Biz «her kime» nädip jogap bermeli?
«Her kime nähili jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz... ýakymly bolsun». KOL. 4:6
1, 2. a) Gowy taýýarlanan soraglary bermegiň wajypdygyny görkezýän mysaly gürrüň beriň. (Makalanyň başyndaky surata serediň.) b) Biz çylşyrymly temalar barada gürrüňdeş bolmaga näme üçin çekinmeli däl?
BIRNÄÇE ýyl mundan öň bir uýa Ýehowa iman etmeýän ýanýoldaşy bilen Mukaddes Ýazgylar barada pikir alyşýar. Şol wagt onuň ýanýoldaşy hristian buthanasynyň agzasydy. Gürrüňdeşligiň dowamynda ýanýoldaşy Üç ýüzli taňra (Troisa) ynanýandygyny aýdýar. Onuň Üç ýüzli taňry baradaky taglymata doly düşünmeýändigini göz öňünde tutup, uýa sypaýyçylyk bilen şeýle diýýär: «Sen Hudaýyň hem Hudaýdygyna, Isanyň hem Hudaýdygyna we mukaddes ruhuň hem Hudaýdygyna ynanýarsyňmy? Emma şol bir wagtyň özünde, Hudaýyň üç däl-de, ýeke-täk şahsyýetdigine-de ynanýarsyňmy?» Onuň ýanýoldaşy haýran galyp: «Ýok, men munuň beýledigine ynanmaýaryn!» diýýär. Şonda olaryň arasynda Hudaýyň hakykatdanam nähili şahsyýetdigi barada gowy gürrüňdeşlik başlanýar.
2 Bu är-aýalyň mysaly sypaýyçylykly we gowy taýýarlanan soraglary bermegiň wajypdygyny görkezýär. Şeýle-de bu wajyp bir pikiri nygtap geçýär: biz Ýaradyjynyň bardygy, Üç ýüzli taňry we dowzah ody ýaly çylşyrymly temalar barada gürrüňdeş bolmaga çekinmeli däl. Eger biz Ýehowa we onuň berýän tälimine bil baglasak, onda biz diňleýjilere ynandyryjy jogaplary berip bileris hem-de olaryň ýüregine täsir edip bileris (Kol. 4:6). Geliň, şeýle wajyp temalar hakda ökde wagyzçylaryň nädip gürrüňdeş bolýandygyna seredeliň. Biz şu makalada şeýle zatlara serederis: 1) adamyň pikirini bilmäge kömek edýän soraglary bermek, 2) Mukaddes Ýazgylaryň esasynda pikir alyşmak we 3) pikirimizi düşündirmek üçin aýdyň mysallary ulanmak.
ADAMYŇ PIKIRINI BILMEK ÜÇIN SORAGLAR BERIŇ
3, 4. Adamyň nämä ynanýandygyny biler ýaly, soraglary bermek näme üçin wajyp? Mysal getiriň.
3 Soraglar bize adamyň nämä ynanýandygyny bilmäge kömek edýär. Bu näme üçin wajyp? Süleýmanyň tymsallary 18:13-de şeýle diýilýär: «Diňlemän jogap bermek adama akmaklykdyr, utançdyr». Elbetde, belli bir tema babatda Mukaddes Ýazgylarda näme aýdylýandygy barada çuňňur pikir alşyp başlamazdan öň, adamyň hakykatdanam nämä ynanýandygyny biljek bolmaly. Ýogsam, biz adamyň hiç wagt ynanmadyk zadyny ynandyrjak bolup, wagtymyzy biderek sarp ederis (1 Kor. 9:26).
4 Aýdaly, biz kimdir biri bilen dowzah barada gürrüňdeş bolýarys. Elbetde, hemmeler dowzahy göni manyda otda ejir çekilýän ýer hasaplamaýarlar. Şol sebäpli biz söhbetdeşimize şeýle diýip bileris: «Adamlar dowzah barada her hili pikir edýärler, bu babatda siz nähili pikir edýärsiňiz?» Adamyň jogabyny diňlänimizden soň, bu barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigine has gowy düşünmäge kömek edip bileris.
5. Soraglar adamyň käbir zatlara näme üçin ynanýandygyny anyklamaga nädip kömek edýär?
5 Şeýle-de sypaýyçylykly berlen soraglar adamyň käbir zatlara näme üçin ynanýandygyny anyklamaga kömek edýär. Mysal üçin, wagyz edenimizde adam Hudaýa ynanmaýandygyny aýtsa näme? Biz adamyň garaýşyna ewolýusiýa taglymaty ýaly nädogry düşünje täsir edýändir diýip pikir etmegimiz mümkin (Zeb. 10:4). Emma käbir adamlar elhenç betbagtçylyklary başdan geçirendigi üçin, Hudaýa iman etmegini bes edýärler. Şeýle horluklar sebäpli, olara söýgüden doly Ýaradyjynyň bardygyna ynanmak kyn bolýandyr. Şol sebäpli eger adam Hudaýyň bardygyna şübhelenýändigini aýtsa, biz oňa şeýle sorag berip bileris: «Siz hemişe-de şeýle pikir edýärdiňizmi?» Eger adam munuň beýle däldigini aýtsa, biz onuň Hudaýyň bardygyna şübhelenmegine nämäniň sebäp bolandygyny sorap bileris. Adamyň berýän jogaby oňa ruhy taýdan nädip has gowy kömek edip biljekdigimizi anyklamaga ýardam eder (Süleýmanyň tymsallary 20:5-i okaň).
6. Biz adama sorag berenimizden soň näme etmeli?
6 Biz sorag berenimizden soň, adamyň berýän jogabyny ünsli diňlemeli we onuň duýgularyna düşünjek bolmaly. Meselem, kimdir biri söýgüden doly Ýaradyjynyň bardygyna şübhelenmegine betbagtçylygyň sebäp bolandygyny aýdýar. Hudaýyň bardygyna delil getirmezden öň, biz adama duýgudaşlyk bildirmeli we horluklaryň näme üçin bolýandygy barada oýlanmagyň nädogry däldigini aýtmaly (Hab. 1:2, 3). Biziň sabyrlylygymyz we söýgimiz adamy Hudaý barada köpräk bilmäge höweslendirera.
MUKADDES ÝAZGYLAR ESASYNDA PIKIR ALŞYŇ
7. Wagyz gullugymyzyň netijeli bolmagy nämä bagly?
7 Geliň, Mukaddes Ýazgylar esasynda nädip pikir alşyp bolýandygyna seredeliň. Elbetde, wagyz gullugynda biziň esasy guralymyz Mukaddes Ýazgylar bolup durýar. Bu bize «her bir oňat iş üçin taýyn» bolmaga kömek edýär (2 Tim. 3:16, 17). Biziň wagzymyzyň netijeli bolmagy, esasan, Mukaddes Ýazgylardan birnäçe aýady okaýandygymyza däl-de, okan aýadymyzy düşündirip, onuň esasynda pikir alyşýandygymyza bagly bolýar (Resullaryň işleri 17:2, 3-nji aýatlary okaň). Geliň, üç mysala seredeliň.
8, 9. a) Isanyň tutýan ornuny Hudaýyňky bilen deňeýän adama duşanymyzda nädip pikir alşyp bileris? b) Siz bu temany ýene-de nädip ökdelik bilen düşündirip bilersiňiz?
8 1-nji mysal: Isanyň tutýan ornuny Hudaýyňky bilen deňeýän adama duşanymyzda. Bu babatda pikir alyşmak üçin haýsy aýatlary ulansa bolar? Biz adamy Ýahýa 6:38-däki Isanyň aýdan sözlerini okamaga höweslendirip bileris: «Men Öz islegimi däl-de, Meni Ibereniň islegini berjaý etmek üçin Gökden indim». Adam şol aýady okandan soň, biz oňa şeýle diýip bileris: «Eger Isa Hudaý bolsa, onda ony ýer ýüzüne gökden kim iberdi? Ony Iberen şahsyýet Isadan uly bolmaly dälmi näme? Dogrudan-da, iberen iberilenden uly bolýar».
9 Şeýle-de biz adama Filipililer 2:9-y okap berip bileris. Bu aýatda Pawlus resul Hudaýyň Isany direldendigi barada aýdýar: «Şonuň üçin hem Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi». Biz adam bilen şol aýat esasynda pikir alyşmak üçin, oňa şeýle sorag berip bileris: «Eger Isa ölmezinden öň, Hudaý bilen deň derejede bolan bolsa, soňra Hudaý ony has beýgelden bolsa, onda häzir Isa Hudaýdan hem beýik bolýarmy? Aslynda, Hudaýdan beýik şahsyýet bolup bilermi?» Eger adam Hudaýyň Sözüne hormat goýýan we päk ýürekli bolsa, onda şeýle gürrüňdeşlik ony temany has giňişleýin öwrenmäge höweslendirer (Res. iş. 17:11).
10. a) Dowzah oduna ynanýan adam bilen nädip pikir alyşsa bolar? b) Siz dowzah ody babatda ýene-de nädip ökdelik bilen gürrüňdeş bolup bilersiňiz?
10 2-nji mysal: Erbet adamlaryň dowzah odunda ejir çekmeýändigine ynanmasy kyn bolýan adama duşanymyzda. Ähtimal, dowzah oduna ynanýan adam erbetleriň eden ýaramaz işleri üçin jogap bermeklerini isleýändir. Şeýle adam bilen biz nädip pikir alşyp bileris? Ilki bilen, biz erbet adamlaryň hökman öz jezasyny aljakdygyny aýtmaly (2 Sel. 1:9). Soňra Gelip çykyş 2:16, 17-nji aýatlary okap, adama günäniň jezasy ölümdigini düşündirmeli. Şeýle-de biz bu aýatlarda Hudaýyň dowzah ody barada hiç zat aýtmandygyny nygtap geçip bileris. Adama şeýle sorag berse bolar: «Eger Adam ata bilen How ene ebedi ejir çekmeli bolan bolsa, Hudaý olara muny duýdurmazdymy?» Soňra oňa Gelip çykyş 3:19-y okap berip, dowzah ody barada hiç zadyň agzalmaýandygyny düşündirip bileris. Gaýtam, Hudaý Adam atanyň topraga öwrüljekdigini aýtdy. Gürrüňdeş bolýan adama şeýle sorag berse bolar: «Adam ata dowzah odunda ýanmaly bolan bolsa, Hudaýyň oňa topraga öwrülersiň diýmegi adalatly bolardymy?» Eger söhbetdeşiňiz düşgür bolsa, onda şeýle soraglar ony bu temany has çuňňur öwrenmäge höweslendirer.
11. a) Gowy adamlaryň ählisi göge gidýär diýen taglymata ynanýan adam bilen nädip pikir alyşsa bolar? b) Siz bu temany ýene-de nädip ökdelik bilen düşündirip bilersiňiz?
11 3-nji mysal: Gowy adamlaryň ählisi göge gidýär diýen taglymata ynanýan adama duşanymyzda. Şeýle ynanjy bolan adam Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryny ýoýýan bolmagy mümkin. Aýdaly, biz onuň bilen Ylham 21:4-i (okaň) ara alyp maslahatlaşýarys. Belki-de, ol bu aýatda agzalýan bereketleri gökdäki ýaşaýşa degişli hasaplaýandyr. Onuň bilen nädip pikir alyşsa bolar? Biz oňa subutnama getirmek üçin goşmaça aýatlary okaman, gaýtam, şol okalan aýatdaky jikme-jikliklere üns bermeli. Bu aýatda: «Indi ne ölüm... bolar» diýilýär. Biz adama: «Eger nämedir bir zat indi bolmajak bolsa, şol zadyň başda bolýandygy bilen ylalaşsaňyz gerek» diýip bileris. Elbetde, ol munuň bilen ylalaşar. Şonda biz oňa gökde hiç wagt ölümiň bolmandygyny we adamlaryň diňe ýer ýüzünde ölýändigini düşündirip bileris. Diýmek, Ylham 21:4-däki sözler gelejekde ýer ýüzünde boljak bereketlere degişli bolýar (Zeb. 37:29).
PIKIRIŇIZI DÜŞÜNDIRMEK ÜÇIN AÝDYŇ MYSALLARY ULANYŇ
12. Isa näme üçin aýdyň mysallary ulanýardy?
12 Isa wagyz edende diňe bir soraglary ulanman, eýsem, aýdyň mysallary hem ulanýardy (Matta 13:34, 35-nji aýatlary okaň). Isanyň ulanan aýdyň mysallary diňleýjileriň ýüregindäki niýetini bilmäge kömek edýärdi (Mat. 13:10—15). Şeýle-de Isanyň aýdyň mysallar arkaly öwreden zatlary adamlara gyzykly bolýardy we olaryň ýadynda gowy galýardy. Biz wagyz edenimizde aýdyň mysallary nädip ulanyp bileris?
13. Biz Hudaýyň Isadan beýikdigini haýsy mysal arkaly düşündirip bileris?
13 Köplenç ýönekeý mysallar ulanylsa has gowy bolýar. Biz şu usuly Hudaýyň Isadan beýikdigini düşündirenimizde-de ulanyp bileris. Meselem, Hudaý bilen Isa birek-birege ýüzlenende maşgala gatnaşyklaryny görkezýän sözleri ulanandyklaryny belläp geçip bileris. Hudaý Isa Mesihe Oglum diýýärdi, Isa bolsa Hudaýa Atam diýip ýüzlenýärdi (Luka 3:21, 22; Ýahýa 14:28). Soňra biz adama şeýle sorag berip bileris: «Eger siz maşgalada iki adamyň deňdigini düşündirjek bolsaňyz, onda maşgala agzalaryndan kimleri mysal getirerdiňiz?» Adam süýtdeş doganlary ýa-da ekizleri agzamagy mümkin. Şonda biz oňa ýerlikli deňeşdirme getirendigini aýdyp bileris. Soňra biz adama şeýle sorag berip bileris: «Şeýle ýagdaýda biziň aňymyza „dogan“ diýen deňeşdirme gelýän bolsa, onda Isa, ýagny beýik Mugallym şeýle deňeşdirmäni ulanmazmydy? Emma ol Hudaýa Atam diýip ýüzlendi. Şol sebäpli Isa Hudaýyň özünden beýikdigini we Onuň ygtyýarynyň has ýokarydygyny aýtdy».
14. Hudaýyň adamlary Iblis arkaly dowzah odunda jezalandyrmaýandygyny haýsy mysaldan görse bolýar?
14 Geliň, başga bir mysala seredeliň. Käbir adamlar Şeýtan dowzaha «ýolbaşçylyk edýär» diýip ynanýarlar. Şeýle taglymata ynanýan ata-enelere Hudaýyň Iblis arkaly adamlary dowzah odunda gynamaýandygyny mysal arkaly düşündirse bolýar. Biz olara şeýle diýip bileris: «Aýdaly, çagaňyz size asla gulak asman, ençeme erbet işleri edýär. Siz şonda näme ederdiňiz?» Elbetde, ata-eneler çagasyny düzetjek bolup jan ederis diýip jogap bererler. Olar çagasynyň erbet iş etmegini goýdurmak üçin gaýta-gaýta kömek etjek bolarlar (Sül. tym. 22:15). Eger olaryň çagasy şonda-da hiç bir kömegi kabul etmese, onda olaryň näme etjekdigini sorasa bolar. Megerem, ata-eneleriň köpüsiniň ahyrsoňy çagasyna temmi bermekden başga alajy bolmaz. Soňra şeýle sorag berip bileris: «Eger siz çagaňyza bir erbet adamyň täsir edýändigini bilseňiz, näme ederdiňiz?» Elbetde, ata-eneler şol adama gaty gaharlanarlar. Şu mysal arkaly aýtjak bolýan pikirimizi düşündirmek üçin, olara şeýle sorag berip bileris: «Erbet adamyň çagaňyza täsir edýändigini bilip-de, siz şol adama çagaňyza temmi bermegi haýyş edermidiňiz?» Elbetde, olar «ýok!» diýip jogap bererler. Onda Hudaýyň hem Şeýtanyň täsirine düşen adamlary Iblis arkaly jezalandyrmaýandygy aýdyň dälmi näme?!
DOGRY GARAÝYŞDA BOLUŇ
15, 16. a) Näme üçin biz Patyşalyk baradaky habary her bir adam kabul eder diýip pikir etmeli däl? b) Ökdelik bilen wagyz etmek üçin zehinli bolmak hökmanmy? Düşündiriň.
15 Biz Patyşalyk baradaky habary her bir adamyň kabul etmejekdigine düşünýäris (Mat. 10:11—14). Hatda biz dogry sorag bersek-de, ökdelik bilen pikir alyşsak-da we gowy aýdyň mysaly ulansak-da adam hakykaty kabul etmezligi mümkin. Ýer ýüzünde ýaşan iň beýik Mugallym Isanyň sözlerine-de sanlyja adam seslenipdi! (Ýahýa 6:66; 7:45—48).
16 Emma biz zehinli bolmasak-da, ökdelik bilen wagyz edip bileris (Resullaryň işleri 4:13-i okaň). Muňa ynanmaga bizde degerli sebäp bar. Sebäbi Hudaýyň Sözünde «ebedi ýaşaýyş üçin bellenenleriň barynyň» hoş habary kabul etjekdigi aýdylýar (Res. iş. 13:48). Şol sebäpli, geliň, özümiz we Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýän adamlarymyz babatda dogry garaýyşda bolalyň. Biz Ýehowanyň berýän täliminden doly peýdalansak, hem özümize, hem bizi diňleýänlere peýdaly boljakdygyna ynanyp bileris (1 Tim. 4:16). Ýehowa bize «her kime» nädip jogap bermelidigini bilmäge kömek edýär. Biz indiki makalada köplenç «altyn düzgün» diýip atlandyrylýan prinsipe wagyzda nädip eýerip biljekdigimize serederis.
a 2009-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) «Ateist Ýaradyja ynanyp bilermi?» diýen makalasyna serediň.