«Hudaýyň hoş habary» atly broşýura arkaly öwrediň
1. «Hudaýyň hoş habary» atly broşýura näme maksat bilen çap edildi?
1 Iýul aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzda» aýdylyşy ýaly, öwretmek üçin ulanýan esasy gurallaryň biri «Hudaýyň hoş habary» atly broşýura. Adamyň özi aýatlary göni Mukaddes Ýazgylardan okap şatlyk tapar ýaly, broşýurada aýatlaryň diňe salgysy berilýär. Öwrenilýän edebiýatlaryň köpüsini adam özbaşdak okap bilse-de, bu broşýura gyzyklanýan adam bilen bile geçer ýaly niýetlenendir. Şol sebäpli adama broşýurany hödür edenimizde, Mukaddes Ýazgylaryň özünden hoş habary bilmegiň köp şatlyk berýändigini görkezjek bolmaly (Mat. 13:44).
2. Biz wagyzda «Hudaýyň hoş habary» atly broşýurany nädip ulanyp bileris?
2 Adama birinji gezek wagyz edeniňizde: Siz şeýle diýip bilersiňiz: «Üns beren bolsaňyz, köp adamlar dünýäniň ýagdaýynyň erbetleşýändigini görüp biynjalyk bolýarlar. Siziň pikiriňizçe, dünýäniň ýagdaýy gowulaşarmyka? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda adamlara umyt berýän hoş habar bar. Şu broşýuradaky käbir soraglara Mukaddes Ýazgylarda jogap berilýär». Soňra broşýurany adama berip, onuň arka ýüzündäki soraglaryň birini saýlamagy teklip ediň. Şol sapagyň birinji abzasyna seredip, Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini görkeziň. Ýa-da saýlan sapagyňyzdan ony gyzyklandyrýan soragy saýlamagy teklip ediň we broşýurada Mukaddes Ýazgylaryň esasynda nähili jogap berilýändigini görkeziň.
3. «Hudaýyň hoş habary» atly broşýura arkaly nädip Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip bolýandygyny düşündiriň.
3 Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip geçirmeli? 1. Goýy harp bilen ýazylyp, tertip sany görkezilen soraglar adamyň ünsüni esasy pikire çekmäge kömek edýär. 2. Soragdan soň getirilen abzasy okaň. 3. Kursiw bilen ýazylan aýatlary okap, adama goýy harp bilen ýazylyp, tertip sany görkezilen soraga Mukaddes Ýazgylarda näme jogap berilýändigini bilmäge kömek etmek üçin, sypaýylyk bilen sorag beriň. 4. Eger soraga degişli ýene-de bir abzas bar bolsa, ýokarda aýdylan ikinji we üçünji görkezmä eýeriň. 5. Soňunda adamdan seredilen soragyň jogabyna düşünendigini ýa-da düşünmändigini soraň. Adamy birnäçe gezek idäp, Mukaddes Ýazgylar okuwyny yzygider geçirip başlanyňyzdan soň, okuwy «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» atly kitap arkaly geçirip bilersiňiz ýa-da broşýurany soňuna çenli tamamlap bilersiňiz.
4. Broşýurany ökdelik bilen ulanmaga bize näme kömek eder?
4 Bu gymmatly guraly, ýagny broşýurany gowy öwreniň we her bir mümkinçilikden peýdalanyp, ony ulanyň. Sapak geçmezden öň, gyzyklanýan adam hakda we getirilen aýatlaryň esasynda onuň bilen gürrüň edip, nädip kömek edip bolýandygy barada oýlanyň (Sül. tym. 15:28; Res. iş. 17:2, 3). Bu broşýurany ulanyp ökdeleşseňiz, adamlara hakykaty öwredeniňizde gowy görýän guralyňyzyň biri bolar!