Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yc sap. 12 sah. 26—27
  • Pawlusyň ýegeni batyrgaýdy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Pawlusyň ýegeni batyrgaýdy
  • Çagalaryňyza öwrediň
  • Meňzeş maglumat
  • «Gulak asyň! Men size bolan zatlary düşündireýin»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Mert boluň, Ýehowa size kömek eder!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • «Men hiç bir adamyň ganyna galmadym»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Batyr adam
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Çagalaryňyza öwrediň
yc sap. 12 sah. 26—27
Pawlusyň ýegeni müňbaşy bilen gürleşýär

12-NJI SAPAK

Pawlusyň ýegeni batyrgaýdy

Gel, daýysyny halas eden ýaş oglanyň kimdigini bileli. Onuň daýysynyň ady Pawlusdy. Biz ýaş oglanyň adyny bilmesek-de, onuň örän batyrgaý bolandygyny bilýäris. Sen onuň näme edendigini bilesiň gelýärmi? ~

Pawlus Iýerusalimde türmede otyrdy. Ony Isa barada wagyz edendigi üçin tussag edipdiler. Käbir erbet adamlar Pawlusy ýigrenýärdiler we oňa ýamanlyk etmek isleýärdiler. Olar şeýle diýdiler: «Geliň, Pawlusy sud eder ýaly müňbaşydan esgerlerini iberip, ony getirmegi haýyş edeliň; şeýdip biz ony ýolda gelýärkä, öldüreris!».

Tussaglykda oturan Pawlus ýegeniniň aýdaýan habaryny diňleýär

Pawlusyň ýegeni oňa we müňbaşa erbet adamlaryň ýamanlyk etjek bolýandyklaryny aýdýar

Pawlusyň ýegeni olaryň näme etjek bolýandyklaryny eşidýär. Ol näme etdikä? Ol türmä baryp, Pawlusa hemme zady gürrüň berýär. Pawlus oňa derrew bu barada müňbaşa aýtmagy tabşyrýar. Seniň pikiriňçe, Pawlusyň ýegenine muny müňbaşa aýtmak aňsat boldumyka? ~ Elbetde, aňsat bolmady! Sebäbi müňbaşy örän wajyp adamdy. Emma Pawlusyň ýegeni batyrgaý bolany üçin muny müňbaşa aýdýar.

Müňbaşy näme etmelidigini gowy bilýärdi. Ol 500-e golaý esgeri bilen Pawlusy goraýar. Şol gije ol esgerlere Pawlusy rimlileriň baştutanynyň ýanyna eltmegi buýurýar. Pawlus halas boldumyka? ~ Hawa, erbet adamlar ony öldürip bilmediler. Olaryň etjek bolýan ýamanlygy başa barmady!

Sen bu wakadan näme öwrenip bilersiň? ~ Senem Pawlusyň ýegeni ýaly batyrgaý bolup bilersiň. Biz adamlara Ýehowa barada wagyz edenimizde batyrgaý bolmaly. Sen hem Ýehowa barada batyrgaýlyk bilen gürrüň berermiň? ~ Eger gürrüň berseň, adamlary halas edip bilersiň.

ŞU AÝATLARY OKAŇ

  • Resullaryň işleri 23:12—24

  • Matta 24:14; 28:18—20

  • 1 Timoteos 4:16

SORAGLAR:

  • Käbir erbet adamlar Pawlusa näme etjek boldular?

  • Pawlusyň ýegeni näme etdi? Oňa näme üçin batyrgaý diýse bolýar?

  • Sen hem Pawlusyň ýegeni ýaly nädip batyrgaý bolup bilersiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş