Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb18 Ýanwar sah. 8
  • Ilki gidip, doganyň bilen ýaraş

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ilki gidip, doganyň bilen ýaraş
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Meňzeş maglumat
  • Söýgi — düşünişmezligiň açary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Pesgöwünli adamlaryň göwnüne degmäň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • «Ogluma gulak asyň!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Parahatlygy saklamak üçin tagalla ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
mwb18 Ýanwar sah. 8

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ilki gidip, doganyň bilen ýaraş

Bir adam gurbanyny gurbanlyk getirilýän ýerde goýup, ilki dogany bilen ýaraşmaga gidýär

Aýdaly, siz Isanyň günlerinde Çatma baýramyny bellemek üçin Jelileden Iýerusalime geldiňiz. Uzak ýerlerden gelen adamlardan ýaňa şäherde aýak basara ýer ýok. Siz birgiden märekäniň içinden geçip, getiren malyňyzy Ýehowa bagyş etmek üçin ybadathana barýarsyňyz. Görseňiz, siziň ýaly başga-da köp adamlar gurban getirmekçi bolup dur. Ine-de, siziň malyňyzy ruhanylara bermek gezegiňiz gelip ýetdi. Edil şol bada hem baýramçylyga gelen doganyňyzyň sizden kinelidigi ýadyňyza düşýär. Şonda Isa gelip, size näme etmelidigini aýdýar (Matta 5:24-i okaň). Siz we kineli doganyňyz Isanyň maslahatyna nädip eýerip bilersiňiz? Aşakda siziň ikiňiziň ätmeli ädimleriňiz getirilýär. Dogry jogaby saýlaň.

SIZIŇ ÄTMELI ÄDIMIŇIZ

  • Doganyňyzyň sizden öýke-kinesiniň bardygyny bilseňiz, diňe şonda gepleşiň

  • Eger ol sähel zady göwnüne alýan ýa-da bolan zatlar üçin sizi günäkärleýän bolsa, onuň garaýşyny düzetmäge çalşyň

  • Doganyňyz pikirini aýdanda, hatda doly düşünmeseňiz-de, ony sabyrly diňläň, bilmezlikden eden işiňiz ýa-da gynandyrandygyňyz üçin ýürekden ötünç soraň

DOGANYŇYZYŇ ÄTMELI ÄDIMI

  • Bolan ýagdaýy dogan-uýalara gürrüň berip, özüne tarapdar gözlemeli

  • Bolan zady gaýta-gaýta ýatlap, sizi ýazgarmaly we ötünç soramagyňyzy talap etmeli

  • Onuň ýanyna barmak üçin size pesgöwünlilik we batyrgaýlyk gerek bolandygyna düşünmeli hem-de ýürekden bagyşlamaly

Şu günler biz mal gurbanlaryny getirmesek-de, Isanyň aýtmagyna görä, doganymyz bilen parahatlygy saklamagyň Hudaýa ýaramly sežde etmek bilen nähili baglanyşygy bar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş