Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr18 Ýanwar sah. 1—6
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2018)
  • Sözbaşylar
  • ÝANWAR 1—7
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2018)
mwbr18 Ýanwar sah. 1—6

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

ÝANWAR 1—7

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 1—3

«Gögüň Patyşalygy golaýlaşdy»

nwtsty Mt 3:1, 2-nji aýatlara degişli maglumatlar

Wagyz etmek: Grek dilinden «wagyz etmek» diýip terjime edilen jümle, esasan, bir habary köpçülige yglan etmegi aňladýar. Bu habaryň aýdylyşyna ünsümizi çekýär, ýagny belli bir topara däl-de, adatça, köpçülige wagyz etmek göz öňüne tutulýar.

Patyşalyk: Patyşalyk (basileýýa) diýip terjime edilen grek sözi belli bir territoriýanyň we adamlaryň üstünden höküm sürýän patyşanyň hökümetini aňladýar. Bu söz Injilde 162 gezek agzalyp, Mattanyň hoş habarynda 55 gezek duş gelse bolýar we ol Hudaýyň gökdäki hökümetini aňladýar. Matta Patyşalyk sözüni şeýle köp ulanypdyr welin, onuň kitabyny Patyşalygyň hoş habary diýip atlandyrsaň hem bolýar.

Gögüň Patyşalygy: Bu jümle Injilde takmynan 30 gezek agzalyp, diňe Mattanyň hoş habarynda duş gelse bolýar. Markusyň we Lukanyň hoş habarynda hem şuňa meňzeş, ýagny «Hudaýyň Patyşalygy» diýen sözler ulanylýar; ol Hudaýyň Patyşalygyny, ýagny gökdäki hökümeti aňladýar (Mt 21:43; Mr 1:15; Lk 4:43; Dn 2:44; 2Tm 4:18).

Golaýlaşdy: Bu söz gökdäki Patyşalygyň gelejekki Hökümdarynyň tizden peýda boljakdygyny aňladýar.

nwtsty aýratynlyklar

Suwa çümdürýän Ýahýanyň geýimi we daş keşbi

Ýahýanyň düýe ýüňünden geýimi we bilinde gaýyşdan guşagy bardy. Ol guşagynda kiçiräk zatlary asyp bilýärdi. Ylýas pygamber hem şeýle geýimi geýipdi (2Pat 1:8). Düýäniň ýüňi, adatça, gaty bolýardy we ony garyp adamlar geýýärdi. Emma weli baý adamlar ýumşak ýüpekden ýada ýüňden tikilen egin eşikleri geýýärdi (Mt 11:7—9). Ýahýa doglanyndan nazyr bolandygy üçin saçyny hiç haçan kesmedik bolmaly. Ýahýanyň geýimi we daş keşbi onuň sada hemde bütin ömrüne Hudaýyň islegini berjaý edip ýaşandygyny görkezýär.

Çekirtge

Mukaddes Ýazgylarda ulanylýan bu söze gysga murtly çekirtgäniň islendik görnüşi degişli bolup, esasan-da, topar bolup göçýän uly çekirtgeler göz öňünde tutulýar. Iýerusalimde geçirilen barlaga görä, çöl çekirtgesiniň 75 göterimi belokdan ybarat. Şu günler Ysraýylda çekirtgeden dürli tagamlar taýýarlananda, onuň kellesini, aýaklaryny, ganatyny we garnyny aýyrýarlar. Galan ýerini, ýagny döşüni bolsa çig ýada bişirip iýilýär. Aýtmaklaryna görä, bu mör-möjegiň tagamy krewetkanyňka ýa-da garaleňňejiňkä meňzeş bolup, beloklara baýdyr.

Ýabany ary baly

Suratda ýabany bal arysynyň ýasan 1) boş ary öýjügi we 2) baldan doly ary öýjügi görkezilen. Ýahýa şol töwereklerde ýaşaýan Apis mellifera ady bilen tanalýan ýabany arynyň balyny iýen bolmaly. Arynyň bu görnüşi Ýahuda çölüniň yssy we gurak howasyna dözümli bolupdyr. Ol ýerde ekin ekip bolmaýardy, sebäbi arylar adamlara zyýan ýetirýärdiler. Ýöne b. e. öň IX asyryň başlarynda Ysraýylda ýaşaýan adamlar toýundan ýasalan gaplarda arynyň balyny saklapdyrlar. Arynyň bu görnüşiniň öýjüginiň köp bölegi Iordan derýasynyň golaýyndaky düzlükden (häzir oňa Tel Rehow diýilýär) tapyldy. Şol ary öýjüginden alnan bal häzirki Türkiýede bar bolan arynyň görnüşinden alynýan bala meňzeýär.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Mt 1:3-e degişli maglumatlar

Tamar: Mattadaky Mesihiň nesil şejeresinde agzalýan bäş aýalyň birinjisi. Galanlary bolsa ysraýylly bolmadyk Rahaw bilen Rut (5-nji aýat); «Uriýanyň aýaly» Betşeba (6-njy aýat) we Merýem (16-njy aýat). Bu aýallaryň hersiniň ýagdaýy üýtgeşikdi. Şol sebäpli olaryň atlary Isanyň nesil şejeresinde agzalýan bolmaly.

nwtsty Mt 3:11-e degişli maglumatlar

Çümdürilmek: «Baptizo» diýen grek sözi «suwa çümdürilmek; suwa salyp çykarmak» diýen manyny berýär. Mukaddes Ýazgylaryň başga terjimelerinde hem bu söz adamy doly suwa çümdürmegi aňladýar. Bir gezek Ýahýa Salimiň golaýyndaky Iordan derýasynda adamlary suwa çümdürýär, «sebäbi ol ýerde suw köpdi» (Ýah 3:23). Filipus hem efiopiýaly weziri suwa çümdürende, «olaryň ikiside suwa giripdi» (Res 8:38). «Septuagintanyň» 2 Patyşalar 5:14-de hem bu söz ulanylýar. Şol aýatda Nagamanyň «ýedi gezek Iordan derýasyna çümüp çykandygy» aýdylýar.

ÝANWAR 8—14

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 4, 5

«Isanyň Dagdaky wagzynda aýdan sözlerinden sapak edinýäris»

nwtsty Mt 5:3-e degişli maglumatlar

Bagt: Bu söz wagtyny şadyýan geçiren adamyň begenjinden has köp zady aňladýar. Ol Hudaýyň patasyny alan we onuň razylygyny gazanan adamyň ýagdaýyny görkezýär. Hudaýyň we Isanyň gökdäki şöhraty beýan edilende hem şu söz ulanylýar (1Tm 1:11; 6:15).

Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýänler: «Düşünýänler» diýip terjime edilen grek sözi göni manyda «ruhy garyplar (mätäçler, taşlananlar, dilegçilik edýänler)» diýmegi aňladýar. Bu aýatda ulanylýan söz özüniň mätäçdigine gowy düşünýän adamlara degişli. Şeýle söz Luka 16:20, 22-nji aýatlarda Lazar atly bir «garyp» adama degişli edip hem ulanylýar. Käbir terjimeçiler «ruhy garyplar» diýende, ruhy zerurlygyna we Hudaýyň kömegine mätäçdigine düşünýän adamlary göz öňünde tutýarlar.

nwtsty Mt 5:7-ä degişli maglumatlar

Rehimli: Mukaddes Ýazgylardaky «rehimli» we «rehim etmek» diýen sözler ýöne bir bagyşlamagy ýada kazyýetde geçirimlilik etmegi aňlatmaýar. Olar köplenç mätäç adamlara duýgudaşlyk bildirmegi we ýüregiň awap, kömek etmegi aňladýar.

nwtsty Mt 5:9-a degişli maglumatlar

Parahatlyk döredýänler: Bu ýöne bir rahatlygy saklaýan adamlary däl-de, parahatlygyň ýok ýerinde ony döredýänleri aňladýar.

w07 1/12 sah. 17

Çagalaryňyza parahatlygy söýmegi öwrediň

Mesihçi eneatalar çagalaryna «parahatlygy agtaryp, oňa ymtylmagy» öwretmegiň wajypdygyna düşünýärler (1 Petrus 3:11). Parahatlygy döredip, özüňi bagtly duýmak üçin müňkürlik, lapykeçlik we duşmançylyk ýaly duýgulara garşy göreşmeli.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Mt 4:9-a degişli maglumatlar

Sežde etmek: «Sežde etmek» diýip terjime edilen grek işligi geçen (aorist) zamanda ulanylyp, gysga wagtlyk hereketi aňladýar. Iblis: «Dyza çöküp, maňa sežde et» diýende, Isadan hemişe ýada yzygider däl-de, diňe bir gezek sežde etmegi sorady.

nwtsty Mt 4:23-e degişli maglumatlar

Öwredýärdi... wagyz edýärdi: Öwretmek wagyz etmekden, ýagny bir zady yglan etmekden has köp zady aňladýar; öwredýän adam görkezme berýär, düşündirýär, ynandyryjy delilleri we subutnamalary getirýär.

ÝANWAR 15—21

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 6, 7

«Hudaýyň Patyşalygyny... hemişe birinji orunda goýuň»

bh sah. 169 abz. 12

Hudaýa doga arkaly ýakynlaş

12 Ilki bilen, Ýehowa Hudaýa degişli zatlar barada doga etmeli. Hudaýa ýürekden öwgi aýtmaga we onuň ýagşylyklary üçin minnetdarlyk bildirmäge sebäp köp (1 Ýyl ýazgylary 29:10—13). Isa Matta 6:9—13-nji aýatlardaky (okaň) nusgalyk dogasynda Hudaýyň adynyň mukaddes bolmagy, Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi we isleginiň gökde bolşy ýaly, ýerdede amala aşmagy barada dileg etmegi öwretdi. Diňe şu wajyp dileglerden soň, özümize gerek zatlary dilemelidigini aýtdy. Biz nusgalyk doga görä doga etsek, diňe öz aladamyzy etmeýändigimizi görkezeris.

nwtsty Mt 6:24-e degişli maglumatlar

Gul: Grek işliginden alnan bu söz gul ýaly hyzmat edýän adamy aňladýar, ýagny diňe bir hojaýyna hyzmat edýän adam göz öňünde tutulýar. Bu aýatda Isa mesihçiniň hem Hudaýa, hem toplan baýlygyna wepaly bolup bilmejekdigini görkezdi. Hudaý doly wepaly bolmaga mynasyp.

nwtsty Mt 6:33-e degişli maglumatlar

Birinji orunda goýuň: Bu aýatda ulanylýan grek işligi dowamly hereketi görkezip, «hemişe birinji orunda goýmagy» aňladýar. Isanyň hakyky şägirtleri az salymlyk Patyşalygy agtaryp, soňra başga zatlaryň yzyna eýermezler. Gaýtam, olar Patyşalygy durmuşynda hemişe birinji orunda goýmaly.

Patyşalyk: Käbir gadymy grek golýazmalarynda «Hudaýyň Patyşalygy» diýilýär.

Onuň: Matta 6:32-de agzalýan «gökdäki Ataňyz» diýen jümle Hudaýa degişli.

Dogrulyk: Hudaýyň dogrulygyny agtarýan adamlar onuň islegini höwes bilen berjaý edýärler we ýagşy hemde ýaman baradaky kadalaryna eýerip ýaşaýarlar. Bu öz dogrulygyny öňe sürýän fariseýleriňkiden düýbünden tapawutlanýar (Mt 5:20).

w16.07 sah. 12, abz. 18

«Hemişe Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň!»

18 Matta 6:33-i okaň. Isanyň şägirtleri Hudaýyň Patyşalygyny hemişe birinji orunda goýmaly. Eger bizem Patyşalygy birinji orunda goýsak, Isanyň aýdyşy ýaly «galan ähli zatlar üstüne goşulyp berler». Biz muňa näme üçin ynanyp bileris? Sebäbi Isa şol sözleri aýtmazdan öň: «Gökdäki Ataňyz bularyň (ýaşaýyş üçin zerur bolan zatlaryň) hemmesiniň size gerekdigini bilýär» diýdi. Dogrudan-da, bize iýmit, egin-eşik we ýaşamak üçin ýer gerek. Emma Ýehowa bu zatlaryň bize gerekdigini bilip, öňünden aladamyzy edýär (Flp. 4:19). Meselem, ol biziň haýsy eşigimiziň tizden derde ýaramsyz boljakdygyny, nähili iýmitiň zerurdygyny we maşgalamyza nähili jaýyň gerekdigini bilýär. Hawa, biz Ýehowanyň gerekli zatlary berjekdigine şübhelenmän bileris.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w14 15/5 sah. 14, 15, abz. 14—16

Wagyz edeniňizde «altyn düzgüne» eýeriň

14 Aýdaly, bize bir gün nätanyş adam jaň edýär. Ol biziň nähili iýmiti halaýandygymyz barada sorap başlaýar. Elbetde, biz jaň edýän adamyň kimdigini we onuň näme isleýändigini biljek bolarys. Onuň bilen birki agyz gürleşenimizden soň, megerem, biz gürrüňdeşligi bes etmek isläris. Emma jaň edýän adam özi bilen tanyşdyryp, azyk önümler kärhanasynda işleýändigini we biziň üçin käbir peýdaly maglumatlaryň bardygyny sypaýyçylykly aýtsa, biz ony höwes bilen diňlesek gerek! Sebäbi biz öz maksadyny açyk we sypaýyçylyk bilen aýdýan adamlary gowy görýäris. Biz wagyzda adamlar bilen nädip sypaýy gürleşip bileris?

15 Köp ýurtlarda adamlar biziň näme maksat bilen gelendigimizi bilmek isleýärler. Elbetde, bizde olara gürrüň berere wajyp zatlarymyz bar. Emma biz olara özümizi tanyşdyrmasak we birdenkä gürrüňdeşlige başlap: «Siz dünýädäki haýsy kynçylygy çözmek islärdiňiz?» diýip sorasak dogry bolarmy? Elbetde, biz şeýle soragy adamyň pikirini bilip, onuň ünsüni Mukaddes Ýazgylara çekmek üçin berýäris. Emma öý eýesi: «Bu adam kimkä we ol beýle soragy näme üçin berýärkä?» diýip, geň galmagy mümkin. Şol sebäpli adam özüni rahat duýar ýaly, biz elimizde baryny etmeli (Flp. 2:3, 4). Muny nädip etse bolar?

16 Aýlanýan gözegçi dogan bir usulyň gowy netije berýändigine göz ýetirdi. Ol adam bilen salamlaşandan soň, oňa «Siziň hakykaty bilesiňiz gelýärmi?» atly kitapçany hödür edip, şeýle diýýär: «Biz şu gün şu kitapçany ähli adamlara paýlaýarys. Bu kitapçada köp adamlary gyzyklandyrýan alty sorag hakynda gürrüň edilýär. Biz bu kitapçany size-de beresimiz gelýär». Bu doganyň aýtmagyna görä, haçanda biz adamlara näme maksat bilen gelendigimizi aýdanymyzda, olar özüni rahat duýýarlar. Şonda adamlar bilen gürrüňdeşligi dowam etmek aňsat bolýar. Soňra aýlanýan gözegçi adama şeýle sorag berýär: «Siz şu soraglaryň haýsysy hakda oýlanyp görüpdiňiz?» Eger öý eýesi soraglaryň birini saýlasa, onda doganymyz kitapçany açyp, şol sorag barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigi hakda pikir alyşýar. Eger adam hiç bir soragy saýlamasa, onda ony oňaýsyz ýagdaýa salmaz ýaly, aýlanýan gözegçiniň özi bir soragy saýlap, ol hakda gürrüň edýär. Elbetde, gürrüňdeşligi başlamagyň başgada ençeme usullary bar. Käbir ýurtlarda biziň näme maksat bilen gelendigimizi aýtmazdan öň, öý eýesi bilen has köpräk saglykamanlyk soraşmaly bolýar. Şol sebäpli biz ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutup, teklibimizi özgertmeli.

nwtsty Mt 7:28, 29-njy aýatlara degişli maglumatlar

Haýran galdy: Aýatda ulanylýan grek işligi «bir zada juda geň galmagy» aňladyp bilýär. Bu işlik dowamly hereketi aňladyp, Isanyň sözleriniň märekä uzak wagtlap täsir edendigini görkezýär.

Onuň öwredişi: Bu jümle Isanyň öwredişini, tälim beriş usullaryny, şol sanda öwreden zatlaryny aňladýar. Şeýle-de ol Isanyň «Dagdaky wagzynda» aýdan ähli zatlaryny öz içine alyp bilýär.

Kanunçylar ýaly däl: Kanunçylar ýaly ýehudylaryň dini ýolbaşçylarynyň sözlerine salgylanmagyň deregine, Isa Ýehowanyň wekili hökmünde Onuň Sözüne esaslanyp, Hudaýdan ygtyýar alan adam hökmünde öwredýärdi (Ýah 7:16).

ÝANWAR 22—28

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 8, 9

«Isa adamlary söýýärdi»

nwtsty Mt 8:3-e degişli maglumatlar

Oňa degirdi: Musanyň kanunyna görä heýwere keselli adamlaryň ýokanç keseli başgalara geçmez ýaly, olary düşelgeden daşda saklaýardyler (Lw 13:45, 46; Sn 5:1—4). Emma ýehudy dini ýolbaşçylary goşmaça kanunlary hem çykarypdyrlar. Meselem, heýwere keselli adamyň ýanyna takmynan 2metre golaý, şemally gün bolsa 45metr golaýyna barmaly däldi. Şeýle görkezmeler heýwere keselli adamlara ýigrenç döredipdir. Bir kitapda dini ýolbaşçynyň heýwere keselli adamdan gizlenendigi, beýlekisiniň bolsa uzakda durup, oňa daş zyňandygy aýdylýar. Emma Isa heýwere keselli adama haýpy gelip, ýehudylary haýran galdyrjak zady edýär, ýagny oňa elini degirýär. Ol heýwere keselli adamy sözi bilen hem sagaldyp bilerdi (Mt 8:5—12).

Isleýärin: Isa şeýle diýmek bilen, adamyň haýyşyny ýöne bir kabul etmän, güýçli isleginiň bardygyny görkezdi. Bu onuň özüni ýöne bir borçly hasaplap etmändigini aýan edýär.

nwtsty Mt 9:10-a degişli maglumatlar

Naharlanmak: Ýa-da «saçak başynda ýassanyp oturmak». Kimdir biri bilen saçak başynda otursaň, onuň bilen ýakyn gatnaşyk edýändigiňi görkezýärdi. Şol sebäpli Isanyň günlerinde ýehudylar özge milletden bolan adamlar bilen hiç haçan saçak başynda oturmaýardylar ýa-da olar bilen nahar iýmeýärdiler.

Salgytçylar: Ýehudylaryň köpüsi salgydy Rim imperiýasy üçin ýygnaýardy. Halk şeýle adamlary ýigrenýärdi, sebäbi olar diňe bir ýat ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmän, gaýtam, olar üçin adamlardan ummasyz salgytlary hem talap edýärdiler. Salgytçylar, adatça, ýehudy ildeşlerinden gaça durýardy. Sebäbi olar salgytçylary günäkärler we bozuk aýallar bilen bir hatarda görýärdiler (Mt 11:19; 21:32).

nwtsty Mt 9:36-a degişli maglumatlar

Ýüregi awady: Grek işliginden (splag-hni-zo-mai) terjime edilen bu jümle «garyn» (splag-hna) diýmegi aňladyp, adamyň içinde bolup geçýän çuňňur duýgyny görkezýär. Ol grek dilinde duýgudaşlygy görkezmek üçin ulanylýan iň güýçli söz hasaplanýar.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w02 15/8 sah. 13, abz. 16

«Men size görelde görkezdim»

Bir gezek ýüzbaşy syrkaw ýatan guluny sagaltmagy haýyş edende, Isa onuň kemçilikleriniň bardygyny bilýärdi. Sebäbi ýüzbaşy ýaşan döwründe, mümkin, ençeme zalym işleri edip, köp adamlaryň ganyny dökendir we ýalan hudaýlara sežde edendir. Ýöne Isa onuň bir gowy tarapyna, ýagny imanyna üns berýär (Matta 8:5—13). Şondan biraz wagt geçensoň, Isa ýanynda pürse çüýlenen jenaýatçyny öňki eden etmişleri üçin ýazgarman, gaýtam, gelejege umydynyň bardygyny aýdyp ruhlandyrdy (Luka 23:43). Isa başgalara erbet we tankytlaýjy garaýyşda bolmagyň olary tapdan düşürýändigini bilýärdi. Şol sebäpli ol adamlaryň gowy häsiýetlerini görüp, olary has-da ýagşy işlere höweslendirmek üçin elinde baryny edýärdi.

jy sah. 70, abz. 6

Isa pygamberiň şägirtleri näme üçin agyz beklemeýärler?

Ýahýanyň şägirtleri Isanyň şägirtleriniň ýehudy dininiň agyz beklemek ýaly köne däplerini berjaý etmejekdigine düşünmelidiler. Isa ýer ýüzüne täze matany köne mata ýamamak üçin, ýagny köne we Hudaýyň tizden inkär etjek dinini ýöretmek üçin gelmändi. Aslynda, Isa pygamberiň öňe sürýän seždesiniň ynsan däplerinden ybarat bolan ýehudy dini bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Ol köne mata täze ýama saljak ýa-da täze şeraby köne meşige guýjak bolmady.

ÝANWAR 29—FEWRAL 4

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 10, 11

«Isa dynçlyk tapmaga çagyrýar»

nwtsty Mt 10:29, 30-njy aýatlara degişli maglumatlar

Serçe: Gysgaldylan görnüşinde grek sözi strou-thi-on ulanylyp, islendik kiçi guşy aňladyp biler. Ýöne bu söz köplenç iýmit üçin satylýan guşlaryň arasynda iň arzany bolan serçelere degişli ulanylýar.

Bir teňňe: Göni manyda «bir assariýa». Bu adamyň 45 minutlyk iş haky (goşmaça maglumatdaky B14e serediň). Isa wagyz etmek üçin Jelilä üçünji gezek syýahat edende, 2 serçäniň 1 teňňä, ýagny assariýa satylýandygyny aýtdy. Takmynan 1 ýyldan soň Isa Ýahudada wagyz edende, 5 serçäniň 2 teňňä (assariýa) satylýandygyny aýtdy (Lk 12:6). Şu iki wakadan görnüşi ýaly, söwdagärler üçin serçeleriň gymmaty ýokdy. Şol sebäpli olar bäşinji serçäni mugt berýärdiler.

Siziň bolsa başyňyzdaky saçyňyzam sanalgydyr: Aýtmaklaryna görä, adamyň kellesinde 100 müňden gowrak tüý bar. Ýehowanyň hatda şeýle jikme-jiklikleri bilýändigi onuň Mesihiň yzyna eýerýän her bir adam bilen ýürekden gyzyklanýandygyny subut edýär.

nwtsty aýratynlyklar

Serçe

Serçeler iýilýän guşlaryň arasynda iň arzany hasaplanýardy. Olaryň ikisini adamyň 45 minutlyk iş hakyna satyn alyp bolýardy. Grek dilinden terjime edilen serçe sözüne kiçi guşlaryň dürli görnüşleri, şol sanda öý serçeleri (Passer domesticus biblicus) we ispan serçeleri (Passer hispaniolensis) hem degişli. Olara şu günlerem Ysraýylda duş gelse bolýar.

nwtsty Mt 11:28-e degişli maglumatlar

Agyr ýükli adamlar: Isanyň çagyran adamlary gaýgyaladalar we agyr zähmetden ýaňa halys bolupdylar. Musanyň kanunyna goşulan ynsan adatlary sebäpli olaryň Ýehowa edýän seždesi agyr ýük ýaly bolupdy (Mt 23:4). Hatda dynçlyk bermeli Sabat güni hem olar üçin ýük bolupdy (Müsç 23:12; Mr 2:23—28; Lk 6:1—11).

Men size dynçlyk bereýin: «Dynçlyk» diýip terjime edilen grek sözi dynç almagy (Mt 26:45; Mr 6:31) we agyr işden soň güýç toplamak üçin dynç almagy aňladýar (2Kr 7:13; Flm 7). Aýatdaky Isanyň «boýuntyrygyny» almak (Mt 11:29) dynç almagy däl-de, hyzmat etmegi aňladýar. Bu grek işligi Isa bilen bir boýuntyryga girmegi aňladyp, onuň halys bolan adamlara ýene güýç toplamaga kömek etjekdigini görkezýär. Şonda olar Isanyň ýeňil we ýumşak boýuntyrygyny almak islär.

nwtsty Mt 11:29-a degişli maglumatlar

Meniň boýuntyrygymy egniňize alyň: Isanyň ulanan «boýuntyryk» sözi göçme manyda häkimiýete tabyn bolmagy we görkezmä eýermegi aňladýar. Eger Isa iki sany boýuntyrygy, ýagny Hudaýyň oňa beren tabşyrygyny göz öňünde tutan bolsa, onda ol şägirtlerini hem ony göterişmäge çagyrardy we olara kömek ederdi. Şonda onuň sözleri şuňa meňzeş bolardy: «Meniň boýuntyrygymy götermäge kömek ediň». Emma Isa başgalara boýuntyrygyny almagy teklip edýändigi üçin, bu Mesihiň häkimiýetine tabyn bolup, onuň şägirdi hökmünde görkezmesine eýermegi aňladýar.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

jy sah. 96, abz. 2, 3

Ýahýa Isanyň özünden eşitmek isleýär

Hudaýa wepaly adamyň şeýle sorag bermegi geň bolup görünmegi mümkin. Ýahýa iki ýyla golaý mundan öň Isany suwa çümdürende, onuň üstüne mukaddes ruhuň inendigini görüpdi we Hudaýyň sesini eşidipdi. Bu onuň imanynyň gowşandygyny görkezmeýär. Ýogsam, Isa ol barada öwgüli sözleri aýtmazdy. Eger Ýahýa şübhelenmeýän bolsa, onda ol näme üçin şeýle sorag berdikä?

 Ýahýa Isanyň Mesihdigini onuň özünden eşitmek isleýärdi. Bu oňa tussaglykda göwnüçökgünligiň hötdesinden gelmäge kömek ederdi. Emma Ýahýanyň sorag bermeginiň başga-da sebäbi bardy. Ol Hudaý tarapyn mesh edilen Adamyň patyşa we halasgär bolmalydygy baradaky pygamberlikleri bilýärdi. Isanyň suwa çümdürilendigine birnäçe aý geçipdi, Ýahýa bolsa henizem türmededi. Şol sebäpli Ýahýa Mesih baradaky pygamberlikleri berjaý etmek üçin başga biri gelmelimi ýa gelmeli däldigi barada bilmek isleýärdi.

jy sah. 98, abz. 1, 2

Gulak asmaz nesliň waý gününe!

Isa suwa çümdürýän Ýahýa hormat goýýardy. Emma adamlaryň köpüsi oňa nähili garaýardy? Isa şeýle diýýär: «Bu nesil bazarlarda oturyp, deň-duşlaryna şeýle diýýän çagalar ýalydyr: „Biz siziň üçin tüýdükde saz çaldyk, siz bolsa tans etmediňiz; biz zaryn-zaryn agladyk, siz bolsa hasrat çekmediňiz“» (Matta 11:16, 17).

Isanyň sözleri nämäni aňladýar? Ol şeýle düşündirýär: «Ýahýa hem gelende, hemmeler ýaly iýip-içmedi, emma adamlar oňa: „Ol jynly“ diýýärler. Ynsan Ogly gelende, hemmeler ýaly iýip-içse-de, adamlar oňa: „Ine, hajymelik, arakhor, salgytçylaryň we günäkärleriň dosty“ diýýärler» (Matta 11:18, 19). Ýahýa nazyr bolany üçin sada ýaşaýardy, ol hatda şerap hem içmeýärdi. Emma bu nesil oňa «jynly» diýýär (Sanlar 6:2, 3; Luka 1:15). Isa bolsa başga adamlar ýaly ýaşaýardy. Muňa garamazdan, adamlar ony çendenaşa iýip-içmekde aýyplaýarlar. Isanyň sözleri adamlara ýaranyp bolmaýandygyny görkezýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş