-
«Milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň»Hudaýa gullugymyz — 2014 | aprel
-
-
«Milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň»
1. Ýakynda geçiriljek welaýat kongresinde oňat edim-gylymly bolmak näme üçin wajyp?
1 Biziň her ýyl geçirýän kongreslerimiz adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Şol sebäpli özümizi sežde edýän Hudaýymyza mynasyp alyp barmaly (Lew. 20:26). Şeýle-de biziň egin-eşigimiz we daş-keşbimiz Isanyň hakyky şägirtleridigimizi aýdyň görkezmeli. Biz ýakynda geçiriljek welaýat kongresinde nädip «milletler arasynda oňat edim-gylymly bolup» we gökdäki Atamyz Ýehowany şöhratlandyryp bileris? (1 Pet. 2:12).
2. Biz kongres wagty nädip mesihi häsiýetlerimizi görkezip bileris?
2 Mesihi häsiýetleri görkeziň. Biziň birek-birege bolan söýgimiz we «özümizden bolmadyklar bilen» gatnaşygymyz bu dünýäniň özüňi bilmeklik ruhundan örän tapawutlanýar (Kol. 3:10; 4:5; 2 Tim. 3:1—5). Biz hatda kynçylyk ýüze çyksa-da, myhmanhananyň we restoranyň işgärleri bilen mähirli gürleşmeli hem-de sabyrly bolmaly. Şeýle-de biz hyzmat edýänlere sowgat bermek bilen özümizi gowy alyp barýandygymyzy görkezýäris.
3. Ata-eneler nämäni unutmaly däl we näme üçin?
3 Ata-eneler kongres geçirilýän ýerde, restoranda we myhmanhanada çagalaryna örän ünsli bolmaly (Sül. tym. 29:15). Bir myhmanhananyň iş dolandyryjysy mesihçi är-aýala şeýle diýdi: «Biz sizi şeýle gowy gördük. Sizem, çagalaryňyzam diýseň edepli we mähirli ekeniňiz. Işgärlerimiziň ählisi hem siziň her hepde bu ýerde galmagyňyzy isleýärler».
4. Biz kongres geçirilýän şäherde nädip egin-eşigimize ünsli bolup bileris?
4 Salykatly geýniň. Biz şu dünýäniň modasyna kowalaşman, kongres wagty ýaraşykly we salykatly geýinmeli (1 Tim. 2:9). Biz myhmanhanada bolanymyzda, dynç alanymyzda ýa-da kongresden soň hem çem gelen zady we sölpi geýinmekden gaça durmaly. Şonda biz plaketkamyzy buýsanç bilen dakynarys we mümkinçilik dörände wagyz etmäge çekinmeris. Biz ýakynda bolžak kongreslerde salykatly geýnişimiz we oňat edim-gylymymyz bilen diňe bir akýürekli adamlary Mukaddes Ýazgylardaky halas ediji habara çekmän, eýsem, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys (Sef. 3:17).
-
-
Ýygnagyň gözegçileri — Toparyň gözegçisiHudaýa gullugymyz — 2014 | aprel
-
-
Ýygnagyň gözegçileri — Toparyň gözegçisi
1. Toparyň gözegçisi edip kim bellenilýär?
1 Toparyň gözegçisi bolup gulluk etmek ukyply ýaşuly doganlar üçin uly hormatdyr. Topara gözegçilik edýän gulluk hyzmatçylaryna hem «toparyň hyzmatçysy» diýilýär. Toparyndaky dogan-uýalaryň ruhy taýdan aladasyny etmek uly jogapkärçilik bolandygy üçin, dogan şu üç borjy ýerine ýetirmeli.
2. Toparyň gözegçisine ökde mugallym bolmaga näme kömek eder?
2 Ökdelik bilen öwretmek. Toparyň gözegçisi her hepde öwrenilýän zatlara toparyndaky dogan-uýalar dogry düşüner ýaly gowy taýýarlanmaly. Ol geçirilýän material dogan-uýalaryň ählisine peýdaly bolmagy üçin tagalla edýär. Doganyň özi köp düşündirmegiň deregine, käte esasy pikirleri nygtamak üçin goşmaça soraglary berse, ýerlikli bolar. Elbetde, öwrenilýän temany gyzykly we peýdaly etmek hem-de her bir adamy gürrüňdeşlige höweslendirmek aňsat däl. Emma gözegçiniň maksady — dogan-uýalary ruhy taýdan berkitmek, öwrenilýän temanyň peýdasyny nygtamak we materialy olaryň aňyna hem-de ýüregine ýetirmek (1 Sel. 2:13).
3. Toparyň gözegçisi topara nädip çopançylyk edýär?
3 Çopançylyk idegini etmek. Toparyň gözegçisi «ýelden buky, tupandan penadyr» (Iş. 32:2). Ol toparyndaky ähli dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny edýär we göwnüçökgünlere teselli berip, ruhy taýdan kömek etmäge çalyşýar (Ezek. 34:15, 16; 1 Sel. 2:7, 8).
4. Wagyz işine yhlasly gatnaşmak näme üçin wajyp?
4 Yhlasly wagyz etmek. Toparyň gözegçisi toparyndaky ähli wagyzçylar gatnaşyp biler ýaly, wagyz gullugy üçin duşuşygyň olara amatly wagtda geçirilmeginiň ýürekden aladasyny edýär. Ol wagyz işine yzygiderli, yhlasly we şatlyk bilen gatnaşsa, toparyndaky wagyzçylara gowy täsir etjekdigine düşünýär (Kol. 4:17; 2 Sel. 3:9). Wagtyň geçmegi bilen, ol toparyndaky her bir wagyzçy bilen wagyz etmäge jan eder. Eger biz wagyzda ökdeleşmek we öwretmek ukybymyzy artdyrmak islesek, toparyň gözegçisi bu babatda kömek eder (1 Tim. 4:16; 2 Tim. 4:5).
5. Biz toparyň gözegçisini nädip goldap bileris?
5 Dogrudan-da, ruhy taýdan kömek etmäge we söýgi bilen goldamaga hemişe taýyn adamlar görnüşindäki sowgatlar biziň üçin uly bereket (1 Sel. 5:14). Geliň, ýygnak duşuşyklaryna we wagyz işine yzygiderli gatnaşyp, Ýehowanyň bellän gözegçilerini goldalyň hem-de minnetdarlygymyzy bildireliň (Ýew. 10:25).
-