhy taýdan deň ösmeýärler. Bu babatda paýhaslylyk bilen garaşmagy başaryň (Flp. 4:5). Olary durmuşyny özgertmäge mejbur etmäň. Goý, olary Hudaýyň Sözi we Onuň mukaddes ruhy höweslendirsin. Ýehowa adamlaryň mejbury däl-de, öz islegi bilen gulluk etmegini isleýär (Zeb. 110:3). Olar şahsy meselede bir karara gelmeli bolanda, öz pikiriňizi aýtmakdan ägä boluň. Hatda sizden haýyş etseler-de, olara derek karara gelmäň (Gal. 6:5).
Gerekli kömegi beriň. Isa, esasan, adamlaryň ruhy taýdan aladasyny etse-de, olaryň başga zerurlyklaryna-da üns beripdir (Mat. 15:32). Biz bu babatda köp zady başarmasak-da, adamlara kömek etmegiň ýollary az däl.
Adamlaryň aladasyny etmeklik olara ünsli bolmaga höweslendirýär. Meselem, howa şertleri söhbetdeşiňize kynçylyk döredýän bolsa, onda gürrüňdeşligi başga ýerde ýa-da başga wagt geçirmegi teklip ediň. Eger siz oňaýsyz wagt gelen bolsaňyz, onda soňrak gelip biljekdigiňizi aýdyp bilersiňiz. Eger goňşyňyz ýa-da başga bir gyzyklanýan adam syrkawlan, ýa keselhana düşen bolsa, oňa otkrytka iberip, hatjagaz ýazyp, ýa-da halyndan habar alyp bilersiňiz. Eger ýerlikli bolsa, oňa iýere zat eltiň ýa-da başga bir kömegi ediň.
Okuw geçýän adamlar ruhy taýdan ösdügiçe, dost-ýarlary bilen öňküsi ýaly köp wagtyny geçirmeýändikleri üçin ýüregi gysmagy mümkin. Şol sebäpli olar bilen dostlaşyň. Okuw geçeniňizden soň we başga wagtlary olar bilen gürrüňdeş boluň. Olary gowy dostlary edinmäge höweslendiriň (Sül. tym. 13:20). Ýygnak duşuşyklaryna barmaga ýardam ediň. Olaryň ýanynda oturyň we çagalaryna seretmäge kömekleşiň. Şonda olaryň ählisi duşuşykdan köp peýda alyp bilerler.
Ýürekden gyzyklanyň. Adamlar bilen gyzyklanmaklyk, bu ýöne bir ulanylýan tär däl-de, ýürege mahsus häsiýetdir. Muny dürli ýollar bilen görkezip bolýar. Bu biziň adamlary diňleýşimizden we aýdýan sözlerimizden görünýär. Şeýle-de bu biziň adamlar barada edýän aladamyzdan belli bolar. Biz hiç bir söz aýtmasak-da, hiç zat etmesek-de, olar bilen gyzyklanýandygymyz biziň garaýşymyzdan we ýüz-gözümizden aýan bolar. Eger biz adamlaryň aladasyny ýürekden edýän bolsak, olar muny hökman duýarlar.
Has wajyby-da, adamlar bilen içgin gyzyklanyp, biz gökdäki Atamyzyň söýgüsine we rehimdarlygyna eýerýäris. Bu adamlary Ýehowa ýakynlaşmaga we hoş habara seslenmäge höweslendirer. Şeýlelikde, biz hoş habary wagyz edenimizde «diňe öz peýdamyzy däl-de, beýlekileriň hem peýdasyny gözlemäge» jan edýäris (Flp. 2:4).