Wagyz edeniňizde «altyn düzgüne» eýeriň
«Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şony ediň». MAT. 7:12
1. Adamlara wagyz edenimizde özümizi alyp barşymyz olara nähili täsir edýär? Mysal getiriň. (Makalanyň başyndaky surata serediň.)
BIRNÄÇE ýyl mundan öň, Fijide ýaşaýan bir är-aýal Isanyň ölüminiň Ýatlama agşamyna çakylyk paýlamak kompaniýasyna gatnaşdylar. Olar bir aýal bilen onuň öýüniň ýanynda gürrüňdeş bolanlarynda, ýagyş ýagyp başlaýar. Şonda doganymyz ol aýala öz saýawanyny berip, özi bolsa aýaly bilen bir saýawany ulanýar. Bu är-aýal şol aýalyň Ýatlama agşamyna gelenini görüp, diýseň begendiler. Ol aýal Ýehowanyň Şaýatlarynyň şonda näme hakda gürrüň edendiginiň ýadyna düşmeýändigini aýtdy. Emma şol är-aýalyň özlerini alyp barşy oňa güýçli täsir edendigi sebäpli, ol Ýatlama agşamyna gelýär. Şol bolan waka bu aýala näme üçin gowy täsir etdikä? Sebäbi wagyzçy är-aýal «altyn düzgün» diýip atlandyrylýan prinsipe eýerdiler.
2. «Altyn düzgün» diýip nämä aýdylýar we biz oňa nädip eýerip bileris?
2 «Altyn düzgün» diýip nämä aýdylýar? Bu Isanyň Matta 7:12-de beren maslahaty. Onda şeýle diýilýär: «Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şony ediň». Biz bu düzgüne nädip eýerip bileris? Munuň üçin iki ädimi ätmeli. Birinjiden, biz özümize şeýle sorag bermeli: «Eger men söhbetdeşimiň ýerine bolan bolsam, onuň meniň bilen özüni nähili alyp barmagyny islärdim?» Ikinjiden, biz, mümkin boldugyndan, adam bilen sypaýyçylykly boljak bolmaly (1 Kor. 10:24).
3, 4. a) Biz näme üçin «altyn düzgüne» diňe dogan-uýalar bilen gatnaşanymyzda eýermek bilen çäklenmeýäris? b) Biz şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
3 Biz «altyn düzgüne», köplenç, dogan-uýalar bilen gatnaşanymyzda eýerýäris. Emma Isa bu maslahaty diňe mesihçiler bilen gatnaşanymyzda däl, eýsem, ähli adamlar, hatda duşmanlarymyz bilen özümizi nähili alyp barmalydygymyz barada gürrüň edende beripdi (Luka 6:27, 28, 31, 35-nji aýatlary okaň). Eger biz duşmanlarymyz bilen gatnaşanymyzda «altyn düzgüne» eýerýän bolsak, onda «ebedi ýaşaýyş üçin bellenen» adamlara wagyz edenimizde-de eýermeli dälmi näme?! (Res. iş. 13:48).
4 Biz şu makalada wagyzçylar üçin peýdaly boljak dört sorag hakda gürrüň ederis: Kime wagyz edýäris? Nirede wagyz edýäris? Haçan wagyz edýäris? Nädip wagyz etmeli? Bu soraglar hakda gürrüň etsek, bu bize adamlaryň duýgularyny göz öňünde tutmaga we olaryň ýagdaýyna görä wagyz etmäge kömek eder (1 Kor. 9:19—23).
KIME WAGYZ EDÝÄRIS?
5. Biz özümize nähili soraglary bermeli?
5 Biz wagyzda, köplenç, her adam bilen aýratyn gürrüň edýäris. Her bir adamyň öz alan terbiýesi we kynçylyklary bolýar (2 Ýyl. 6:29). Kimdir birine hoş habary wagyz etmezden öň, özüňe şeýle soraglary ber: «Eger men bu adamyň ýerine bolan bolsam, onuň maňa nähili garaýyşda bolmagyny islärdim? Eger ol meni äsgermezçilik etse, bu meniň göwnüme ýarardymy? Eýsem, onuň maňa hormat goýmagyny islemezmidim?» Şeýle soraglar hakda oýlansak, bu bize her bir adam bilen özümizi nädip alyp barmalydygymyzy ýatladyp durar.
6, 7. Biz wagyzda gaharjaň adama duşsak näme etmeli?
6 Hiç bir adam özüne «erbet» diýilmegini islemeýär. Mysal üçin, biz, mesihçiler Mukaddes Ýazgylardaky «sözüňiz... ýakymly bolsun» diýlen maslahata eýermek üçin jan edýäris (Kol. 4:6). Emma bikämillik sebäpli, biz käte bir zady aýdyp, soňra gaty ökünýäris (Ýakup 3:2). Eger biz günümiziň kyn geçendigi üçin kimdir biriniň göwnüne degen bolsak, onda şol sebäpli bize «gödek» adam diýmeklerini islemezdik. Elbetde, şeýle ýagdaýda başgalaryň biziň ýagdaýymyza düşünmegini islärdik. Onda biz hem başgalara şeýle garaýyşda bolmaly dälmi näme?!
7 Eger biz wagyzda gaharjaň adama duşsak, oňa dogry garaýyşda bolmaga jan etsek gowy bolmazmy? Ähtimal, onuň işde ýa-da mekdepde kynçylyklary bardyr? Belki-de, ol erbet keselländir? Köplenç, adamlar başda gaharly bolsa-da, Ýehowanyň halkynyň özüni ýumşaklyk we sylag-hormat bilen alyp barmagy olaryň ýüregini ýumşadýar (Sül. tym. 15:1; 1 Pet. 3:15).
8. Biz näme üçin Patyşalyk baradaky habary «her kese» wagyz etmekden çekinmeli däl?
8 Biz wagyzda dürli-dürli adamlara duş gelýäris. Meselem, soňky birnäçe ýylyň içinde «Garawul diňiniň» yzygider çykýan «Mukaddes Ýazgylar durmuşy özgerdýär» diýen makalalarynda 60-dan gowrak terjimehallar çap edildi. Şol makalalarda agzalýan dogan-uýalaryň käbiri geçmişde ogry, arakhor, bandanyň agzasy ýa-da neşekeş bolupdylar. Olaryň käbiri bolsa syýasatçy, dini ýolbaşçy we işde ýokary wezipä kowalaşýan adam bolupdyr. Käbiri bolsa, ahlaksyzlyk edýärdi. Emma olar hoş habary eşidip, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladylar we durmuşyny özgerdip, hakykaty kabul etdiler. Şol sebäpli biz hiç haçan belli bir adam hakda nädogry garaýyşda bolup, ol Patyşalyk baradaky habary kabul etmez diýip pikir etmeli däl (1 Korintoslylar 6:9—11-nji aýatlary okaň). Gaýtam, biz «her kesiň», ýagny islendik adamyň hoş habary kabul edip bilýändigine düşünýäris (1 Kor. 9:22).
NIREDE WAGYZ EDÝÄRIS?
9. Biz adamlaryň öýüne näme üçin hormat goýmaly?
9 Biz adamlara nirede wagyz edýäris? Köplenç, biz olaryň öýüne baryp wagyz edýäris (Mat. 10:11—13). Adamlar biziň öýümize we emlägimize hormat goýanlarynda, biz muňa minnetdar bolýarys. Sebäbi biz öz öýümizi örän gymmat saýýarys. Biz öýümiziň rahat dynç almaga we howpsuz ýaşamaga ýardam edýän ýer bolmagyny isleýäris. Şol sebäpli biz başgalara-da şonuň ýaly hormat goýmaly. Emma biz öýden-öýe wagyz edenimizde, adamlaryň ýaşaýan ýerinde özümizi nähili alyp barýandygymyz barada oýlansak gowy bolar (Res. iş. 5:42).
10. Biz meýdançada adamlaryň gaharyny getirmez ýaly nähili hereketlerden gaça durmaly?
10 Şu günler jenaýatçylykdan doly dünýäde köp adamlar nätanyş adama doly ynanyp bilmeýärler (2 Tim. 3:1—5). Biz wagyz edýän adamlarymyzy şeýle ýagdaýa salmakdan ägä bolmaly. Aýdaly, biz meýdançamyzda adamyň gapysyny kakýarys. Eger hiç kim çykmasa, onda öý eýesini gözlejek bolup, öýüniň aýnasyndan jyklamaly däl ýa-da howlusyna girip, öýüniň daşynda aýlanmaly däl. Siziň ýaşaýan ýeriňizde, şeýle hereket edilse öý eýesiniň gahary gelmezmi? Ol siz barada näme pikir eder? Elbetde, biz wagyz işini doly berjaý etmek üçin jan edýäris (Res. iş. 10:42). Şeýle-de biz adamlara gowy habary aýtmak isleýäris (Rim. 1:14, 15). Emma biz meýdançamyzda adamlaryň gaharyny getirjek hereketlerden gaça durmak üçin paýhasly bolmaly. Pawlus resul şeýle sözleri ýazdy: «Biz gullugymyz käýinje sezewar bolmaz ýaly, hiç zatda biriniň büdremegine sebäp bolmaýarys» (2 Kor. 6:3). Biz wagyzda adamlaryň öýüne we emlägine hormat goýsak, bu käbir adamlary hakykata çekmegi mümkin (1 Petrus 2:12-ni okaň).
Adamyň emlägine we şahsy durmuşyna hemişe hormat goýalyň (10-njy abzasa serediň)
HAÇAN WAGYZ EDÝÄRIS?
11. Adamlar biziň wagtymyza hormat goýanlarynda, biz näme üçin minnetdar bolýarys?
11 Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsiniň ençeme wajyp işleri bolýar. Biz öz borçlarymyzy ýerine ýetirmek üçin gün tertibimizi gowy düzjek bolýarys (Efes. 5:16; Flp. 1:10). Eger haýsydyr bir zat sebäpli gün tertibimiz bozulsa, biz gaty gynanýarys. Emma başgalar biziň wagtymyza hormat goýanlarynda we olara näçe wagt sarp edip bilýändigimizi göz öňünde tutanlarynda, biz muňa minnetdar bolýarys. Biz «altyn düzgüne» eýerip, wagyz edýän adamlarymyza hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris?
12. Adamlara haýsy wagt wagyz etmegiň has gowy bolýandygyny nädip anyklap bolýar?
12 Biz öýden-öýe haýsy wagt wagyz etmegiň gowy boljakdygyny anyklajak bolmaly. Biziň ýaşaýan ýerimizde adamlar haçan öýünde bolýar? Olar haýsy wagt bizi höwes bilen diňlärler? Biz şu zatlary göz öňünde tutup, gün tertibimizi üýtgetsek gowy bolar. Käbir ýurtlarda dogan-uýalar öýlän ýa-da agşamara öýden-öýe wagyz etmegiň has peýdalydygyna göz ýetirdiler. Eger siziň hem ýaşaýan ýeriňizde şeýle wagt öýden-öýe wagyz edilende has gowy netije berýän bolsa, onda muny gün tertibiňize belläp bilersiňizmi? (1 Korintoslylar 10:24-i okaň). Biz adamlaryň höwes bilen diňlejek wagty wagyz etmek üçin edýän tagallalarymyzy Ýehowanyň patalajakdygyna ynamly bolup bileris.
13. Biz öýden-öýe wagyz edenimizde adamlara nädip hormat goýup bileris?
13 Biz her bir adama hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris? Eger kimdir biri gyzyklansa, biz oňa ökdelik bilen wagyz etmek üçin jan etmeli, emma adamyň köp wagtyny almaly däl. Belki, onuň etmeli başga-da wajyp işleri bardyr. Eger adam işiniň köpdügini aýtsa, onda biz onuň köp wagtyny almajakdygymyzy aýdyp, beren sözümizde-de durmaly (Mat. 5:37). Söhbetdeşligi tamamlanymyzdan soň, indiki gezek gürrüňdeş bolmak üçin öý eýesine haýsy wagtyň amatly boljakdygyny sorasak gowy bolar. Käbir wagyzçylar şeýle sözleri aýtmagyň peýdalydygyna göz ýetirdiler: «Siz bilen ýene-de gürrüňdeş bolsak gowy bolardy. Indiki gezek gelmezden öň size jaň etsem ýa-da SMS habaryny ugratsam bolarmy?» Gün tertibimizi adamlaryň ýagdaýyna görä üýtgetsek, biz Pawlusyň göreldesine eýereris. Ol şeýle diýdi: «Men muny öz bähbidim üçin edemok, gutulsynlar diýip, köp adamlaryň bähbidi üçin edýärin» (1 Kor. 10:33).
NÄDIP WAGYZ ETMELI?
14—16. a) Biz adama näme maksat bilen gelendigimizi näme üçin aýtmaly? Mysal getiriň. b) Bir aýlanýan gözegçi haýsy usulyň netijeli bolýandygyna göz ýetirdi?
14 Aýdaly, bize bir gün nätanyş adam jaň edýär. Ol biziň nähili iýmiti halaýandygymyz barada sorap başlaýar. Elbetde, biz jaň edýän adamyň kimdigini we onuň näme isleýändigini biljek bolarys. Onuň bilen birki agyz gürleşenimizden soň, megerem, biz gürrüňdeşligi bes etmek isläris. Emma jaň edýän adam özi bilen tanyşdyryp, azyk önümler kärhanasynda işleýändigini we biziň üçin käbir peýdaly maglumatlaryň bardygyny sypaýyçylykly aýtsa, biz ony höwes bilen diňlesek gerek! Sebäbi biz öz maksadyny açyk we sypaýyçylyk bilen aýdýan adamlary gowy görýäris. Biz wagyzda adamlar bilen nädip sypaýy gürleşip bileris?
15 Köp ýurtlarda adamlar biziň näme maksat bilen gelendigimizi bilmek isleýärler. Elbetde, bizde olara gürrüň berere wajyp zatlarymyz bar. Emma biz olara özümizi tanyşdyrmasak we birdenkä gürrüňdeşlige başlap: «Siz dünýädäki haýsy kynçylygy çözmek islärdiňiz?» diýip sorasak dogry bolarmy? Elbetde, biz şeýle soragy adamyň pikirini bilip, onuň ünsüni Mukaddes Ýazgylara çekmek üçin berýäris. Emma öý eýesi: «Bu adam kimkä we ol beýle soragy näme üçin berýärkä?» diýip, geň galmagy mümkin. Şol sebäpli adam özüni rahat duýar ýaly, biz elimizde baryny etmeli (Flp. 2:3, 4). Muny nädip etse bolar?
16 Aýlanýan gözegçi dogan bir usulyň gowy netije berýändigine göz ýetirdi. Ol adam bilen salamlaşandan soň, oňa «Siziň hakykaty bilesiňiz gelýärmi?» atly kitapçany hödür edip, şeýle diýýär: «Biz şu gün şu kitapçany ähli adamlara paýlaýarys. Bu kitapçada köp adamlary gyzyklandyrýan alty sorag hakynda gürrüň edilýär. Biz bu kitapçany size-de beresimiz gelýär». Bu doganyň aýtmagyna görä, haçanda biz adamlara näme maksat bilen gelendigimizi aýdanymyzda, olar özüni rahat duýýarlar. Şonda adamlar bilen gürrüňdeşligi dowam etmek aňsat bolýar. Soňra aýlanýan gözegçi adama şeýle sorag berýär: «Siz şu soraglaryň haýsysy hakda oýlanyp görüpdiňiz?» Eger öý eýesi soraglaryň birini saýlasa, onda doganymyz kitapçany açyp, şol sorag barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigi hakda pikir alyşýar. Eger adam hiç bir soragy saýlamasa, onda ony oňaýsyz ýagdaýa salmaz ýaly, aýlanýan gözegçiniň özi bir soragy saýlap, ol hakda gürrüň edýär. Elbetde, gürrüňdeşligi başlamagyň başga-da ençeme usullary bar. Käbir ýurtlarda biziň näme maksat bilen gelendigimizi aýtmazdan öň, öý eýesi bilen has köpräk saglyk-amanlyk soraşmaly bolýar. Şol sebäpli biz ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutup, teklibimizi özgertmeli.
WAGYZDA «ALTYN DÜZGÜNE» EÝERMEGIŇIZI DOWAM EDIŇ
17. Şu makalada gürrüň edilişi ýaly, «altyn düzgüne» eýermegiň nähili usullary bar?
17 Diýmek, biz wagyzda «altyn düzgüne» nädip eýerip bilýäris? Biz her bir adam bilen sylaşykly gepleşýäris. Şeýle-de öý eýesiniň öýüne we emlägine hormat goýýarys. Biz adamlaryň öýde bolaýjak we bizi höwes bilen diňläýjek wagty wagyz edýäris. Şeýle-de ýaşaýan ýerimizdäki adamlar hoş habara gowy seslener ýaly, näme hakda wagyz edýändigimizi düşündirmek isleýäris.
18. Wagyz edýän adamlarymyz bilen özümizi gowy alyp barmagymyz nähili peýda getirýär?
18 Biz özümize näme edilmegini isleýän bolsak, ýaşaýan ýerimizdäki adamlara-da şony etsek, bu örän köp peýda getirýär. Biz adamlar bilen mähirli bolsak we olaryň ýagdaýyny göz öňünde tutsak, hakykat yşygynyň ýagty saçmagyna ýardam edýäris, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleriň wajypdygyna düşünmäge kömek edýäris we gökdäki Atamyzy şöhratlandyrýarys (Mat. 5:16). Biz özümizi alyp barşymyz bilen adamlaryň köpüsini hakykata çekýäris (1 Tim. 4:16). Adamlar Patyşalyk baradaky habary kabul etse-de, etmese-de, biz gullugymyzy gowy ýerine ýetirmek üçin elimizde baryny edýändigimize begenýäris (2 Tim. 4:5). Geliň, biz hem Pawlus resulyň göreldesine eýereliň. Ol şeýle sözleri ýazdy: «Men bulary Hoş Habarda paýym bolsun diýip, Hoş Habar üçin edýärin» (1 Kor. 9:23). Şol sebäpli, geliň, wagyz gullugynda hemişe «altyn düzgüne» eýereliň.