Biz «täsin tärde ýaradylan»
«Men gaty gorkunç we täsin tärde ýaradylypdyryn» (ZEBUR 139:14).
1. Näme üçin adamlaryň köpüsi tebigatdaky täsin zatlar barada oýlanyp, Hudaýy hormatlaýarlar?
TEBIGAT ajaýyp zatlardan doly. Bu zatlar nädip peýda bolduka? Käbir adamlar bu soraga paýhasly Ýaradyjysyz-da jogap berip bolýar diýýärler. Başga adamlaryň pikirine görä, kesirlik edip Ýaradyjynyň bardygyna ynanmasak, tebigata düşünmek ukybymyzy çäklendirýäris. Olar ýer ýüzündäki ýaradylan zatlar şeýle ajaýyp, çylşyrymly we dürli-dürli welin, olaryň tötänden döremegi mümkin däl diýýärler. Şeýle subutnamalar adamlaryň köpüsine, şol sanda käbir alymlara-da älemi paýhasly, güýçli, hoşniýetli Ýaradyjynyň ýaradandygyna güwä geçýära.
2. Näme üçin Dawut pygamber Ýehowany şöhratlandyrýar?
2 Gadymy Ysraýyl patyşasy Dawut Ýaradyjynyň ajaýyp zatlary ýaradandygyna ynanyp, ony şöhratlandyrýardy. Dawut pygamber şu günki ylmy taýdan ösen döwürden has öň ýaşan bolsa-da, daş-töwerek Hudaýyň ýaradan täsin zatlary bilen gurşalandygyna düşünýärdi. Dawut pygamber diňe adam bedeniniň gurluşy barada oýlananda, Hudaýyň döredijilik ukybyna haýran galyp tolgunýar. Ol: «Saňa şükür ederin, çünki men gaty gorkunç we täsin tärde ýaradylypdyryn; Seniň işleriň ajaýyp, janym muny gaty oňat bilýär» diýdi (Zebur 139:14).
3, 4. Biziň her birimize Ýehowanyň ajaýyp işleri barada çuňňur oýlanmak näme üçin wajyp?
3 Dawut pygamber çuňňur oýlanyp, imanyny berkitdi. Şu günler ynsanyň gelip çykyşy barada okuw meýilnamasynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde imany gowşadýan taglymatlar örän köp. Biz hem Dawut pygamber ýaly imanymyzy berkitmek üçin çuňňur oýlanmaly. Hudaýyň barlygy we durmuşymyzda onuň ähmiýeti baradaky wajyp meselelerde, başga adamlaryň bize derek oýlanmagyna ýol bermeli däl.
4 Şeýle-de Hudaýyň ajaýyp işleri barada oýlansak, Ýehowa bolan söýgimizi we minnetdarlygymyzy artdyrarys hem-de Hudaýyň geljek baradaky beren wadasyna bolan imanymyzy berkideris. Bu bizi Ýehowany has gowy tanamaga we oňa gulluk etmäge höweslendirýär. Geliň, biziň «täsin tärde ýaradylandygymyz» barada Dawudyň aýdan sözlerini häzirki ylmyň tassyklaýşyna seredeliň.
Bedenimiziň täsin ösüşi
5, 6. a) Her bir adamyň ýaşaýşy nähili başlaýar? b) Böwregiň nähili ähmiýeti bar?
5 «Sen meniň içimi [böwregimi, TD] ýaratdyň, ejemiň göwresinde Sen meni emele getirdiň» (Zebur 139:13). Biziň hemmämiz ejemiziň göwresinde şu sözlemiň soňundaky nokatdanam kiçi öýjük hökmünde emele geldik. Bu öýjük juda kiçi bolsa-da şeýle bir çylşyrymly welin, kiçi görnüşli himiýa labaratoriýasyna meňzeýär! Ol çalt ösýär. Siziň esasy beden agzalaryňyz we böwregiňiz ikinji aýyň ahyrynda döreýär. Dünýä inmegiňiziň öň ýanynda, siziň böwregiňiz zeperli maddalary we artyk suwy çykaryp, ganyňyzy süzüp başlamaga hem-de gerekli maddalary saklamaga taýyn bolýar. Uly adamyň ganynda alty litre golaý suw bolýar. Eger böwregiňiz sagdyn bolsa, şol gandaky suwy her kyrk bäş minutdan süzýär!
6 Siziň böwregiňiz ganyň mineral düzümine, turşulygyna we gan basyşyna-da gözegçilik edýär. Şeýle-de olar başga wajyp işleri hem ýerine ýetirýär. Meselem, süňküň gowy ösmegi üçin D witaminiň täsirini güýçlendirýär we süňk ýiligindäki gyzyl gan öýjükler gowy işlär ýaly eritropoetin gormonyny öndürýär. Şol sebäpli böwrege «bedeniň himiki ussaty» diýip, ýöne ýere aýdylmaýarb!
7, 8. a) Dünýä inmedik bäbegiň ösüşini gürrüň beriň. b) Haýsy manyda bäbek «dünýäniň çuň ýerlerinde» ösýär?
7 «Gizlin ýerde ýaradylan mahalym, dünýäniň çuň ýerlerinde emele gelen mahalym süňklerim Senden gizlin däldi» (Zebur 139:15). Ilkinji dörän öýjük bölünip başlaýar, soňra täze öýjükler peýda bolup, olar hem bölünýärler. Tizden şol öýjükler biri-birinden tapawutlanýan nerw, beden etiniň, deri we ş. m. öýjüklerine bölünýärler. Birmeňzeş öýjükler birleşip, dokumalary, soňra bolsa beden agzalaryny emele getirýärler. Mysal üçin, tohumlandyrmadan üç hepde soň, süňküňiziň gurluşy döräp başlaýar. Size ýaňy ýedi hepde bolanda, boýuňyz 2,5 sm ýetmänkä, bedende 206 süňküň ählisi döreýär, ýöne olar kiçijik we örän ýumşak bolýar.
8 Bu täsin ösüş enäniň göwresinde, ýeriň çuň ýerlerinde ýaly adamlaryň gözünden gizlinlikde bolýar. Hakykakatdanam, bäbegiň ösüşi barada köp zatlar adam üçin näbelli bolup galýar. Meselem, öýjükdäki aýratyn genler öýjükleri bir-birinden nädip tapawutlandyryp başlaýar? Wagtyň geçmegi bilen ylmyň bu soraga jogap bermegi mümkin, emma Dawut pygamber Ýehowa Ýaradyjymyzyň muny mydama bilýändigine düşünýärdi.
9, 10. Düwünçegiň ösüşi haýsy manyda Hudaýyň «kitabynda» «ýazylan»?
9 «Düwünçekkäm gözleriň meni gördi; entek olaryň hiç biri ýokka meniň üçin bellenen bütin günler kitabyňda ýazylgydy» (Zebur 139:16). Ilkinji öýjükde bütin bedeniň doly plany bolýar. Bu plan boýunça siz entek dünýä inmänkäňiz göwrede dokuz aýyň dowamynda ösýärsiňiz we ýigrimiden gowrak ýaşa ýetip ulalýarsyňyz. Şol döwürde bedeniňiz ilkinji öýjükde ýerleşýän plan boýunça ençeme tapgyrlardan geçýär.
10 Dawut pygamber öýjükler we genler barada hiç zat bilmeýärdi; hatda onda mikroskop hem ýokdy. Emma ol bedeniň öňden düzülen plan boýunça ösýändigini bilýärdi. Dawut pygamber göwrede düwünçegiň nädip ösýändigi barada biraz bilýän bolmagy mümkin. Şol sebäpli ol her tapgyryň öňden düzülen nusga we tertip boýunça geçmelidigini bilýärdi. Ol çeper dilde bu nusga Hudaýyň «kitabynda ýazylgy» diýýär.
11. Biziň daş keşbimiziň käbir aýratynlyklaryny nädip anyklap bolýar?
11 Şu günler daş keşbiňiziň käbir aýratynlyklary ata-eneňizden geçýändigini bilýänsiňiz. Meselem, boýuňyz, ýüz keşbiňiz, gözüňiziň hem saçyňyzyň reňki we müňlerçe başga aýratynlyklar gen arkaly geçýär. Her bir öýjükde müňlerçe gen bar we her gende uzyn zynjyrly DNK-nyň (dezoksiribonuklein kislotanyň) molekulasy ýerleşýär. Bedeniňiziň «gurluşy» baradaky maglumat şahsy DNK-nyň himiki gurluşynda «ýazylgy». Her gezek siziň öýjükleriňiz bölünip täzelenende ýa-da köne öýjükler çalşanda, siziň DNK-ňyz şol maglumatlary geçirip, ýaşaýşyňyzy we esasy daş keşbiňizi saklaýar. Bu täsin mysal, gökdäki Ýaradyjymyzyň güýjüni we akyldarlygyny görkezýär!
Akylymyzyň täsinligi
12. Adam haýwandan esasy näme bilen tapawutlanýar?
12 «Pikirleriň meniň üçin nähili gymmatly, eý Hudaý! Olaryň jemi nähili köp! Sanajak bolsam, çägeden köp» (Zebur 139:17, 18a). Haýwanlar-da täsin tärde ýaradylan. Olaryň käbirleriniň duýgurlygy we güýji adamlaryňkydan ýokary bolýar. Ýöne Hudaý adama akyl-paýhas berip, her bir haýwandan beýgeltdi. Ylmy kitaplaryň birinde şeýle diýilýär: «Biz ynsan bolsak-da, köp zatda beýleki janly mahluklara meňzeýäris. Ýöne ýer ýüzünde ýaşaýan ähli jandarlaryň arasynda diňe adam pikirlenmek we geplemek ukyby bilen tapawutlanýar». Mundan başga-da ol kitapda şeýle diýilýär: «Biz özümiz barada bilmek isleýändigimiz bilen tapawutlanýarys. Şeýle-de: bedenimiziň gurluşy nähili? Ol nähili döreýär? — diýen soraglary bilesimiz gelýär». Bu soraglar barada Dawut pygamber-de oýlanypdy.
13. a) Dawut pygamber Hudaýyň pikirleri barada nädip oýlanýar? b) Biz Dawut pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris?
13 Biziň haýwanlardan tapawutlanýandygymyzyň has wajyp sebäbi, Hudaýyň pikirleri barada oýlanyp bilýärisc. Bu aýratyn sowgat bize «Hudaýyň suratynda» ýaradylandygymyz üçin berildi (Barlyk 1:27). Dawut bu sowgady gowy ulandy. Ol Hudaýyň bardygynyň subutnamalary we Hudaýyň gowy häsiýetlerini görkezýän daş-töweregindäki zatlar barada oýlanýardy. Şeýle-de Dawut pygamberde Hudaýyň özi we eden işleri barada gürrüň berýän Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji kitaplary bardy. Hudaýyň kitaplary Dawuda Ýehowanyň pikirlerine, häsiýetine we niýetine düşünmäge kömek edýärdi. Dawudyň Mukaddes Ýazgylar, ýaradylan zatlar we Hudaýyň oňa bolan garaýşy barada oýlanmagy, Ýaradyjyny şöhratlandyrmaga höweslendirýärdi.
Iman etmek näme?
14. Hudaýa iman eder ýaly näme üçin ol barada ähli zady bilmek hökman däl?
14 Dawut ýaradylan zatlar we Mukaddes Ýazgylar barada oýlandygyça, Ýehowanyň «biliminiň» we başarnygynyň çäksizdigine göz ýetirýär (Zebur 139:6). Munuň bilen bizem razylaşýarys. Biz Hudaýyň ähli ýaradan zatlary barada hiç haçan doly düşünmeris (Wagyzçy 3:11; 8:17). Emma Hudaý her bir asyrda hakykaty gözleýänler subutnama esasynda iman eder ýaly, olara Mukaddes Ýazgylar we tebigat arkaly ýeterlikli bilimi «belli edýär» (Rimliler 1:19, 20; Ýewreýler 11:1, 3).
15. Iman etmek we Hudaý bilen gatnaşygymyzyň baglanyşygyny mysal arkaly düşündiriň.
15 Hudaýa iman etmek — ýaşaýşy we älemi paýhasly Gözbaşyň ýaradandygyna diňe ynanmaklygy aňlatmaýar. Iman etmek şahsyýet hökmünde Ýehowa bil baglamagy aňladýar. Ol özi barada bilmegimizi we onuň bilen ýakyn gatnaşykda bolmagymyzy isleýär (Ýakup 4:8). Şeýle imany söýýän atamyza ynanmaklyk bilen deňeşdirip bolýar. Aýdaly, kyn ýagdaýa düşeniňizde size kakaňyzyň kömek etmejekdigi barada kimdir biri şübhe goýýar. Mümkin, siz şol adama kakaňyzyň ynama mynasypdygyny subut edip bilmersiňiz. Ýöne siz mydama kakaňyz bilen gepleşip, onuň rehimli we ynamdardygyny bilýändigiňiz üçin ynamyňyzy ödejekdigine şübhelenmersiňiz. Şonuň ýaly bizem Mukaddes Ýazgylary öwrenip, ýaradylan zatlar barada oýlansak, Ýehowa barada bilim alyp, onuň dogamyza jogap berýändigini we kömek edýändigini duýsak, oňa bil baglarys. Bu bizi Hudaý barada bilimimizi artdyrmaga, ony mydama şöhratlandyrmaga we ak ýürekden söýgimizi, wepalylygymyzy görkezmäge höweslendirýär. Biziň her birimiz şeýle gowy maksatlary goýup bileris (Efesliler 5:1, 2).
Hudaýyň görkezmesini agtaryň!
16. Biz Dawudyň Hudaý bilen ýakyn gatnaşygyndan näme öwrenip bileris?
16 «Eý Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil, meni syna-da, pikirlerimi bil; Gör, mende erbet ýol bar bolsa, meni ebedi ýola sal» (Zebur 139:23, 24). Dawut Ýehowanyň ähli zady bilýändigine, ýagny onuň pikirini, aýdýan sözüni, edýän işini Hudaýyň görýändigine düşünýärdi (Zebur 139:1—12; Ýewreýler 4:13). Çaga atasynyň elinde özüni rahat duýşy ýaly, Hudaý barada bilmek bilen Dawut hem özüni rahat duýýardy. Dawut Ýehowa bilen gatnaşygyny gymmat saýýardy we ony berkitmek üçin onuň eden işleri barada çuňňur oýlanyp, oňa doga edip, tagallalar edýärdi. Dawudyň dogalary köp mezmurda, şol sanda 139-njy mezmurda-da beýan edilýär we saza goşulyp aýdylýar. Ýehowa barada oýlansak we doga etsek, oňa ýakynlaşarys.
17. a) Näme üçin Dawut ýüregini Ýehowanyň barlamagyny isledi? b) Erkinlik durmuşymyza nähili täsir edýär?
17 Hudaýyň suratyna görä ýaradylandygymyz üçin, bize erkinlik berildi. Biz ýagşylygy we ýamanlygy saýlap bilýäris. Erkinlik bizi ahlak taýdan jogapkär edýär. Dawut pygamber erbetleriň hatarynda bolmak islemedi (Zebur 139:19—22). Onuň howply ýolda ýöräsi gelmeýärdi. Dawut pygamber Hudaýyň ähli zady bilýändigi barada oýlanyp, pesgöwünlik bilen Hudaýdan onuň ýüreginiň gizlin pikirlerini barlamagyny we ýaşaýşa eltýän ýoly görkezmegi diledi. Hudaýyň dogry ahlak kadalary hemmelere-de degişli, şol sebäpli biz dogry ýoly saýlamaly. Ýehowa ähli adamlaryň oňa gulak asmagyny isleýär. Şeýtsek, biz onuň merhemetini gazanarys we ençeme bereketler alarys (Ýahýa 12:50; 1 Timoteos 4:8). Her gün Ýehowa bilen ýöresek, agyr kynçylyklara duçar bolanymyzda-da, kalbymyzda rahatlyk bolar (Filipililer 4:6, 7).
Ajaýyp Ýaradyjymyza tabyn bolalyň!
18. Dawut pygamber ýaradylan zatlar barada oýlanyp, nähili netijä gelýär?
18 Dawut ýaşka köplenç sürini açyk meýdanda bakýardy. Goýunlary otlap ýörkä, ol nazaryny göge dikýärdi. Agşam garaňky gatlaşanda, Dawut älemiň ägirt ululygy we onuň näme aňladýandygy hakynda oýlanýardy. Ol şeýle ýazýar: «Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi Onuň elleriniň işinden habar berýär. Gün-güne söz sözleýär, gije-gijä bilim görkezýär» (Zebur 19:1, 2). Dawut pygamber ähli zatlary şeýle ajaýyp Ýaradany agtarmalydygyna we oňa tabyn bolmalydygyna düşünýär. Biz hem Dawut ýaly bolmaly.
19. Ýaşlar hem-de gartaşanlar «täsin tärde ýaradylandygy» barada oýlanyp, näme öwrenip bilerler?
19 Dawut pygamber Süleýman oglunyň ýaşlara beren maslahatyna eýermekde gowy görelde görkezdi. Süleýman şeýle diýdi: «Ýaşlyk günleriňde özüňi ýaradany ýatla. . . Hak Hudaýdan gorkup, onuň tabşyryklaryny berjaý et. Bularyň ählisi adam üçindir» (Wagyzçy 12:1, 13). Dawut ýaşka «täsin tärde» ýaradylandygyna göz ýetirdi. Şeýle düşünjä görä ýaşandygy üçin, Dawut bütin ömrüne köp bereketler aldy. Biz ýaşdygymyza ýa-da gartaşandygymyza garamazdan, Beýik Ýaradyjymyzy şöhratlandyryp, oňa gulluk etsek, häzirki we geljekki durmuşymyzda bagtly bolarys. Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygy saklap, onuň dogry ýoly bilen ýaşaýan adamlar barada Mukaddes Ýazgylar şeýle wada berýär: «Rebbim gönüdir, Ol meniň gaýamdyr, Onda egrilik ýokdur diýip yglan eder ýaly, Olar garrylykda-da miwe berer, suwly we ter bolar» (Zebur 92:14, 15). Şeýle-de Ýaradyjymyzyň ajaýyp işlerinden ebedi lezzet almaga umydymyz bar.
a Ýehowanyň Güwäçileriniň 2004-nji ýylyň Oguz aýynyň 22-sine çap edilen «Oýanyň!» (rusça) žurnalyna serediň.
b 1997-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 8-ine çykan «Oýanyň!» žurnalyndaky «Böwrek — wajyp süzgüçdir» diýen makala serediň.
c Zebur 139:18b-de Dawudyň sözleriniň manysy, ol Ýehowanyň pikirlerini uzak gün tä gije uklaýança sanap, ýene-de irden oýananda şol pikirleriň sanardan köpdügine düşünendigini aňladýar.
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Düwünçegiň ösüşi «täsin tärde ýaradylandygymyzy» nädip görkezýär?
• Biz näme üçin Hudaýyň pikirleri barada oýlanmaly?
• Iman etmek we Hudaý bilen gatnaşygymyzyň nähili baglanyşygy bar?