Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rk sap. 13 sah. 30—31
  • Hakyky iman ebedi ýaşaýşa eltýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hakyky iman ebedi ýaşaýşa eltýär
  • Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Imanyňyzy berkidiň
  • Hakyky iman näme?
    Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
  • Ýehowanyň wadalaryna iman ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
rk sap. 13 sah. 30—31

13-NJI BÖLÜM

Hakyky iman ebedi ýaşaýşa eltýär

INJILDE: «Dogry adam iman bilen ýaşar» diýilýär (Rimliler 1:17). Bu sözler göwnüňi göterýär. Näme üçin?

Isa Mesih ýer ýüzündäki gullugyny tamamlap, Hudaýyň ýanyna göge galdy. Ol şägirtleriniň «gözleriniň alnynda ýokary galdyryldy, bir bulut Ony olaryň nazaryndan gizledi» (Resullaryň işleri 1:9). Hudaý ony gökde güýçli Patyşa edip belledi. Ýakyn gelejekde Isa «öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar. Bütin milletler Onuň öňüne ýygnanar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar» (Matta 25:31, 32). Bu haçan bolar?

Mukaddes Ýazgylara görä, häzirki kyn döwür Mesihiň tizden ähli halklary höküm etmäge geljekdigini görkezýär. Isa şeýle alamatyň boljakdygyny aýdypdy: «Millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýer titremeler, açlyk hem gyrgynçylyk, gorkunç wakalar, gökden uly alamatlar bolar» (Luka 21:7, 10, 11).

Şu günler jenaýatçylyk, keselçilik, uruşlar, zorluk we iýmit ýetmezçiligi ýaly kynçylyklar bar

Häzirki kynçylyklar Mesihiň tizden halklary höküm etjekdigini görkezýär

Häzir Isanyň sözleriniň ýerine ýetýändigi has-da aýdyň görünýär. Tizden ol zalym dünýäni ýok eder. Hatda Şeýtany hem ýok eder! Bütin ýer ýüzi Jennete öwrüler. Ähli adamlar biri-biri bilen, hatda haýwanlar bilen hem parahat ýaşarlar. «Möjek bilen guzy bir ýerde ýaşar, bir ýerde ýatar gaplaň we owlak, göle, arslan we bir ýaşar mal biledir, olary bir ýaş bala bakar. Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez» (Işaýa 11:6, 9). Ýaşaýjylaryň hiç biri: «Men syrkaw» diýmez... körleriň gözleri, kerleriň gulaklary açylar» (Işaýa 33:24; 35:5). Ölen adamlar hem direler. Ýehowa adamlaryň «gözýaşlaryny süpürer», «indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar» (Işaýa 25:8; Ylham 21:4). Allatagalanyň ilkibaşdaky niýeti amala aşar. Nähili ajaýyp gelejek!

Imanyňyzy berkidiň

Ýer ýüzünde boljak Jennetde kim ýaşar? Allatagala hakyky imanly adamlary ýaşadar!

Hakyky imanyň Hudaýyň Sözündäki dogry bilime esaslanýandygyny unutmaň. Hudaý we Isa pygamber barada köpräk bilim almagy dowam ediň!

Dürli milletdäki adamlar Jennetde bagtly ýaşaýar

Hakyky imanly adamlar Jennetde ebedi ýaşar!

Hakyky iman ýagşy işlere höweslendirýär. Injilde: «Iman hem amallar bolmasa ölüdir» diýilýär (Ýakup 2:26). Siz ýagşy işleri edip, Allanyň güýç, adalatlylyk, akyldarlyk we söýgi ýaly ajaýyp häsiýetlerine eýerersiňiz. Siz şu häsiýetleri ösdürmegi dowam ediň!

Siz imanyňyzy berkitseňiz, bol berekediň eýesi bolarsyňyz. Şeýdip, siz hem häzir, hem gelejekde bagtly ýaşarsyňyz!

Siz nähili jogap berersiňiz?

  • Häzir Isa nirede?

  • Tizden Isanyň halklary höküm etmäge geljekdigini nireden bilýäris?

  • Isa gelende näme eder?

  • Siz imanyňyzy nädip berkidip bilersiňiz?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş