Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/9 sah. 21—25
  • Hudaý gymmatly bilim berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý gymmatly bilim berýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowadan öwrenmek uly hormatdyr
  • Durmuşy özgerdýän güýç
  • Gelejege taýýarlyk
  • Gurban edendikleri üçin bereket aldylar
  • Ýehowanyň Şaýatlary bilime nähili seredýärler?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
  • Ýaşaýşa eltýän bilim
    Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Ýehowanyň «gullary» bolmak
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/9 sah. 21—25

Hudaý gymmatly bilim berýär

«Mesih Isany tanamagyň artyk gymmaty üçin her zady zyýan saýýaryn» (FLP. 3:8).

1, 2. Käbir mesihçiler näme etmegi saýladylar we näme üçin?

ROBERT mekdepde örän gowy okaýardy. Ol sekiz ýaşyna ýetende, mugallymy olaryň öýüne gelip, onuň zehinliligi üçin islendik maksadyna ýetip biljegini aýtdy. Şeýle-de ol Robertiň lukman bolmagyny arzuw etdi. Ol ýokarky synplarda-da gowy okandygy üçin, ýurduň iň gowy uniwersitetlerine girmäge mümkinçiligi bardy. Köp adamlaryň pikir etmegine görä, şeýle mümkinçilik durmuşda bir gezek bolýar. Emma Robert bu mükinçilikden peýdalanman, pioner bolup gulluk etmegi maksat edindi.

2 Robert ýaly, ähli mesihçilerde — ýaşlarda we gartaşanlarda — bu dünýäde üstünlik gazanmaga mümkinçilik bar. Emma käbir mesihçiler ruhy maksatlara ýetmek üçin, şeýle mümkinçiliklerden doly peýdalanmadylar (1 Kor. 7:29—31). Robert ýaly, wagyz işine güýjüni sarp etmäge mesihçileri näme höweslendirdikä? Olar, esasanam, Ýehowany söýüp, berýän bilimini gymmat saýýarlar. Sen hakykaty bilmedik bolsaň, durmuşyňyň nähili boljagy barada, soňky wagtlarda oýlanyp gördüňmi? Ýehowadan bilim alyp, nähili ajaýyp bereketler alandygyňyz barada oýlansaňyz, bu size hoş habary gymmat saýmaga we yhlasly wagyz etmäge kömek eder.

Ýehowadan öwrenmek uly hormatdyr

3. Biz Ýehowanyň bikämil adamlary höwes bilen öwredýändigine näme üçin ynanyp bileris?

3 Ýehowa mähriban bolany üçin, bikämil adamlara höwes bilen öwredýär. Işaýa 54:13-de mesh edilen mesihçiler barada şeýle pygamberlik edilen: «Seniň ähli ogullaryň Ýehowadan bilim alar we seniň ogullaryňda bol parahatlyk bolar». Bu sözler «başga goýunlara-da» degişli (Ýahýa 10:16). Pygamberlikden görnüşi ýaly, bu sözler şu günler berjaý bolýar. Işaýa ähli milletleriň hakyky seždä tarap barýanyny gördi. Işaýa olaryň: «Geliň, Taňrynyň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň. Ol bize Öz ýollaryny öwreder, biz Onuň ýodalaryndan ýöräris» diýen sözlerini ýazdy (Iş. 2:1—3, MKS). Hudaýdan öwrenmek, gör, nähili uly hormat!

4. Ýehowa bilim berýän adamlaryndan näme talap edýär?

4 Hudaý barada bilim almak üçin bizden näme talap edilýär? Esasy talap — ýumşak bolmak we alýan bilimiňi kabul etmek. Mezmurçy Dawut: «Reb ýagşy hem gönüdir, Ol... ýuwaşlara Öz ýoluny öwreder» diýdi (Zeb. 25:8, 9). Isa hem şeýle diýdi: «Eý, Ýeriň-gögüň Rebbi Atam, Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, kiçijik çagalara aýan edeniňe şükür edýärin!» (Luka 10:21). «Kiçigöwünlilere... merhemet edýän» Hudaýa seniň ýakynlaşasyň gelýärmi? (1 Pet. 5:5).

5. Biz Hudaý baradaky bilimi nämäniň esasynda aldyk?

5 Biz, Ýehowanyň gullukçylary, öz ukybymyz arkaly hakykaty tapdyk diýip bilerismi? Ýok. Sebäbi biziň özümiz Hudaý barada hiç haçan bilim alyp bilmerdik. Isa-da: «Meni iberen Atam çekmese, hiç kim Meniň ýanyma gelip bilmez» diýdi (Ýahýa 6:44). Ýehowa wagyz işi we mukaddes ruhy arkaly «bütin halklardan arzyly hazyna» kimin ýumşak adamlary ýygnaýar (Hag. 2:7). Ýehowanyň öz Ogluna ýakynlaşdyranlarynyň arasynda bolmak size ýaraýarmy? (Ýeremiýa 9:23, 24-nji aýatlary okaň)a.

Durmuşy özgerdýän güýç

6. «Ýehowa baradaky bilim» adamlara nähili täsir edýär?

6 Işaýa pygamber şu döwürdäki adamlaryň nädip özgerjekdigini täsirli obraz arkaly suratlandyrdy. Öň rehimsiz bolan adamlar indi parahat ýaşaýar (Işaýa 11:6—9-njy aýatlary okaň)b. Öň biri-biri bilen jynsynyň, milletiniň, tiresiniň ýa-da medeniýetiniň tapawutlanýandygy sebäpli uruşýan adamlar indi agzybir ýaşamagy öwrendiler. Göçme manyda aýdanyňda, olar «gylyçlaryndan azallar» ýasadylar (Iş. 2:4). Olaryň şeýle özgermegine näme sebäp boldy? Olar «Ýehowa barada bilim» alyp, ony durmuşynda ulanyp başladylar. Hudaýyň gullukçylary bikämil bolsa-da, olar hakyky halkara doganlykdyr. Hoş habaryň dürli adamlara täsir etmegi we onuň berýän netijeleri, Hudaýyň biliminiň gymmatlydygyny subut edýär (Mat. 11:19).

7, 8. a) Hudaýyň berýän bilimi adamlara haýsy «galalary» ýykmaga kömek edýär? b) Hudaýyň berýän biliminiň Ýehowany şöhratlandyrýandygyny näme subut edýär?

7 Pawlus resul wagyz işini ruhy söweş bilen deňeşdirýär. Ol şeýle ýazdy: «Biziň söweş ýaraglarymyz dünýewi däldir, galalary ýykmak üçin Hudaýyň gudratyna eýedir. Biz ters çekişmeleri, Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her bir belentligi ýykmaly» (2 Kor. 10:3—5). Hudaýyň berýän bilimi adamlary haýsy «galalardan» azat edýär? Meselem: ýalan dini taglymatlardan, yrymdan we filosofik düşünjelerden (Kol. 2:8). Hudaýyň berýän bilimi adamyň erbet endigini taşlamaga we Oňa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär (1 Kor. 6:9—11). Ol maşgalany bagytly edip, umytsyz ýaşaýan adamlaryň durmuşyny manyly edýär. Şu günler şeýle bilim örän zerur.

8 Dogruçyllyk — Ýehowanyň adamlara ösdürmäge kömek edýän häsiýetleriniň biri. Muny indiki mysaldan görse bolýar (Ýew. 13:18). Hindistanda bir aýal Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, suwda çokundyrylmadyk wagyzçy bolýar. Bir güni ol Patyşalyk zalynyň gurluşyk işinden öýüne barýarka, awtobus duralgasynyň ýanyndan bahasy sekiz ýüz amerikan dollary bolan gyzyl zynjyry tapýar. Ol garyp ýaşasa-da, zynjyry polisiýa bölümine tabşyrýar. Polisiýa işgäri muňa örän geň galýar! Beýleki polisiýa işgäri aýaldan: «Siz näme üçin zynjyry eýesine gowşurmak isleýrsiňiz?» diýip soraýar. Ol: «Mukaddes Ýazgylaryň taglymaty meni düýbünden özgertdi, indi men dogruçyl adam» diýip jogap berýär. Polisiýa işgäri muňa geň galyp, wagyzçy bilen gelen mesihçi ýaşula şeýle diýdi: «Biziň ştatymyzda 38 million adam ýaşaýar. Eger siz on adama şu aýal ýaly bolmaga kömek etseňiz, örän gowy bolardy». Biz Hudaýyň berýän biliminiň millionlarça adamlaryň durmuşyny özgerdýändigini göz öňünde tutsak, Ýehowany şöhratlandyrmaga bizde ençeme sebäp bolar.

9. Adamlara durmuşyny doly özgertmäge näme kömek edýär?

9 Adamlar Hudaýyň Sözüniň güýji we Ýehowanyň mukaddes ruh arkaly berýän kömegi bilen durmuşyny özgerdýärler (Rim. 12:2; Gal. 5:22, 23). Koloseliler 3:10-da şeýle diýilýär: «Ýaradanyň keşbine görä, Hudaýy tanamagyňyz üçin täzelenen täze ýaradylyşy geýiniň». Mukaddes Ýazgylaryň güýji adamyň ýüregini aýan edip, olaryň pikirini we duýgularyny özgertmäge kömek edýär (Ýewreýler 4:12-ni okaň). Adam Mukaddes Ýazgylardan bilim alyp, Ýehowanyň dogry kadalaryna görä durmuşyny özgerdip, Hudaýyň dosty bolýar we ebedi ýaşaýşa umyt edýär.

Gelejege taýýarlyk

10. a) Näme üçin gelejege taýýarlyk görmäge diňe Ýehowa kömek edip biler? b) Tizden ýer ýüzünde nähili özgerişler bolar?

10 Gelejege taýýarlyk görmäge bize diňe Ýehowa kömek edip biler, çünki ol tizden näme boljagyny bilýär. Ol adamlaryň gelejegini çözýär (Iş. 46:9, 10). Mukaddes Ýazgylarda: «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr» diýilýär (Sef. 1:14). Şol güni Süleýmanyň tymsallary 11:4-de ýazylan şu sözler berjaý bolar: «Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir; dogrulyk bolsa ölümden halas eder». Ýehowanyň Şeýtanyň dünýäsini höküm etjek güni gelende, Onuň öňünde dogry saýylmak gerekdir. Şol güni puluň hiç hili hümmeti bolmaz. Ezekiýel 7:19-da: «Olar kümüşlerini daşary zyňarlar, altyny hem ýigrenerler» diýilýär. Muny bilmek şu günler paýhasly hereket etmäge kömek eder.

11. Hudaýyň bize berýän bilimi nädip gelejege taýýarlyk görmäge kömek edýär?

11 Hudaýyň berýän bilimi Ýehowanyň gününe taýýarlyk görmäge kömek edýär. Meselem: ileri tutmaly zatlary saýlamaga ýardam berýär. Pawlus resul Timoteosa şeýle diýdi: «Häzirki döwürdäki baýlara tekepbir bolmazlygy tabşyr. Wepasyz baýlyga däl-de... diri Hudaýa umyt baglasynlar». Biz baý bolmasak-da, bu maslahat peýdaly bolup biler. Nädip? Biz maddy baýlygy ýygnamagyň deregine, «ýagşylyk edip», «ýagşy işlere baý bolmaly». Biz Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýsak, gelejek üçin özümize berk bina boljak hazynany ýygnarys (1 Tim. 6:17—19). Şeýle janaýamazlyk paýhaslylygy görkezýär. Çünki Isa şeýle diýdi: «Bir adam bütin dünýäni gazanyp, janyny ýogaltsa, oňa näme peýdasy bolar?» (Mat. 16:26, 27). Ýehowanyň gününiň golaýdygyny göz önüňde tutup, her birimiz özümize şeýle sorag bermeli: «Men hazynany nirede ýygnaýaryn? Men Hudaýa gulluk edýärinmi ýa-da baýlyga? (Mat. 6:19, 20; 24).

12. Käbir adamlar biziň wagyz işimize biperwaý garasa, biz näme üçin aladalanmaly däl?

12 Hudaýyň Sözünde hoş habary wagyz etmek we şägirt taýýarlamak ýaly, halas ediji işleriň mesihçiler üçin «ýagşy işlerdigi» görkezilýär (Mat. 24:14; 28:19, 20). I asyrda bolşy ýaly, şu günlerem käbir adamlar biziň wagyz işimize biperwaý garaýar (1 Korintoslylar 1:18—21-nji aýatlary okaň). Emma bu hoş habaryň gymmatlylygyny gaçyrmaýar. Şeýle-de biziň ýerine ýetirýän ýumşumyz her adamyň bu habara iman etmäge mümkinçilik berýändigini görkezýär (Rim. 10:13, 14). Sen adamlara Hudaý barada bilim almaga kömek edip, ençeme bereketler alarsyň.

Gurban edendikleri üçin bereket aldylar

13. Pawlus resul hoş habary wagyz etmek üçin nämäni terk etdi?

13 Pawlus resul mesihçi bolmazdan öň, ýehudy dininden tälim aldy. Ol Gamaliýelden ata-babalarynyň kanunyny öwrenmek üçin, dogduk mekany bolan Tarsusdan Iýerusalime gaýdanda, onuň 13 ýaşy hem dolmandy (Res. iş. 22:3). Wagtyň geçmegi bilen, Pawlus üstünlik gazanyp, deň-duşlaryndan tapawutlandy. Eger ol ýehudy dininiň ýoly bilen ýörän bolsa, olaryň arasynda at-abraý gazanardy (Gal. 1:13, 14). Ol hoş habary kabul edensoň, wagyz işine gatnaşyp, öňki bar zadyny terk etdi. Pawlus şeýle edenine ökündimi? Ýok. Ol: «Bar zadymy ýitiren Rebbim Mesih Isany tanamagyň artyk gymmaty üçin her zady zyýan saýýaryn, Mesihi gazanjak bolup, syr-süplük saýýaryn» diýdi (Flp. 3:8).

14, 15. Biz «Hudaýyň işdeşleri» hökmünde nähili bereketler alýarys?

14 Pawlus resul ýaly, şu günki mesihçiler-de hoş habary wagyz etmek üçin käbir zatlardan geçýär (Mar. 10:29, 30). Biz şeýle etmek bilen, nämedir bir zat ýitirýärismi? Makalanyň başynda agzalan Robert şeýle diýdi: «Men hiç zada ökünmeýärin. Doly wagtly gulluk edip, men şatlyk we kanagatlanma tapdym. Men Ýehowanyň ýagşylygyny datdym. Men ruhy maksatlara ýetmek üçin, maddy zatlardan geçdim, emma Ýehowa meniň geçen zatlarymdan hem köp bereketler berdi. Diýmek, men hiç zat gurban etmän, gaýtam, köp zat aldym». Mesihçileriň köpüsi onuň sözleri bilen ylalaşýarlar (Zeb. 34:8; Sül. tym. 10:22).

15 Sen birnäçe wagtdan bäri hoş habary wagyz edip, şägirt taýýarlaýan bolsaň, Ýehowanyň ýagşylygyny, eýýäm dadyp görensiň. Hoş habary wagyz edeniňde, sen Hudaýyň ruhunyň nähili kömek edenini duýduňmy? Ýehowa adamlaryň kalbyna hoş habary salanda, sen olaryň şatlykdan ýaňa gözleriniň ýanyp duranyny gördüňmi? (Res. iş. 16:14). Ýehowa seniň öňüňde duran böwetleri aýryp, köpräk wagyz etmäge ýol açdymy? Sen güýçden gaçan wagtyň, gullugyňy dowam eder ýaly, Ol saňa artykmaç güýç berip, kyn günüňde goldadymy? (Flp. 4:13). Biz Ýehowanyň gullukda nähili kömek berişini görenimizde, onuň hakykatdan bardygyny we oňa ýakynlaşandygymyzy duýýarys (Iş. 41:10). «Hudaýyň işdeşleri» bolup, Ol barada bilim almak, uly hormat dälmi näme?! (1 Kor. 3:9).

16. Siz tagalla we gurban edip, Hudaý barada bilim bermäge nähili gatnaşýarsyňyz?

16 Köp adamlar ömründe bir wajyp işi etmegi arzuw edýärler. Biz şu günler dünýäde uly açyşlaryň, köplenç, tiz unudylýandygyny görýäris. Emma Ýehowanyň adynyň mukaddes etmek bilen bagly işiň gymmaty gaçmaz we ol Ýehowanyň halkynyň taryhynda galar. Bu işler hiç haçan unudylmaz (Sül. tym. 10:7; Ýew. 6:10). Geliň, Ýehowa barada bilim bermek, taryhy işe gatnaşmagy hormat saýýalyň!

a Ýeremiýa 9:23 Ýehowa şeýle diýýär: «Paýhasly adam paýhaslydygyna, güýçli adam güýçlidigine, baý adam baýdygyna öwünmesin». 24 «Emma magtanýan düşünjelidigine, meni tanaýandygyna, meniň Ýehowadygymy bilýändigine, ýer ýüzünde meniň merhemet, adalat we dogry iş edýändigim bilen magtansyn, sebäbi Men mundan şatlyk tapýaryn».

b Işaýa 11:6 Möjek käte guzy bilen ýaşar, gaplaň owlagyň ýanynda ýatar. Göle, ýaş arslan we baga bakylan haýwan bile bolarlar; olary kiçijik oglan bakar. 7 Sygyr aýy bilen bile otlar; olaryň balalary bile ýatar. Ýolbars öküz kimin saman iýer. 8 Emýän çaga kepjebaşyň hininiň agzynda oýnar, süýtden aýrylan çaga zäherli ýylanyň hinine elini uzadar. 9 Meniň bütin mukaddes dagymda erbetlik edilmez we hiç zat ýumrulmaz, çünki deňziň suw bilen doly bolşy ýaly, ýer ýüzi-de Ýehowa barada bilimden dolar.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Ýehowa bilim berýän adamlaryndan näme talap edýär?

• Hudaýyň berýän bilimi adamlaryň durmuşyny nädip özgerdýär?

• Biz adamlara Hudaý barada bilim berip, nähili bereketler alýarys?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş