Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/5 sah. 3—5
  • Meniň «iýmitim» — Hudaýyň islegini berjaý etmek

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Meniň «iýmitim» — Hudaýyň islegini berjaý etmek
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «GIDIŇ-DE... ŞÄGIRT EDIŇ»
  • HER BIR MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYŇ
  • DOGRY GARAÝYŞDA BOLUŇ
  • Şägirt taýýarlamakda şatlanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Şägirt taýýarlamak üçin jan ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Taýýarlyk — üstünlikli ikilenç ideg etmäge kömek edýär
    Hudaýa gullugymyz — 2008
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/5 sah. 3—5

Meniň «iýmitim» — Hudaýyň islegini berjaý etmek

Size näme has köp şatlyk berýär? Sizi nika gatnaşygy, çaga terbiýelemek ýa-da kimdir biri bilen dostlaşmak ýaly zatlar şatlandyrýarmy? Ähtimal, siz maşgala agzalaryňyz bilen saçak başynda bile naharlanmagy gowy görýänsiňiz. Emma Ýehowanyň gullukçylary Hudaýyň islegini berjaý etmegi, Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmegi we hoş habary wagyz etmegi has-da gymmat saýýarlar.

Gadymy Ysraýylyň patyşasy Dawut Ýaradyjyny şöhratlandyryp, şeýle nagma aýtdy: «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym; kanunyň ýüregimiň içindedir» (Zeb. 40:8). Dawut ençeme kynçylyklary we synaglary başyndan geçiren bolsa-da, ol Hudaýyň islegini berjaý etmekden köp şatlyk tapýardy. Elbetde, hak Hudaýa Dawut ýaly gulluk edip, şatlyk tapan başga-da gullukçylar bardy.

Pawlus resul Zebur 40:8-däki sözleri Isa Mesihe degişli edip, şeýle diýdi: «Mesih dünýä gelýärkä diýýär: „Gurban, sowgat islemän, Maňa bir beden taýýarladyň. Ähli ýakylýan sowgatlary, günä üçin hödürlenýän gurbanlary halamadyň. Şonda Men diýdim: Kanun kitabynda Men hakda ýazylyşy ýaly, Seniň islegiňi berjaý etjek bolup, Eý Hudaýym, ine, Men geldim“» (Ýew. 10:5—7).

Isa ýer ýüzünde bolan wagty ýaradylan zatlara syn etmegi, wagtyny dostlary bilen geçirmegi we olar bilen bile saçak başynda oturmagy gowy görýärdi (Mat. 6:26—29; Ýahýa 2:1, 2; 12:1, 2). Emma ol gökdäki Atasynyň islegini berjaý etmegi iň wajyp we şatlykly zat hasaplaýardy. Bir gezek Isa şeýle diýipdi: «Iýmitim — Meni Ýollanyň islegini berjaý etmek, Onuň işini ýerine ýetirmekdir» (Ýahýa 4:34; 6:38). Isanyň şägirtleri-de öz Mugallymyndan nämäniň hakykatdan bagtly edýändigini öwrendiler. Olar hem Patyşalyk baradaky habary adamlara höwes bilen wagyz edip, şatlyk tapýardylar (Luka 10:1, 8, 9, 17).

«GIDIŇ-DE... ŞÄGIRT EDIŇ»

Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň. Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Mat. 28:19, 20). Bu tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin ähli adamlara wagyz etmeli, gyzyklanan adamlary ikilenç ideg etmeli we olar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmeli. Bu bize köp şatlyk tapmaga kömek eder.

Adamlar hoş habara biperwaý we sowuk-sala garasalar-da, biz olary söýýändigimiz üçin wagyz edýäris

Adamlar hoş habar bilen gyzyklansa-da, gyzyklanmasa-da biz dogry garaýyşda bolsak, wagyz işinden şatlyk tapyp bileris. Käbir adamlar hoş habara biperwaý we sowuk-sala garasalar-da, biz näme üçin wagyz etmegi bes etmeýäris? Sebäbi Patyşalyk baradaky habary yhlasly wagyz edip we şägirt taýýarlap, biz Hudaýa hem-de adamlara bolan söýgimizi görkezýäris. Dogrudan-da, biziň özümiziň we adamlaryň gelejegi hoş habary wagyz edişimize bagly (Ezek. 3:17—21; 1 Tim. 4:16). Geliň, adamlaryň hoş habary diňlemeýän ýerlerinde köp dogan-uýalara yhlasly wagyz etmäge ýa-da bu işe täzeden yhlasly ýapyşmaga nämäniň kömek edendigine seredeliň.

HER BIR MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYŇ

Wagyzda ýerlikli ulanylýan soraglar, köplenç, gowy netije berýär. Bir gün ir bilen Amaliýa atly uýa seýilgähde gazet okap oturan adamy görýär. Amaliýa onuň ýanyna baryp, gazetde gowy habar barmy diýip soraýar. Ol adam gazetde hiç hili gowy zadyň ýokdugyny aýdanda, Amaliýa oňa şeýle diýýär: «Onda men size Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habar aýdasym gelýär». Şonda bu adam gyzyklanyp, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge isleg bildirýär. Amaliýa şol seýilgähde wagyz edip, netijede, üç adam bilen okuwa başlaýar.

Janis atly uýa-da öz iş ýerini wagyz «meýdançasy» hasaplaýar. Onuň iş ýerindäki garawul we bir işdeş aýal «Garawul diňi» žurnalyndaky makalalar bilen gyzyklandylar. Şonda Janis olara žurnallary yzygiderli getirmegi teklip etdi. Onuň başga işdeşi hem «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallarynda dürli temaly makalalaryň çap edilýändigine haýran galýar. Şonda Janis oňa-da žurnallary getirip berjekdigini aýdýar. Bu ýagdaýa syn edip oturan işdeşleriň ýene biri Janisden žurnal bermegi haýyş edýär. Janis şeýle diýýär: «Ýehowa meni, gör, nähili patalady!» Wagtyň geçmegi bilen, Janis iş ýerinde 11 adama žurnal getirip başlady.

DOGRY GARAÝYŞDA BOLUŇ

Bir aýlanýan gözegçi wagyzçylara öýden-öýe wagyz edeniňde gürrüňdeşligi ýöne bir «Indiki gezek gelip bileris» diýmek bilen tamamlamazlygy maslahat berdi. Muňa derek ol adama şeýle diýmegi teklip etdi: «Men size Mukaddes Ýazgylar okuwynyň nähili geçirilýändigini görkezip bilerinmi?» ýa-da «Siz bilen gürrüňdeşligi dowam eder ýaly haýsy gün we näçede gelsem gowy bolar?» Aýlanýan gözegçiniň aýtmagyna görä, şeýle teklibi ulanyp, bir ýygnakda gulluk edýän dogan-uýalar şol hepde 44 adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başladylar.

Gyzyklanan adamlary haýal etmän, ýagny birnäçe günüň içinde ikilenç ideg etmek örän netijeli bolýar. Näme üçin? Sebäbi şeýdip, biz adamlar bilen gyzyklanýandygymyzy we olara Mukaddes Ýazgylara düşünmäge kömek etmek isleýändigimizi görkezýäris. Bir aýaldan onuň näme üçin Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlandygyny soranlarynda, ol şeýle jogap berdi: «Sebäbi olar meniň bilen ýürekden gyzyklanýardylar we maňa söýgi bildirýärdiler».

Siz adama şeýle sorag berip bilersiňiz: «Men size Mukaddes Ýazgylar okuwynyň nähili geçirilýändigini görkezip bilerinmi?»

Pionerler mekdebinde okanyna köp wagt geçmänkä, Madai atly uýa 15 adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaýar we 5 okuwyny başga wagyzçylara berýär. Onuň bilen okuw geçýän adamlaryň käbiri ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp başlaýar. Uýamyza şeýle köp adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamaga näme kömek etdi? Pioner mekdebi oňa şeýle güýçli täsir edýär welin, ol gyzyklanan adamlary tä öýünde tapýança idemegiň wajypdygyna düşünýär. Köp adamlara Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwrenmäge kömek eden başga bir uýa şeýle diýýär: «Men adamlara Ýehowany tanamaga kömek etmek üçin ikilenç idegi erjellik bilen etmegiň wajypdygyna düşündim».

Adamlary haýal etmän ikilenç ideg edenimizde, biz Mukaddes Ýazgylara düşünmek isleýän adamlar bilen gyzyklanýandygymyzy görkezýäris

Adamlary ikilenç ideg etmek we olar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin ýürekden tagalla etmeli. Sebäbi aljak bereketleriň edýän tagallalaryňa degýär. Patyşalyk baradaky habary wagyz etmek işine yhlasly gatnaşyp, biz adamlara «hakykat bilimine ýetmäge» kömek edip bilýäris. Bu bolsa olara halas bolmaga ýardam eder (1 Tim. 2:3, 4). Şeýdip, biz gullugymyzdan kanagat taparys we ýüregimizde hakyky şatlygy duýarys.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş