Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • sp sah. 19—22
  • Jynlar Hudaýa garşy pitne turuzmaga yrýarlar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Jynlar Hudaýa garşy pitne turuzmaga yrýarlar
  • Ölüleriň ruhy. Olar saňa kömek edip ýa-da zyýan ýetirip bilermi? Ölüleriň ruhy barmyka?
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý spiritizmi ýazgarýar
  • Ýehowanyň kömegi bilen zalym ruhlara garşy duruň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Zalym ruhlara garşy dur
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Perişdeler barada näme bilýärsiň?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Ruhy şahsyýetler bize nähili täsir edýär?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Ölüleriň ruhy. Olar saňa kömek edip ýa-da zyýan ýetirip bilermi? Ölüleriň ruhy barmyka?
sp sah. 19—22

Jynlar Hudaýa garşy pitne turuzmaga yrýarlar

Käbir däp-dessurlary ölen adamlar bizi synlaýarlar diýen ynanç bilen edýärler.

Şeýtan we onuň jynlary adamlary näme üçin aldajak bolýarlarka? Sebäbi biziňem olaryň turzan pitnesine goşulmagymyzy isleýärler. Jynlar biziň olara sežde etmegimizi, olaryň aldawyna ynanyp, Ýehowanyň islegine garşy gitmegimizi isleýärler. Ýehowa ýaramaýan köp däp-dessurlar ölüler bilen baglanyşykly.

Ýakynyň ölende gaty agyr degýär, köpler gynanyp aglaýar. Lazar atly dosty ölende «Isa [hem] aglady» (Ýahýa 11:35).

Bütin dünýäde ölüm bilen baglanyşykly her hili däp-dessurlar bar. Köp däp-dessurlar Mukaddes Ýazgylara garşy gelenok. Ýöne käbir däp-dessurlary ölen adamlar ýaşaýarlar we bizi synlaýarlar diýen ynanç bilen edýärler. Ölüleriň ruhuny razy etjek bolup, gijesine ölen adamyň başujunda oturýarlar, gygyryp aglaýarlar we jaýlama däplerini geçirýärler. Ýöne «ölüler hiç zat bilenok», şonuň üçin hem şol däp-dessurlara gatnaşýan adamlar Şeýtany goldaýarlar (Wagyzçy 9:5).

Beýleki däp-dessurlary ölülere dirileriň kömegi gerek diýen ýalan ynanç bilen edýärler.

Beýleki däp-dessurlary ölülere dirileriň kömegi gerek, ölüleri razy etmeseň, dirilere zyýan ýetirýärler diýen ynanç bilen edýärler. Käbir ýurtlarda ölen adamyň kyrkyny we ýylyny bermek üçin hudaýýoly berýärler we beýleki däp dessurlary berjaý edýärler. Bu, ölen adama behişde barmaga kömek eder öýdýärler. Başga bir giňden ýaýran däp — aradan çykan adama iýmäge we içmäge zat goýmak.

Bu däp-dessurlar nädogry, sebäbi Şeýtanyň ölüler hakdaky ýalan düşünjesini goldaýar. Jynlaryň taglymatyna esaslanan däp-dessurlara gatnaşsak, Ýehowa razy bolarmy? Elbetde, razy bolmaz! (2 Korintoslylar 6:14-18).

Hakyky Hudaýyň gullukçylary Şeýtanyň ýalan däp-dessurlaryna gatnaşmaýarlar. Gaýtam, olar diri adamlaryň aladasyny edip göwünlik berýärler we kömek edýärler. Sebäbi olar adam ölenden soň, diňe Ýehowanyň kömek edip bilýändigine düşünýärler (Eýýup 14:14, 15).

Hudaý spiritizmi ýazgarýar

Käbir adamlar jynlar bilen gös-göni ýa-da palçylar arkaly gatnaşyk saklaýarlar. Muňa spiritizm diýilýär. Porhançylyk, jadygöýçilik, gözbagçylyk, pal atmak we ölüleriň ruhy bilen gürleşmek spiritizmiň käbir görnüşleridir.

Ýehowa bu erbet işleri ýigrenýär. Hudaý biziň diňe Oňa wepaly bolmagymyzy talap edýär (Çykyş 20:5).

Mukaddes Ýazgylar şeýle işleri ýazgarýar: «Araňyzda... bilgiç, palçy, yrymçy, jadygöý, ruhlary çagyrýan, gözbagçy we ölüler bilen gürleşýän bolmasyn; çünki bu zatlary edýän her kes Rebbe ýigrenjidir» (Kanunyň gaýtalanyşy 18:10-12).

Ýehowa spiritizm bilen meşgullanmaly däl diýip, näme üçin şeýle berk tabşyrýarka?

Bize ýagşylyk edesi gelip, Ýehowa spiritizme asla baş goşmaň diýip duýdurýar. Ol adamlary söýýär we olaryň aladasyny edýär. Jynlar bilen gatnaşyk saklaýan adamlaryň bolsa horluk çekjegini bilýär.

Braziliýaly Nilda atly palçy muňa öz durmuşynda göz ýetirdi. Jynlar ony erbet güne saldylar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Jynlar... erkimi elimden aldylar, näme etmelidigimi buýurýardylar. Men häli-şindi özümden gidýärdim, şonuň üçin meni wagtlaýynça dälihana ýerleşdirdiler. Jynlar meni şeýle gynadylar welin, kelläm çydamady. Men köşeşdiriji dermanlar atýardym, arak içip, çilim çekip başladym. Şeýle ýagdaý köp ýyllap dowam etdi».

Spiritizm bilen meşgullanýan adamlar köplenç horluk çekýärler. Olar köplenç öýüni, erkinligini, hatda janyny ýitirýärler.

Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowanyň we onuň ýerdäki Güwäleriniň kömegi bilen Nilda jynlaryň täsirinden dynyp, göwnejaý we bagtly ýaşap başlady. Ol şeýle dowam edýär: «[Erbet] ruhlar bilen hiç haçan gatnaşmaň, islendik, hatda az wagtlyk gatnaşykdan-da gaça duruň».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş