53-nji aýdym
Hudaýa agzybir gulluk etmek
1. Ýehowa ýygnady bizi,
Berjaý boldy beren sözi.
Indi ýaşaýas parahat,
Kalbymyz hem rahat.
Ýok mundan wajyp zat,
Gör, hemmämiz şat!
Hudaý üçin çekseň zähmet,
Ondan saňa ýagar rehnet.
Geliň, Taňra bolup tabyn,
Agzybir ýaşalyň.
2. Islesek biz agzybirlik,
Etmeli has köp ýagşylyk.
Şonda Taňra bolar şöhrat,
Ýaşarys parahat.
Rahatlyk bu — lezzet,
Uly bereket.
Söýmekden biz tapsak şatlyk,
Hudaý berer parahatlyk.
Diýmek, Taňra etsek gulluk,
Bolar agzybirlik.
(Şeýle-de Mika 2:12; Sef. 3:9; 1 Kor. 1:10 serediň.)