Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 15/6 sah. 26—30
  • Ýehowa seniň gulak asýandygyň gadyryny bilýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa seniň gulak asýandygyň gadyryny bilýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Näme üçin «gulak asmaklyk gurbandan gowy»
  • Duýduryş mysaly
  • Ähli zatda gulak asmak
  • Gulak asmaklyk söýgüden başlanýar
  • «Gulak asmaklyk gurbanlardan gowudyr»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ysraýylyň ilkinji patyşasy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Saul ysraýylyň ilkinji patyşasy
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Adamlara Hudaýa «ýürekden boýun bolmaga» kömek et
    Hudaýa gullugymyz — 2005
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 15/6 sah. 26—30

Ýehowa seniň gulak asýandygyň gadyryny bilýär

«Oglum... akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» (SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 27:11).

1. Häzirki jemgyýetde nähili ruh giňden ýaýran?

ŞU GÜNLER dünýäde garaşsyzlyk we gulak asmazlyk ruhy giňden ýaýran. Pawlus resul munuň sebäbini efesosly mesihçilere ýazan hatynda şeýle düşündirdi: «Siz bir wagtlar içinde gezýän ýazyk we günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Bu dünýäniň gerdişine, söz diňlemeýän adamlarda şindi işleýän ruhuň, ýagny howadaky erbet güýçleriň hökümdaryna uýardyňyz» (Efesliler 2:1, 2). Hawa, «howadaky erbet güýçleriň hökümdary» bolan Şeýtan Iblis bütin dünýäni gulak asmazlyk ruhy bilen zäherledi diýip bilersiňiz. Ol muny I asyrda-da edýärdi; gökden ýere zyňylandan soň, Birinji Jahan urşundan bäri has güýçli zäherleýär (Ylham 12:9).

2, 3. Biz näme üçin Ýehowa gulak asýarys?

2 Biz mesihçi hökmünde, Ýehowanyň ak ýürekden gulak asmagymyza mynasypdygyny bilýäris, çünki ol biziň Ýaradyjymyz, ýaşaýşymyzyň Goraýjysy, söýgüden doly Hökümdar we Halasgärimiz (Zebur 148:5, 6; Resullaryň işleri 4:24; Koloseliler 1:13; Ylham 4:11). Ysraýyllylar Musanyň günlerinde Ýehowanyň ýaşaýyş berýändigini we onuň Halasgärdigini bilýärdiler. Şol sebäpli Musa pygamber olara şeýle diýdi: «Serediň, öz Taňryňyzyň emrine tabyn boluň; saga-sola gyşarmaň» (Kanunyň gaýtalanyşy 5:32, MKS). Hawa, Ýehowa olaryň gulak asmagyna mynasypdy. Emma olar tizden Hökümdaryna gulak asman başlaýarlar.

3 Älemi Ýaradan üçin gulak asmaklyk nähili derejede wajyp? Bir sapar Samuil pygamber Saul patyşa: «Gulak asmaklyk gurbanlardan gowudyr» diýdi (1 Patyşalar 15:22, 23). Näme üçin?

Näme üçin «gulak asmaklyk gurbandan gowy»

4. Biz Ýehowa näme berip bileris?

4 Ýehowa Ýaradyjy bolany üçin biziň bar emlägimiz onuňky. Eger şeýle bolsa, onda biz oňa nämedir bir zat berip bilerismi? Elbetde, berip bileris. Ol örän gymmatly zat. Ol nähili zat? Bu soragyň jogabyny: «Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» diýen sözlerden tapyp bilýäris (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Hudaýa gulak asmaklyk — biziň berip biljek zadymyz. Her birimiziň ýagdaýymyz we gelip çykyşymyz tapawutlansa-da, Şeýtan Iblisiň adam synaga uçrasa Hudaýa wepaly galmaz, diýen töhmetine jogap berip bileris. Bu biziň üçin uly hormat!

5. Gulak asmazlyk Ýaradyja nähili täsir edýär? Mysal getiriň.

5 Hudaý biziň gelýän kararlarymyz bilen gyzyklanýar. Eger biz oňa gulak asmasak, bu oňa täsir edýär. Nädip? Ol kimdir biriniň nädogry iş edenini görende gynanýar (Zebur 78:40, 41). Aýdaly, süýji keselli adam berlen berhizi saklaman, saglygyna zyýan ýetirýän iýmiti iýýär. Bu ýagdaýda bejeriş lukmany özüni nähili duýar? Adamlar Ýehowa gulak asman, onuň ýaşaýyş üçin beren tabşyryklaryny äsgermezçilik etse, Hudaý, elbet-de, gynanýar, sebäbi onuň nämä eltýändigini bilýär.

6. Hudaýa gulak asmaga bize näme kömek eder?

6 Hudaýa gulak asmaga her birimize näme kömek eder? Biz Süleýman patyşa ýaly Hudaýdan «gulak asýan ýüregi» diläp bileris. Ol şeýle ýüregi ysraýyllylary höküm edende, «ýagşyny we ýamany saýgarmak» üçin diledi (3 Patyşalar 3:9). Gulak asmazlyk ruhundan doly dünýäde ýagşyny we ýamany saýgarmak üçin bize-de «gulak asýan ýürek» gerek. Hudaý bize «paýhasly ýürek» edinmek üçin Sözüni, Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge edebiýatlary, ýygnak duşuşyklaryny we aladamyzy edýän ýaşululary berdi. Biz Ýehowanyň berýän şeýle kömeginden doly peýdalanýarysmy?

7. Näme üçin Ýehowa gurbanlardan gulak asmaklyk wajyp?

7 Gadymy döwürde Ýehowa halkyna mallary gurban bermekden gulak asmaklygyň wajypdygy barada aýdanyny ýada salalyň (Süleýmanyň tymsallary 21:3, 27; Hoşea 6:6; Matta 12:7). Ýehowa halkyna gurban bermegi tabşyran bolsa, onda näme üçin beýle diýdikä? Adamlar näme üçin gurban berýärdi? Şeýtmek bilen olar Hudaýa ýaranmak isleýärmidi? Ýa-da olar diňe däp-dessury ýerine ýetirýärmidi? Eger Hudaýyň gullukçysy hakykatdanam oňa ýaranmak islese, Hudaýyň ähli tabşyryklaryna gulak asardy. Hudaýa mal gurbanlary gerek däl, gulak asmaklyk, biziň berip biljek iň gymmatly zadymyzdyr.

Duýduryş mysaly

8. Näme üçin Ýehowa Saulyň patyşa bolmagyny ret edýär?

8 Mukaddes Ýazgylarda Saul patyşanyň mysaly gulak asmaklygyň wajypdygyny görkezýär. Saul patyşa ilki höküm sürüp başlanda pesgöwünlidi, «ol öz gözünde kiçidi». Soňra onuň gelýän kararyna tekepbirlik we ýalan sözlemeklik täsir edip başlaýar (1 Patyşalar 10:21, 22; 15:17). Bir sapar Saul filistimlilere garşy söweşýär. Şonda Samuil pygamber gelip, özüniň gurban we görkezme bermegine garaşmalydygyny Saula aýdýar. Emma Samuil pygamber Saulyň çak eden wagtynda gelmeýär we halk dargaşyp başlaýar. Muny görüp, Saulyň özi «bütinleý ýakylýan gurbanyny berýär». Bu Ýehowa ýaramaýar. Samuil pygamber gelende, onuň wagtynda gelmändigini bahanalap, patyşa özüni aklap başlaýar. Saul Ýehowanyň merhemetini gazanmak üçin bütinleý ýakylýan gurbany getirmegi «makul bilendigini» aýdýar. Saul patyşa Samuiliň gurban getirmegine we görkezmesine garaşmagyň deregine, gurban bermegi has wajyp saýýar. Samuil pygamber oňa: «Sen, akylsyzlyk etdiň; Hudaýyň Taňrynyň özüňe tabşyran tabşyryklaryny berjaý etmediň» diýýär. Saul Ýehowa gulak asmandygy sebäpli patyşalyk tagtyny ýitirýär (1 Patyşalar 10:8; 13:5—13, MKS).

9. Saul Hudaýa gulak asmazlygy endik edendigi nämeden görünýär?

9 Patyşa bu ýagdaýdan sapak edindimi? Ýok. Ýehowa Saul patyşa ysraýyllylara hiç hili sebäpsiz garşy çykan amalek halkyny ýok etmegi buýurýar. Saul olaryň ähli mallaryny-da ýok etmelidi. Ol diňe amalekleri «Hawyladan Şura çenli ýok etmek» bilen Ýehowa gulak asýar. Samuil gelende patyşa ony garşy alyp, keýpi kök halda ýeňiş barada şeýle diýýär: «Saňa Ýehowa bereket berdi. Men Ýehowanyň aýdanlaryny ýerine ýetirdim». Emma Saul Ýehowanyň aýdanlaryny doly ýerine ýetirmändi. Ol we halk Agag patyşany, «goýunlaryň we öküzleriň iň gowusyny. . . bakylan goçlary. . . hem-de ähli gowy zatlary» ýok etmeýär. Saul patyşa gulak asmazlygyny şeýle sözler bilen aklaýar: «Halk iň gowy goýunlary we öküzleri rehim edip, ony seniň Hudaýyň Ýehowa gurban bermek üçin galdyrdy» (1 Patyşalar 15:1—15).

10. Saul nämäni özüne sapak edinmedi?

10 Şamuwel Saula şeýle diýýär: «Bütinleý ýakylýan we berilýän gurbanlar Ýehowanyň sözüne gulak asmakdan, Ýehowa ýaramlymy? Gulak asmaklyk gurbanlardan gowudyr we tabyn bolmaklyk goçlaryň ýagyndan gowudyr» (1 Patyşalar 15:22). Ýehowa şol mallary ýok etmegi buýran bolsa, onda olary gurban bermek hem ýaramsyzdy.

Ähli zatda gulak asmak

11, 12. a) Ýehowa gullukda edýän tagallalarymyza nähili garaýar? b) Hudaýyň islegini ýerine ýetirýärin diýip, ýöne aslynda, oňa gulak asmaýan adam özüni nädip aldaýar?

11 Ýehowa gullukçylarynyň wepaly galýandygyny görüp begenýär! Olar yzarlamalara garamazdan, wepaly galýar; köp adamlar biperwaý bolsa-da, Hudaýyň patyşalygyny wagyz edýär we eklenmegiň kyndygyna seretmezden, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýar. Ruhy taýdan şeýle wajyp zatlarda Hudaýa gulak assak, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýarys! Biz Ýehowany söýüp gulluk etsek, ol edýän tagallalarymyzy gymmat saýýar. Biziň edýän tagallalarymyza adamlar biperwaý garap biler, ýöne Hudaý biziň ak ýürekden berýän gurbanlarymyza üns berýär we ýadyndan çykarmaýar (Matta 6:4).

12 Ýehowa Hudaýa doly ýaranmak üçin durmuşymyzyň ähli ýagdaýlarynda oňa gulak asmaly. Biz mesihçi borçlaryny dogry ýerine ýetirenimizde, Hudaýyň käbir talaplaryny berjaý etmesek-de bolýar diýip, özümizi hiç haçan aldamaly däl. Meselem, adam Hudaýyň käbir talaplaryny ýüzleý ýerine ýetirip, ahlaksyzlyk ýa-da başga agyr günäleri edip, jezasyz galaryn diýen pikirde bolup, özüni aldaýar. Bu örän uly ýalňyşlyk! (Galatýalylar 6:7, 8).

13. Hiç kimiň görmeýän wagty Ýehowa gulak asmaklygymyz nädip synalýar?

13 Biziň her birimiz özümize şeýle sorag berip bileris: «Men her gün şahsy meselelerde Ýehowa gulak asýarynmy?» Isa şeýle diýdi: «Az zatda ynamly bolan köp zatda hem ynamlydyr, az zatda hilegär bolan köp zatda hem hilegärdir» (Luka 16:10). Biz hiç kimiň görmeýän ýerinde, «öýümizde aýypsyz ýürek bilen gezýärismi?» (Zebur 101:2). Dogrudan-da, wepalylygymyz öýümizde-de synalmagy mümkin. Köp döwletlerde her bir maşgalada kompýuter bar. Kompýuter syçanynyň gulagyny birki sapar basanyňdan, ahlaksyz zatlary görüp bolýar. Birnäçe ýyl mundan öň, şeýle zatlary görmek üçin ýörite ahlaksyzlyk görkezilýän ýerlere barmalydy. Biz Isanyň: «Men welin size diýýärin, bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» diýen sözlerine gulak asýarysmy? Biz ahlaksyz zatlara seretmekden gaça durýarysmy? (Matta 5:28; Eýýup 31:1, 9, 10; Zebur 119:37; Süleýmanyň tymsallary 6:24, 25; Efesliler 5:3—5). Telewizorda görkezilýän zorluklar barada näme diýse bolar? Biz hem Hudaý ýaly «zorlugy söýýäni ýigrenýärismi?» (Zebur 11:5). Hiç kimiň görmeýän wagty spirtli içgileri içmeklik barada näme diýse bolar? Mukaddes Ýazgylar arakhorlugy ýazgarýar we mesihçilere «köp şerap» içmegi endik etmezligi duýdurýar (Titus 2:3; Luka 21:34, 35; 1 Timoteos 3:3).

14. Pul meselesinde Hudaýa gulak asýandygymyzy nädip görkezýäris?

14 Şeýle-de pula bolan garaýyşdan seresap bolmaly. Meselem, aldaw ýoly bilen tiz baýamak barada näme diýse bolar? Siz kanuny bozup, salgyt tölemekden gaça durýarsyňyzmy? Ýa-da «Her kişä bermelisini beriň: salgyt bolsa, salgydy» diýen tabşyryga gulak asýarsyňyzmy? (Rimliler 13:7)

Gulak asmaklyk söýgüden başlanýar

15. Siz Hudaýyň tabşyryklaryna näme üçin gulak asýarsyňyz?

15 Hudaýyň tabşyryklaryny gulak asmaklyk bereket berýär. Meselem, çilim çekmesek, ahlak taýdan arassa bolsak, ganyň mukaddesligine hormat goýsak, käbir kesellerden gaça durarys. Şeýle-de durmuşyň başga ýagdaýlarynda, Mukaddes Ýazgylardaky hakykat boýunça ýaşasak, ykdysadyýet, sosial meselelerinde üstünlikli bolarys we maşgalamyz bagtly bolar (Işaýa 48:17). Muňa Hudaýyň kanunyny ulanyp bolýandygyny subut edýän bereket hökmünde garap bolýar. Esasanam, biz Hudaýy söýýändigimiz üçin oňa gulak asýarys. Oňa gulluk edende, öz peýdamyz üçin etmeýäris (Eýýup 1:9—11; 2:4, 5). Hudaý kime tabyn bolmagy saýlamakda adama erkinlik berdi. Biz Ýehowa gulak asmaklygy saýladyk, sebäbi ony şatlandyrmak we dogry işleri etmek isleýäris (Rimliler 6:16, 17; 1 Ýahýa 5:3).

16, 17. a) Isa Hudaýa gulak asyp, ak ýürekden söýgüsini nädip görkezdi? b) Biz Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

16 Isa Ýehowa gulak asmakda ajaýyp görelde görkezdi, sebäbi ol Ony ak ýürekden söýýärdi (Ýahýa 8:28, 29). Isa ýer ýüzünde ýaşan mahaly «gören görgülerinden söze gulak asmagy öwrendi» (Ýewreýler 5:8, 9). Nädip? Isa «ölüme, hatda haç üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi» (Filipililer 2:7, 8). Isa gökde ýaşanda Hudaýa gulak asýardy, emma ýer ýüzüne gelende onuň gulak asmaklygy ýene-de synaldy. Biz Isanyň ruhy doganlaryna we oňa iman edýän adamlara iň gowy baş ruhany hökmünde gulluk etjekdigine ynanyp bileris (Ýewreýler 4:15; 1 Ýahýa 2:1, 2).

17 Biz barada näme diýse bolar? Isanyň göreldesine eýerip, Hudaýyň islegine gulak asmaklygy durmuşymyzda birinji orunda goýup bileris (1 Perus 2:21). Biz synaga düşenimizde ýa-da günä etmek höwesi dörände, Hudaýy söýýändigimiz üçin onuň tabşyryklaryny berjaý etsek kanagatlanarys (Rimliler 7:18—20). Meselem, ýygnakdaky ýolbaşçylyk edýän doganlar bikämil bolsa-da, olara gulak asýarys (Ýewreýler 13:17). Ýehowa şahsy durmuşymyzda onuň tabşyryklaryna gulak asýandygymyzyň gadyryny bilýär.

18, 19. Hudaýa ýürekden gulak assak nähili netije berer?

18 Şu günler Ýehowa gulak asyp, wepaly galmak üçin yzaralamalara döz gelmeli bolarys (Resullaryň işleri 5:29). Şeýle-de hoş habary wagyz etmeli we adamlara öwretmeli diýen Ýehowanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin, biz bu dünýäniň soňuna çenli çydamaly (Matta 24:13, 14; 28:19, 20). Bu dünýäniň kynçylyklaryna garamazdan, imandaşlar bilen ýygnanyşmak üçin bize çydamlylyk gerek. Söýýän Hudaýymyz her bir ýagdaýda gulak asmak üçin edýän tagallalarymyzy bilýär. Hudaýa doly gulak asmak üçin günäli ten höweslere garşy durmaly, erbet işlerden ýüz öwürmeli we ýagşy zatlary söýmeli (Rimliler 12:9).

19 Biz Ýehowa minnetdarlyk bildirip, söýgi bilen oňa gulluk etsek, Hudaý «Özüni agtarýanlary sylaglar» (Ýewreýler 11:6). Ýehowa ýaraýan gurbanlar oňa gerekli we ýaramly, ýöne oňa söýgi bilen doly gulak asmaklyk has-da ýaramly (Süleýmanyň tymsallary 3:1, 2).

Nähili jogap berersiňiz?

• Biz Ýehowa näme berip bileris?

• Saul nähili ýalňyşlyklar etdi?

• Gurbandan gulak asmagyň gowudygyna ynanýandygyňy nädip görkezip bolýar?

• Siz Ýehowa näme üçin gulak asýarsyňyz?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş