«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
FEWRAL 5—11
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 12, 13
«Bugdaý we haşal ot baradaky mysal»
w13 15/7 sah. 9, 10, abz. 2, 3 «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn»
2 Ekin meýdanyndaky wakalar Isa bilen bile Patyşalykda höküm sürjek mesh edilen mesihçileriň nädip we haçan ýygnaljakdygyny suratlandyrýar. Bu mesihçiler bugdaý bilen deňeşdirilýär. Ekiş döwri b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde başlandy. Orak döwri, ýagny ýygnamak işi soňky günlerde ýaşaýan mesh edilen mesihçiler gutarnykly möhürlenip, göge galanda gutarar (Mat. 24:31; Ylh. 7:1—4). Adam dagyň depesine çykanda daş-töweregi gowy synlap bilýär. Edil şonuň ýaly, bugdaý we haşal ot baradaky tymsal hem takmynan iki müň ýylyň dowamynda bolýan wakalara has gowy düşünmäge kömek edýär. Olar bugdaýyň ekilişi, gögerişi we orak döwri bilen bagly wakalary öz içine alýar. Ýöne biz bu makalada orak döwri barada gürrüň ederis.
ISANYŇ GÖZEGÇILIGI ASTYNDA
3 B. e. II asyrynyň başynda bütindünýä ekin meýdanynda ýalan mesihçiler, ýagny «haşal ot peýda boldy» (Mat. 13:26). IV asyrda bolsa, haşal ota meňzeş mesihçiler mesh edilen mesihçilerden has-da köpdi. Ýadyňyzda bolsa, tymsalda hyzmatkärler agasyndan haşal oty ýygmaga rugsat soraýarlar (Mat. 13:28). Agasy näme jogap berdi?
w13 15/7 sah. 10, abz. 4 «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn»
4 Isa bugdaý we haşal ot barada: «Goý, oraga çenli ikisi bile össün» diýdi. Bu ýer ýüzünde I asyrdan başlap, tä şu günlere çenli bugdaýa meňzedilýän mesh edilen mesihçileriň elmydama bolandygyny görkezýär. Muny Isanyň şägirtlerine aýdan şu sözleri hem tassyklaýar: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Mat. 28:20). Bu Isanyň mesh edilen mesihçileri döwrüň soňuna çenli gorajakdygyny görkezýär. Ýöne haşal ota meňzedilýän mesihçileriň köpdügi sebäpli, şol döwürde bugdaý toparyna degişli mesihçileriň kimlerdigini anyklamak kyndy. Muňa garamazdan, orak döwrüne takmynan 30 ýyl galanda, bugdaý topary belli bolup başlady. Nädip?
w13 15/7 sah. 12, abz. 10—12 «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn»
10 Birinjiden, haşal ot ýygylýar. Isa Mesih: «Orak wagty men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, desseläň diýerin» diýdi. 1914-nji ýyldan soňra, perişdeler haşal ota meňzedilýän mesihçileri «ýygnap» başladylar, ýagny olary «Patyşalygyň ogullaryndan» aýyrdylar (Mat. 13:30, 38, 41).
11 Ýygymyň dowamynda bugdaý bilen haşal otuň tapawudy aýyl-saýyl bolup başlady (Ylh. 18:1, 4). 1919-njy ýylda Beýik Babylyň ýykylandygy, ýagny hakyky mesihçileriň onuň gulçulygyndan azat bolandygy mese-mälim boldy. Hakyky mesihçiler ýalan mesihçilerden näme bilen tapawutlanýardy? Olar hoş habary wagyz edýärdiler. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň arasyndaky jogapkär doganlar her bir mesihçiniň hoş habary wagyz etmelidigini nygtap başladylar. Meselem, 1919-njy ýylda çykan bir broşýurada ähli mesh edilen mesihçiler öýden-öýe wagyz etmäge höweslendirildi. Onda şeýle diýilýärdi: «Bu iş ägirt uly bolup görünse-de, bu Rebbiň işidir we onuň güýji arkaly ýerine-de ýetireris. Siziň bu hormatly işe gatnaşmaga mümkinçiligiňiz bar». Muňa nähili seslendiler? 1922-nji ýylda çykan «Garawul diňi» žurnalyna görä, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler wagyz etmek üçin öňküden-de köp tagalla edip başladylar. Wepaly mesihçiler şu günlerem hoş habary öýden-öýe wagyz etmek bilen tapawutlanýarlar.
12 Ikinjiden, bugdaý üýşürilýär. Isa perişdelere: «Bugdaýy... meniň ammaryma üýşüriň» diýdi (Mat. 13:30). 1919-njy ýyldan bäri mesh edilen mesihçiler arassalanan ýygnaga üýşürilýärdi. Soňky günlerde ýaşaýan mesh edilen mesihçiler barada näme diýse bolar? Olaryň hem göge galmagy bilen ýygym gutarnykly tamamlanar (Dan. 7:18, 22, 27).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Mt 12:20-e degişli maglumat
Sönüp barýan pelte: Adatça, öýde ýakylýan çyra toýundan ýasalan kiçi gap bolup, oňa zeýtun ýagy guýulýardy. Gabyň içindäki zygyrdan edilen pelte ýagyň kömegi bilen ýanýardy. Grekçeden «sönüp barýan pelte» diýlip terjime edilen jümle ýalynsyz tüsseleýän peltäni aňladýar. Işaýa 42:3-däki pygamberlik Isanyň duýgudaşlygyny görkezýär; ol pesgöwünli we göwni synyk adamlaryň soňky umydynyň puja çykmagyna hiç haçan ýol bermez.
Şuny bilýärdiňizmi?
Gadymy döwürde başga biriniň ekin meýdanyna haşal ot ekilýärdimi?
MATTA 13:24—26-njy aýatlarda Isa pygamber şeýle diýýär: «Gökdäki Patyşalygy ekin meýdanynda gowy tohum eken adama meňzetse bolar. Adamlar ýatyrka, duşman gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal otlary ekip gidýär. Bugdaý ösüp baş çykaranda, haşal otlar hem ösüp başlady». Käbir ýazyjylar bu wakanyň, hakykatdanam, şeýle bolandygyna şübhelenýärler. Emma Rimiň gadymdan galan resminamalary munuň dogrudygyny tassyklaýar.
Mukaddes Ýazgylaryň bir sözlüginde şeýle bellenilip geçilýär: «Ar almak üçin başga biriniň ekin meýdanyna haşal ot eken adam... Rim kanunyna görä jenaýat jogapkärçiligine çekilýärdi. Aslyýetinde, bu kanunyň bolmagy şeýle ýagdaýlaryň ýygy-ýygydan bolandygyny görkezýär». Kanuny öwrenýän alym Alaster Kerr b. e. 533-nji ýylynda Rim hökümdary Ýustiniýanyň Rim kanunlarynyň ýygyndysyny we tanymal ýuristleriň ýazan ýazgylarynyň käbir böleklerini çap edendigini aýdýar (takmynan b. e. 100—250-nji ýyllary). Şol ýazgylara laýyklykda, Ulpian atly ýurist II asyrda Rim hökümetiniň işgäri Çelsiň sereden işi barada aýdýar. Ulpianyň aýtmagyna görä, bir adamyň ekin meýdanyna ekilen haşal ot hasyla zyýan ýetiripdir. Şol ýygyndyda aýdylyşy ýaly, ýer eýesi ýa-da ýeri kireýine alan daýhan bilgeşleýin ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy kanun boýunça talap edip bilýärdi.
Rim imperiýasynda bolup geçen şeýle jenaýat işleri Isanyň aýdan mysalynyň dogrudygyny subut edýär.
FEWRAL 12—18
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 14, 15
«Sanlyja adam arkaly köpler doýýar»
Sanlyja adam arkaly köpler doýýar
2 Isa märekäni görüp, haýpy geldi. Şonuň üçin olaryň arasyndaky syrkawlary sagaltdy we olara Hudaýyň Patyşalygy barada köp zatlary öwretdi. Wagt gijigende bolsa, şägirtler Isadan märekäni golaýdaky obalara gidip, özlerine iýere zat satyn almaga goýbermegini haýyş etdiler. Emma Isa şägirtlerine: «Olara siz iýere zat beriň» diýdi. Isanyň sözlerine şägirtler ör-gökden geldiler, çünki olarda bary-ýogy bäş çörek bilen iki sany kiçijik balyk bardy.
Sanlyja adam arkaly köpler doýýar
3 Isanyň märekä ýüregi awap, gudrat görkezdi. Şu gudrat barada Injiliň başdaky dört kitabynda-da ýazylan (Mar. 6:35—44; Luka 9:10—17; Ýah. 6:1—13). Isa şägirtlerine märekäni elli-elliden we ýüz-ýüzden topar-topar edip, gök otuň üstünde oturtmagy buýurdy. Ol şükür edeninden soňra, çörekleri we balyklary paýlamaga taýýarlap goýdy. Emma olary özi paýlaman, «bölüşdirip, şägirtlere berdi, şägirtler hem olary märekä paýladylar». Haýran galaýmaly, her adam üçin bolelin iýmit bardy! Oýlanyp görüň, Isa sanlyja adam arkaly, ýagny şägirtleriniň üsti bilen müňlerçe adamy doýurdy.
nwtsty Mt 14:21-e degişli maglumat
Aýallardan we çagalardan başga: Şu gudrat barada gürrüň edilende, diňe Matta aýallary we çagalary agzaýar. Gudrat bilen iýip-içen ähli adamlaryň sany 15 000-den hem gowrak bolan bolmaly.
Sanlyja adam arkaly köpler doýýar
ŞEÝLE wakany göz öňüne getireliň (Matta 14:14—21-nji aýatlary okaň). B. e. 32-nji ýylynyň Pasha baýramynyň öňüsyrasydy. Aýallar we çagalardan başga bäş müňe golaý erkek adam Isanyň hem-de onuň şägirtleriniň yzyna düşdüler. Olar Jelile deňziniň demirgazyk kenar ýakasyndaky Betsaýda obasyna golaý bir çola ýerde ýerleşdiler.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Mt 15:7-ä degişli maglumat
Ikiýüzlüler: Grekçeden ikiýüzli diýip terjime edilen söz grek (soňra rim) aktýorlaryna aýdylýardy. Olar sesi güýçlendirýän ýörite uly maskalary (örtgi) geýýärdiler. Wagtyň geçmegi bilen, bu söz göçme manyda hakyky maksadyny ýaşyrmak üçin ikiýüzlülik edýän ýa-da hilegärlige ýüz urýan adamlara degişli edip ulanylyp başlandy. Isa bolsa bu aýatda ýehudy dini ýolbaşçylaryny «ikiýüzlüler» diýip atlandyrdy (Mt 6:5, 16).
nwtsty Mt 15:26-a degişli maglumat
Çagalar... güjüjekler: Musanyň kanunynda itler haram hasaplanýandygy üçin, Ýazgylarda bu söz köplenç kemsidiji manyda ulanylýar (Lw 11:27; Mt 7:6; Fp 3:2; Ylh 22:15). Emma Markusyň (7:27) we Mattanyň hoş habarynda Isa bu deňeşdirmäniň gödek däl-de, ýumşak bolmagy üçin «güjüjekler» ýa-da «öý itleri» diýen sözi ulandy. Mümkin, Isa ýehudy bolmadyk adamlaryň öý haýwanlary üçin ulanýan sözüni aýdan bolmaly. Ol ysraýyllylary «çagalar», ýehudy bolmadyk adamlary bolsa «güjüjekler» bilen deňeşdirip, kimleri birinji orunda goýmalydygyny görkezjek bolan bolmaly. Çagalar we itler bolan öýlerde, ilki bilen, çagalary naharlamalydy.
FEWRAL 19—25
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 16, 17
«Siz kimiň pikir edişi ýaly pikirlenýärsiňiz?»
Ärler, Isanyň baştutanlygyny kabul ediň
17 Başga bir waka seredeliň. Bir gezek Isa Iýerusalimde yzarlanmalydygy, «baş ruhanylar we kanunçylaryň elinden görgi görmelidigi, öldürilip üçünji güni direlmelidigi» barada resullaryna aýdýar. Şonda Petrus ony bir çete çekip: «Ýa Reb, Hudaý saklasyn! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez» diýýär. Elbetde, şol wagt Petrus duýga esaslanyp, nädogry maslahat berýär. Şonuň üçin Isa oňa: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa päsgel berýärsiň, çünki sen Hudaý işlerini däl, ynsan işlerini oýlanýarsyň» diýýär (Matta 16:21—23).
w15 15/5 sah. 13, abz 16, 17
Hüşgär boluň, Şeýtan sizi ýuwutmak isleýär!
16 Şeýtan hatda Ýehowanyň yhlasly gullukçylaryny hem aldap bilýär. Isa özüniň öldüriljekdigini şägirtlerine aýdanda, Petrus resul ony bir gyra çekip: «Ýa Reb, Hudaý saklasyn! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýýär. Isa oňa: «Çekil öňümden, şeýtan!» diýip, berk jogap berýär (Mat. 16:22, 23). Isa näme üçin Petrusa «Şeýtan» diýdikä? Sebäbi Isa özüne nämäniň garaşýandygyny gowy bilýärdi. Ol janyny töleg hökmünde bermelidigini we Iblisiň ýalançydygyny subut etmeli wagtynyň golaýlandygyna düşünýärdi. Bu adamzat taryhynda iň wajyp pursatdy. Häzir Isanyň özüne rehimi inmeli wagty däldi. Ol hüşgär bolmadyk bolsa, Şeýtan maksadyna ýeterdi.
17 Biz zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýarys. Şeýtan adamlaryň oýa bolman, bu dünýäden gorag gözläp, hüşgärligini elden gidirmegini isleýär. Geliň, onuň toruna düşmezlik üçin «oýa bolmaga» jan edeliň! (Mat. 24:42). Biz Şeýtanyň bu dünýäniň soňy gelmez ýa-da ol giç geler diýen ýalan sözlerine ynanmaly däl.
Gidiň-de, şägirt ediň we olary suwda çokundyryň
9 Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin Isanyň göreldesine eýermek nämäni aňladýar? Isa şägirtlerine: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny [sütem pürsüni, TD] alyp, yzyma düşsün» diýdi (Matta 16:24). Bu ýerde ol üç sany edilmeli zady belledi. Birinjiden, biz özümizi «inkär edýäris». Başgaça aýdanyňda, biz öz günäli höweslerimizi inkär edip, Hudaýyň maslahatyny we görkezmesini kabul edýäris. Ikinjiden, biz «sütem pürsüni alýarys». Isanyň günlerinde sütem pürsi utanjy we görgi görmekligi aňladýardy. Biz mesihçiler hökmünde hoş habaryň ugrunda görgi görýäris (2 Timoteos 1:8). Bu dünýä üstümizden gülüp, bizi ýazgarsa-da, Isa ýaly «utanjy äsgermeýäris» we Hudaýyň bizden razydygyny bilip begenýäris (Ýewreýler 12:2). Üçünjiden bolsa, biz mydama Isanyň «yzyna düşýäris» (Zebur 73:26; 119:44; 145:2).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Mt 16:18-e degişli maglumat
Sen — Petrus... şu gaýanyň üstünde: Petrus diýip terjime edilen grek sözi «gaýanyň bölegi; daş» diýmegi aňladýar. Şu aýatda bu söz Isanyň Simuna grekçe «Petrus» diýip dakan ady hökmünde gelýär (Ýah 1:42). Grekçe «pet-ra» sözi bolsa «gaýa» diýen manyny berip, ol bina, gaýa ýa-da uly gaýa diýmegi aňladýan bolmaly. Bu söze şu aýatlarda duş gelse bolýar: Mt 7:24, 25; 27:60; Lk 6:48; 8:6; Rm 9:33; 1Kr 10:4; 1Pt 2:8. Isa: «Ýygnagymy şu gaýanyň üstünde guraryn» diýende, Petrus bu sözler özüne aýdylýandyr öýtmedi. Sebäbi ol 1Pt 2:4—8-nji aýatlarda gadymy döwürde aýdylan pygamberlige salgylanyp, Isanyň Hudaýyň saýlan «burç daşydygyny» aýtdy. Pawlus resul hem Isa hakda «düýp» we «ruhy gaýa» diýdi (1Kr 3:11; 10:4). Görşümiz ýaly, Isa «men saňa diýýärin: Sen — Petrus (Gaýanyň bölegi)» diýende, Petrusyň «gaýany», ýagny mesihçiler ýygnagynyň düýbüni tutjak Mesihi tanandygyny göz öňünde tutupdy.
Ýygnak: Grekçe «ek-kle-sia» diýen termin bu aýatda ilkinji sapar duş gelýär. Ol grek dilindäki «ek»(daşky diýmegi aňladýar) we «ka-leo» (çagyrmak diýmegi aňladýar) diýen sözlerden gelip çykýar. Bu belli bir maksat ýa-da iş üçin çagyrylan adamlaryň toparyna degişli. Bu aýatda Isa «ruhy öýi emele getirýän diri daşlar», ýagny mesh edilenlerden ybarat mesihçiler ýygnagynyň düýbüniň tutuljakdygyny pygamberlik etdi (1Pt 2:4, 5). Ýewreý sözi bilen bir manyny aňladýan bu grek termini köplenç «Septuagintada» hem ulanylyp, dürli milletden bolan Hudaýyň halky göz öňünde tutulýar (Kant 23:3; 31:30). Resullaryň işleri 7:38-e görä, Müsürden çykan ysraýyllylar «ýygnak» hasaplanýardy. Şonuň ýaly «garaňkylykdan ýagtylyga çagyrylan» we «dünýäniň içinden saýlanyp alnan» mesihçilere hem «Hudaýyň... ýygnagy» diýilýär (1Pt 2:9; Ýah 15:19; 1Kr 1:2).
nwtsty Mt 16:19-a degişli maglumat
Gökdäki Patyşalygyň açarlary: Mukaddes Ýazgylarda kimdir birine göni manyda ýa-da göçme manyda açar berlende, oňa belli bir ygtyýar berlendigini görkezýär (1Ýlz 9:26, 27; Iş 22:20—22). Görşümiz ýaly, «açar» sözi ygtyýar ýa-da jogapkärçilik diýmegi aňladýar. Ýehudylara (Res 2:22—41), samariýalylara (Res 8:14—17) we özge milletden bolan adamlara (Res 10:34—38) gökdäki Patyşalyga girmek üçin Hudaýyň ruhuny almaga mümkinçilik berlende, Petrus özüne berlen «açarlary» ulandy.
FEWRAL 26—MART 4
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 18, 19
«Özüňiziň we başgalaryň büdremegine sebäp bolmaň»
nwtsty Matta 18:6, 7-nji aýatlara degişli maglumatlar
Eşegiň aýlaýan degirmen daşy: Ýa-da «uly degirmen daşy». Göni manyda «eşegiň degirmen daşy». Şeýle daşyň diametri takmynan 1,5 metre barabar bolupdyr. Ol şeýle bir agyr bolupdyr welin, ony eşegiň kömegi bilen aýlaýardylar.
Imanyny gowşadýarsyňyz: Göni manyda «büdremegine sebäp bolýarsyňyz». Grekçe «skanda-lon» sözüniň düýp manysy «büdremäge sebäp bolmak» diýmegi aňladyp, duzak diýen manyny berýär; käbirleri bolsa jandarlary aldap tutmak üçin gapanyň ujuna dakylýan zady aňladýandygyny aýdýar. Şeýle-de birini büdretmek ýa-da ýykmak üçin ulanylýan islendik päsgelçiligi aňladýar. Göçme manyda adamyň nädogry ýola, ahlak taýdan pese düşmegine ýa-da günä etmegine eltýän hereketi, ýa-da ýagdaýy görkezýär. Mt 18:8, 9-njy aýatlarda ulanylýan «skan-da-lizo» diýen grek işligi «büdremek» diýip terjime edilen we «duzak bolmak; günä etmegine sebäp bolmak» diýmegi hem aňladýar.
nwtsty-daky aýratynlyklar
Degirmen daşy
Degirmen daşlary dänäni döwmek we zeýtunyň ýagyny almak üçin ulanylýardy. Olaryň käbiri kiçi bolup, elde aýlap bolýardy. Başgalary bolsa şeýle bir uludy welin, olary diňe haýwanlaryň kömegi bilen aýlap bolýardy. Bu uly degirmen daşy piliştlileriň Şimşona mejburlyk bilen däne üweden degirmen daşyna meňzeýär (Sr 16:21). Haýwanlaryň kömegi bilen aýlanýan degirmen daşy diňe bir Ysraýylda däl, eýsem, Rim imperiýasynyň hem köp ýerlerinde ulanylypdyr.
Uly we kiçi degirmen daşy
Suratda görkezilen uly degirmen daşyny eşek ýaly öý haýwanlary aýlap, onda däne ýa-da zeýtun döwülýärdi. Kiçi degirmen daşynyň diametri takmynan 1,5 metr bolup, ony suratdakydan has uly degirmen daşynyň üstünde hem aýlaýardylar.
nwtsty Mt 18:9-a degişli maglumat
Jähennem: Bu termin ýewreýçe «geh» we «hin-nom» sözlerinden gelip çykyp, «Hinnom jülgesi» diýmegi aňladýar. Ol gadymy Iýerusalimiň günorta-günbatarynda ýerleşýärdi. Isanyň günlerinde şol jülge zir-zibilleri ýakmak üçin ulanylypdyr. Şol sebäpli «Jähennem» diýen söz bütinleý ýok edilmegi aňladýar.
nwtsty sözlük
Jähennem
Grekçe «Hinnom jülgesi» diýmegi aňladýar. Ol Gadymy Iýerusalimiň günorta-günbatar tarapynda ýerleşip, onda zir-zibil ýakylýardy. Pygamberlige görä ol ýere jesetler zyňylmalydy (Ýer 7:31, 32; 19:6, 11). Emma Jähenneme haýwanlary ýa adamlary diriligine ýakmak üçin, ýa-da olaryň ejir çekmegi üçin taşlanandygy hakda hiç hili subutnama ýok. Isa we onuň şägirtleri Jähennem sözüni ulananda, «ikinji ölümi», ýagny göçme manyda ebedi ejir çekmegi göz öňünde tutupdylar. Şol aýatlarda ebedilik ýok bolmagy ýa-da heläk edilmegi aňladýar (Yl 20:14; Mt 5:22; 10:28).
nwtsty Mt 18:10-a degişli maglumat
Atamyň ýüzüni görýändirler: Ýa-da «Atamyň ýanyna barmaga mümkinçiligi bar». Ruhy şahsyýetleriň Hudaýyň ýanyna has ýakyn barmaga mümkinçiligi bolandygy üçin, olar Hudaýyň ýüzüni görüp bilýärler (Müsç 33:20).
w10 1/11 sah. 16
Perişdeler bize nähili täsir edýär?
Isa perişdeleriň Hudaýyň gullukçylarynyň ruhy abadançylygy barada alada etmäge jogapkärdigini görkezdi. Ol şägirtlerine başgalara büdreme bolmaly däldigi barada duýduryş berende, şeýle diýdi: «Pesgöwünli adamlary kemsitmäň. Size diýýärin, olaryň perişdeleri gökde elmydama Atamyň ýüzüni görýändirler» (Mt 18:10). Bu sözler Isanyň her bir şägirdini goraýan perişdäniň bardygyny aňlatmaýar. Emma Isa Hudaý bilen ýakyndan işleşýän perişdeleriň mesihçiler ýygnagynyň agzalary barada ýürekden gyzyklanýandygyny görkezýär.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Mt 18:22-ä degişli maglumat
77 gezek: Göni manyda «ýetmişden ýedi gezek». Bu grek jümlesine «70+7» (77 gezek) ýa-da «7 sany 70» (490 gezek) diýip düşünse bolýar. Şeýle sözler «Septuagintanyň» Gelip çykyş 4:24-de hem duş gelýär we ýewreýçe «77 gezek» diýen manyny berýär. Görşümiz ýaly, bu jümlä her hili düşünse bolýar. Muňa garamazdan, 7 sanyň gaýtalanmagy «näbelli» ýa-da «çäksiz» sany aňladyp bilýär. Isa Petrusa 77 gezek diýende, şägirtleriniň biri-birini bagyşlanda belli bir çäk goýmaly däldigini görkezdi. Munuň tersine, Wawilon Talmudynda (Ýoma 86b) şeýle diýilýär: «Eger sen günä eden adamy bir, iki we üç gezek bagyşlasaň-da, dördünji sapar ony bagyşlamaly dälsiň».
nwtsty Mt 19:7-ä degişli maglumat
Talak haty: Ýa-da «nikanyň kanun taýdan bozulandygyny görkezýän şahadatnama». Aýaly bilen aýrylyşmakçy bolup, resmi taýdan dokument taýýarlan we mümkin boldugyndan, ýaşulular bilen maslahatlaşan adama Kanun şeýle çynlakaý karara gelmezden öň pikirlenmäge wagt berýärdi. Kanunyň bu talaby oýlanyşyksyz karara gelmegiň öňüni almaga we aýallaryň hukugyny goramaga kömek eden bolmaly (Kant 24:1). Emma Isanyň günlerinde dini ýolbaşçylar talak hatyny almagyň ýoluny örän aňsatlaşdyrdylar. I asyryň taryhçysy Iosif (aýaly bilen aýrylyşan fariseý) «islendik sebäbe görä (erkek adamlaryň arasynda şeýle bahanalar gaty köpdi)» aýrylyşmaga rugsat berilýändigini aýdýar.
nwtsty-daky aýratynlyklar
Nikanyň kanun taýdan bozulandygyny görkezýän şahadatnama
Bu şahadatnama b. e. 71 ýa-da 72-nji ýylynda arameý dilinde ýazylan bolmaly. Ol Ýahuda çölüniň gurak ýerinde, ýagny Wadi-Murabbatyň demirgazygyndan tapylýar. Onda ýehudylaryň gozgalaňynyň altynjy ýylynda Naksanyň ogly Ýusubyň Masada şäherinde ýaşaýan Ýonatanyň gyzy Miriýam bilen aýrylyşandygy aýdylýar.