Mukaddes Ýazgylar okuwyny netijeli geçiriň
1. Wagyzçy Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirende näme etmeli?
1 Ýehowa özüne çekmese hiç kim oňa gulluk edip bilmeýär (Ýahýa 6:44). Ýöne wagyzçy Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adama gökdäki Atasy Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmeli (Ýakup 4:8). Munuň üçin gowy taýýarlyk görmeli. Okuw geçirenimizde diňe abzaslary okap, ýazylan soraglary bermek ýeterlikli däl. Biz adama ýazylan zatlara düşünmäge we ruhy taýdan ösmäge kömek etmeli.
2. Mukaddes Ýazgylar okuwynyň netijeli bolmagy üçin näme etmeli?
2 Mukaddes Ýazgylar okuwynyň netijeli bolmagy üçin okuw geçýän adama şu zatlary etmäge kömek etmeli. Ol: 1) Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna dogry düşünmeli; 2) olary kabul etmeli; 3) durmuşynda ulanmaly (Ýahýa 3:16; 17:3; Ýakup 2:26). Munuň üçin oňa birnäçe aý gerek bolýar. Ol şu ädimleri ätmek bilen Hudaý bilen dostlugyny berkidýär we özüni Ýehowa bagyş edýär.
3. Adamyň garaýşyny biler ýaly näme üçin sorag bermeli?
3 Okuw geçýän adamyň pikirini nädip bilmeli? Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamyň öwrenýän zatlaryna düşünýändigini we durmuşynda ulanýandygyny bilmek üçin diňe özümiz gürlemän, ony hem pikirini aýtmaga höweslendirmeli (Ýakup 1:19). Ol geçilýän tema babatda Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigine düşünýärmi? Temany öz sözi bilen düşündirýärmi? Öwrenen zatlary barada näme pikir edýär? Mukaddes Ýazgylardaky taglymatlaryň paýhaslydygyna ynanýarmy? (1 Sel. 2:13). Ol öwrenýän zatlarynyň durmuşyna täsir etmelidigine düşünýärmi? (Kol. 3:10). Şu soraglar babatda adamyň garaýşyny bilmek üçin soraglary sypaýçylykly bermeli we ony ünsli diňlemeli (Mat. 16:13—16).
4. Okuw geçýän adam Mukaddes Ýazgylaryň käbir taglymatlara gowy düşünmeýän we ulanmaýan bolsa näme etmeli?
4 Adama erbet endiklerini taşlamak we nädogry garaýşyny düzetmek üçin wagt gerek bolýar (2 Kor. 10:5). Adam öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmasa näme? Hudaýyň Sözi we mukaddes ruh onuň ýüregine täsir edýänçä sabyrly bolmaly (1 Kor. 3:6, 7; Ýew. 4:12). Ol Mukaddes Ýazgylaryň bir taglymatyna gowy düşünmese we oňa eýermese, mejbur etmegiň deregine başga tema geçmeli. Biz oňa Mukaddes Ýazgylary sabyrly we mähir bilen öwretsek, wagtyň geçmegi bilen ol gerekli özgerişleri etmegi mümkin.