Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yc sap. 7 sah. 16—17
  • Sen käwagt özüňi ýeke duýýarmyň ýa-da gorkýarmyň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen käwagt özüňi ýeke duýýarmyň ýa-da gorkýarmyň?
  • Çagalaryňyza öwrediň
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý oňa teselli berdi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ýehowa Ylýasa güýç berdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ol oýa bolup garaşdy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ol hakyky seždäniň tarapyny tutdy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
Başgalary
Çagalaryňyza öwrediň
yc sap. 7 sah. 16—17
Oglanjyk özüni ýeke duýýar we gorkýar

7-NJI SAPAK

Sen käwagt özüňi ýeke duýýarmyň ýa-da gorkýarmyň?

Suratdaky oglanjyga seret. Ol ýeke galana we gorkýana meňzeýärmi? Sen hem käwagt özüňi ýeke duýýarmyň? ~ Käwagt her bir adam özüni şeýle duýýar. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň dosty bolan adamlaryň özüni ýeke duýandygy we gorkandygy aýdylýar. Olaryň biri Ylýas pygamberdi. Gel, ol barada bileli.

Izebel gaharly gygyrýar

Izebel Ylýasy öldürmek isleýär

Ylýas pygamber Isa dogulmazyndan ençeme ýyl öň Ysraýylda ýaşapdy. Ysraýylyň patyşasy Ahap hakyky Hudaý Ýehowa gulluk etmeýärdi. Ahap we onuň aýaly Izebel Baal atly ýalan hudaýa gulluk edýärdi. Şonuň üçin Ysraýylda ýaşaýan adamlaryň köpüsi Baala gulluk edip başladylar. Patyşanyň aýaly Izebel erbetdi, ol Ýehowa gulluk edýän hemme adamlary, hatda Ylýas pygamberi-de öldürmek isleýärdi. Sen Ylýasyň näme edendigini bilýärmiň? ~

Ylýas pygamber gaçyp gidýär! Ol uzakdaky çöle gidip, gowakda gizlenýär. Seniň pikiriňçe, ol näme üçin gaçdyka? ~ Sebäbi ol gorkýar. Emma Ylýas gorkmaly däldi. Näme üçin? Sebäbi oňa Ýehowa kömek edip bilerdi. Ýehowa öňem Ylýasa güýjüni görkezipdi. Bir gezek Ýehowa gökden ot ýagdyryp, Ylýasyň dilegine jogap beripdi. Şol sebäpli Ýehowa bu gezegem Ylýasa kömek ederdi!

Ýehowa Ylýasyň dogasyna jogap berip, gökden ot inderýär; Ylýas gowakda; Ylýas Ýehowanyň ruhlandyryjy sözlerini eşidip begenýär

Ýehowa Ylýasa nädip kömek etdi?

Ýehowa gowakda oturan Ylýasa: «Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň?» diýýär. Ylýas oňa: «Saňa gulluk edýänlerden diňe men galdym. Meni hem öldürerler öýdüp gorkýaryn» diýýär. Ylýas pygamber Ýehowanyň ähli gullukçylaryny Izebel öldürendir diýip pikir edýär. Emma Ýehowa Ylýasa şeýle diýýär: «Ýok, bu beýle däl. Senden başga-da maňa 7 000 sany adam gulluk edýär. Batyrgaý bol! Men saňa ýene-de köp işleri tabşyrjak!». Seniň pikiriňçe, Ylýas muny eşidip begendimikä? ~

Sen Ylýas pygamber bilen bolan wakadan näme öwrenip bilersiň? ~ Sen hiç haçan özüňi ýeke duýma we gorkma. Sebäbi seniň köp dostlaryň bar. Olar Ýehowany we seni söýýärler. Onsoňam, Ýehowa örän güýçli, ol saňa hemişe kömek eder. Sen indi hiç haçan özüňi ýeke duýmarsyň, şeýle dälmi? ~

ŞU AÝATLARY OKAŇ

  • 1 Patyşalar 19:3—18

  • Zebur 145:18

  • 1 Petrus 5:9

SORAGLAR:

  • Ylýasyň günlerinde Ysraýylda ýaşaýan köp adamlar Ýehowa gulluk edýärdimi? Olar kime gulluk edýärdi?

  • Ylýas pygamber näme üçin gaçyp gitdi we gowakda gizlendi?

  • Ýehowa Ylýasa näme diýdi?

  • Sen Ylýas pygamber bilen bolan wakadan näme öwrenip bilersiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş